10:08 Uwlap giden gök bäşlik / satiriki hekaýa | |
UWLAP GIDEN GÖK BÄŞLIK
Bakdaky benziniñ derejesini görkezýän çyrajyk ýanyp-sönüp başlady. Meniñ howsalam artdy. Entek şähere çenli ýoñsuzja ýer bar. - Be, ýetermikä? - diýip, içimden edip oturan pikirimi daşyma çykardym. Gapdalymda oturan müşderi eglip ýüzüme seretdi. Üns bermediksirän boldum. Häzir meniñ iki gözüm şojagaz çyrajykdady. - Näme, benziniñ gutardymy? - diýip, ol gobsunjyrady. Meniñ jogap berenime-de garaşman, gürrüñini dowam etdirdi. - Añry ujy şähere ýeter öýtseñ, ýoldan guýmagyn. Bi bedinebisler, garaýagdyr añry-bäri garýamyşlar... Tä şähere ýetýänçäk biziñ gürrüñimiz benzin guýýanlaryñ pyssy-pyjurlygy hakynda boldy. Herimiz gören-eşidenimizi gürrüñ berip, baý, benzinçileriñ gulagyny şañlatdyg-a. Şähere giren ýerindäki ilkinii benzin guýulýan stansiýa maşyn janawaryñ edil özi sowlan ýaly bolaýdy. Endigim boýunça, maşyndan düşüp, pul tölenýän äpişgejige tarap eñjek boldum. Eli esgilije bir oglan ýanyma geldi-de: - Agam, maşynyñyzda oturyberiñ - diýip, köne tanşyny gören ýyljyraklady. - Näme, benzin ýokmy? - Bar. - Onda näme, ýa tok kesildimi? Ol oglan öñküden beter mylaýymsyrady. Sesi diýseñ sypaýy çykdy. - Işimizi üýtgedip gurýas, agam. Adamlar hakda alada edilýändir. Benzini özümiz guýup bereris, arkaýynja oturyberiñ ýeriñizde. Ine, bularyñ bu täzeligi bolýa. Gowy zat. Ýañky oglan şlangany baka geýdirdi-de, kolonkanyñ gapdalynda oturdylan apparatyñ düwmejiklerini basyşdyrdy. Soñra ýanyma gelip, sen-men gürrüñe başlady. - Benziniñ nebitden alynýandygyn-a bilýänsiñiz. Biziñ ýurdumyz, elbetde, nebite baý. Ýöne onuñ zapasy çäksiz däl. Çykarylyşam ýyl-ýyldan azalmasa köpelenok. Dagy näme, ýülük soran ýaly sorup ýatsañ, azalar-da. Şonuñ üçinem, biz benzini aýawly saklamaly, ondan tygşytly peýdalanmaly. Pikir edip görüñ, tutuş ýurdumyz boýunça her günde näçe ýüz müñ maşyna benzin guýulýar. Şolaryñ her haýsyndan bir damja ýere dökülende-de... Be, bi ýigit durşy bilen gürrüñ eken-aý. Men durup bilmedim, içim byjyklap barýardy. - Nememi, onsoñ bu leksiýañyz üçinem aýratyn tölemelimi? Ol meniñ gürrüñi kesä çekýänimi añdy öýdýän, "ýok" diýen terzde başyny ýaýkady. - Hyzmatymyz üçin bary-ýogy bir apbasy alýas - diýip, ol benzin baradaky gürrüñine nokat goýdy. Hasaplaşyp aýrylyşdyk. Maşyn janawaryñ çekişem üýtgän ýaly bolaýdy. Ýañky oglanyñ ilgezikligine haýran galdym. Içimden oña alkyş okadym. Şähere aralaşanymyzam şoldy welin, ýanymdaky oturan burnuny çekişdirdi-de: - Be, benziniñ ysy gelýän ýaly-la, how - diýip, howsala bilen ýüzüme seretdi. Ys almaga gezek gelende duran ýerimdi. Burnumyñ ýanynda odekolon çüýşesini döwseñem, kän bir bilip baramokdym. Ýöne ýanymdaky birhili elewräberdi. Onsoñ onuñ gürrüñine pitiwa etmän, oturyp bilmedim. Sakga sakladym maşyny. Ikimiz iki ýerden atylyp çykdyk. - Ahow, bi benziniñ şalpy-şarañ dökülip duran ýaly-la bu ýerden - diýip, ulili bilen gygyrdy. Ylgap bardym. Görseñizläñ bu bolýan zady. Asyl benzin bagynyñ agyzýapyjygy ýok eken-ä. Hý-äkk, ýañky sähne gürrüñ bilen başagaý bolup, ýapmany ýadyndan çykarandyr-ow. Ikirjiñlenip durmaga wagt ýok. Esgi bilen saraşdyran boldum-da sürdüm yzyma. Ýolda gaçandyr öýdüp, gidip barşyma gözümi elek-çelek edip, töweregime seretdim. Görünýän zat ýok. Alymyny-salymyny bermän bardym ýañky oglanyñ ýanyna. Ol maşyndan düşenimi gördi-de: - Agam, ýeriñizde oturyberiñ, özümiz guýarys - diýip, gygyrdy. Ýok, indi meniñ oturmajagym çynymdyr. Dogrusy, özümi näçe sypaýy alyp barjagam bolsam bolmady, sesim kineli çykdy. - Han ogul, näme beýdip adamlary kösäp ýörsüñiz? - Wiý, biz näme edipmişik? - diýip, ol ör-gökden geldi. Görýän welin, bu ýigitde oýun kän öýdýän. Ýakasyndan ebşitläp tutaýmasañ boljak däl. - Näme edipmişik diýen bolup mönsüreme. Hany, benzin bagynyñ agyz ýapysyny tap - diýip, men azgyryldym. Onuñ göwni bir ýaly, elini owkalaşdyran bolup, azaryna-da däl. Gaýtam, içiñi ýakaýyn diýen ýaly, it ýylgyryşyny edýär, zaññar. - Agam, şu ýerden gideniñden soñ biz hiç zada jogap beremzok. Ýöne, gök bäşligiñi gysganmasañ, birini-ýarymyny tapaýmagymyz mümkin - diýip, ol gapdalymdaky oturana gözüni gypdy. Hemme zat düşnükli. Asyl bular işi beýdip üýtgedip gurýan ekenler-ow. Kör hasasyny bir gezek aldyrýandyr, indikimize berkräk bolarys-da. Müşderiden ýonan täzeje bäşligimi ýañky ýigide ýigrenç bilen uzatdym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |