08:36 Ýollanmadyk hat / satiriki hekaýa | |
ÝOLLANMADYK HAT
Satiriki hekaýalar
Gutly eliniň aşagyndaky boş kagyza birsalym üns bilen seredip oturdy-da, şeýle setirleri ýazmaga başlady: «Salam, ezizim Mähriban!». Ýazanlary göwnüne ýaramadyk bolarly, ol ilk-ä «ezizim» sözüniň üstüni çyzdy, soňam kagyzy gaharly ýyrtdy-da, gapdalda üýşüp giden kagyzlaryň üstüne oklap goýberdi. Öňem birnäçe kagyzy zaýalan Gutly kellesini tutdy. Ahyry aýgytly netijä gelip, öňüne ýene-de täze kagyz aldy. «Salam, Mähriban!». Gutly bu iki sözi içinden-daşyndan birküç ýola gaýtalady. Gaýtaladygyça-da, gözleri ýitelip, ýüzi ýagtylyp ugrady. Birneme dikeldi, maňlaýyndaky der düwmelerini ýeňi bilen syldy-da, öz ýanyndan şadyýan seslendi: «Haý, salam-a ýerine düşäýdi öýdýän». Başy şeýleräk başlanan salam hat y ýuwaş-ýuwaşdan «önüp ugrady». Aşyk ýigidiň ençeme wagt bäri ýüreginde besläp ýören isleg-arzuwlary ak kagyzyň ýüzüne hünjülenip başlady. Bu wagt öz ýürek joşgunyndan barha hyjuwlanýan Gutly kä dikelip, kä çugdamlanyp, uly bir eser ýazýan ýaly, bar ünsüni salam hatyna beripdi. Ahyry aşyk ýigit uly bolmadyk «eserine» nokat goýdy. Haty eline aldy. Okady. Ýene okady. Gaýtalap okadygyça-da, hatyň hiç bir ýalňyşsyz ýazylandygyna, many-mazmun taýdan göwnüne laýykdygyna göz ýetirdi. Soňam haty öňünde goýup, gözlerini ýumdy-da, oýa batdy. «Mähriban bu haty nähili kabul ederkä? Nähili jogap bererkä? Ýüzüne atyram sepäýsemmikäm?». Ol hatyň ýüzüne seredip oturyşyna ýylgyrdy. «Şu ýazan zatlarymy Mähribanyň ýüzüne-de aýdyp bolýa welin, oňa-da dogum gerek-dä. Hany, mende Mähribanyň özüniňki ýaly dogum bamy? Bu zatlary ýüzüne aýdaýsam dagy, jogabymy duran ýerimde berjegi ikuçsuz... Şol wagt göýä Mähriban üstüne abanyp, okap duran ýaly, haty öňüne süýşürdi-de, oňa täzeden göz gezdirdi. «Hernä artykmaç zat ýazan däldirin-dä». Ol haty hetjikläp, sesli okamaga durdy: «Salam, Mähriban! Men şu haty ýazmak bilen, öz ýüregimde lowlap tutaşan söýgi oduny saňa ýetirmek isledim. Ynha, indi ençeme wagt bäri söýgi ody günüme goýanok. Gündiz oturdanok, gije ýatyranok. Şol sebäplem şu haty ýazmaga mejbur boldum. Mähriban, seniň Aý dek ýüzüň, pyýala dek gözüň...». Birdenem Gutly sesini kesdi. Onuň gözlerine hatyň ýüzünde Mähribanyň keşbi peýda bolan ýaly boldy. Gulagynda-da Mähribanyň sesi ýaňlanyp gitdi: «Gutly, hany, soňky sözlemiňi täzeden okap goýber». Gutlynyň sesi sandyrap çykdy: «S-s-seniň Aý dek ýüzüň, pyýala dek gözüň, pisse dodaklaň...». «Waý, duraweri, aý oglan, meň Aý dek ýüzüm, pyýala gözüm bamy? Mekdepde okaýarkag-a, başga-başga zatlar diýýärdiň. Ýadyňa düşmeýän bolsa-da ýatladaýyn. Ýüz keşbimiň nähilidigini özüm gowy bilýän». Gutly sandyraýan elindäki galamyny kagyzyň ýüzünde ýöretdi. «Aý, şo ýerlerin-ä özümem birhili gördüm. «Poz» diýseň, pozaýaryn». «Poz! Oka yzyny». Gutly, neresse çaga ýaly, boýnuny burup, hatyň yzyny üzlem-saplam okamaga durdy. «Seniň baýdak deý boý-syratyň meni öz günüme goýmady». «Aý oglan, näme ýalan sözläp otyrsyň?! Mekdepde okaýarkak başgadym-da, indi üýtgäýipdirinmi men?!». Gutly ysgynsyz pyşyrdady: «Onam pozaýynmy?». «Soramaň näme? Poz!». Aşyk ýigidiň halys ysgyny gaçdy. «Assa ýöräp, seýkin basyp ýörişiň...». Mähriban bu gezegem oňa sözüni soňlatmady: «Aý, sen nähili adam?! Haçan gördüň meň assa ýöräp, seýkin basanymy? Men ýörämde, yzymdan ylgabam ýetibileňokdyň-a sen». Gutly kelebiň ujuny ýitirdi. Gyssanjyna ýaňky sözleriň üstüni soraşman çyzdy. «M-Mähr i ban, ş-şu ýerde «tolkun atýan saçlaryň» diýlibem-ä ýazylypdyr». Mähriban gaşlaryny çytdy. «Näme, olar ýaly dälmi meň saçym?». Gutly başyny ýaýkap ýuwdundy. «Onam pozaýynmy?». Mähriban gaharly gözlerini Gutla dikdi. «Ýalňyş bolsa poz. Maňa ýalan-ýaşryk zat gerek däl. Dolanybam maňa şular ýaly hat ýazaýma. Ýazjak bolsaň-a, ile meňzeş ýaz, bolşumy ýaz. Ýogsa-da näme diýjek bolsaň, gel-de, ýüzüme aýt». Gutlynyň sesi naýynjar çykdy: «Aý-ý, Mähriban, munyň-a birhiliräk bolýa. «Hiç hilem bolanok. Bolmalysy ýaly bolýa. Onsoňam, men saňa düşünemok. Sen şu wagta çenl-ä her kime bir at dakyp, dünýä göwnüň ýetmän geçdi. Indi näme?! Ýa akylyňa aýlanaýdyňmy?!». Gutlynyň keýpine sogan dograldy. Haty eline alyp, bir oturdy, bir turdy. Arasynda ikibaka gezim etdi. Keşdelenip ýazylyp, az salymda çyzym-çyzym bolan hat onuň sandyrap duran elinde aşyk ýigitden aman dileýän ýalydy. Gutly emaý bilen haty öňünde goýdy-da, onuň ýüzüne atanak çekdi. Soňam seresaplylyk bilen düýrläp, gysymyna gysdy. Başga bir kagyz alyp, indiki ýazjak zatlaryny kellesinde aýlap, özbaşyna samyrdady: «Her näme diýseňem, seniň gowy taraplaryňam az däl-ä, Mähriban!». Ol şu sözleri kagyza geçirensoňam, esli wagtlap pikire çümüp oturdy. Salym geçmän, ol hatam öňküleriň «kysmatyny paýlaşyp», üýşüp ýatan kagyzlaryň arasyna gaýyp düşdi. Abdykerim BERDILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |