18:51 Türkmen täsinligi | |
TÜRKMEN TÄSINLIGI
● ýa-da Hindistanda häkimlik eýlän türkmen soltanlarynyň medeni mirasy hakynda söhbet At-owazasy öz döwründe jahana dolan Soltanguly Türkmeniň Hindistanda (1512-nji ýylda) guran Kutub şalar döwletiniň binýat bolanyna basym 490 ýyl dolýar. Nesil beýany, şejeresi Nuh pygamberden, oguzlaryň ýywa taýpasyndan, garagoýunly Baýram Hojanyň neberelerinden, Öwezguly Piriň ogly bolan Soltanguly Türkmen Hindistanda özbaşdak döwlet gurup, türkmen aňynyň döreden gymmatlyklaryny, şanly döwürleriň beýanyny bize miras goýup gidipdir. Ol oguzlaryň bir görseň galkynyp, monjuk ýaly bir sapaga düzülen, bir görseň, gaýry daşky täsirlere düşüp kä üzülen döwürlerinde türkmen nesilleriniň ukyplaryny we hyjuwlaryny birikdirip, ata Watanyndan uzaklarda täze bir döwleti gurup, at-abraýa mynasyp bolupdyr. Taryhyň çarkandakly ýollaryndan gorkmadyk, adyllyk ýoluny tutup, pytran illeri jem kylan Soltanguly Türkmeniň bize döwlet gurmakda miras galdyran 490 ýyllyk menzilli hazynasyndan öwrenere zat kän. Soltangulynyň we onuň mirasdarlarynyň pähim-paýhasy diňe bir türkmenleriň ýa-da hindileriň däl, dünýädäki akyla-paýhasa sarpa goýýan her bir işiniň kalbyny çoýýar. Tüýs oguz ata-babalarymyzyň ündäni – adyllykdan özge ýoly soltanlyga laýyk görmedik Kutub şalyry döwleti dolandyrmakda ähli dinli milletler üçin deňlik ýoluny ýöredipdirler, tutuş Günorta Hindistanýň halkyny öz derejelerine çenli beýge galdyrypdyrlar. Dekkanda Kutub şalaryň häkimiýet başyna gelmegi bilen ýurtda diňe bir syýasy, ykdysady taýdan özgertmeler bolman, eýsem dini, medeni, edebiýat, durmuş tarapdan doly ösüşlere gadam basylypdyr. Kutub şalaryň hökümdarlygy döwründe Türküstandan, Horasandan, Yrakdan, Anadolydan we beýleki ýerlerden akym- akym bolup göçüp gelen köp bolupdyr. Golkondada Kutub-al Mülk tarapyndan şaýy meshebiniň döwletiň esasy dini hökmünde yglan edilmegi gapma-garşylykly häsiýete eýe bolmandyr. Ýurtda uly toplumy emele getirýän sünniler ýa-da köşgüň täsirli ulamalary Kutub türkmen şalarynyň din ugurdan ortalyk syýasaty alyp barýandyklaryna uly baha beripdirler. Olar Kutub şalaryň jemgyýeti doganlyk-dostluk ruhy bilen jebisleşdirmekde, döwleti durmuş-ýaşaýyş birligi bilen dolandyrmakda ýöreden adyl, ynsanperwer syýasatyny ikelläp goldapdyrlar. Ýurtda sünnilere «azatlygyň gadryny bilip, imanlaryna berk ýapyşýanlar, dinine wepaly adamlar» diýlip hormat goýlupdyr. Kutub türkmen şalary döwletde özleriniň wepaly ulamalaryna we sopy mollalaryna her bir işde howandartýk edip, millet içinde wagyz işlerini asudalykda hem agzybirlikde alyp gitmekleri üçin olary gymmatbaha sylaglar bilen sylaglapdyr. Şunlukda, ýurduň çäginde birnäçe yslam medeniýetiniň ojaklary, dini medreseler, metjitler döräp başlapdyr. Döwletiň gaznasyny dolduryp duran almaz, merjen, dür känlerinden gelýän girdeýjiler halkyň güzeranyna, medeni, ruhy taýdan ösüşine kän sarp edilipdir. Yslamyň döwletiň esasy dinleriniň biri hökmünde yglan edilmegi ýerli milletiň ynanjyna hiç hili ruhy şikes ýetirmändir. Yogsam, induslar Golkonda şalygynyň esasyny düzüpdirler. Kutub şalar bilen ýerli indus milletiniň arasynda dostlukly, sylaşykly, birek-birege ynamly gatnaşyklar bolupdyr. Türkmen şalarynyň ýerli indus harby adamlaryna döwlet, goranmak, oba hojalyk işlerinde ynamy, goldawy uly bolupdyr. Köp sanly mysallar muny doly subut edýär. Mysal üçin, türkmen soltanlary Tilany we Wijaýanagaryň birnäçe mähelleli galalaryny basyp almakda, ol ýerde öz agalygyny dikeltmekde indus serkerdesi Ram Rajyň goldawyna daýanypdyr. Şeýle hem, şalygyň çäginde indus serkerdelerine musulman hojaýynlary ýaly kaşaň lybas geýinmäge rugsat berlipdir. Bu barada telugu şahyry Suka Saptaty şol döwrüň durmuşy hakynda söhbet açyp, şeýle ýazýar: «Indus hojaýynlary ýüňden dokalan lybaslary geýýärdiler. Kelleleri owadan uzyn çalmaly, boýunlaryna bolsa gymmatbaha monjuklary asýardylar». Brahman şahyry Addanky Gangadhar öz işinde türkmen soltanlaryna şeýle baha berýär: «400 galany basyp alan we şeýle gymmatbahaly, berk düzgün-nyzamly goşuny bolan Kutub şalaryň ýurdunda iň ýokary ahlak ýörelgeleri jemlenendir». Şeýle hem, Ybraýym Kutub şanyň döwründe onuň goşunynda gulluk eden Emin Hanyň eli bilen ýazylan bir poemada Kutub şalaryň il-güne ýakyn syýasaty, ynsanperwerlikleri dogrusynda öwgüli sözler kän. Bu bolsa, Kutub şalaryň oturymly we gaýry milletlere bolan söýgüsinden alamat berýär. Şu ýerde ýerli halka bolan hoşamaý syýasaty alyp barmak meselesi dürli dinleriň öýi hasaplanýan Hindistanda köp soltanlara başartmandyr diýsek, hakykata has ýakyn bolar. Emma Kutub şalar, ylaýta-da Ybraýym Kutub şa Türkmen ýurt başyna gelende (1550-1580), ýerli hindi halkynyň çuňňur hormatyna, söýgüsine has köp mynasyp bolupdyr. Ol telugu şahyrlarynyň üns merkezine, olaryň döredijiliginiň baş gahrymanyna öwrülipdir. Olar Ybraýym Kutub şanyň adyny öz ene dillerinde söýgi bilen wasp edip, ony «Malkibharam» diýip atlandyrypdyrlar. Telugu şahyrlary, ýazyjylary Ybraýym Kutub şa Türkmen barada döreden eserlerinde bagtyň gülüp bakjakdygyny, özlerine sahawatly, jomart kişiniň ýar bolandygyny ýazypdyrlar. 1560-njy ýyllarda telugu şahyrlarynyň arasynda Addanki Gangadhar Ybraýym Kutub şa Türkmen barada iň köp eser döreden şahyr hökmünde tanalýar. Öz gezeginde Ybraýym Kutub şa ýerli telugu we hindi dilli eserlere uly hormat goýup, olary çuňňur öwrenipdir. Ol hindileriň beýik eseri «Mahabharatany» höwes bilen okapdyr. Mogol hökümdarlygynda Ybraýym Kutub şa Türkmeniň döwürdeşi, Hanlar hany Abdyrahym Han hem gaýry halklaryň döredijiligine hormat goýupdyr we sanskrit, hindi dillerinde şygyr ýazypdyr. Ol sanskrit dilindenbaşga-da alty dili gowy bilipdir. Netijede, Abdyrahym Han Hananhindileriň «Ramaýana»,«Mahabharata» we «Upanyşady» eserlerini sanskritden pars diline terjime edipdir. Onuň taryhda öçmejek miras galan bu işlerine islendik döwrüň nesilleri minnetdardyrlar. Şonuň üçin oňa Mogol hökümdariygynyň iň abraýly türkmen serlkerde şahyry, zehinli alymy hökmünde baha berýärler. Telugu şahyry Gangadharyň döredijiligine täsir eden zat hem, Ybraýym Kutub şa Türkmene ýerli halkyň alymlarynyň çäksiz hormat goýmasy bolupdyr. Halkyň Ybraýymyňjomartlygyny dillerinde dessan edip ýörmesi, hökümdaryň edebiýata, hindi mifologiýasyna içgin gyzyklanmasy şahyryň döredijiligine bat beripdir. Gangadharyň Ybraýym Kutub şa baradaky eseriniň sada dilde ýazylmagy, onuň alymlar tarapyndangyzgyn goldawa, meşhurlyga eýe bolmagyna eltipdir. Emma, iň esasy zat, şahyryň «Malkibharam» eserine siňdiren zähmeti we öz ynanjyna çuňňur wepadarlygydyr. Ol hindi edebiýatyna goşan bu gymmatly eserinde Ybraýymy pygambere deňeýär we onuň üýtgeşik bir ylahy adamdygyna ynanýar. Şahyr «Malkibharamda» Ybraýymyň at münşüniň waspyny şeýle ýetirýär: «Onuň bedewiniň toýnaklarynyň aşagyndan syçrap çykýan uçgunlar zerarly adamlaryň gözleriniň öňi tutulýardy, hat-da asmandaky Günüň şuglasy hem öçýärdi». Gangadharyň inçe we ýiti döredijiligine Hindistanyň nawablary, rajalary, maharajalary ýokary baha berip, onuň eserlerim elden-ele alyp gyzyklanyp okapdyrlar. Şeýle hem, şol döwürde Singar Çarýa atly telugu şahyry özüniň haýran galdyryjy döredijiligi bilen orta çykypdyr. Singar Çarýa 20 eseriň awtory bolup, onuň döredijiligine Ybraýym Kutub şa hem ýokary baha beripdir. Türkmen hökümdary şahyryň ukybyna, z.hinine buýsanyp, ony gymmatbaha daşlar, pil, pul sylaglary bilen höweslendiripdir. Hatda ol Singar Çarýana serkerdelik wezipesine çenli hormatly at dakypdyr, ýokary işlere çekipdir. Yönekeý halkyň döredijiligine sarpa goýmagy, howandarlyk etmegi özlerine dessur bilen türkmen şalarynyň jomartlygynda abadan durmuşy joşup-joşup wasp edenleriň müňlerçesi Günorta Hindistanyň taryhynda möhüm orna eýe bolupdyrlar. Hut Kutub şalarynyň howandarlygynda Dekkanyň müňlerçe ýazyjy-şahyrlary Demirgazyk Hindistanyň ruhany ýazyjy şahyrlary, alymlary ýaly uzak wagtlaryň dowamynda uly abraýa eýe bolupdyrlar. Şeýle hem, ýerli şahyrlardan gaýry yslam dinli ýazyjy-şahyrlar özleriniň daş ýarýan ukyplary, gülleýän döredijiligi bilen orta çykypdyrlar. Olar özleriniň başarnyklaryny döredijiligiň islendik ugrunda synap görüpdirler, telugu, hindi we sanskrit dillerinde birnäçe eserleri döredipdirler. Ylymsöýer türkmen şalary özleriniň howandarlygyny halkyň göwnünden turýan sungata we medeniýete hem gönükdiripdirler. Türkmen soltanlary taryhyň hereketinde köp milletleriň, medeniýetleriň birleşiginde halkyň belentliklere galmak hyjuwyny köredip, olaryň bitewi bir güýje öwrülmek baradaky isleg-arzuwlaryny hasyl edipdirler. Gözel Haýdarabadyň türkmen soltanlary Muhammetguly we Abul Hasan Kutub şalar bu ugurda has köp işleri amal edenler hökmünde tanatýarlar. Olar hem beýik edebiýata, toý-baýramlara görk berýän inçe sungata çäksiz howandarlyk edip, jemgyýetde ruhy galkynyşy döredipdirler. Muhammetguly Kutub şa Türkmeniň özi patyşalygyň dürli ýerlerinden bolan ussat sazandalary, bagşylary, tansçylary ýygnap, köşklerde we ilat araşynda şagalaňly çäreleri geçiripdir. Ýurtda geçirilýän toýlara, baýramçylyk çärelerine islendik milletiň wekilleri çagyrylyp, olaryň arasynda özara bäsleşikler gurnalypdyr. Bäsleşikde üstün çykan ýeňijilereGolkondanyň şalary tarapyndan gymmatbaha baýraklar gowşurylypdyr. Bular barada meşhur hindi ýazyjysy Waggeýa Kera ussat sazandalaryň, tansçylaryň, aýdymçylaryň türkmen şalarynyň howandarlygynda goldanylýandygyny, we olaryň ynamyna eýe bolanlaryň uly möçberde pul sylagy bilen sylaglanýandygyny öz gözi bilen görendigini ýazyp galdyrypdyr. Ol türkmen şalary barada «Padas» atly meşhur eserini döredipdir. Mundan başga-da, Garagoýunly türkmenleriň hökümdarlygynyň iň soňky soltany Abul Hasan Kutub şa Andranyň (häzirki Andra Pradeş welaýaty – B.Ç.) saz we tans mirasyny ösdürmekde iň uly tagallalar eden şahsyýet hökmünde tanalýar. Ol Andranyň milli «Kuçipudi» tansynyň ösmegine aýratyn üns berip, onuň aşygy bolupdyr. Bir gezek (1678-nji ýylda) AbulHasan ýurduň gündogar etrabynda ýaşaýan Kuçipudi obasynda myhmançylykda bolupdyr. Şonda tansçy oglan-gyzlar özleriniň durmuşyny jadyly tansyň üsti bilen wasp edip, öz şasyna görkezenlerinde, Abul Hasan Kutub şanyň göwni göterilip, olary sylaglapdyr. Kutub şalaryň dürli milletleriň toplumynda adyl syýasaty ýöredip, döwleti şowlulyklara, üstünliklere alyp gitmeklerinde nämäniň esas bolandygy dogrusynda birnäçe garaýyşlar bar. Bu barada hindi Benkat Ramaýa hakykatyň nukdaýnazaryndan çemeleşip, şeýle ýazýar: «Kutub şalaryň ýerli induslar meselesi bilen baglanyşykly syýasatynyň özeninde iki esas bar. Olaryň birinjisi, Kutub şalar döwletde dini meseleler boýunça ortalyk, hoşmeýilli, hoşamaý syýasaty alyp baran bolsalar, ikinjisi bolsa dürli milletlere deň syýasy hak-hukuklaryň, mümkinçilikleriň döredilmegidir». Muny Şirwany atly ýazyjy hem makullaýar. Ol: «Esasy zat, döwletiň içki we daşky syýasatyny alyp barmakda induslara we musulmanlara deň garalmagydyr, köpmilletli halkyň kadaly ýaşamagy üçin deň bähbitli şertleriň döredilmegidir» diýip ýazýar. Türkmen şalarynyň döwründe hindi brahmanlaryna ýurtda iň ýokary wezipeler ynanylypdyr. Döwletiň etrap, oba merkezi dolandyryş edaralary brahmanlaryň elinde bolupdyr. Bu dogrusynda şol döwürde Golkonda şalygyna syýahat eden ýewropaly Brahlin atly zenanyň ýatlamasy hem şaýatlyk edýär. Ol: «Özümiň Golkonda syýahatymyň bütin dowamynda hindi brahmanlary tarapyndan gurşalyp alyndym. Ýurduň oba, ýer, suw hojalygy esasan olaryň ygtyýarynda» diýip ýazýar. Ýurtda esasy iki dil döwlet dili hökmünde ulanylypdyr. Permanlar pars we telugu dilleri bilen beýan edilipdir. Pars dili köşk we diwan dili, telugu dili ýerli halkyň dili hasaplanypdyr. Her bir permanyň ýa-da bildirişiň mazmuny iki dilde ýazylyp asylypdyr. Şunlukda obalarda ýaşaýan telugu dilli halk döwletiň kabul eden islendik permany, karary bilen tanyş bolupdyr. Kutub şalaryň döwlet işine, dine, medeniýete, sungata, edebiýata bolan dünýägaraýyşlary örän çuňňur bolupdyr. Olar sünni ulamalary, sopylar bilen özara gatnaşyklara hiç wagt böwet goýmandyrlar. Hut Kutub şalaryň ýurdunda jemgyýetdäki oňaýly öwrülişiklere sopuçylyk taglymaty hem öz täsirini ýetiripdir. Mysal üçin, ýurtda Mir Mömin, Allama ibn Hatyn, Hüseýn şa Weli, Şa Raju ýaly sopular özleriniň paýhaslylygy, bilimi bilen diňe bir Golkonda-da däl, eýsem daşary ýurtlarda hem meşhur bolupdyrlar. Muhammetguly Kutub şa Türkmeniň hökümdarlygy ýyllarynda ýurtda sopuçylyk eden meşhur Mir Muhamnmet Mömin Astrabady soltanlygyň iş dolandyryjysy we iň tanymal alymy bolupdyr. Ol Haýdarabada 1581-nji ýylda Muhammetguly Kutub şanyň döwründe göçüp gelipdir. Mir Mömin özüniň esasy işiniň daşyndan täze şäher Haýdarabadyň gurluşygyna we onuň binagärlik taslamasynyň işlenip taýýarlanmagyna işjeň gatnaşypdyr. Haýdarabadyň – täze paýtagtyň iň bezemen «Çar minara» binasynyň taslamasy Mir Möminiň tagallasy bilen taýýarlanypdyr. Meşhur din hadymy Mir Mömin özüniň datly akyl-paýhas ummanyndan köp kişilere dadyrypdyr. Ol Muhammetguly Kutub Türkmeniň ýegeni Muhammet Soltana hem çuňňur bilim, terbiýe berip ýetişdiripdir. Hut ýaş şazada Muhammet Soltanyň daýysyndan soň Haýdarabat şalygyna hökümdar bolup saýlanmagynda Mir Möminiň tagallasy gaty uly bolupdyr. Garagoýunly türkmenleriň nebereleri ýurtda birnäçe resmi we resmi däl dini baýramçylyklary geçiripdirler. Her bir geçirilýän baýramçylyk özboluşlylygy bilen, hiç bir dine çäk goýmazdan, jemgyýetiň sagdynlygyny gazanypdyr. Dürli-dürli urp-adatly halklar baýramçylyk günlerinde Türkmen şalarynyň paýlaýan şepagatlary astynda has ysnyşypdyrlar. Oraza baýramçylygynda täze eşik geýmek, süýji tagamlary bişirip goňşy-golama paýlamak ýaly ynsanperwer däpler milletleriň biri-birleri bilen ýakynlaşmagyna getiripdir. Muhram baýramçylygy bolsa, hindileriň dinine has ýakyn görnüşde bolupdyr. Muhammet Kutub şanyň döwründe Muhram baýramçylygy mynasybetli ilata döwlet tarapyndan 6 müň hunlyk pul harjy goýberilipdir. Garyp-gasarlar üçin 12 müň hun pul goýberilip, ol şalaryň adyndan hüşür-zekat paýlanypdyr. Abdylla Kutub şa Türkmen her ýyl öz sahawaty bilen bu baýramçylykda 12 müň ýetim çagalara mugt iýmit, hüşür-zekat, geýim-gejim paýlapdyr. Kutub şalaryň ýurdunda jemi 14 sany baýramçylyk, soltanyň doglan güni bellenilip geçilipdir. Baýramçylyk günleri Haýdarabadyň merkezi meýdançasyna, Çar minaranyň we Mekge metjidiň daş-töweregine şäher we oba ilaty ýygnanypdyr. Her bir geçirilýän toý-dabaralara türkmen soltanlary, şazadalary, ýurt serkerdeleri hem gatnaşypdyrlar. Olar dabara ýygnanan mähelläniň içinden hormat bilen at ýöriş edip geçipdirler. Şalaryň bezemen münberi meşhur Çar minaranyň öňünde goýlupdyr we şol ýerde soltanlaryň huzurynda toý däpleri, ýörişler dowam etdirilipdir. Ýurduň harby ýolbaşçylary, daşary ýurtlardan gelen myhmanlar türkmen soltanlaryna baýramçylygyň şanyna iň gymmatbaha sowgatlary gowşurpdrlar. Haçanda bu hezzet-hormatlar, däp-düzgünler tamamlanandan soň, baýramçylyga ýygnanan mähellä iň süýji tagamlar äberilipdir. Köşklerde, howlularda şemler ýakylypdyr. Beýik Golkonda galasy dünýäňi aňk edýän göwher, almaz daşlary bilen müňlerçe şemleriň ýagtysyna lowurdap uzaklardan görnüpdir. Basant baýramçylygy ýurtda ýaşaýan ähli milletler üçin deň derejede bellenilip, ol ilkinji hasylyň hormatyna geçirilýän baýramçylykdyr. Ilkinji hasylň baýramçylygynda adamlar özleriniň ynanýan dinlerine uýup mejitlere ybadathanalara gülgöterip barypdyrlar. Hudaýa eçilen bereketi üçin tagzym edip çokunypdyrlar. Muhammetguly Kutub şa bu hasyl baýramçylygy döwründe şa köşklerini tutuş al-elwan güller bilen bezemekligi buýrupdyr. Suw howdanlary güller bilen doldurylypdyr. Muhammetguly Kutub şa Basant baýramçylygy günlerinde öz köşgünde hylwatda keýpihon halda, döredijilik bilen meşgullanypdyr. Taryhy maglumatlara görä, Muhammetguly Kutub şa ýiti zehinli şahyr bolup, onuň eserleri halk tarapyndan söýlüp okalypdyr. Kutub şalar inçeligi söýýän şygyrýete, edebiýata özleriniň sahawatlylygy, jomartlygy ýaly synmaz şöhrat getiripdirler. Olaryň döwlet, millet işlerini nä derejede ýöredip bilişleri ýaly, galamda hem şonça derejede höküm ýöredip bilipdirler. Dogrudanam, Türkmen Kutub şalaryň guran ajaýyp döwleti, amal eden ylahy işleri durşuna täsinlik. Olar Günorta Hindistana ilkinji bolup täze döwlet gurluşy, täze dini, täze edebiýaty, dili, sungaty getirdiler. Bu türkmen neberesi halky bereketli-rysgally, döwletli döwre alyp barmaga gönükdirilen birnäçe beýik işleri amal etdiler. Golkondany almazlaryň, dürleriň, gymmatbaha daşlaryň ýurduna öwürdiler. Golkondanyň topragyndan tapylan, dünýäde taýsyz meşhur Kohi Nur atly almazy Kutub şalaryň gaznasyna görk, döwletine bereket getirdi. Hawa, türkmen täsinligini, gudratyny hindi topragynda döreden, äleme jar eden garagoýunly türkmenleriň nebereleriniň ýedi arkasynyň, şejeresiniň dünýä bagynda düýp tutuşy, ösüp-örňeýşi täsinlik. Bu gün olaryň nebereleriniň akyl-paýhasy, nygmatly elleri bilen dörän Gündogaryň iň ajaýyp binalary Ýer togalagynyň dört künjünde başlaryny belent tutup seleňläp otyrlar. Olaryň akyl we el gudraty bilen Töwrizde, Garabagda, Nahiçewanda, Wanda guran ajaýyp binalary, nesillere goýup giden ýadygärlikleri taryhyň sahypalaryndan düşmän otyrlar. Nesip bolsa, hiç haçan düşmezem. Sebäbi geçmişi-de özi ýaly beýik bu milletiň sekiz asyrdan soň, bu gün täze türkmen döwletini guran, gadymy oguzlaryň taryhyny, döwlet gurluşyny dikelden Saparmyrat Türkmenbaşysy bar! Beýik Serdarymyz gadymy halkymyzyň bir bitewi, milli döwleti döretmek baradaky arzuwlaryny hasyl etdi. Eziz halkyna ýedi ýoluň çatrygynda mekan tutan türkmenleriň geçmişde beýik zamanalary döredendikleri dogrusynda buýsanyp taryhy sapaklary berýär, öz köňlünden çykan mukaddes Ruhnamasyny mähriban halkyna ruhy serpaý ýapýar. Onuň zybanyndan «Türkmen gymmatlyklary döreden halkdygy üçin beýikdir. Ol gymmatlyklar bolsa bireýýäm adamzat gazananlarynyň hataryna geçdi. Şeýle gymnmatlyklaryň içinde ruhy gymmatlyklar hem, maddy gymmatlyklar hem bar» diýen ylahy paýhasa ýugrulan dana sözler göwher bolup lowurdaýar. Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |