22:29 Watanym | |
WATANYM
Goşgular
Türkmen ilim, gül Watanym, Mertebäň pesde bolmasyn! Seni söýmedikler goý ölsün, Seni söýmedik ölmesin. Jaň Watanym janym-tenim. Gül balalaň janym-meniň. Ýokarymda Taňrym asman, Watanym-imanym meniň. Atly-ýaragly türkmenim, Misli ýaraly gaplaňym. Ýedi yklyma zor salan, Gazap atyna atlanyp. Jan Watanym jan jigerim, Didelerme öçmez nursuň. Bir gün ýumsam gara gözlem Bir gysym topragyň buýrsun. Atam-enemden eziz özüň Watanym, sarsmaz döwletiň. Seni söýen sen diýip ölsün Seni söýenler ölmesin. Ýedi arkam ýatan ýerler, Dogan hem goňşy-golamsyň. Sende dogulmadyk bolsam Bagtsyz biri bolardym. Meniň ýeke-täk Watanym, Goýnuňda gaýnap-joşanym Seni söýmedik ölmesin, Goý içi ýanyp ýaşasyn. Güller açylar ak säher, Hiňlenip iner ýagyşlar. Seň birje çümmük gumuňam Dünýäň malyna çalyşman. Watanym, ýalňyz hossarym, Soňky arzuwym ömrümde, Halkyma bakylyk berip, Müdimi galsam goýnuňda. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |