08:43 Ybraýym Edhem | |
YBRAÝYM EDHEM
Taryhy şahslar
Türkmen halkynyň hakydasynda orun alan beýik şahsyýetleriň biri hem Abu Yshak Ybraýym ibn Edhem ibn Mansur Balhydyr. VIII asyrda ýaşap geçen meşhur alym, akyldar Ybraýym Edhem Balh şäherinde doglupdyr. Öz döwrüniň medeni merkezleriniň biri bolan Balh Ybraýym Edhemiň doglan ýyllarynda Gaznaly türkmenleriniň hökümdarlygynyň ygtyýarynda bolupdyr. Ybraýym Edhemiň ömür beýany, esasan, rowaýatlara daýanýar. Ybraýym Edhem hakynda «Ybraýym Edhem», «Soltan Ybraýym» atly türkmen halk dessanlarynyň birnäçe nusgasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanylýar. Edebiýatlarda Ybraýym Edhemiň kakasynyň ady Edhem diwana, Edhem bin Mansur, Edhem bin Mansur Saka diýlip hatyralanýar. Saka «suwçy, suw daşaýan adam, suwkeş» diýmekdir. Baýram Baýmyradowyň çapa taýýarlan «Ybraýym Edhem» atly dessanda beýan edilişine görä, Ybraýymyň ejesi Balhyň hökümdary Mälik şanyň gyzy Melike Hubandyr. Edebiýatlarda onuň adynyň Gülbün soltan görnüşinde gabat gelýän ýerleri hem bar. Ybraýym Edhemiň ejesi Balhyň soltanynyň ýeke-täk zürýadydyr. Balhyň şasy: Wesýetimi kabul eýläň, ýaranlar, Eger ölsem, bolsun soltan Ybrahym diýip, Ybraýym Edhemi özüniň mirasdüşeri diýip yglan edipdir. Ybraýym Edhem on dört ýaşyna baranda, babasy dünýeden ötensoň, onuň ornuna şalyk tagtyna çykypdyr. Alymlaryň käbiri Ybraýym Edhemiň entek Balhdaka öýlenendigini we onuň bir oglunyň bolandygyny belleýär. Ybraýym Edhemiň aýalynyň ady Bibi Zülfiýadyr. Onuň Bibi Zülfiýaaýym diýip gabat gelýän ýerleri hem bar. Soltan Ybraýym patyşalygyny terk edip gideninde, Bibi Zülfiýa hamyla ekeni. Ybraýym Edhem bilen Bibi Zülfiýaaýymyň bir ogly bolupdyr. Oňa Muhammet diýip at goýupdyrlar. Ýöne maglumatlaryň käbirinde Ybraýym Edhem Bagdada baranyndan soňra, Hasan şahyryň gyzy Salyha öýlenendigini belleýänler hem bar. Ybraýym Edhem Balhda, Nişapurda, Bagdatda, Şamda, Yrakda ýaşapdyr. Ol türkmen topragynda ýaşap geçen, halkyň arasynda uly hormata eýe bolan Abdylla Mübärek, Fudaýl ibn Aýaz dagy bilen dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Hatda Ybraýym Edhem Balhdan ylym öwrenmek üçin ýola düşeninde, onuň ýanynda Abdylla Mübäregiň bardygy aýratyn nygtalmalara mynasyp bolupdyr. Ybraýym Edhem Ymam Agzamdan — Abu Hanyfa Nugman ibn Sabytdan tälim alypdyr. Ferideddin Attar «Tezkiret-ül-öwliýä» atly eserinde Abu Hanyfadan söz açanynda: «Ylymda Fudaýlyň, Ybraýym ibn Edhemiň, Bişr Hafynyň, Dawut Taýynyň we Abdylla ibn Mübäregiň ussadydyr» diýip, onuň şägirtleriniň arasynda Ybraýym Edhemiň hem bolandygyny belläpdir. Ybraýym Edhemiň Balhyň hökümdary mahaly täji-tagtyny terk edip ýola düşmegi sopuçylyk taglymatynyň taryhynda iň meşhur wakalaryň biridir. Orta asyrlar edebiýatynda maksada okgunlylyk, özüňe erk edip bilmek, päli peslik, yhlaslylyk ýaly häsiýetler teswirlenmekçi bolnanda, Ybraýym Edhemiň, esasan, tagtyny terk edişi bilen bagly waka ýüzlenilýär. Hoja Ahmet Ýasawy, Ferideddin Attar, Muhammet Gazaly, Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Mahmyt Zamahşary, Abdyrahman Jamy, Nurmuhammet Andalyp dagy öz eserlerinde Ybraýym Edhemi hormat bilen hatyralapdyrlar. Ferideddin Attar Ybraýym Edhemi: «Dünýä we köňüller soltany, Kap dagynyň Symrug guşy, ýekelik äleminiň düri, döwlet syrlarynyň hazynasy, iň uly yklymyň patyşasy» diýip hatyralapdyr. Abdyrahman Jamy: «Birinji derejeli welileriň arasyndadyr. Keramat we welaýat ählindendir» diýip ýatlapdyr. Mahmyt Zamahşary: «Ybraýym Edhem Horasanda nygmat berlenleriň biridi» diýip nygtapdyr. Hoja Ahmet Ýasawy hem öz «Hikmetlerinde» Ybraýym Edhemiň keşbine gaýta-gaýta ýüzlenipdir. Aşyk bolsaň göz ýaşyňy saçyp ötgül, Edhem sypat tagty-bagtdan geçip ötgül. Ýunus Emre hem şygyrlarynda Ybraýym Edhemi ýatlapdyr: Görmezmisiň Edhemi tagtyny terk eýledi, Hak ýanynda has boldy bir köne palas bile. Nurmuhammet Andalyp bolsa «Baba Röwşen» dessanynda: Hak olarga salmagaý Ýusup deýin dagy-peder, Edhem-u Musa Ryza, mazhar gerek erdi maňa - diýen setirlerinde Ybraýym Edhemi hatyralapdyr. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Mahmyt Zamahşary «Ýagşyzadalaryň bahary» kitabynda Ybraýym Edhemiň aýdan sözleriniň ençemesini mysal getiripdir. Onuň şalyk tagtyny terk edişi hakyndaky wakany bolsa şeýle beýan edipdir: «Günlerde bir gün ol (Ybraýym Edhem) köşgüniň depesine çykyp otyrka, köşgüň kölegesinde oturan bir adama gözi düşüpdir. Onuň burny ganap dursa-da, bir zatlar iýip otyr diýýär. Soňra-da suw içipdir-de uklap galypdyr. Ybraýym Edhem öz-özüne: «Men bu dünýäde näme iş edýärin, nebsim hem görüp oturan zatlaryma razy bolýar?» diýipdir we ýola rowana bolupdyr». Ybraýym Edhemiň täji-tagtyny terk edişi barada başga-da rowaýatlar bar. Orta asyrlaryň beýik söz ussady Jelaleddin Rumy öz döredijiliginde Ybraýym Edhem hakyndaky hekaýatlara, ýatlamalara giň orun berenleriň biridir. Olsöhbetleriniň birinde Ybraýym Edhemiň ýörelge mekdebine eýermegiň terbiýeçilik ähmiýetini, ruhy güýjüni şeýle düşündiripdir: «Ymam Abu Hanyfa, Ymam Mutallyby we beýleki alymlar toprak dünýäsiniň binagärleridir. Kim tüýs ýüregi bilen olaryň tarykatyna giren bolsa, bu ezizleriň yzyna eýeren bolsa, ýaramaz adamlaryň we din galtamanlarynyň şerinden aman galdygydyr. Emma Jüneýit, Zünnun, Baýezit (Bistamy), Şakyk, (Ybraýym) Edhem, Mansur we bular ýaly weliler suw guşlary kimin manylar deňziniň guwwaslarydyr. Kim bulara uýsa, hile düzen nebsiň azabyndan halas bolar we gudrat deňziniň jöwherine eýe bolar». Ybraýym, Edhem soltanlygyny terk edeninden soňra, orak ýasap, suw daşap, mal bakyp, bagbançylyk edip, bag-bakjalara garawulçylyk edip güzeranyny aýlapdyr. Onuň bakja sakçylyk edendigi bilen bagly waka bolsa päkligiň, halallygyň, wepalylygyň nusgasy hökmünde edebiýat äleminde gaýtalanyp ýör: «Bir gün hojaýyny ýanyna gelip, Ybraýym Edheme bagdan nar alyp gelmegi buýurýar. Ybraýym Edhemiň getiren naryny ýaryp görseler, içi çig, juw ak ekeni. Bagyň eýesi: «Sen bakjadan miwe iýip, haýsy naryň bişip-bişmedigini bileňokmy?» diýip sorapdyr. Ybraýym Edhem henize çenli hasyldan dadyp görmändigini aýdanynda, ekinzarlygyň eýesi: «Sen Ybraýym Edhem-ä dälsiň-dä?» diýipdir. Ybraýym Edhem, özüni tanandyklary sebäpli, ol ýerden gaýtmak bilen bolupdyr. Ybraýym Edhem hakyndaky maglumatlar onuň wagtal-wagtal terkidünýälige göwün berendigini ýaňzytsa-da, esasan, halkyň arasynda bolup wagyz-nesihat edendigine şaýatlyk edýär. Ybraýym Edhemiň: «Işläp, gazanç edip, maşgalaňy ekle. Emma hiç kimden tamakin bolma. Tamakinlik dilegçilik bilen deňdir» diýen nesihaty döwürler dolanyp, döwranlar çalyşsa-da, ähmiýetini ýitirmeýär. Ybraýym Edheme görä, gowy gylykly adam, aýratyn-da, şu üç ýagdaýda belli bolýar: birinden bir zat alanynda, birine bir zat bereninde we biri bilen gürrüňdeş bolanynda. Onuň: «Men şu pursat ýedi sany zady ýerine ýetirmek esasynda sogap gazandym. Çünki saňa gaýtargy bermedim, saňa gyjalat bermedim, gahar-gazap bildirmedim we senden öýkelemedim. Sen hakynda şikaýat etmedim we seniň üçin ýagşy dileg etdim hem-de jennete gidäýsemem, sensiz gitmegi ret ederin» diýendigi mälimdir. Bir gün biri Ybraýym Edheme don sowgat eltipdir. Ybraýym Edhem ol adama: «Eger sen baý bolsaň, men senden bu dony kabul ederin» diýýär. Ol adam: «Men — baý» diýýär. Ybraýym Edhem ondan: «Seniň näçe puluň bar?» diýip soranda, ol adam: «Iki müň dinar» diýip jogap berýär. Ybraýym Edhem: «Sen şol puluň dört müň dinar bolmagyny isleýärsiňmi?» diýende, ol adam: «Hawa» diýýär. Onda Ybraýym Edhem: «Ýene-de pula mätäç bolsaň, onda sen entek garyp. Şonuň üçin men seniň bu donuňy kabul edip bilmerin» diýýär. Ybraýym Edhemiň keramatly adam bolandygy hakynda birnäçe rowaýat bar. Bir rowaýata görä, bir gezek deňizde ýüzüp barýarkalar, apy-tupan turupdyr. Hemme adamlar aglap başlapdyr. Ybraýym Edhem şol wagt uklap ýatan ekeni. Ol adamlaryň agy sesine oýanypdyr we oturan ýerinde elini göge galdyryp: «Eý, Allam! Sen bize gudratyňy görkezdiň, indi bolsa geçirimliligiňi görkez» diýip dileg edipdir. Deňizdäki apy-tupan şol wagtyň özünde köşeşipdir. Ybraýym Edhemi ýaş nesliň bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagy hakyndaky mesele aýratyn gyzyklandyrypdyr. Ybraýym Edhemiň öňe süren pikirleri ynsan kämilligini gazanmaklyga gönükdirilendir. Onuň adyllyk, pespällik, halallyk, geçirimlilik, mertlik baradaky terbiýeçilik garaýyşlaryna döwrebaplyk mahsusdyr. Ybraýym Edhem adamyň ahlak kämilligini gazanmagy durmuşyň esasy wezipeleriniň biri hasaplapdyr. Bir adam Ybraýym Edhemden: «Sen nähili edip bu derejä ýetdiň?» diýip soranlarynda ol: «Mejlisde hiç kime biderek gürrüňler bilen azar bermän» diýip jogap beripdir. Onuň: «Men gahary gelende gaharyny ýuwudyp, gürlemezligi başarýan musulman doganymy ýigrimi ýyl bäri gözleýän we entek hem tapyp bilemok» diýendigi hem ýatlanylýar. Ybraýym Edhemiň Watan söýgüsi beýikdir. Onuň: «Ençeme kynçylyk çekdim, ýöne olaryň hiç biri Watanymdan aýrylmak ýaly agyr düşmedi. Nebsimiň öňünde iň gazaply gowga bilen Watan hasraty babatynda söweşdim» diýmegi hem onuň kalbynda hemişe Watan küýseginiň köwsarlandygyna şaýatlyk edýär. Ybraýym Edhemiň gubry Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Bu ýer indi ençeme ýyl bäri türkmen halkynyň uly hormat bilen zyýarat edýän ýerleriniň biridir. Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||