18:29 Ýüzi gurmuş ýüzlükler / satiriki hekaýa | |
ÝÜZI GURMUŞ ÝÜZLÜKLER
Satiriki hekaýalar
Adam bir zada endik etse, hiç bolmaz eken. Işde uklap ýörmän, şu zähmet rugsadyna çyksam, ýatyp bir hezil edeýin, ukudan doýaýyn diýýädim. Bolanok, ynha, ýene-de dañ bilen oýandym. Gözüme çüý kakylan ýaly. Alasarmyk ýagdaýda içimi gepledip ýatyryn. - Gyw turaweri, işimiz gaýtdy - diýip, beýleki bir otagdan aýalymyñ sesi eşidildi. Ýüregim ýaryldy. Näme bolduka? Zöwwe ýerimden galjak boldum. Ýene-de, "aý, aýal howsalasydyr-da, işimiz gaýdar ýaly näme bolup biler?" diýip, öñküden beter gözümi ýumdum. Ýorgany başyma çekdim. Ýañky zaññaryñ gara çyny eken, sen-men ýok, geldi-de depdi böwrüme. Gözümi açsam, elini bykynyna urup, üstüme abanyp dur, abşarlyp, Gözümi owkalaşdyryp habat gatdym. - Näme-ow, keýwany, ýagy çozdumy?! Rugsadymda bir ýatmaga goýsana... Ol aglamjyrap başlady. - Wah, señ uky ýadyña düşýä. Yradýa ýañy ýakymsyz bir habar aýtdy... - Näme, uruş turupmy? Meniñ ilkinji soran zadym şo boldy. Dogrusy, kelläme başga pikir gelmedi. - Uruş turan bolsa mundan gowy bolardy. Bagtymyz ýatdy-y... - diýip, ol aç möjek ýaly uwlady. Rejäñ geñ däldigini bildim. Ýerimden turdum. Höre-köşe edip ony ynjaldyrjak boldum. Özüm keýwanyñ ýanynda duranam bolsam, küýüm-köçäm o tamdaky radioñ ýanyndady. Diktoryñ ýognasdan ýakymly sesi gulagyma geldi. - Häzirki döwürde, ýagny ýurdumyzda örän çylşyrymly ýagdaýlaryñ dowam edýän halatynda halklaryñ doganlyk gatnaşyklarynu berkitmek has-da zerur. Bu babatda biziñ respublikamyzda köp çäreler durmuşa... Be, radioñam-a şol bor heñi. Ilden üýtgeşik aýdan zady ýok. Aýalyma sowal bilen ýüzlendim. - Hany, düşnükliräk edip aýtsana how, radio näme diýdi?! - 50-lik bilen 100-lik pul ýatypdyr... - Näme-e?! Ýüregim agzymdan çykaýjak boldy. Atylyp radioñ ýanyna bardym. Gürläp duran janawaryñ eýlesine-beýlesine kakyşdyrdym. Üýtgeýän zady ýok. Telewizory açdym. Ýarym-ýalañaç aýal tans edip duran eken. - Wah, bulañ ýadyna tans düşýä. Pul ýatan bolsa bagtyñ ýatdy diý-dä onda - diýip, telewizoryñ nurbatyny eýläk-beýläk towlaşdyrdym. Her näçe jan etsemem, keýwanyñ aýdanynyñ üstüne goşmaça habar eşidip bilmedim. Öz göwnüme özüm tesello berjek boldum. - Ah-ow, sen düşünmedik bolaýma. Belki, o diñläniñ radiooýundyr. Arada gazetde pul reformasy geçiriljek däl diýip hut özüm okadym ahyryn. Gazet ýalan sözläp bilmez; onda-da merkezi... Ýok, aýalymyñ gara çyny. Ýorgan-düşegiñ arasyna dyklaşdyryp goýan iri-iri pullaryny aldy-da, olar bilen ömürlik hoşlaşýan ýaly, ýüzlükleri bagryna basdy. Sypalaşdyrdy. Ýassykdaşymyñ gözünden paýyr-paýyr dökülýän gözýaşlar meni çuslandyrdy. - Wah, näçe gün bäri sag gözüm çekýädi. Asyl, bir zadyñ alamaty eken-ow. Näme etmeli? Ýaýdanjyrap durman gömüp goýan bankamyñ gözlegine çykdym. Adan aljyrasa özüni ýitirdän eken. Kes-kelläm indi şoñ nirdedigiji bilemok-da. Mellegiñ içini gyzyl dörjük edip başladym. Öz aladam bilen goñşymyñ geleninem duýmandyryn. - Hally aga, halyñ niçik? Üzüm deperden entek irräk dälmikä?! - diýip, ol göni garşyma geçip çommaldy. Çilim otlandy. Meniñ içimi it ýyrtyp barýardy. Bi, añkawyñ welin azaryna-da däl. Içigaraçylykdan bilgeşleýin edýändir. Oñ özüniñ-ä näme köýjek zady ýok. Puldan öñürti şu ýeksurundan dynmaly. Ýöne nädip?! Bular ýaly göribe syryñy aýdyp bolmaz. Onsoñ mydama üstüñden güler ýörer. Başga bir alajyny tapmaly. Häzir hee sekunt meniñ üçin gyzyldan gymmatdy. Ýene-de aýalym dadyma ýetişäýdi. - Gyw, kakasy, öýe gel, derrewjek... Elimdäki pilimi ýere sançdym-da, ylgadym. Goñşam gaty görse, gaty ýerde otursyn. Ýüz sany goñşudan ýüz manat gowy. Dogry-da walla, başymy etegime salyp, söwda-satyk bilen ýygnanja zadymy az salymyñ içinde ýsle sowrup bilmen-ä. Olary köýdürip bolmaz. - Ynha, diñle, ýene-de yradýa aýdyp başlady. Men durşum bilen gulaga öwrüldim. - SSSR Ministrler kabinetiniñ 1991-nji ýylyñ 22-nji ýanwaryndaky kararynda 1961-nji ýylyñ 50-lik we 100-lik pullaryny üç günüñ içinde... O-ho-how, hökümet nädäýipdir muny. Jürümiz-ä dikipdir. Ähli çagalary aýak üstüne galdyrdym. Olaryñ her birine bir pil berip, gyssadym. Mellegiñ içini torç etdik. - Kaka, şu ýerde bir gaty zad-a bar - diýip, ortanjy oglum gygyrdy. Ol ýerini wawwaly ýaly edip töweregi bilen köwledik. Içi pully çüýşäñ deregine ullakan gara daş çykdy. Gözleg işlerini dowam etdirdik. Ýene-de özümden zor çykany bolmady. Tapdym, ahyry. Hasyr-husur öýe gelip, açdym agzyny, öñküsi ýaly ýylpyldapjyk ýatan eken. Ýöne indi bu ýüzlüklerden nädip dynmaly?! Çep gursagym sanjap gitdi. Satylýan zatlaryñ baryny syryp-süpüreýin diýip, eñdim, obañ dükanyna. Satyjyñ keýpi diýseñ kök eken. Eýýän ep-eslijäni urandyr, zaññar. - Hally hus... wiý, Hally aga, ýatan puly alýan däldiris - diýip, ol içýakgyç ýylgyrdy. Bu pullary beýdip köýdüribem-ä bolmaz. Her zat etmeli welin, haryda öwürmeli. Ýa-da ownuk pula çalyşjak bolmaly. Nädip? Nädip?! Ine, bar gepem şonda-da. Goñşularymyzyñ sygyrlaryny satyn almaly. Wiý, ýogsa-da Sähet sakawyñ ogly maşyn satjak diýýädi-le. Bardym, ýañkyñ üstüne. Syr bildirmekek bolup sypaýysyradym. - Köşek, maşynyñy sataýsam diýýäñmi?.. - Hawa, ýaşuly. Ýöne ýatan puly alamok. Merez edemok. Iliñ çagasynyñ mekirdigini. Ýüregim has gatyrak sanjady. Paltam halys daşa degensoñ, ýene-de gaýdyp öýe geldim. Ýok, bu pullar meni dälireder, başyma ýetäýmese-de biri. Ýüz müñ manady nä ýüzüme hökümete tabşyraýyn. "Munça zady nireden aldyñ, aýlygyñam iki ýüze ýetenok" diýerler. Işleýän ýeriñem ýolagçy otlusynyñ üsti, käriñ bolsa prowodnik. Ah, men samsyk. Gelin edinjek diýip karz dilänlere-de bermedim. "Kör köpügim ýok" diýip, Alladan ant içdim. Olary eli boş yzyna gaýtardym. Meni öz pälim tutdy, päli-i-im. "Aýalda akyl bolmaz, eşekde sekil" diýýärdiler welin, keýwanym ata-babalaryñ ol pähimini ýalana çykardy oturyberdi. - Kakasy, pul satmaly... - O näme diýdigiñ? - Gepe düşmez, pekge. Ownuk puldan elli manat berene tutuş ýüzlük bermeli. Şeýdip çalşyp bilsek, bu pullarymyzyñ iñ bolmanda ýarysy özümize galjak... Dogry. Begenjimden ýaña gygyranymy özümem duýmandyryn. Ýüreklerde-de syr galmandyr, gaty ejizläpdir. Sähel zat üçin üýtgäp dur. Begenip-gynanarlygy ýok. Ynha, ýene-de sanjap-sanjap gitdi. Essim aýylyp başlady. Ýykyldym. Dört günden soñ ýatan ýerimiñ keselhanadygyny bildim. Ak ýektaýly lukmanlaryñ özara hümürdisi gulagyna eşidildi. - Pul çalşylan üç günüñ dowamynda ýürek agyry bilen keselhana düşen syrkawlaryñ sany beýleki günlerdäkiden bäş esse köpeldi... Alaçsyz ýatan ýerimden gögümi garadym. Göz öñümde gaýyşyp ýören ýüzlükleri garbap tutjak boldum. - Eliñizi kelemenletmäñ, rahat ýatyñ - diýip, şepagat uýasy meniñ golumdan tutdy. Wah, ýüzi gurmuş ýüzlükler, siz meni ömürlik rahatlandyraýmasañyz ýagşydyr diýip howatyrlandym. Täçmämmmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |