18:44 Türkmen asmanynyñ parlak ýyldyzlary | |
TÜRKMEN ASMANYNYŇ PARLAK ÝYLDYZLARY
Taryhy makalalar
● Garagoýunly türkmenler – Kutub şalar barada söhbet " – Türkmenleriň Garagoýunlylar, Akgoýunlylar döwleti Eýranyň demirgazyk-günbatar taraplarynda, häzirki Ermenistanyň we Azerbaýjanyň territoriýalarynda, ýagny, Wan kölünden günortada ýerleşipdir. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň gahrmançylykly taryhy bar". Saparmyrat TÜRKMENBAŞY. ■ 1. GARAGOÝUNLY TÜRKMENLER – TÖWRIZIŇ BEGLERI Söhbetimiziň özeni Hindistanda döwlet guran agoýunly türkmenler – Kutub şalary barada bolansoň, okyjylarymyzy olaryň ata-babalary (Garagoýunlylar) bilen hem tanyşdrmagy makul bildik. Taryhy çeşmelerden belli bolşy ýaly, Garagoýunly türkmenler oguz-türkmen halkynyň taýpasyndan bolup, olar Merkezi ilerki Aziýa X asyryň başlaryndan tä XIII aryň ortalaryna çenli tapgyrma-tapgyr gidipdirler. Seljuklar döwründe, 1130-njy ýyllarda olar Syrderýa ýakalaryndan Eýrana awşarwe salyr taýpalary bilen bilelikde göçüp gelipdirler diýen maglumat hem bar. Olaryň köpçülikleýin oturymly ýerleri Hemedan, Kirmanşah, Halap şäherleri bolup, soňra olaryň has ulalyp, bir tarapy Nahiçewan, Bagdada çenli uzalypdyr. Oguz ilini emele getirýän 24 taýpanyň her haýsynyň öz tagmasy bolşy ýaly, Garagoýunly türkmenleriňem tire-urug tagmasy, aşakdaky ýaly şekilde bolupdyr. Bu tagma, oguz taýpalarynyň Reşidetdin tarapyndan berilýän tertip sanawynda 22-nji orny eýeleýän ýywalylara degişlidir. Garagoýunly türkmenleriň urug tagmasy barada aýdanymyzda bolsa, bu olaryň döwlet başyna gelen ähli şalarynyň, emirleriniň baş şekili hökmünde ulanylypdyr. Hat-da olar öz urugyna degişli bu tagmany kellelerine geýýän şa täçlerinde hem göteripdirler. Muňa mysal edip, Mogol imperiýasynyň serkerdesi, Garagoýunly Baýram hanyň kellesine geýen şa sellesiniň çat maňlaýyndaky tagma şekilini hem görkezse bolar. Gadym wagtlarda beýleki oguz-türkmen urug-tireleriniň hem özlerine degişli tagmalarny göterip gezendikleri barada anyk tarhy maglumatlary näçe diýseň mysal getirip bolar. Olar özleriniň urug tagmalaryny diňe dowarlaryna, ýylkylaryna basman, eýsem, ony nebere alamaty hökmünde ulanyp, öz pullarynda, resmi kagyzlarynda, gurluşyk däplerinde, halyçylyk sungatynda hem ulanyprlar. Käbiroguz-türkmen taýpalarynyň şekilleriniň şu günlere çenli üýtgemän saklanyp galandygyny biz çuňňur üns bersek, aňyp bileris. Biziň pikirimizçe, taryhçy Reşidetdin oguz-türkmen taýpalaryna has anygrak çemeleşipdir we ol 24 taýpanyň ählisini Oguz hanyň 6 ogluna deň paýlapdyr. Şu nukaýnazardan ugur alanymyzda, Igdir, Bügdüz, Ýywa we Kynyklar Oguz hanyň Deňiz han diýen oglundan gaýdýar. Şeýlelikde, Garagoýunlylaryň nesil gözbaşyny Oguz hanyň Deňiz han diýen oglundan alyp gaýtsak, hakykata laýyk bolardy. Tarhçy Faruk Sümeriň pikirine görä, Garagoýunlylar X asyryň başlarynda Türkmenistandan Eýrana, Yraga, Gündogar Anadoly sebitlerine bölekleýin göçmek bilen, olar syýasy sahnada XIV asyryň başlaryndapeýda bolup başlapdyrlar. Garagoýunlylar sebitde beýleki ownuk türkmen taýpalary bilen ýakyn birleşme üçburçlugyny döredipdirler. Sebitde mongol agalygynyň dargamagy bilen türkmeniň wekilleri Diýarbekir, Anadoly emirlikleriniň goşun serkerdeleri, ynamdar häkimler bolup ýetişipdirler. Birnäçe ownuk emirlikleriň Ilhanly imperiýasyny syndyrmaklary bilen Garagoýunly türkmenlere hem öz kuwwatyny artdyrmak we Mosul (Yrak), Erzurum arasyndaky ýerleriň uly bölegine eýe bolmak miýesser edýär. Faruk Sümer «Garagoýunlylar» diýen kitabynda «Sebitde mongollaryň häkimiýeti synandan soňra türkmenleriň hökümdarlygy başlandy» diýip ýazýar. Garagoýunly türkmenleriň hökümdarlygyny esaslandyryjy we beglerbaşysy bolan Baýram Hoja entek häkimiýet başyna geçmänkä, Mosul emiri Hüseýin Begiň iň ynamdar adamy bolupdyr. Baýram Hoja öz döwrüniň batyr, edermen, akylly-paýhasly adamy bolandygy üçin ol türkmen beglerine öňbaşçy bolup, söweşlerde tapawutlanypdyr. Hüseýin Beg türkmen begleriniň serkerdesi Baýram Hojanyň goldawy bilen özüne garşydaş kürt häkimleriniň, emirleriniň pitnelerini basyp ýatyrypdyr. Ýöne «Wekaýynama» kitabynyň söhbetine görä Hüseýin Beg 1351-nji ýylda Baýram Hoja tarapyndan öldürilýär. Bu wakanyň esasy sebäbi bolsa, Baýram Hojanyň tutuş emirligi ele almak we Mosul şäherini eýelemek maksadydy. Hüseýin Begi öldürenden soňra Baýram Hoja Mosul şäheriniň häkimi edip, öz dogany Berdi Hojany belleýär. Baýram Hoja Garagoýunlylary syýasy sahna çykarmakda, Demirgazyk we Gündogar Anadolynyň etraplarynda türkmen häkimiýetini gurmakda uly işler bitirýär. Onuň Garagoýunly döwletini gurmakda kuwwatly gollary bolup hyzmat eden doganlary Berdi Hoja we Müsür Hoja dagylar hem ýurt dolandyrylyşygynda az hyzmat bitirmändirler. 1380-nji ýylda Baýram Hojanyň aradan çykmagy bilen onuň ýerine doganynyň ogly Gara Muhammet geçýär. Käbir taryhy çeşmelerde Gara Muhammet Baýram Hojanyň ýegeni ýa-da ogly diýlip hem görkezilýär. Edermen Gara Muhammet agasynyň guran türkmen häkimetine eýe bolup, merkezi Wan şäheri bolan Garagoýunly döwletine esas goýmakda, onuň doly döwlet bolup kemala gelmeginde köp işleri alyp barýar. Garagoýunlylaryň döwletiniň başyna Gara Muhammetden soň onuň ogly Gara Ýusup geçýär we ol XV asyryň başlarynda özlerine basdaş samarkantly Teýmir Leňkiň garşysyna çykýar. Özüniň edermenligi, batyrgaýlygy bilen dünýä ýüzüne çawy dolan Gara Ýusup 1410-njy ýylda Töwrizde öz daşyna türkmen beglerini ýygnap, golastyndaky Azerbaýjany Teýmirlerden, Anadolyny bolsa Soltan Ahmetden basyp almak we olary derbi-dagyn etmek boýunça maslahat geçirýär. Şol ýylyň awgustynda Gara Ýusup Töwriziň alkymynda Soltan Ahmet bilen çaknyşýar. Taryhçy Faruk Sümer «Garagoýunlylar» diýen kitabynda bu söweşi suratlandyryp, şeýle ýazýar. «Gara Ýusup Töwrizden 2 fersah (takmynan 12,5 kilometr) aralykda Eset obasynda öz goşunyny ýerleşdirdi. Goşunyň sag ganatynda türkmen begleri Pir Hüseýin Beg, onuň dogany Emir Pir Mehmet, Gara Ýusubyň garyndaşlary Eset, Busat, ýegenleri Gazak Soltan, Baýram Beg, Taňrybermiş dagylar bardy. Çep ganatynda Muhammet Jeňgi, Ýadygar Şa, Aly Paşa, Hüseýin Emir Gara, Bitlisiň emiri Şemsutdin Hamit we beýlekiler ýerleşdirildi. Gara Ýusubyň özi we onuň ogullary mürzeler Pir Budak, Isgender, Ispent, Wan şäheriniň häkimi Mälik Şir we onuň ogly Muhammet dagylar goşunyň merkezinde ýerleşdirildi». Hormatly okyjylar! Biz şu ýerde türkmen begleriniň atlaryny ýönelige agzamadyk. Üns berýän bolsaňyz, Türkmen dessanlarynda Töwriziň begleri dogrusynda köp gürrüň edilýändir. Dogrudanam, Töwriziň türkmen begleriniň görkezen gahrymançylygy dessanlarda wasp edilmezçe-de däl eken. Olaryň atlary-da türkmeniňki, gahrymançylygy-da tüýs türkmen ärleriniňki. Şonuň üçin biz olaryň ölmez-ýitmezatlaryny, ruhlaryny derejelemegi makul bildik. 1410-njy ýylyň 30-njy awgustynda bolan bu söweş türkmen begleriniň ýeňşi bilen tamamlanýar. Şeýlelikde, Gara Ýusup özüne basdaş Ahmet Jelaýyrdy doly tagtdan düşürýär. Gara Ýusubyň gazanan ýeňişleri netijesinde Garagoýunly türkmenleriň häkimlikleri giňelýär. Bu döwletiň düzümine Yrak, Kürdüstan, Seýistan, Azerbaýjan, Ermenistan girýär. Ýurduň paýtagty Töwriz şäheri diýlip ykrar edilýär. Garagoýunly döwletiniň düzüminde başga-da birnäçe ownuk hanlyklar hem bolupdyrdiýen maglumatbar. Garagoýunlylar hökümdarlygynyň iň güýçli patyşalarynyň biri bolan Gara Ýusubyň (1410-1420) adygojaman taryhyň gatyna goşgular bilen giripdir. Onuň söweşlerde mertligini wasp edýän döwürdeş şahyrlarynyň goşgusynda şeýle setirler bar. Goşgyny üýtgetmän aldyk. «Kahraman we ünlü Türkmen Gara Ýusup, Isfendiýar mysaly çenk meýdanyna girdi. Ýürüýen bir dag gibi atiýle sowaşirken, Ýüz kişiniň çanyny bir anda aliwerdi. Gara Ýusubyň ölüminden soň döwlet başyna onuň Ogly Isgender geçýär. Ol 1420- nji ýyldan başlap, tä 1436-njy ýyla çenli hökümdarlyk edýär. Isgender Garagoýunlylar döwletine baştutanlyk eden ýyllarynda özüni «Şahýe Ermeni» diýlip yglan edýär. Ol özüniň erjelligi bilen ermeni ülkesinde öz agalygyny has-da berkidýär. Garagoýunly türkmenler özleriniň döwletini tagt mirasdarlygy görnüşinde dolandyrypdyrlar. Tagt mirasdarlygy, tagt ugrundaky dawalar orta asyrlarda dörän ähli türkmen döwletleriniň ösüşine öz täsirini ýetipdirler. Bu ýagdaýlar köplenç döwletiň güýjüniň pese gaçmagynyň we onuň doly synmagynyň esasy sebäpleri bolupdyr. Şeýle ýaramaz hadysalar Garagoýunlylar döwletinde hem bolupdyr. Mysal üçin, Isgender Türkmen hem öz ogly Şa Kuwwat tarapyndan öldürilýär. Şu pajygaly wakadan soň 1437-nji ýylda döwlet başyna Gara Ýusubyň dördünji ogly Jahanşa geçýär. Äleme ady ýaýran Jahanşanyň hökümdarlyk eden ýyllary (1437-1468) Garagoýunlylar döwleti iň uly ösüşe eýe bolupdyr. Jahanşa ugurtapyjy, başarjaň şahsyýet bolup, ol 31 ýyllap ýurduny dolandyrmakda birnäçe oňaýly özgerişler edipdir. Onuň paýtagt şäheri Töwrizde gurduran «Gök metjidi» häzirki döwürde hem bu şäheriň iň ajaýyp binasy bolup otyr. XV asyrda alynky Aziýada dörän Garagoýunlylar döwleti 58 ýyl ýaşap, ganybir doganlary, öňden bäri özlerine duşmançylyk edip gelýän Akgoýunlylar tarapyndan dargadylýar. Bu iki oguz-türkmen taýpalary XV asyrda türki dünýäsinde zamananyň iň güýçli we gudratly döwletlerine öwrülýärler. Olaryň gülläp ösüşiniň soňky döwürleri biri-biriniň, dogan-doganyň öňüne böwet bolmaklary, elbetde, olaryň häzirki ganybir doganlaryny gynandyrýar. Ýönetaryhçylaryň mynasyp baha berişleri ýaly, Garagoýunlylaröz hökümdarlyk eden ýyllarynda sebitde oguz-türkmen gudratyny görkezip, olar Gündogar, Demirgazyk Anadolyny daşky ýagylardan goraýan galkan bolup durupdyrlar. Biz köp ylmy çeşmelere salgylanyp, XI-XII asyrlarda we giçki orta asyrlarda birnäçe türkmen imperiýalarynyň, şalyklarynyň döremegi bilen, sebitde syýasy we ykdysady özgerişler bilen bilelikde çylşyrymly etniki wakalaryň hem bolup geçendigini bilýäris. Merkezi Aziýadan akym-akym bolup göçüp giden oguz-türkmen taýpalary Anadoly sebitlerine hem-de tä Mermer deňziniň kenarlaryna çenli ornaşypdyrlar. Hut oguz-türkmen taýpalarynyň emele getiren Osmanly döwleti, soňra häzirki Türkiýe Respublikasynyň jemagaty biziň ata-babalarymyzyň nesilleridir. Bu bara-da taryhçy Faruk Sümmer hem «Garagoýunly we Akgoýunlylar Gündogar-Demirgazk Anadolyda, Azerbaýjanda, tutuş Kawkazda döwrüň syýasy güýçleri hökmünde sebitde möhüm rol oýnadylar» diýip ýazýar. Şeýle-de ol «Bu gün Anadolydaky türkileriň uly bir bölegi diňe bir Gara we Akgoýunlylaryň nesilleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bu ülkelerdäki türkiçe ýer, ýurt, jemagat atlary hem şolara degişlidir» diýip belleýär. Mundan başga-da, beýleki oguz-türkmen boýlary bilen bilelikde Garagoýunlylar we Akgoýunlylar bu ülkeleri özlerine tabyn edip, bu ýerlere özleriniň däp-dessurlaryny, medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny hem getiripdirler. Gara we Akgoýunly türkmenleriň Kawkaz, Pars, Yrak, Anadoly sebitlerine ornaşmagy bilen Garabagda, Mazendaranda, Nahiçewanda we beýieki ýerlerde halyçylyk däpleri, halyçylyk sungaty ösüp başlapdyr. Bu ýagdaýlar gurluşykda, arhitekturada hem özüniň hökümini ýöredipdir. Mysal üçin, orta asyrlarda oguz-türkmenleriniň gurluşyk tehnikasynda galkynyş zamanasy bolup geçýär. Döwrüň ussalary bolup orta çykan sarahsly, horasanly, balhly, gaznaly seljuk-türkmen mimarlarynyň (arhitektorlarynyň) ussatlygyna tutuş musulman dünýäsinde uly baha berlipdir. Olaryň akyl we el gudraty bilen döreden binaçylyk, mimarçylyk däplerine Delide Aýbegiň gurduran köşki-eýwanlarynda, minaralarynda, Töwrizde Jahanşanyň gurduran «Gök metjidinde», Diýarbekirde, Bagdatda, Balhda, Gaznada, Maşatda, Haýdarabatda, Döwletabatda we beýleki ýerlerde gurlan metjit-medreselerde, kerwensaraýlarda duşsa bolýar. Hindi topragynda ýa-da tutuş Aziýada gözel binalaryň naýbaşysy hasaplanylýan meşhur Täç Mahaly gurmaga hem türkmen ussalary gatnaşypdyr. Olar öz yhlaslaryny ak mermerden gurlan bu gözel we kaşaň bina siňdirip, taryha giripdirler. Şeýle hem Kawkazda Gara we Akgoýunlylaryň hökümdarlyk eden ýyllarynda birnäçe edebi miraslar döräpdir. Mysal üçin, türkmen edebiýatynyň gazal, dessan, epos žanrlary agzalýan hökümdarlyklar döwründe has-da gülläp ösüpdir. Ölmez-ýitmez «Görogly» eposymyzyň käbir gadymy ýazgylarynyň Garagoýunlylar döwletinden tapylmagy muňa aýdyň subut. Häzirki türkmen taryhçylarymyz, ýazyjylarymyz hem «Göroglynyň», «Saýatly-Hemranyň», «Nejep oglanyň» geografiki ruhuny Garagoýunlylaryň we Akgoýunlylaryň hökümdarlyk eden ýerlerinden we döwründen tapýarlar. Nesip bolsa, Garagoýunly Jahanşa Türkmeniň diwany – golýazma eseri türkmen edebiýatyna gymmatly eser bolup goşulardiýen tamamyz bar. Belki-de, «Agtaran tapar» edip, şol döwürleriň edebi miraslaryna çuňňur aralaşsak, yhlasymyzbizi ýene-de Garagoýunlylara we Akgoýunlylara degişli köp gymmatly zatlarň üstünden elter. Faruk Sümeriň salgy bermegine görä, Garagoýunlylaryň görnükli hökümdary Gara Ýusubyň hem-de onuň mirasdarlarynyň adyna zikgelenen pullar häzir Türkiýäniň we Ýewropanyň muzeýleriniň kataloglarynda neşir edilip saklanylýar. Hormatly okyjylar! Biz esasy sözümize geçmänkäk, Garagoýunly türkmenleriň döwleti, olaryň goýup giden unudylmajak miraslary dogrusynda umumyrak söhbet açdyk. Söhbetimiziň esasy özenine geçmänkäk, birzady ýaňzydasymyz gelýär. Hudaýa şükür, biz indi Türkmenbaşy zamanasynda türkmeniň taryhyny, milli mirasyny öwrenmäge hukukly bolduk. Indi gahryman halkymyz özüniň belent başly müdimilik Serdary Saparmyrat Türkmenbaşynyň paýhasy, sahawaty bilen öz geçmişirii öwrenmäge erkli boldy. Esasy bellemeli zat, geçmiş şejerämizi, çawy dünýä ýaýran ata-babalarymyzyň bize goýup giden miraslaryny öwrenmäge höwes, olara bolan çäksiz buýsanç artdy. Bu gün Garagoýunlylar baradaky taryhy hakykat öz düwünini çözüp, halkymyza gowşup başlady. Bu ýazgylarymyz. bolsa, entek olar baradaky söhbetleriň başlangyjydyr. Belki, okyjylarymyz alym Ýegen Atagarryýewiň Garagoýunly türkmenlere bagyşlanan söhbetini «Nesil» gazetiniň 1999-njy ýylyň 3-nji iýunyndaky sanyndan okap, özleriniň düşünjelerini artdyrarlar. Biz makalanyň indiki bölüminde Garagoýunly türkmenleriniň soňky nesilleri bolan, Günorta Hindistanda, Golkondada, Haýdarabatda döwlet guran Kutub şalarynyň edermenligi, şol ülkelerde abadançylygy döretmekde bitiren hyzmatlary dogrusynda gürrüň ederis. ● Hindistanda döwlet guran Garagoýunly türkmenler – Kutub şalary barada ikinji söhbet "Owazasy düşüp Ruma, Ýemenge, Müsür, Şama, Hindistan-u Dekenge, Çawy düşüp Hytaý bilen Hotanga, Bir emiri-sahypkyran ýaratdy". Magtymguly PYRAGY. * * * Taryhçylar urdu diliniň emele gelmegini türkmenleriň guran Deli soltanlygy bilen baglanyşdyrýarlar. * * * Garagoýunly türkmenleriň hökümdarlyk eden döwründe Golkondanyň almaz bazary dünýäniň iň esasy we ösen almaz bazaryna öwrülýär. * * * Dekkandaky, Golkondadaky, Haýdarabatdaky ajaýyp binalaryň arhitektura däpleri iki görnüşli bolup, olaryň bir görnüşi binaçylygyň seljuk-türkmen däbidir. * * * Garagoýunlylaryň gurduran «Çar minarasyny» haýdarabatlylar iň mukaddes ýer hasaplaýarlar. Haýdarabatlylaryň mukaddes kasamy hem «Çar minara-dan» başlanýar. * * * Aslynda, türkmen kowmy hiç haçan öçmeýän ýyldyzlar bilen nurlanyp duran asmana çalym edýär. Şol türkmen asmanyndatopartutan Garagoýunly ýyldyzlaryň şöhle salşy diýseň üýtgeşikdir. Garagoýunly ýyldyzlar toparyna degişli bolan Baýram Hoja, Gara Ýusup Kutub şalar, mogol imperiýasynyň görnükli hökümdarlary Muhammet Baýram we Abdyrahym han tutuş älem-jahanyň ýyldyzlary bolup ýagtylýarlar. Ýedi yklymyň milleti bolsa, türkmen asmanynyň baky öçmeýän, nurly ýyldyzlaryna gözügidijilik bilen haýran galyp seredýär. Şol rehnet siňen ýyldyzlar türkmen asmanynyň gözelligine görk goşmagyň, has ýagtylyk we nur saçmagyň gamynda bolupdylar. Taňry nurundan kemala gelen şol kişiler tutuş Gündogara höküm eden soltanlar, sahypkyran häkimler boldular. Şu gezekki söhbedimiziň süňňi köp okyjylarymyzy gyzyklandyran Garagoýunly türkmenleriň Günorta Hindistanda, Dekkan topragynda altyn asyry kemala getiren Kutub şalary we olaryň töwereginde bolup geçen döredijilik barada bolar. Bu gezegem taryhçylaryň arasynda «Dekkan topragyny altyna, göwhere öwürmekde dünýä ýüzünde tanalan, meşhur Kutub şalar» diýip atalan Garagoýunly türkmenleriň Golkonda Soltanlygy barada söhbet açmakçy. Kutub şalary Golkondanyň dürli milletleriniň, dinleriniňbirleşen jemagatyna baştutan bolmak bilen, olar bu toprakda halklaryň arasynda doganlygyň, adyllygyň, döredijiligiň guramaçylyk esaslaryny goýdular. Olar tutuş gündogarda Taňrynyň dergähinde parasatly, gudrat görkezip bilýän adamlar hökmünde özlerini ykrar etdirdiler. Öň habar berşimiz ýaly, Kutub şalygynyň düýbüni tutujy Soltanguly Öwezguly Piriňogludyr. Ol Garagoýunly döwletiniň emiri Gara Ýusubyň neslinden bolup, onuň aňyrsy Oguz handan gaýdýar. Bize mälim bolan çeşmelere görä, Soltanguly üýtgeşik zehinli çaga bolupdyr. Ol arap, pars, türkmen dillerinde ýazylan şygyrlaryň, kyssalaryň, dessanlaryň birnäçesini ýatdan aýdyp bilipdir. Soltangulynyň nebereleri 1486-njy ýylda Garagoýunly türkmenleriň guran döwletiniň dargamagy bilen emir daýysy Allagulynyň ýolbaşçylygynda Horasana, soňra Hindistana gelýärler. Ol Günorta Hinsistanda, Dekkanda iň güýçli hasaplanylýan Bahmany döwletiniň baştutany Mähmut şanyň elinde terbiýelenipdir. Mahmut şa Soltanguly Türkmene ýokary bilim beripdir we ony döwletdiwanynda ynamdar wezipelerde işledipdir. Haçanda Bahmany döwleti synanda Soltanguly Türkmen öz garaşsyz döwletini yglan edýär. 1512-nji ýylda düýbitutulan Kutub şalarynyň döwleti 1687-nji ýyla çenli sebitde özbaşdak, ykdysady taýdan ösen, baý döwlet bolýar. Kutub şalygynyň düýbüni tutujy Soltanguly Türkmen (1518-1543) Dekkan ülkesiniň Golkondanyň iň görnükli soltany hökmünde köp işleri bitiripdir. Ol hökümdarlyk eden döwründe ýurtda birnäçe özgerişleri geçirýär. Soltanguly öz döwletini ulaltmak üçin, Bengal aýlagynda dyngysyz uruşlary alyp barýar. Ol Orissiýanyň hökümdary Gajapata garşy söweşde üstünlik gazanyp, bu ülkeleri-de doly Golkonda tabyn edýär. Soltanguly Türkmen özüniň guran Golkonda galasynda adamlary daşyna üýşürip, şagalaňedipdir. Ol möminlerini münbere çykaryp, hutba aýtdyrypdyr. Soltanguly Golkondanyň içinde Saba metjidini gurduryp, özi hem mömin-musulmanlar bilen namaza durupdyr. Biz gürrüňimizi Golkondanyň üçünji hökümdary Ybraýymguly Kutub şanyň (1550-1580) bitiren hyzmaty bilen dowam edýäris. Ybraýymguly Kutub şa görnükli, paýhasly, salyhatly hökümdar bolupdyr. Ol barada hindi taryhçysy Komarrazu «Ybraýymguly Kutub şa alym hökümdar. Onuňhökümdarlykeden ýyllarynda halklaryň arasynda duşmançylyk bolmady. Ol halk üçin birnäçe agyz suwy howdanlaryny wejemgyýetçilik, dini, ruhy binalary gurdurdy» diýip ýazýar. Ybraýymguly paýtagt şäher Golkondanyň daş-töwereginde şäher galasyny we «Ybraýymbag», «Pulbag» diýen dynç alyş baglaryny gurdurýar. Hut Ybraýymgulynyň aladasy bilen Günorta Hindistanda iňuly «Hüseýin-sagar» diýen suw howdany gurulýar. Bu suw howdany häzir hem 6 million ilatly Haýdarabat şäherini we şähere golaý obalary agyz suwy bilen doly üpjün edýär. Onuň üstünden gurlan suw bentlerine, äpet suw köprüsinehaýran galýarsyň. Ybraýymguly Kutub şanyňhökümdarlyk eden ýyllary Golkonda bilen Merkezi Aziýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Arabystanyň arasyndaky söwda we syýasy aragatnaşyklary uly ösüşe eýe bolýar. Taryhçylar Ybraýymgulynyň döwrüni telugu, pars, dekkan edebiýatynyň, çeperçiliginiň, arhitekturasynyňýokary galyp, ösen döwri diýip belleýärler. Hindi taryhçylary XIV asyrda günorta Hindistanda urdu diliniň peýda bolmagy bilen musulman dinli halkyň edebiýaty, poeziýasy ösüp başlady diýip belleýärler. Ol hindi gyzyna öýlenipdir we ýerli rajlaryň däp-dessurlaryna hormatgoýupdyr. Ybraýymguly Kutub şa brahmanlary ýer salgydyndan boşadypdyr. Ol ýerli telugu dilinde ýazýan şahyrlara howandarlykedipdir hem-de bu dili söýüpdir. Telugu şahyrlary öz eserlerinde Ybraýymguly Kutub şany wasp edipdirler. Onuň howandarlygyna bagyşlap ýörite goşgulary, aýdymlary döredipdirler. Hindi taryhçylarynyň, hözirki haýdarabatlylaryň arasynda Muhammetguly Kutub şanyň rowaýata öwrülen ömri, döredijiligi, onuň tutuş Dekkan topragyny gülleden altyn döwri hakynda söhbet açmak şeýle ýakymly. Muhammetguly Kutub şa (1580-1612) Golkondanyň diňe bir hökümdary bolman, eýsem ol öz uýýan dinine hadymlyk edipdir. Ol yslam dininiň goragçysy bolup çykyş edýär we Haýdarabadyň merkezinde Mekge metjidini gurdurýar. Muhammetguly ylymdan-bilimden ýüki ýetik pähimdarlygy bilen Dekkan topragynda birnäçe din öýlerini, medreseleri, metjitleri gurdurýar. Ol Dekkanyň beýleki şäherleriniň abadançylygyna, ýerli halkyň bilimine, olaryň gurply ýaşamagyna üns beripdir. Onuň bu matlaplary Kutub şalarynyň hökümdarlygy döwrüniň adyllygyndan, haýyr-sahawatly, düzgün-tertipli syýasatyndan habar berýär. Muhammetguly öz ata-babalyrynyň kesp-keri bolan çapyksuwarlyk, gylyç oýnatmak, ok atmak, bil tutuşmak ýaly birnäçe harby hünärleri ezberlik bilen özleşdiripdir. Muhammetguly Kutub şa hem öz gezeginde alymlara, şahyrlara we hünärli adamlara uly sarpa goýup, olary döredijilik işinde höweslendiripdir. Onuň hökümdarlyk eden döwrüniň çeper kerwenbaşysy köşk şahyry bolmakhormatyna eýe bolan Molla Wajahy Muhammetguly Kutub şany «Jahan eýwanynyň iň görnükli hökümdary, Golkondanyň we Haýdarabadyň nygmat berijisi» diýip, öz eserinde wasp edipdir. Molla Wajahy üç sany, has takygy, dört sany Kutub şalarynyň ýurt dolandyryşyna şaýatlykedipdir. Ol öz eserinde Muhammetgulynyň dogluşyny suratlandyryp, şeýle diýýär. «Muhammetgulynyň sag-salamat eneden dogluşynyň şany dünýä doldy. Bu ýygnanyşyga hut perişdeleriň özleri gelip hyzmat etdiler. Patyşa bolsa olara altyndan täze asman serpaý etmegi tabşyrdy. Asmanyňaltyndan, göwherden gowy ýüki ýetdi we ol gije-gündiz aýlanyp dur. (Şol wagtky urdu edebiýatçylarynyň ynamyna görä, asman töwerekleýin aýlanyp duranmyş). Toprakhem şeýle köp baýlykeçilipdir weli, asyl ýere-göge sygar ýaly däl. Ähli berlen sadakalardan soňra patyşa bahar (Basant) baýramçylygyny almaz we göwher eçilmek bilen belledi. Muhammetgulynyň eneden bolanynyň baýramçylyk edilýän güni patyşa şeýle bir sahylyk etdi weli, gymmatbaha daşlary hem bolluk bilen eçildi. Şol gün hatda guwlaram ýere iýmit üçin gelip gondular. Öz gymmatyny ýitirýänligi üçin altyn utanyp, öçügsi reňke öwrülip başlady». Molla Wajahy Muhammetguly bilen telegu gyzy Bagmatynyňarasyndaky söýgini uly çeperçilik bilen wasp edipdir. Ol öz ýaş soltanyna wepadarlyk edip «Kutub müşderi» atly uly allegoriki göçme manyly poema ýazyp, sowgat edipdir. Köşk şahyry Molla Wajahynyň söýgi temasynda ýazylan «Sabras» atly eserinde hem ol yşk sözüni birnäçe gezek gaýtalamak bilen, bu sözüň ummasyz bir giden manysynyň bardygyny belläp geçýär. «Söýgi ejizdir, söýgi berkdir. Söýgi parasatlylykdyr, söýgi akmaklykdyr. Söýgi öz-özünden lowlap ýanýan otdur. Heýde söýginiň näzine çydam edip bilýän barmyka?! Söýgi-gün, Söýgi-aý. Söýgi-ynam. Söýgi-hökümdardyr. Söýgi asmany ýagtyldýar». Şeýle setirler onuň agzalan eseriniň birnäçe sahypalarynda gaýtalanýar. Molla Wajahy Dekkana we Golkonda diýseň guwanypdyr. Ol «Hiç ýerde hem Dekkan ýaly ýer ýokdur. Onuňtäsirinden asyl-ha çykar ýaly däl. Haşamly Dekkan beýleki ýerleriň depesiniňtäjidir. Dekkan bu ýeriň aýratyn bölegidir. Golkonda hem onuň ýüregidir». Onuň «Sabras» atly eseri müdimilik proza eseri bolup, ol şu günki urdudiliniňesasydyr. Ol allegorik eser bolup, onda kelle bilen ýüregiň, owadanlyk bilen söýginiň arasynda baky çekeleşik suratlandyrylýar. Wajahy pars goşgy düzüş ýoluny däl-de, hindi «çhand» formasyny saýlap alypdyr. Ýöne onuň asyl nusgasy hindi klassykkasy esasyndadyr. Muhammetguly Kutub şa köşk şahyrlaryny, ýerli döredijilik adamlaryny daşyna üýşürip, meýlis gurap oturmagy halaýar eken. Onuň öz döredijiligi hem güýçli bolupdyr. Ol telugu, urdu, hindi we başga dilleri suwara bilipdir. Muhammetguly şa köşktansçylaryny ýygnap, olaryň näzli tanslaryna tomaşa edipdir we çäksiz lezzet alypdyr. Biz Golkonda galasynasyýahatedenimizde, şalaryň meýlishana otaglaryny görkezdiler. Ol ýerde tansçy gyzlaryň hem ýörite otaglary bareken. Onuň öýlenen hindi gyzy Bagmaty köşk tansçysy eken. Ol maňlaýy hally hindi gyzynyň çalasyn, näzli garaýyş bilen tans oýnaýşyny synlap, «Men bu gözel gyzyň tansynda, hereketinde ak guwlaryň howada zyra-zyra bolup uçuşyny, näzli garaýşynda, inçe sesli aýdymynda bolsa dury çeşmäniň ýakymlyowazyny duýdum» diýipdir. Ýeri gelende Kutub şalarynyň ýene-de bir köşk şahyry Gawwasy barada hem aýtman geçmek bolmaz. Molla Wajahynyň Golkondada rowanlygy aradan aýrylandan soňra, Gawwasy öz haýran galdyryjy döredijiligi bilen peýda bolýar. Ol Muhammetguly Kutub şanyň agtygy Abdyllanyň köşkşahyrydyr. Gawwasy özüniň üç sany «Maýna Satwanty», «Seýful-Mälik», «Tutynama» diýen poemalary bilen halk içinde adygýar. Onuň «Maýna Satwanty» diýen eseri hindi halk ertekisi esasynda döredilipdir. Eseriň esasy gahrymanlary induslar bolup, waka hem şol ýerde bolup geçýär. Ýöne Gawwasy eserde gaty musulmanlaşdyran bu eserine Şeýtan, Resul, Hydyr, Isgender we Karun ýaly obrazlary seçip alypdyr. Gawwasynyň «Seýful-Mälik» poemasy hem onuň iň oňat eserleriniň biri hasaplanylýar. Bueseraraplaryň «Müň bir gije» atly kitaby esasynda ýazylypdyr. Muhammetgulynyň agtygy Abdylla Kutubşa (1626-1672) hem özdöwürdeş şahyrlary bolan Dekkantopragynda meşhur Gawwasynyň, Bediliňdöredijiligi bilen içgin gyzyklanypdyr. Gawwasy goşgularyny urdu dilinde ýazsa-da, onuň şygyrlary diňe Indostanda (DemirgazykHindistan) has islegli okalypdyr. Sebäbi bu sebitde urdu dilinde gepleýän halklar has köp ýaşapdyr. Aslynda Hindistanda urdu diliniň kemala gelmeginde türkmenleriň roly we täsiri has güýçli bolupdyr. Taryhçylar urdu diliniň emele gelmegini türkmenleriň esaslandyran Deli soltanlygynyň (XII-XV) hökümdarlygynyň döwri bilen baglanyşdyrýarlar. Bu dil ilki dörän ýeri bolan Deli soltanlygynyňçäginde musulmanlar bilen induslaryň arasynda aragatnaşyk dili hökmünde ulanylypdyr. Urdu dili Hindistanda hindi diliniň grammatikasynyň, pars-türki-arap dilleriniň sözlüginiň garyşmagynda täze dil bolup, Demirgazyk Hindistanyň edebi dili hökmünde ulanylýar. Häzir bu dil Päkistanyň resmi döwletdilidir. Türkmenleriň esaslandyran Deli soltanlygy barada urdu dilinde ilkinji taryhy kitaplar («Taryhy Firuz şahy») peýda bolup başlaýar. Şol döwrüň tanymal şahyry Emir Hysrow (1253-1325) hem urdu dilinde eser ýazypdyr. Golkonda şalygynyň düýbini tutujy Soltanguly Türkmeniň we onuň mirasdüşerleri bolan Muhammetguly, Ybraýymguly Kutub şalarynyň döredijiligi ýerli telugu dilli halkyň halk döredijiligi bilen gatyşyp-garyşyp, özboluşly urdu – hindi reňkine eýe bolandygyny aňsa bolýar. Ýöne, gynansakda biz olaryň döredijiligine (ýerli gazetlerde, žurnallarda çykan çaklaňja materiallar bolaýmasa) çuň aralaşyp bilmedik. Bu mesele boýunça bize Haýdarabadyň Osman uniwersitetiniň urdu dili, taryhy fakultetiniň mugallymlarynyň maglumat berip biljekdiklerini aýtdylar. Görüp otursak, mundan birki ýyl öň şol agzalýan uniwersitetiň taryh bölüminiň baýry mugallymy, doktor R.L.Hanglu ýörite çakylyk bilen biziň ýurdumyzda bolupdyr. Biziňtürkmentaryhçylarymyzdyr edebiýatçylarymyz Haýdarabadyň Osman uniwersiteti bilen ýakyndan aragatnaşyk edip başlasalar, belki gymmatly maglumatlaryň üstünden bararlar. Golkondanyň ýerli halk döredijiligi saz we tans arkaly ýerine ýetirilipdir. Hut şolaryň üsti bilen gadymy hindi mifologiýasy, ynançlaky beýanedilipdir. Golkondada Kutub şalar döwründe aýdym-saz sungaty hem uly ösüşlere eýe bolupdyr. Galapyn ulanylýan saz gurallary ýerlihalkyňky, induslaryňky bolup, musulmanlar hem şolaryň gurallaryny çalypdyrlar. Golkonda şalygy halkyň maddy hal-ýagdaýyny gowulanlyrmak, ýurtda ýokary okuw jaýlaryny köpeltmek üçin ummasyz serişde goýberipdir. Olaryň sanyny köpeldipdir. Bilim ulgamy diniesasdabolup, okuw jaýgarynda urdu, telugu, hindi dilleri, grammatika-ritorika, logika, teologiýa, (ylahyýet), etika, ebiýatýaly dersler öwredilidir. Şu ýerde ünsüňizi bu gözel ýurduň esasy binýad bolan milli ykdysady ösüşine çekesim gelýär. Golkonda şalygynyňesasy milli baýlygyýurduň gurply we mes suwarymlyýerleri dokmaçylyk, gämi gurluşygy, almaz, göwer, demir känleri bolupdyr. Şalygyň golastyndaky ýerlerde suw howuzlary bolup, ol ýerlerde ýylda üç gezek iň ýokary hasyl almaga mümkinçilik bolupdyr. Tüwi, kokos, hoz, temmäki, pitrus önümleri ýurduň daşyna arzan nyrhdan satylypdyr. Şonuň üçin, daşardan bu önümlere, nagmatlara bolan islegartypdyr. XVII asyryň başlarynda gollandlar we iňlisler Bengal aýlagynyň kenarlarynyň tebigy baýlyklaryna höwes edip başlaýarlar. Olar Hindistanda iň baý we güýçli Golkonda bilen ýakyn aragatnaşygy ala goýýarlar we bu ýurduň gämi gurluşygyna ünsi güýçlendirýärler. Säbäbi, Golkondanyň gämi gurluşygy sebitde köp ýurtlaryňkydan ösen derejededi. Iňlis Meswold bu şalygyň uly we iň gowy gämilerine haýran galypdyr hem-de ol «Bu ýurduň gämileriniň çydamlylygyna we harby taýdan berkýasalyşyna söz ýok» diýip baha beripdir. Ýewropanyň syýahatçylary Golkondanyň hünärmentçileriniň iň ýokary hilli önümlerine haýran galypdyrlar. Olar, esasan, dokmaçylaryň, egrijileriň, demirçileriň we zergärleriň gymmatbaha daşlardan bezelen önümlerine ýokary baha beripdirler. XVI we XVII asyrlarda Golkondanyň ýokary hilli demri we polady, şeýle hem polatdan eredilen söweş ýaraglary Hindistanda we beýleki özbaşdak döwletlerde çykarylypdyr. Ýarag ýasaýan kärhanalary güýçli depginde ösüpdir. Golkondanyň golastyndaky şäherlerde nah matalary dokaýan, nagyş basýan, birnäçe kärhanalar bolup, olarda halkyň güzerany iň pes gatlagy işläpdir. Golkonda şalygynyň esasy baýlygy almaz känleri we ony işläp çykarmak bolupdyr. Şalygyň golastyndaky iň uly almaz käni bolan Kollurs diýen ýerde 30 müň adam işläpdir. Meswoldyňýazmagyna görä, almaz käninde işleýän adamlaryň hemmesi ussat bolup, olar almazyň bardygyny topragyň, tokga daşyň ysynda bilipdirler. Golkondanyň ýerasty baýlyklarynyň hemmesi Kutub şalaryň golastynda we gözegçiliginde bolupdyr. Döwlet diwanynda almaz känlerinde işleýän adamlara gözegçilikedýän 15-20 sany adam ýörite goýlup, olar gymmatbaha daşlaryň ogurlanmazlygyny üpjün edipdirler 1646-1647-nji ýyllarda Muhammetguly Kutub şanyň ogly Abdylla Hüseýn şanyň hökümdarlykedýän ýyllarynda Golkondanyň Karnatakanyň ýerleri basylyp alynýar we ummasyz almaz känleri ele salynýar. Mesweoldyň gündelikýazgylaryna görä, bir magdan çykýan ýerde 60 müňe golaý işçi işläpdir. Magdan känleriniň golaýlaryna zergärler, gymmatbaha daşlary işleýän hünärmentler göçüp gelipdirler. XVII asyrda Golkondanyňalmaz monopoliýasynyň ösmegi bilen bu şalyk dünýäniň iň esasy we ösen almaz bazaryna öwrülýär. Hut Kutub şalaryň hökümdarlygy döwründe Golkondanyňdünýäde agramy boýunça iň uly we göwher daşy iňlislere satylýar. Golkondanyň bu täsin göwheri Angliýanyň şazadalary tarapyndan satyn alynýar. Çäksiz baýlygyň, ýerasty almaz, göwher gorlarynyň eýesi Kutub şalar bilen ýakyn aragatnaşygy ýola goýmak üçin daşary ýurtly maýadarlar ençeme ýyllap öz hyzmatlaryny hödürläp gelipdirler. Muhammetguly Kutub şa ýurduň baýlygynyň hasabyna Haýdarabatda birnäçe berk galalary, metjitleri, dükanlary gurdurýar. Şol wagt paýtagtda 50 müňe golaý kerpiçden gurlan üçekli jaýlar, 4 sany bazar, 14müňsöwdaöýi, 12müň kerwensaraý, metjitler, hammamlar, mekdepler we beýleki jemgyýetçilik binalary hasaba alnypdyr. Şäher ilatynyňaglaba bölegi söwdagärler, senetçiler,esgerler, harby naçalnikler, gullar we 20 müňden gowrak tansçylar bolupdyr. Şalygyň döwlet diwanynda işleýän baş ministrleri «mutlak wekilleri», maliýe edaralarynyň başlyklaryny «mir jumla», şäher ýolbaşçylaryny «howandarlar» diýip atlandyrypdyrlar. Golkondanyň zergärleriniň, gymmatbaha daş ussalarynyň işläp bejerýän iň ýokary önümlerine Hytaýda, Merkezi Aziýada, arap ýurtlarynda, Afrikada, Ýewropada isleguly bolupdyr. Merkezi Aziýadan gelen söwdagärler Golkondanyň göwherlerini, dürlerini we beýleki gymmatbaha daşlaryny at, haly, kilim ýaly harytlar bilen çalşypdyrlar. Sebäbi, türkmen atlaryna bolan isleg bu şalykda we tutuş Hindistanda hemişe-de ösen eken. Häzirki döwürde hem Haýdarabadyň gymmatbaha daşlaryna bolan isleg, onuň dür we göwher bazarlarynyňşöhraty kemelerýaly däl. Kutub şalarynyň hökümdarlygy döwründe Dekkanda, Golkondada, Haýdarabatda iki görnüşli baý arhitektura däpleri döräp başlaýar. Olaryň birinjisi, Deli soltanlygynyň we Merkezi Aziýadan gelen seljuktürkmenleriniň gurluşyk-arhitektura usulydyr. Ikinjisi, pars we hindi garyşyk arhitekturasydyr. Seljuklaryň gurluşyk we arhitektura äheňi Deli soltanlygynyň ähli köşgi eýwanlarynda, guburhanalarynda, minaralarynda, metjitlerinde, medreselerinde giňden ulanylypdyr. Türkmen äheňi özüniň gurluşynyň sadalygy, özboluşlygy bilentapawutlanypdyr. Mysal üçin, Deli soltany Iltutmuşyň guburhanasynda, Aýbegiň «Kutubminarasynda», Muhammet Togalagyň «Döwletabat galasynda», Togalakabat, Fyruzabatşäherlerinde, GünortaHindistanda ýene-de bir türkmen soltanlary bolan Adyl şalar tarapyndan düýbi tutulan Adylabat şäherinde, Halaç türkmenleritarapyndan Bengalda, Biharda gurlan şäherlerde, obalarda hut ata-baba däp bolup gelen gurluşyk tärleri ulanylypdyr. Bu Hindistanyň iň gymmatly arheologik hazynasy bolup hyzmat edýän, içeri we daşary ýurtlyjahankeşdeleriň iň gelim-gidimli ýeri bolan meşhur Golkonda galasynda hem mesaňa duýulýar. Magtymguly atamyzyň «Bil, polatdan bina bolgan, budurtürkmen galasy» diýşi ýaly, bu bina türkmen galasydyr. Sözüň doly manysynda bu bina türkmen şalarynyňzehininden, aňyndan, yhlasyndan gaýnap, kemal tapypdyr – diýip aýtsa bolar. Bu gözel binanyň mukaddesdigine, gudratdygyna, täsin syrdygyna söz ýok. Adam mydama mukaddes saýýan zadyndandelalatgözleýär. Buýagdaý, buhäsiýet haýdarabatlylara-da mahsus eken. Olar Muhammetguly Kutub şanyň gurduran zeminiň myhy ýaly bolup duran «Çar minarasyny» hem iň mukaddes ýer hasaplaýarlar. Oňa sežde edýärler, binanyň dört başynyň abat durmagyny dilegedýärler. Haýdarabadlylaryň ýüreginden, zybanyndan çykýan kasam hem «Çar minaradan» başlanýar. Men bu ýere her gezek baranymda üýtgeşik bir gudraty, täsin syrly sungaty duýýaryn. Biraz synlap durubam, öz ýanymdan türkmeniň aň gudratyna, beýik pähim-paýhasyna wag tdiýen närsäniňem öz hökümini ýöredip bilmeýändigine buýsanýaryn. Köpmilletli Dekkan halkynyň agzyny birikdirip, olary rowaç günlere – getirmekde uly işler, hyzmatlar bitiren Garagoýunly türkmenler – Kutub şalar barada aýdara-diýere zat kän. Biz geljekde Kutub şalary, Deli soltanlygy, Adyl şalar, Kaşmirdäki Şamir hanlygy, Togalaklar barada ýene-de söhbetaçarys. Türkmen asmanynda şugla saçýan ýyldyzlar hemişe-de älem jahany ýagtyldypdyrlar. Ol ýyldyzlar jemagat, halk üçin mydama nur saçýan ýyldyzlar, tümlügi ýagtyldýan ýyldyzlardyr. Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |