07:30 Tüýdügiñ "jaýlanyşy" | |
TÜÝDÜGIŇ «JAÝLANYŞY»
Goşgular
Baky Maşakowyň ýadygärligine Men düýnem öňňinki bolan wakany – Süýnüp giden goşa ýyldyzy ýatlap, Bir goşgy ýazmaga synanyp gezdim, Duýdansyz ýitirlen baýlygy ýoklap. O goşgy hut seniň Hem seniň bilen Özüniň örküni ömürlik baglan; Islese, kalbymyň buzun ereden, Islese, ot bolup bagrymy daglaň; Kyn günde gözleriň syryp ýaşňy, Toý güni ýaşlaryň gyýyp nikasyn Gezen şo-l tüýdügiň agysyn aglap, Tutmalydy şol tüýdügiň ýasyny. Sebäbi sen bilen hoşlaşanymyzda: «Tüýdügem ömrüni soňlady» – diýdik. Bu gün senem soňky ussadyň bilen, Nätjek, bir gabyrda jaýlaýas, tüýdük! Hoş tüýdük, Arkaýyn ýat senem! – diýdik – Indi ikiňize, duşma ýok bizе...» Bu gün bolsa, düýnki ýazjak goşgyma, Öňňinki howlugyp aýdylan söze Käýinip otyryn, Çünki şo-1 tüýdük Çykypdyr mazardan Hem bir gerçegiň Elinde dür saçyp, saýraýar bu gün, Äşgär edip uzak ömür sürjegin. Äşgär edip bu gadymy sungatyň – Jadyly tüýdügiň Hem seniň ýaly Meşhur ussatlaryň kesbin ýöreden, Saz bilen bejerip dertli dünýäni Gezen adamlaryň Bir gabra sygyp, Uzak ýatmajagnyň hakykatdygyn Dünýä ýaýyp, bir gerçegiň elinde Şo-1 «jaýlanan» tüýdük saýraýar bu gün. Saýraýar, Tenekar owaz ýaýraýar, Diňleýän, Her heňde bir gez beýgelýän. ...Düýn goşgy ýazmanma ahmyr edemok, Ony şu gün ýazýanyma begenýän. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Jojak zalym / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |