18:38 Ýedi yklyma han oldy | |
ÝEDI YKLYMA HAN OLDY
Taryhy makalalar
● ýa-da türkmenleriñ Hindistanda guran Deli soltanlygy barada söhbet "Magtymguly, Rumustana, Çaldy gylyç Hindistana, Badahşana, Türküstana, Ýedi yklyma han oldy". Magtymguly Pyragy. Dünýä taryhçylary orta asyrlary «Türkmen täsinliginiň zamany» diýip atlandyrýarlar. Muňa her bir türkmen buýsanmaga haklydyr. Ot içinde Oguz bolup dörän türkmeniň aslyny tapmak, taryhyny öwrenmek we aň ýetirmek Garaşsyz döwrümizde we Türkmenbaşy zamanasynda döwletimiziň her bir raýatyny gyzyklandyrýar. Bir nemes ýazyjysynyň nygtaýşy ýaly, «Taryh hiç gyssanmaýar, ýöne ony öwrenmek üçin wagt gymmat». Türkmen taryhynyň syrlaryny, hakykatyny ýazyp, türkmenleriň ýedi yklymda döreden döwletleriniň, hanlarynyň, beglikleriniň, emirlikleriniň, soltanlyklarynyň beýik şahsyýetleriniň sanawyny bir ýa-da iki gazet sahypasynda sanap çykaýmak gaty çetin zat. Biribar türkmen topragyna döwlet, rysgal bilen bir hatarda, äleme höküm eden birnäçe soltanlary-da beripdir. Bir wagtlarda Gulzum derýasyndan Hytaý diwaryna çenli ýaýylyp ýatan giňişlikde gadymy oguzlaryň türkmenleriň guran birnäçe döwletleri, hanlyklary, beglikleri özleriniň gymmatly gizlin syrlary bilen şo-ol dymyp ýatyrlar. Çünki olar çet ýurtda türkmenleriň guran döwletleri, şäherleri, köşki-eýwanlary bolup, üstlerinden köp wagt geçirip, öz aslynyň açyşlaryna, türkmen taryhçylaryna garaşyp ýatyrlar. Olar diňe bir ýadygärlik bolman, eýsem türkmen aňynyň iň gymmatly materiallary, türkmen taryhynyň syrly sandyklarydyr we doly teswiridir. Hawa, söhbetimiziň esasyny tutýan Halaç türkmenleriniň Delide guran ilkinjidöwleti barada, belki, häzirki döwürdeşlerimiziň doly bilmeýän bolmaklary-da mümkin. Dogrusy, şu taryhy söhbetde biziň esasy maksadymyz Halaç türkmenleriniň esaslandyran Deli soltanlygy (1206-1320), olaryň mirasdarlary, guran köşgi eýwanlar, belent binalary bilen anyşdyrmakdan ybaratdyr. Halaç türkmenleri Hindistana Orta asyrlaryň başlarynda barypdyrlar. Olar bu ýurda basybalyjylykly niýet bilen gelseler-de, özleri bilen ruhy sütünleri, edermen serkerdeleri, kämil öňbaşçylary getiripdirler. Türkmenler baran ýerlerini düzedip, abadanlaşdyrypdyrlar, mümkin bolan ýerde şäher, oba-kentleri köşgi eýwanlary, berk diwarly galalary gurupdyrlar. Olaryň guran ojaklary türkmen myhmansöýerliginiň, şähdiaçyklygynyň düýbüni tutupdyr we ol öýler medeniýet, sungat, ruhy ojaklaryna, haýyr-sahawat öýlerine öwrülip, daş-töweregine görelde bolupdyr. Orta asyrlaryň başlarynda halaç türkmen serdarlary günorta Hindistana tarap toparlaýyn herekete başlaýarlar. Halaçlaryň Hindistana köpçülikleýin göçüşi hem hut 1150-nji ýyllarda has hem güýçlenýär. XII asyryň ahyrynda demirgazyk, günbatar Hindistanda rajputlaryň we beýlekileriň özara çaknyşyklary netijesinde, türkmenleriň şu sebitleri we Delini basyp almak mümkinçilikleri doly döräpdi, Merkezi Aziýada seljuk türkmenleriniň güýçlenmegi bilen bolsa gaznewiler bilen seljuklar hökümdarlygynyň arasynda çaknyşyklar başlanypdy. XII asyryň ýetmişinji ýyllarynda gaznewileriň güýji doly pese düşýär. Şol wagtlar Gaznewileriň golastyndaky, Gur emirligine hem halaçlardan bolan harby serkerdeler ýolbaşçylyk edýärdi. Seljuklaryň gaznawiler hökümdarlygyny, onuň paýtagty Lahory basyp almaklary netijesinde, Hindistanda (Gaznewiler) bu soltanlyk doly we tutuşlaýyn öz güýjüni ýitirýär. Bu hökümdarlyk iki halaç harby serkerdeleri tarapyndan paýlaşylýar. Olar halaç serdary Bagtyýaryň ogly Muhammet Gury we Kutubuddin Aýbek dagylardyr. XII asyryň ahyrlarynda halaç türkmenleriniň baştutany Kutubuddin Aýbek we onuň egindeşi Muhammet Gury dagylar bilelikde Hindistanyň demirgazyk ülkelerinde Lahorda, Mültanda, Uçda, Gangyň iki kenarynda, Biharda, Bengalda uruş alyp barýarlar we ol ýerlerini boýun egdirýärler. Basyp alan ýerlerinde bolsa agyr salgytlary salypdyrlar. Hindistanyň çäklerinde gaznawiler we soňraky döwürlere çenli ýaşap gelýän halaç türkmenleri we beýleki oguz-türkmen taýpalary Bagtyýaryň ogly Muhammediň we Aýbegiň gullugyna geçýärler. Jemlenen çäksiz güýjüň hasabyna Muhammet Halajy Bihary we Bengaly eýeleýär. Bagtyýaryň ogly Muhammetde düzgün-nyzamly güýçli goşun bolýar. Onuň goşunlarynyň ýakynlaşyp gelmegi bilen Bengal sähralarynda janlary howp astynda bolan we ykdysady kynçylyklarda ýaşan Günbatar Biharyň halky daş ülkelere gaçýarlar. Bagtyýaryň ogly Muhammet Halajy Gang derýasynyň iki taraplaryny eýeläp, öz garaşsyz döwletini yglan edýär hem-de Lakhnory paýtagt tutunýar. Muhmammet Halajy özbaşdak döwletiniň puluny zikgeledýär. Bu döwletiň puly Muhammet Halajy Kutubuddiniň adyna çykarylypdyr. Muhammet Lakhnorda metjitleri medreseleri gurdurypdyr. Ol baýlygynyň esasy bölegini Kutubuddin köşkleriniň gurulmagyna sarp edýär. Halaç türkmenlerinden bolan beýleki serkerde Aýbek tutuş demirgazyk ülkeleri boýun egdiripdi. 1206-njy ýylda ol özüni demirgazyk Hindistanyň soltany diýip yglan edýär we Delini paýtagt edinip, Halajylar döwletini gurýar. XIII asyryň başlarynda Kutubuddin Aýbek beýik Deli soltanlygyny esaslandyrandan soň Halajylar dinastiýasy XIV asyra çenli garaşsyz we Aziýada iň uly musulman döwletine öwrülýär. Halaç türkmenleriniň Deli soltanlygyny dolandyran döwründe, aýratyn-da Aýbek (1206-1210) we onuň giýewsi, mirasdüşeri Iltutmuş (1211-1236) wagtynda Delide ägirt uly gurluşyklar amala aşyrylýar. Deli Hindistanyň we tutuş Aziýanyň möhüm ykdysady hem-de syýasy merkezine öwrülýär. 1210-njy ýylda Aýbegiň atdan ýykylyp ölmegi bilen, onuň ornuna giýewsi Kutubuddin Iltutmuş geçýär. Iltutmuşyňdolandyrýan döwründe Merkezi Aziýany we dünýäniň köp bölegini basyp almagyň ugruna çykan Çingiz han özüniň mongol goşunlary bilen basybalyjylykly ýörişlere başlapdy. Şol zamanlar Horezm beýik Seljuklar imperiýasyndan soň sebitde güýçli döwlete öwrülýär. Çingiz han bolsa, şu esasy güýçleri ýok etmegiň aladasyndady. Horezm döwletiniň serkerdebaşysy türkmen ýigidi Jelaletddin Meňburun agdyk güýçli mongol soltanlarynyň ünsüni sowmak we güýç toplamak üçin Hindistana gaçyp gidýär. Jelaletddiniň nökerleri olja we söweş güýçlerini toplamak üçin çakgan hereket edip, Sind, Penjap taraplarda düşleýärler. Bir tarapdan mongollaryň, beýleki tarapdan Jelaletddiniň duýdansyz çozuşlaryndan Deli soltanlarynyň howy basylýar. Şonuň üçin Şemsutdin Iltutmuş Bengalyň halaçlar hökümdaryna ýüz tutýar. Bengalyň şol wagtky hökümdary Kyýassutdin Öwez Halajy muňa razylyk berýär. Şemsutdin Iltutmuşuň dolandyran döwründe toparlaryň özara çyknyşmalary netijesinde Deli soltanlygy güýçden gaçyp başlaýar. Taryhy maglumatlara görä, Iltutmuşuň aradan çykmagy bilen onuň goşunbaşylary öz aralarynda häkimiýet we baýlyk ugrunda ýaka tutuşýarlar. Ýurtda milletleriň arasynda duşmançylyk, agzalalyk, bäsdeşlik netijesinde düzgün-tertip has-da gowşaýar. Şol döwürlerde Oguzlar ýurdy Çingiz hanyň ägirt köp mongol leşgerleri tarapyndan gabalýardy we tozdurylýardy. Mongollaryň Merkezi Aziýada ornaşmagy türkmenler bilen Hindistanyň arasynda gatnaýan kerwenleriň gatnawyna uly urgy bolýar. XII asyryň ortalarynda Halaç türkmenleriniň soltanlygy döwründe Delini we Bengaly, günorta we demirgazyk Hindistany doly diýen ýaly türkmenler dolandyrypdyrlar. Deli soltanlygyny Iltutmuşdan soň onuň gyzy Raziýa hanym (1236-1240), Muizutdin Bähram şa (1240-1242), Alautdin Masud şa (1242-1246) Jelaletdin Halajy (1246-1290) dagylar gezekli-gezegine dolandyrypdyrlar. Deli soltanlygynyň döwlet diwanynda türkmen tire-taýpalarynyň birleşen jemagaty işläpdir. Halaçlardan başga-da türkmenleriň 15 sany tire-taýpalarynyň wekilleri dolandyryş diwanynda işläpdirler. Mysal üçin, Uç şäheriniň häkimi MälikTäçuddin Sanjary Gazalyk han türkmenleriň gaýy, Dewargiri şäheriniň häkimi Gutlug han türkmenleriň salyr, Gujaratyň şäher häkimi Derýa han türkmenleriň salyr, Kutubutdin Mübärek şa türkmenleriň halaç, Kyýasutdin Pälwan şa türkmenleriň halaç taýpalaryndan bolupdyr. Deli soltanlygynda ýerli induslaryň-rajlaryň garaşsyzlyk ugrundaky synanyşyklary türkmenlere ýaramandyr. Şeýlelikde, olar 1310-njy ýyllar töwereginde günorta Hindistanda hereket edýän Ýadaw, Kakat Hoýsal döwletleriniň üstüne yzly-yzyna ençeme ýörişler edipdirler. Içerki oňşuksyzlyklara garamazdan, Deli soltanlygynda, onuň paýtagtynda, oba-kentlerinde ykdysady we medeni durmuş ösmegini dowam etdiripdir. Şol wagtlar suwarymly ekerançylyk giňden ösýär. Künji pagta we başgalaryň öndürilmegini üpjün edýän suwaryş kanallary kämilleşdirilýär. Taryhçylar Hindistanda yslam dininiň, medeniýetiniň düýpli ornaşmagyny türkmenleriň döreden Deli soltanlygy bilen berk baglanyşdyrýarlar. Taryhçy Jüzjanynyň ýazmagyna görä, Deli soltanlygynyň düýbüni tutujy Kutubutdin Aýbek, Bengal hökümdary Muhammet Bagtyýar Halajy, Iltutmuş, Kyýasutdin Öwez Halajy dagylaryň hökümdarlygy döwründe başga dinlileriň yslam dinini kabul etmekleri ündelipdir. Hut şu soltanlaryň oýlanyşykly sagdyn pikirleri bilen ýerli induslaryň dini öýleriniň birnäçesi gurlupdyr. Olar zorluk bilen dine salmandyrlar. Ilkinji Deli soltany Aýbek Halajy XIII asyryň başlarynda ýerden salgyt almak barada höküm çykarýar. Ol daýhanlara ýygnan hasyllarynyň bäşden bir bölegini döwletiň gaznasyna geçirmegi buýrupdyr. Onuň içgin aladasy bilen Deliňiň bazarlarynda iýmitler we harytlar eleterli bahalardan satylypdyr. Ekerançylyk ýerlerinde künji şekerçiňrik, temmäki ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu önümlere Merkezi Aziýada isleg has köp bolupdyr. Aýbegiň ýolbaşçylygy döwründe Delide we beýleki şäherlerde gurluşyk güýçli depginde alnyp barylypdyr. Onuň «Kuwwat ulyslam» metjidini, Kutub minarasyny musulman-hindi gurluşykçylary gurupdyrlar. Aýbek Kutub minarasynyň düýbüni tutýar, emma onuň doly gurlan boýuny görmek oňa miýesser etmeýär. Uzynlygy 72,5 metr bolan, 378 sany içki aýlawly basgançakly dünýäde iň beýik bu Kutub minarasynyň gurluşygyny Iltutmuş dowam etdirýär. Bu miranyň üç gaty gyzyl reňkli palçykdan, dördünji, bäşinji gatlary mermerden gurlupdyr. Orta Aziýada iň belent Köneürgenç minarasy bilen çalymdaş Kutub minarasy hem harby ýeňişleriň hormatyna galdyrylypdyr. Ýöne bu minara soňraky Deli soltanlyklary döwründe ýer titremeleri zerarly şikes ýetipdir. Deli soltanlygynyň döwlet düzümine giren orta asyr şäherleri Uç, Multan, Lahor, Bengalyň türkmen hökümdarlygynyň şäherleri Hindistanyň iň uly söwda we senetçiligi, yslam medeniýetiniň merkezleri bolupdyr. Hindi taryhçylarynyň belleýşi ýaly, Halaç türkmenleriniň hökümdarlyk eden Deli soltanlygy Hindistanyň taryhynda begzada toparlaryň dolandyran ilkinji döwletidir. Mälim bolşy ýaly, XIII- XIV asyrlarda we soňraky Garagoýunly Kutub şalar döwründe, XV asyrda Merkezi Aziýadan türkmen taýpalary Hindistanyň ülkelerine dyngysyz göçüp barypdyrlar. Mysal üçin Alautdin Halajynyň soltanlyk edýän döwründe Horasandan, Sarahsdan göçüp baran Kyýasutdin Togalaklar (Deliniň soňraky türkmen soltanlary) öz dogan garyndaşlary bilen Deli soltanlygynyň raýatlaryna göçüp barypdyrlar we iň ýokary wezipeleri eýeläpdirler. Umuman, XII asyryň başlarynda düýbi tutulan, XV asyra çenli dowam eden Deli soltanlygynyň gurluşyna akyl ýetirmek üçin ony birnäçe döwürlere bölüp bolar. • Birinjisi: Deli soltanlygynyň düýbüni tutujylar Aýbek, Iltutmuş, Raziýa hanum we beýlekiler. • Ikinjisi: XII asyryň ahyrlarynda – XIII asyryň başlarynda (1290-1330) dowam eden Deli soltanlygy. Bu soltanlykda Jelaletddin, Alaetdin, Ömür we Mübärek Halajylar jemi 30 ýyldan gowrak hökümdarlyk edipdirler. • Üçünjisi: salyr türkmenleriniň Togalaklar tarapyndan hökümdarlyk edilen Deli soltanlygy. • Dördünjisi: Gytaklaýyn Deli soltanlygyna degişli günorta Hindistanda döredilen Halaç türkmenleriniň soltanlygy. Bu soltanlygyň düýbi 1401-nji ýylda Mahmyt Halajynyň baştutanlygynda Malwada tutulýar. Olar öz garaşsyzlygyny 1530-njy ýyla çenli saklaýar. Günorta Hindistanda Halaç türkmenleriniň döwletini Mahmyt şa, Kyýas şa, Kyýasyň ogly Nasyr şa, Nasyryň ogly Mahmyt şa dagylar dolandyrýarlar. Deli soltanlygynyň döwlet gurluşynda tagt mirasdarlygy däpleri saklanylypdyr. Bu soltanlygyň düýbi halaç türkmenleri tarapyndan tutulan bolsa, onuň dargamagy salyr türkmenleriniň dolandyran Togalaklar döwründe Mogollaryň gelmegi we basyp almagy bilen gutarýar. Deli soltanlygy we onuň düýbüni tutujylar, soňraky hökümdarlar bolan Togalaklar barada taryhçy Jüzjany (Eýranyň Gürgen welaýatynda doglan), arap syýahatçysy Ibn Batuty tarapyndan ýörite taryhy eserler döredilipdir. Hindi taryhçysy K.S.Lalyň «Halajylaryň taryhy» diýen eserinde Halaçlar barada giňden düşünjeler berilipdir. Umuman, Deli soltanlygyny esaslandyran Halaç türkmenleri barada Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy edebiýatlarynda maglumatlar köp. Olary doly ýygnamak, türkmen taryhyna salmak taryhçylarymyzyň işi. Şu ýerde bir zady bellemek gerek. Sowetler döwründe ýöredilen syýasat netijesinde, Hindistandaky türkmen soltanlyklary barada bulam-bujarlyga ýüzuruldy. Taryh galplaşdyryldy. Dogrusy, biz şu makalada Halaç türkmenleriniň guran Deli soltanlygy barada gysgaça maglumatlary bermek bilen çäklendik. Hormatly okyjylar! Türkmen taryhy baradaky hakykat Türkmenbaşy zamanasynda doly açylýar. Gömülen akabalar arçalýar. Millitaryha näçe çuň aralaşsaňam, onuň soňuna ýetme ýok. Gadymy taryhyň milli şahsyýetleri barada täzeden-täze maglumatlary, gürrüňleri okasyň we eşidesiň gelýär. Çünki, mert gaýduwsyz aslyňy tanaýarsyň, çäksiz guwanýarsyň. Kalbyňda watançylyk buýsanjyň goşalanýar. Türkmenbaşymyzyň «Hakyky watançy bolmaly, öz halkyňy söýmeli, onuň gadymy taryhyny çuň öwrenmeli, ata-babalarymyzyň bize miras goýup giden däp-dessurlaryny ösdürmeli» diýen pähimlerine we sargytlaryna «Siz müň kerem mamla, parasatly Serdarymyz» diýeniňi duýman galýarsyň. Çünki, öz halkyňy, taryhyňy janyň-teniň bilen söýmek, olara hormat goýmak her bir kişä parz ahyryn. Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |