00:14 Uçýan haly / satiriki hekaýa | |
UÇÝAN HALY
Satiriki hekaýalar
Raýon içeri işler bölüminiñ sülçüsi, milisiýanyñ leýtenanty Rejep Hojaýewiç nobatdaky etmeli işlerini edişdirdi-de, süññi ýeñillik bilen ýerinden turdy. Gygyryp gerinjiredi. Soñra üst-başyna serenjam berip, nirädir bir ýerik atlanmakçy boldy. Işige tarap ýönelenem şoldy welin, bat bilen gapy açyldy. Sähel yş tapsa köwsarlap öýe dyzaýan gyşyñ çapgyn şemaly ýaly kürsäp giren ýaşuly kabinetiñ eýesi bilen gadyrly görüşdi. - Essalawmaleýki-im! - Ýüzi jozzuk ýaly, gyrçuw sakgallyja ýaşuly ýeserje gözlerini oýnakladyp iki elini öñe uzatdy: - Manlyk-saglykmy, ogul - diýip, ol Rejep Hojaýewiçiñ elini silterläp ýolara getirdi. Ýaşulynyñ göwresine gelişmeýän çalasyn hereketi Rejep Hojaýewiçi haýran galdyrdy. Ol yzyna dolandy-da, ýerine geçip oturdy. Myhmanynyñ arzy-halyny diñledi. - Bi, nememi onsoñ, ýoldaş-towariş milise. Sen ogrulañ, wiý, ogrulaty tutýanlañ başlygymy? - Näme diýjek bolýañyz, ýaşuly. Aýdyberiñ, diñleýän. Rejep Hojaýewiç nämedir bir zatlar bellemek üçin kagyz-galamyny taýýarlady. Hamana diýersiñ, ilki oturan ýerine suw çykan dek ýaşuly ýerinden böküp turdy-da, sülçiniñ edil alkymyna geçdi. Gözüni gyrpyldadyp assyrynlyk bilen töweregine seretdi. Onuñ sesi pessaýdan dogumly çykdy. - Maña Paşşyk Peleñ diýýärler, özümem Arzuwdan geldim. Arz bilen. Iki sany täzeje meñzeş halym bardy. Päwrik dokan. Mellegiñ kişmişini satyp alypdym. Ynha, şoñ birini jüwlikler çilipdir. Rejep Hojaýewiç ýapyrylyp ýazyp başlady. - Sen inim, bi hat-petegiñi goý-da, meñ arzymy diñlesene. Men-ä senden haraý gözläp geldim, senem gaýta başga wagt tapmadyk ýaly... Ýaşuly sözüne dyngy berdi. Rejep Hojaýewiç ýagdaýy düşündirdi. - Paşşyk aga, bizem kagyz doldurmaly. Ýogsam señ gury gürrüñiñe ynanýan ýok. Aýdyberiñ, iki gulagym sizde. Ýaşuly gürrüñini dowam etdirdi. - Özüñ bilýäñ, tomsuñ güni her kim oba ýeri bolansoñ daşarda ýatýa. Elbet, äpişgeden girendir-dä, öýi köýmüş. Alyp gidipdir halyjygymyñ birini. Wah, şo wagtlar tutaýan bolsam myžžygyny çykardym-la oñ. Mañlaýyndan goýbärdim goşany. - Näme, siziñ tüpeñiñizem barmy, Paşşyk aga? - Hawa. Birwagt özüñiz ýaly bir miliseden satyn alypdym. - Hat-petegi beri düzüwmi oñ? - Sen-aýt, inim, gürrüñi başga ýana sowjak bolmasana. Bir zat etjek bolsañ, meñ halymy tapyp ber. Dogry-da walla! Ýaşulynyñ gahardan ýaña çep dulugy çekilip-çekilip gitdi, elleri sandyrady. Ol zöwwe ýerinden turdy. Sülçiniñ gözüne seredip gürledi. - Näme, ýa senem ogrulañ arkasynu aljak bolýañmy?! Beýtseñ, bizem arz etmäge ýer taparys, edil ýerden ýeke çykandyr öýtme. Çagalañ daýysy şäherdr minissiriñ maşynyny sürýä. Şoña aýdyp egniñdäki päwünini sypyrdaryn. Hä-ä, bilip goýgun. Rejep Hojaýewiç tüpeñli gürrüñi soña goýmasa bolmajagyny añdy. Ýaşulyny köşeşdirmek iş boldy. - Agam, rahatlanyñ. Halyñyzy hökman taparys. Biziñ bir yzçy itimiz bar, ogry ýeriñ deşigine girenem bolsa, şo tapar ony. Ynha, erte-birgün... Paşyk aganyñ dyzmaçlygy ýetjek derejesine ýetdi. Ol dartylan kiriş ýaly göneldi. Sülçiniñ üstüne haýbat atdy. - Ýok, häziriñ özünde gidersiñ meñ bilen. Tapdyñ bu ýerde keçe telpegi... Raýondan saýlanyp barýan gozakly motoryñ yzynda oturan Paşşyk aga öz-özünden göwni hoş bolup töweregine seretdi. Gozakdaky itiñ duýdansyz wowwuldysyna ol tisginip gitdi. Paşşyk aga bu ite özüniñ halasgäri hökmünde garady, onuñ üýrmesine hem özüçe düşündi. "Akylly janawardyr bu. Nädersiñ bara-barmana ogryñ söbügine münäýse". Eýýäm oba köçesinden çaýkanjyrap barýan motor Paşşyk aganyñ deñesine gelip saklandy. Olar tirkeşip öýe girdiler. - Ynha, ogurlanan şu halyñ taýy bolmaly. Rejep Hojaýewiç komanda garaşyp keýerjekläp duran itiñ arkasyny sypady. Oña nämedir bir zatlar diýişdirdi. Ýañky janawar ysyrgandy-da, art aýagyny galdyryp, ýazylgy ýatan halyny köljertdi. Paşşyk aganyñ gözi çykaýjak boldy, gahar bilen gygyrdy. - Itiñem al-da, göteril şu ýerden. Parsyçalap, näme diýdiñ sen oña? Düşünmeýändir öýtme... - Tapjak bolsa oñ käte şeýdäýmesi bardyr öñünden. Gatyrganma, ýaşuly. Onýança ol ot edil gözüne urlan ýaly, çyñsap açyk duran penjireden okduryldy, ileriligine tarap. Itiñ yzyna tirkelen ýaly bolup barýan Rejep Hojaýewiç bir eli bilen kellesindäki papagyny saklady. Paşşyk aga-da olardan galmady. Sozan guýruk bolşup barýan bu üçler Paşşyk agalañ edil iki öý ilerisindäki tamyñ gapysyna baryp saklandy. Ýañky it janawar ysyrganyp, howla dökülen bir maşyn kömrüñ daşynda pyr-pyr pyrlandy. - Ine, halyñ şuñ aşagyndadyr. Kömri beýläk agdarsañ çykar - diýip, Rejep Hojaýewiç itini yza çekdi. Paşşyk aga gara der bolup işledi. Goñşusyna käýindi. - Hýä, peläket diýsänim, mundan beýle zat oslamandym. Görýäñmi kümsükdigini, gapysynda-da iñlär siñek ýok. Öýüni gulplap, jyrandyr bir ýana... Paşşyk aga dem-dynjyny alman kömrüñ köpüsini beýläk agdardy. Añyrdan üzümli haýatyñ içinden hasanaklap çykan Meret ylgap gelşine gygyrdy. - Eý, goñşy, señ edýäniñ näme? O sähne alkaşyña düşündirip aýtdym-a. Şun dañ bilen arkasy haltaly gelip karzyna pul alyp gitdi. Soñ kömrüni çekip bereýin diýip, ýöne beýdip, ony o ýerik agdaraýmaly bolsa özümem başarjak... Rejep Hojaýewiç eýýäm nämäñ-nämedigine düşündi. Ogly baryp ýatan arakhor bolsa, özem dañ bilen arkasy haltaly gelip pul alan bolsa, diýmek, ogryny daşdan gözlemeli däl. - Paşşyk aga, arakhoruñ edähedi şeýledir. Puly gutaran güni öýüniñ goşuna ýapyşar. Ogluñ o hala münüp uçandyr eýýäm şäher sary. Ýöne gitjek ýeri bolmaz, arkaýyn bol, ele salarys - diýip, Rejep Hojaýewiç motoryna tarap ýöneldi. Paşşyk aga, göýä diýersiñ, asmandan uçup barýan halyny görjek bolýan ahmyr bilen hyrçyny dişläp gögüni garady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |