20:50 Ýumoristli oba / satiriki hekaýa | |
ÝUMORISTLI OBA
Satiriki hekaýalar
Kolhoz başlygynyñ medeniýet baradaky orunbasary Gytja elini kölegeledip ýaşyp barýan güne seretdi. Onuñ howsalasy hasam artan ýaly boldy. - Iki sany goşgy okany üçin kolhoz şahyrlara dünýäñ puluny töleýä. Indi adam gelse-gelmese olar gañyryp alar pulumyzy. Onsoñ daýhanyñ daban azaby biderek köýmese ýagşt. Wah, iñ bolmanda şkolyñ direktirine bir bekje tabşyrmaly eken, okuwçylary sür diýip, gyssanan wagtymyz ýene-de şolar alnymyzdan diräýýä - diýip, Gytja öz-özüne käýindi. Gün eñegini ýere berenden klubyñ töwereginiñ hereketi artdy. Ilki ikilek-üçlek görünseler, soñra topar-topardan gelip başladylar. Her kimiñ goşgy diñläsi geleni çyn ýaly-la. Bolmanda näme, zähmet adamlary bilen olar häli-şindi duşuşyp duranoklar ahwetin. Gytjanyñ ýüregi giñän ýaly boldy. Ol kolhozyñ puly biderek ýele sowrulmasa oñýady. - Ýuwaş-ýuwaşdan adamlar giribersinler, ir günümizi giç etmän başlalyñ - diýip, ol klub müdirine tabşyryk berdi-de, özi myhmanhana şahyrlaryn yzyndan gitdi. Klubyñ içi adamdan ýaña hyñ berýärdi, bu ýerniñ mähellesi ýetikdi. Şahyrlar bilen duşuşygy açmak üçin Gytja ardynjyrap ýerinden turdy. - Ýoldaşlar, zähmetkeşleñ armasyny bermek üçin, ynha, biziñ obamyza şahyrlar gelipdir. Geliñ, olary gyzgyn gutlalyñ!.. Şowhunly el çarpyşmalar wagty bilen köşeşmedi. Zalyñ dürli ýerlerinden eşidilen minnetdarlyk sözleri Gytjanyñ keýpini göterdi. Ol sözüni dowam etdirdi. - Hawa, hormatly myhmanlarymyz gitjek bolsa başga ýerde-de oba gyt däl. Ýa baran ýerinde olara ýüz berilmän durlanok. Hut biziñ obamyzy saýlap almaklarynyñ özi hem, ýoldaşlar, biziñ ilatymyza goýulýan uly hormat diýip düşünýäs. Zaldan kimdir biri el çarpdy, onuñ yzyny alyp göteren köp boldy. Gytja goluny galdyrdy. Zala ýene-de ümsümlik aralaşdy. - Geliñ onda gürrüñi köpeldip oturman şahyrlaryñ özüne söz bereliñ. Ýöne hemmejäñizden bir haýyş, ýoldaşlar, gaty ümsümje oturyp diñläliñ. Bu duşuşyk üçin kolhoz dünýäñ çykdajysyny etdi - diýip, Gytja toparyñ ýolbaşçysy Nury Berdiýewe söz berdi. Ol ýerinden turandan zalyñ gozgalañy artdy, özüniñ oñat goşgulary bilen okyjylar köpçüligine giñden mälim bolan bu şahyr mähir bilen garşylandy. - Biz, ýoldaşlar, üç däl-de, has köpüräk bolubam gelip biljekdik, ýöne birden kolhozy çökeräýmäli diýdik - diýip, ol gözüniñ gyýtagyny ähli zady pul bilen ölçeýän Gytja aýlady. Gytja gyjalatly gürrüñe düşünmedi, gaýtam "oñarypsyñyz" diýen äheñde başyny atdy. Şahyr köp gürrüñ edip durmady, ol joşup goşgy okady. Zalda edil suw sepilen ýalydy, hiç kimden ses-seda çykanokdy. Şahyryñ gulaga ýakymly, joşgunly sesi gitdigiçe möwç alýardy. Boldum edenden soñam oña gaýtalap-gaýtalap goşgy okatdyrdylar. Ikinji şahyryñ çykyşam diýseñ täsirli boldy. Olara gowşurylan gujak-gujak gül desseleri sahna bezeg berdi. Gezek üçünji şahyra ýetdi. - Ýoldaşlar, indi bolsa siziñ öñüñizde öz ildeşiñiz, raýon gazetiniñ işgäri, ýaş şahyr Şöhrat Bazarow çykyş eder - diýip, toparyñ ýolbaşçysy sagadyna seretdi. Şöhrat söz berlerne mähetdel ylgap münbere çykdy. - Biz, şahyrlar, elbetde, köpüñ adamsy. Şoñ üçinem bir zat ýazsak siziñ üçin ýazýas, özümize şoñ bir üýtgeşik gerek zady ýok. Şygyr senedi hemme kişä ýetdirip duranok, özem kyn. Baý-baý-ow, iññe bilen guýy gazandan enaýy däl. Şahyrlaryñ ömrüniñ gysga bolýanlygam, belki, şonuñ üçindir. Men öz eserlerimde... Şöhrat Bazarowyñ gürrüñi gutarmady. Zalyñ hyşy-wyşysy köpeldi. - Be, bi bendäñ çagasy goşgy bir okajakmyka, ýa şeýdip gürrüñ bilen geçäýjekmikä... - Goşgy okandan okamany gowudyr-la muñ ýalyñ... - Wah, öñküje diñlän goşgularymyzyñam lezzetini gaçyrjag-ow... Zal kanagat edip oturyp bilmedi, aýaklaryñ güpürdisi bilen garyşyp çykýan el çarpyşmalaryñ şapyrdysy klubyñ içini lerzana getirdi. Her ýerden-her ýer ýerden: - Şöhratparazowa şöhrat! - diýen ýaly ýañsyly gürrüñler eşidildi. Ýaş şahyr goşga geçdi. Ol özüniñ eý görýän birje goşgusyny okap zala seretdi, adamlar goşgyñ nirden başlanyp nirde gutarýandygyny bilmediler, her kim howlugyp sagadyna seredýärdi. - Goşgy gutardy, çapak çarpalyñ, ýoldaşlar - diýip, ahyry şahyryñ özi dillenmeli boldy. Zal uly gopgun bilen çapak çarpdy. Töweregini ýaltaklap eli gül desseli bir ýigit sahna çykdy. - Gadyrdan şahyr, hut şu öz adymdan, ynha Size şu güli gowşuýan - diýip, ol Şöhrat Bazarowyñ elini gysdy. Ýaş şahyr bolmajyny bolup dört eplem bolup, oturanlara baş atdy. Ýañky gül gowşuran ýigit henizem sahnada durdy. Ol ýeserlik bilen gözüni güldürdi-de: - Inim, ýañkyja gülüñ bahasyny berseñ menem ýerime geçjek. Dogruda walla, bizem señ goşgyñy mugt diñlemedik ahyryn - diýip, zala seretdi. Oba adamlary Berdi wäşiñ sahna çykandan ýöne yzyna gaýtmajagyny bilýärdiler, her kim onuñ degişmelerine beletdiler. Ýaş şahyr aljyrady, elini jübüsine ýetirdi, her kim ol pul çykarar öýütdi. Emma onuñ jübüsinden bugur-bugur bolup giden elýaglyk çykdy. Şöhrat Bazarow derini syldy-da: - Obañyzyñ ýumoristleri kän eken-ow, biziñ gazetimiz bilen aragatnaşyk saklap duruñ - diýip, ýerine geçdi. Ýumoristli obanyñ adamlary duşuşykdan soñam şäherden gelen şahyrlaryñ töweregini gallap olar bilen köp gürrüñ etdiler, awtograf aldylar. Ýaş şahyr Şöhrat Bazarow bolsa alynmadyk myhman ýaly ho-ol bir çetde gazarlyp ýeke özi durdy. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |