08:45 Zäher / awçynyñ hekaýaty | |
ZÄHER
Hekaýalar
"Öňün oýun bildim, soňun puç bildim." Magtymguly. Bu dünýäde aýdylmadyk söz ýok, “Köne duşman dost bolmaz” diýipdirler. Men şu derdimi köne duşman diýip bilýän, ne dep bolýa, ne öldürýä, ne güldürýä. Demigysma diýýäler muňa. Otuz ýyldyr çörneşip ýörün. Keseliň bir namardy boljak ekeni bi, sähel ýerde demiňe ýapyşýar. Baý-baý, alabaharda muň däliligini görseň! Ýaman algyly ýaly, teý bokurdagyňdan elini aýranok. Demi sogulyp barýarka adam pahyr gygyryberýä: “Heý, Alla, ýazygym nämedir, alsaňam aýdyp alaweri!” diýip, diwara dyrmyşyp barýansyň. Ýene epedirin maňlaýyňdan dirär, öý, dermanyň gowusydyr, atan dessiňe damarlaň ýumşap, gursagyň giňäp, asyl bar-a, o dünýäniň açylan gapysyny ýapdyrýar, ýosam bolmasa, “yşyksyz tüýnügi ýok garaňky jaýa” düşäýmegiň ähtimal-da! Birki ýyl bäri epedirin gytaldy, keselden başga zat gytalyp barýa, haw. Soňky epedirinleriň öňkülerçe daş ýokdugynam aýdaýyn, göwnüme bolmasa, kadasyna garap dermana goşulýan zatlar kemterräk goşulýan ýaly bolup dur. Öňki güýjüni duýmamsoň aýdaýýan. Arada biri: zawudlaň çykarýan dökünini köp dökdügiňçe toprak şoňa öwrenişýän ekeni diýdi. Şondan çen tutsaň-a, geň görer ýaly zadam ýok, bi meň derdimem öwrenişer ýaly zada öwrenişmeli. Şu ýyl-a ejizledi bolsa-da, öňem-ä arly tomusy syrkawhanada geçirdim. Heý, özi, maňa bi taýdan sypma ýok öýdýän. Ilki geläýen badyma bir doktara barla diýdiler. Men ýaly köne kesellini barlap oturmagyň derkary ýog-a, haşlap, demimi iki egnimden alyp oturyn. Eý, tüweleme, bitginli pyýada, eliniň aýasy gapan keçesiniň aýtymyça bar, kükregimden basdy weli, tas ýumrupdy. - Mergen aga, kapital remont etmän goýbermeris seni – diýdi. Zynjyrly traktor sürýän goňşum ýadyma düşäýdi. Alty aýyň içi, ussahana gatnap bizar boldy, traktoryny kapital remontdan çykaryp bilenok... - Inim, zapas şaýy özüň tap diýmeseňiz bolýa, galan zada men kaýyl – diýdim. Bu dert maňa sowuklamadan galan husur. Gyşyň ýaňy başlan mahaly, irden tursam, güpläp gar düşüpdir, täsin bolup ýatyr. Awçyny öýde saklarmyň onsoň, ýabyny münüp ýelk ýasaýdym çöle. Towşan tapjagyma ynamym bar-da. Köne jar bardy, şundan geçeýin diýip insem, oňa-da suw kowan ekenler. Ýalpagrak ýerini peýläp geçäýmekdi-dä hyýalym. Emgek boldumy, ne bela boldy, ýabym büdüräp suwa başaşak gaýtdym. Şenbede çykmasaň bolaýjagyňdyr diýip käýinýän. Şenbe – şow diýipdirler. Hälki bir, özüňi köteklemek üçin tapylýan sözle-aýt, şenbä garaşyp oturýançaň gar eräp gitjek. Ýaby janawara-da iki-üç gamçy çaldym şonda, adamyň gahyry gursun! Ot ýakyp, eginbaşym çalygýança garaşdym. Awuň gyzygy bilen ol mahal bilmändirin welin, sowuk on iki süňňümden geçäýen ekeni. Üç towşan alyp, ýassynlar oba dolandym, ertir tursam süňňüm howur alýar. Öýkeniň iki gapdalynada sowuk degipdir diýdiler. Şonda bogazymda galan hyşyrdy hi-iç aýrylmady, kükregim gysyldy durdy, ahyram demi gysma ýazdy. Mahalynda janyňy aýamaly ekeniň diýýäler, jan aýamaga bu adamlaň eli degdimi! Bir gün başlyk çagyrýar diýdiler, barsam ýüzüni awsyl degen sygryň ýüzi ýaly edip otyr. “Ýa kolhozyň işi, ýa-da aw, ikisinden birini saýla” diýdi. “Aw” diýdim. “Kolhozdan göteril” diýdi. Göterliberdim. Leshozda iş bar ekeni, gorawçy edip aldylar. Gapdalyňdan bir deliliň bolmasa, aw bilen çaga eklärmiň. Tilkiň derisine berýänleri iki-üç manatdyr, köne puluň hasabyndan aýtýan. Şagal köp zaýaçylyk edýä, gyrmaly diýlensoň bahasyny bäş manada galdyrdylar, köne pul bilen. Güjügiňi getirseňem berýärdiler şol bäş manady. Her ganjyk bir giden çaga dogurýa, şagaldan biraz gazanylaýmasa... Eý, olam aw däl-da. Köp bolsun, az bolsun, her jandar hudaýyň buýranyny dogurýandyr, Mergen, seniň bu edýäniň zalymlyk bolmasyn diýýän özüme. Jandalary biparh gyryp ýörsüň, hudaý şoň üçin saňa jeza berýän bolsa nä bilýäň? Ynsany ýaradan hudaý haýwanam ýaradypdyr, ynsana garaşyk edýän hudaý haýwanam gözden salýan däldir, hasaby ýöredýändir. Ogurlyk zat iýýän ýaly, haçan görseň böwrüm iňkisde. Bellisini edeýin-le diýdim. Bilimini Buhara medresesinde çykyp gelen işan bardy, şoňa sala saldym. E-eý bilimli adamlaň yrýa sözi barmy! - Mergen, eger aw işinde günä bar bolsa, Adam atadan bäri bu kär ýöredilip gelmezdi. – Soňundanam bir tymsaly sunşuryp göýberdi. – Ozalebetde dünýäniň mör-möjegini Allatagalla adama bagş edendir. Adama ýaranyp, adamyň derdine ýarap bilseler, olarda gaýry maksat bolup bilmez. Adam islese, olaryň etini iýsin, isle, derisini alsyn, isle satyp, satyp haýyrlansyn, bu işlerde günäkärçilik görkezilmändir. Ömrüň uzak bolsun, işan aga, siziň kimin dana adamlaň entegem bardygyna şükür! Şundan beýläk arkaýyn gezibermeli ýaly welin, ozalynda herkimiň ýasalyşy bolýandyr-da, şübhe diýen nälehan kalbymdan owarra bolup gidäýmedi, bi bir meýdan kysmy ýoknasyz zat boljak ekeni. Kakamyň dogany awçy adamdy, Juma kaka diýerdik oňa. Awçy adam geplemsegräk bolýandyr men ýaly, o bende inimtapdy, her näme-de bolsa, awçynyň biläýmeli tärlerini ýaltanman aýdardy. “Awçy bir gün et iýer, müň gün let iýer” diýen söz bardyrm şonam Juma kakamdan eşdipdim. Esli oglankak, bir gün yzyna tirkäp alyp gitdi, gum eteginde gapan gurupdyr-da, näme düşdükä, göreli diýdi. Hökümetiň hasabynda durýan awçydy ol, pronta-da almadylar, bron berdiler. Her möwsümde bir ton aw etini hökümete geçiräýmeli, başga gep-gürrüň bolmaly däldi, tabşyrýardylaram. Juma kakama ummasyz mert adam diýse boljakdy, merdem bolsa, tazysy ölende çydamad-ow, eginlerini silkip aglap oturany göz öňümde. Neneň aglamarsyň, tazy gowy bolanda, müň perzetden parhy bolmaz, gaýta düşbüliginde, gaýratynda öz çagaňdan zyýat gelýän pilleleri bolýandyr. Eý, tazy diýseň tazydy-da! Tilkini kowalap, uzak aralyga äkiden mahaly dagy, eýesi barýança garaşyp durandyr, süýräp gitmez. Süýrelen tilkiň tüýi zaýalanýa, janawara düşündirilen ýalydyr. Eýesiniň tapmajagyny bilse özi gözlege çykar, tutan tilkisiniňem dört aýagyny döeüp gaýdar, gaçmasyn diýip etýän çäresi. Heý, adamyň kellesine geljekmi şu zatlar! Oň ejesi bäş güjük guzlapdyr, kiçisini Juma kakam alypdyr. Iň ulusy bilen kiçisini özüň algyn, galanyny diläne berip göýber diýerdi. Ulusy agyrdyr, kiçisi ýeňildir, ýetişensoň ýyndamlygyna taý geljek jandar bolmaz. Öňi pes, ardy beýik janawardy. Awuny kowup pesden beýige zyňyp barşyny göreňde aýagynda puržyn barmyka diýersiň, keýpine keýik kowaladyp ýörmelidir. Agzy ýer sermäp barýandyr, towşany dagy ýüz ugra gapar gider. Tazy diýeniň hil-hil, dört aýagy deň gulaklary tüýsüz, sülmüräp duran, bili bir gysym owadan tazylaram bardyr. Owadandyr, owadanlygyna söz diýip bilmersiň, ýöne ýüzün salyp barýarka egiljek bolsa düňderilip gider, waňkyryp galar, awa agzy ýetenok. Olaň onusy birigende-de Juma kakamyň ölen tazysynyň ornuny tutup bilmez. Juma kakam ýöne-möne taza aglajakmy diý. Janawar awy iýipdir. O mahallar bir aýlyganç emel edilerdi, tilkini köpräk tutuň diýip, myşýak diýen awy bererdi hökümet. Güýji gursun, jöwen ýalysy tilkiniň agzyna düşse, tepbedi okaldy biläý, aňry gitse on-on bäş ädim gider, aýagyny kakyp ýatandyr. Zäherden ölen tilkiniň hamyny sypyryp duransyň welin, gözüňi ýaşardyp, demiňi tutup barýandyr, ahmal bolsaň şol-a özüňem aljak. Bu emel hakyky awuň emeli däldi, onda-da ýokardan görkezme berilse, ýogam diýip bolanok. Ýogsa tüpeň, gapan, tazy bilen tutulýan tilkiňem aňyrsy-bärsi ýog-a, hökümete köpden-köp gerek, hudaýyň berenine kaýyl däl. Emeli tohum goýberseň bolýmamyş diýip, ukol edilip, goýun janawarleriň başyna nä günler salyndy. Dörtden-bäşden guzlasyn diýip garaheläk adam bary. O janawar saňa itmi, şagalmy bäşden-ondan guzlar ýaly, çydamaz-a beýle zorluga. Hernä, entäk aýallara beýle zorluk edilýä diýip eşidemzok, şoňa-da şükür edäýmeli. Tilkiň derisi ganar-ganar geçip durandyr, munça derini ýer hopýamyka diýýäň. Şäher ýerinde negada bir egninden tilkiň guýrugyny sallap, bolmanjysy bolup barýan aýala duşulaýmasa, başga biz-ä dükanda satylyp durlan mahalyna duşmadyk. Asyl eşidip otursak, daşary döwletlere gyzyl pula satylýar eken-ä. Geň görüp oturasy zat ýok, gyzyl görse Hydyr azarmyş. Awçylaň hakyky emeli bilen tutulan jandar halaldyr, zäher bilen tutulan haramdyr, nesip etmez. Sürgüji eredip, pagta çigidiň ululygynda şar ýasapdylar, içine-de maşýak goýardylar. Geçiň gaýnap duran içýagyna sokup çykararsyň welin, ýaňkyň daşyny ýag tutar, derrewem doňar. Tilki mekirlikde, ussalykda pygamberden pata alan haýwan diýerler. Pygamber oňa gargyş edenmiş. Guralyň özüňe ýagy bolsun, deriň pula, gyzyla dursun diýipdir. Herhal adamyň emeli zor çykýa, oňa tilkem aldanýa. Ýaňky zäheri gaplamak aňsatdyr öýtýäňmi, baý-bo-ow, agzyňy-burnuňy daňmana ýanyna barma: Agzyňy daňdyň-da gözüňi nätjek, gulagyňy nätjek, gireýin diýse adamda deşik gytmy. Mahal-mahal oturyp: Mergen, sen bi köne derdin bir başy şo zäher bolmasyn diýýän. Tilkä niýetlenip taşlanan zäheri iýip, bialaç ölen tazysyny gömüp durka, Juma kakam haýwanyň öňünde ýazygyny boýun aldy: - “Awçy baýamaz, baýasa-da baýnamaz” diýýändirler. Bi bolşumyz bolsa, biz baýamarsam, baýnamarysam, gazanjymyzam haramdyr – diýdi. Soň höümetiň özi zäheri gadagan etdi. Bahana-da tapdylar, zäher iýip ölen tilkiniň tüýi gaçýarmyş diýdiler. Tüýüniň gaçýany öň bilnenokmydy näme! Çaky, daşary döwletler satyn almakdan boýun towlaýan ýaly. Şondan soň deri alýan edaranyň adamlaram bilgiç boldular. Tilkiň derisini eltersiň welin, çyra, o bolmasada güne tutup görerler. Zäherden ölen jandaryň gany doňýar, deridäki damarlar garalyp galýar. Zäherli deriňi güm et diýip, zyňyp durandyrlar. Hökümete gerek bolanda görmedik bolýardylar, ynha, bi günem ynsaply kişi. Zäherden ölen jandaryň hasaby-hesibi ýokdur. Tilki iýsin diýip meýdana taşlanyň bilen beýleki jandarlar iýenokmy ony, alaka-da iýýä, item, şagallam iýýä. Adamyň ölümine-de müňkür bolanlar bar, wah, öz üstüme topulyp gelnensoň aýdýan! Tilkiniň kakan etinden buluç tebipleri derman ýasardylar. Haýyş edensoňlar mahal-mahal gapydaky teläriň üstüne maslyk ataýmam bardy, öýde bolsam-bolmasam belli ýerden alar giderdiler. Iki-üç sanysyny çapgylaşdyrgan gazanda gaýnadýarlar, çorbasyna-da gury agyra sataşyp, halys ýöremeden galan, çuwdak bolup ýatan syrkawy düşürýärler. Tilkiň beýnisini alybam melhem ýasaýas diýdiler. Bilden, tirsekden çykan ýarany, oňa “bogun ýazdyrma-da” diýýändirler, şoň bilen bejerýäler. Bir gije iki sany ýigit çapdyrylyp geldi. Pylan tebibe beren tilkiňi nädip tutdyň diýdiler. - Tazy bilen tutdym. - Ýok, zäher bilen tutansyň. - Ahaw, inim, zäher bilen tutmak gadagan edildi. - Bähbide gezek gelende gadagana seredýäňizmi siz! Ynanmajak bolýalar, göwünlerine müňkürlik gidipdir. Belaň körügi, tilkiň gaýtanmasyna düşürilen syrkaw jan beripdir. Ýaman töhmetden Allaň özi saklasyn. Aýdanyňa ynanman dursalar nätse bor? - Zäherden ölen bolsa, wraçlar ony bäş minutda bilip berýä, göwnüňizde guman galmasyn, bendäni äkidiň, barladyň – diýdim. Gitdiler, soň-a dolanmadylar. Gaýdyp tilkiň maslygyny getirmedim. Syrkawhanada ýatsaň, dünýäň ýüzünde sag adam bardyr öýdeňok. Biz ýaly halys meýdanda, sergin how öwrenen adamlara dermanyň ysy aňkap duran jaýlarda oturmagyň özi bir dert. Hernä, howludaky saýalaň aşagyna uzyn oturgyç goýlanam bir taň zat, haçan görseň til agajyň simine gonan serçeler ýaly, syrkawlar hatarlanşyp oturandyr. Birek-birege dünýäň habaryny ýetirerler. Sapar atly bir adam bar ekeni, ýaşy kyrka ser uran, mugallymçylyk etýän diýdi. Haçan görseň, gaşlary çytyk, ýüzi tur’ap dur. Köp bilýän adamlar dünýädäki bet işleri duýgur bolýalar. Köp okap, köp bildigiçe, adam şonça-da özüni beter horlaýan ýaly gördüm. Meň öň ýanymda syrkawhana düşüpdir, ikinji ýola ýatyryn diýdi. Öňki gelende köriçegesini kesipdirler. Tikenlerinde içinde hasa galdyrypdyrlar, iriň ýygnanyp, gaýtadan açmaly bolupdyr, indem ýarasy haýal bitýär, şoňa-da jany ýanyp duran ekeni. Umuman-a, men käýinjeň adamlary halamok. Bähbidine görä hökümediň düzgünine käýinip ýörenler gytmy eýse, olar ähli kişiden algyly ýaly haw! Sapary ilki göremde, dogtarlara käýinip oturan ekeni. Bular diýýä, medisinada derek goýmadylar diýýä. Gadym zamanda ötüp giden lukmanlaryň biri, adynam-a tutdy welin, hakydamdan çykypdyr, ýadyma düşende-de, şoň adyna dilimem öwrüljek däl. Ana, şo lukman syrkawy üç zat bilen halas edip bolýar diýen: dermanlyk otuň bolsun, ýyly sözüň bolsun, ýiti pyçagyň bolsun. Ýiti pyçak diýdigi operasiýa etmeli diýdigi bolýa. Gadym döwürlerde-de operasiýa edilen bolmaga çemeli. Bu döwrüň lukmanlary nätýä, Saparyň diýenini aýdyň oturyn men, ota deregä himiýa diýip zäher içirýäler, ýyly sözem para bilen çalşypdyrlar, pyçaga gezek gelende, neneňsi bolýanyny menden mysal tutaýyň diýdi. Meň keselimi sorady, demgysma diýdim. - Syrkawhanada ýatyp-da keseliňden saplanaryn-a öýtme, ýaşuly – diýdi. - Saplanyp giderisä öýdemzok-la, hälki bir, bogup durmaz ýaly, biraz ýeňillik bolsun diýip gelinýä-dä. - Ýeňilligem bolmaz, ýaşuly – diýdi ýaňky. – Howany zähere öwürdiler, azot zawudy işläp başlandan bäri, demgysmalyň sany üç esse artdy, süýt emýän çagalar boglup ölýä, seňki näme, ynanmasaň gazet bar mende, ýör, görkezeýin – diýýä. - Gazetem-ä hökümetiňkidir, ýazyp ýörmän, zawudyny ýapaýanda bolanokmyka? – diýdim. Ýüzüme bir alarlyp seretdi. Men ýaly çalasowat adama düşündirjek bolsa, köp zadyň başyny agyrtmaly bolar öýdendir-dä, ajy ýylgyryp esli dymyp oturdy, soňam ähli zady diňe özi bilýän ýaly: - Ýapmazlar – diýdi. – Özüňe haýpyň gelýän bolsa ýaşuly, bu jelegaýlarda görünme, garaňy saýla, gaç, bolmasa ölersiň – diýdi. - Bi ýaşdan soň ýurt täzeläp ýörmäli inim, maňlaýdakyny görmeli bor. Ba-ar diýenim-ä şu welin, dabanyna ot basylan ýaly bolaýdy, çöwjäberdi ýaňky. - Ýeser maňlaýyňyz bardyr, garaşyň oturyň! Siz tetelli edilen kaýyl bolup oturjaklaryň köpdügine arkaýynlanyp, şu zawut obalaň arasynda guruldy. Alakalar ölýä-ä! Alaka awuň maly däl, ölsün, gyrylsyn diýersiň. Tilkem-ä ýok! Towşan tükendi. Basym adamam galmaz. Sen boglup otyryn diýseňem, altmyşdan geçdiň, görjegiňi gördüň. Bäş ýaşly agtyklarymyz demgysma ýolugdy eýýäm. Maňlaýyňa nämä ýazylanyny biläý onsoň! Maňlaýdaky görjegiň şol, gör-de otyr! - Bes et, haw! – diýdim. Zawudy guran men däl-ä, kim guran bolsa, tap-da şoň üstüne gygyr. Eşidip otursam keselinden başga-da, Saparyň derdi gyt däl ekeni. Azot zawudyny ýapyň diýip Moskwa çenli ýazypdyr. Ýeke adamyň goly bilen ýazylan haty äsgerenoklar, köplük bolup ýazylyň diýip, bu taýda ýatanlara hä diýdirjek bolupdyr. Biz hat ýazyp zawud ýapdyrylýanyny bilmesek nätjek. Her kim çaga ekleýä, haw, hökümet bilen oýnuň deň geljekmi seň. Sapar kysmy bir töwre adamlar iliň içinden tapylaýar. Olar ýalaka müňkürligem etmän duraňok. Başbozarlyk edip, ili galmagala goýup-da, wezipe aljak bolýanlara oba ýerinde-de duş gelip ýörüs-ä, olaň oýnuny dohod ýygnakda görýäs. Bi gepe uly bir many bermän ýören halyma, başga bir ýakymsyz zat tapyldy. Telim ýyl ozal bir tilkiniň diriligine hamyny sypyrypdym. Derisini sypyranyň bilen tilki ölenok ekeni. Turup gitdi, dym-gyzyl yşarat, ganyny sarkdyryp barýa, ýykylýa-turýa, ýykylýa-turýa, ýüregi urup dur, gan aýlanyp dur, bedeniň hereketi galanok. Ýüregim awady gitdi, he-ek, biý-ä gelşiksiz iş boldy diýip ökündim öz-ä... Şol tilki häli şindi göz öňüme gelip başlady, bi nä bela boldy diýýän. Ýeke oturan mahalymam görnäýýä, mahal-mahal göwnüm açylyp, başdan geçenlerden gyzykly gürrüň beräýmäm bar, ýaňy bir gyzygyp ugraýan welin, ýaňky albassy göz öňümden çypdyrylyp geçäýýär. Bi bir zadyň alamaty bolmasyn diýýän, agzyma zäk atylana dönýä. Beh, bi ady ýiten tilkiniň sapalagyny dirikä-dä görüpdim, indi munsy nämäkän? Ýa meni toba getirjek bolýamyka? Ýeri, men toba gelenim bilen sen dünýä gaýdyp gelýän bolsadyň käşgä. Bir eýýäm süňküň gara ýere garylyp gitdi. Arada bronhalaryňy ýuwjak diýdiler, ýuwmaly zat bolsa ýuwuň diýdim. Eý, horladam özi, demim sogrulaýmaly boldy welin, sanalgyň dolýança ölme ýok-da! Ysgyn-mydardan gaçyp, towy giden ýüplük ýaly bulanyp ýatyryn welin, şo mahal haram tilki göz öňümde dur. Gum bol diýýän. Dirikäň hamyň sypyrlan bolsa günäň bardyr. Meň elimden ölen tilkiniň hetdi hasaby ýok, senden gaýry hiç biriniň dirika hamyny sypyrmadym. Günäň agyr boldy seň, agyr bolany sebäplem agyr maddany goýup, jeza berdim saňa, jezaňa kaýyl bol, gözüme görünme! Görünmezmi! Aýagy kelteräk, dyrnagy, ýagyrnysy gara tilki bäbenegimiň öňünde aýrylmasa näme! Ol biziň iliň tilkisinden düregeýräk, garaganda tilkisi diýýäler oňa. Tazylara gelen ýagy boldy. Deňleşip gaçyp barýandyrlar, kesesinden syn etseň, pesläp uçýan guşuň bar-da. Bir taza aldyranok. Emgenmezem tazyny çöpüň daşynda aýlar durar, dyz boýy joýa bolar gider, aýlap durandyr. Tazy janawariň bili burlaýar, bili burlansoň ondan tazy boljakmy! Heý, tilkide-de beýle güýç bolarmy! Tazylary uly guma elter-de, mündürer-düşürer, ýadamanam bilmez. Hilesine bak: iki tazyň arasyna düşse nädýä: tazylaryň biri eýleden, biri beýleden orta düşen tilkini gapjarlar öýdýäň. Iki tazy üstüne bökäýjek pursatda ýapyrlar ýatyberer, badyny saklap bilmedik tazylar çakyşyp, waňkyryşyp galarlar, tilki bolsa albassy ýaly hondan barýandyr. Eý, bir ýyndam tazym bardy, janawariň bilini buran şol tilkidir. Bir menzilden tilkiň ysyny alardy. Güjükkä tazyň burnuna tilkiň ödüni çalmalydyr, aýylganç ajydyr, janawar çyňsaberer, çyňsanna seretme, tilkiň ysy ömürlik burnunda galar. Soňabaka ol tilki juda hetden aşdy, asyl ýöne meni yzarlady ýördi. Bir gije çölde galyp, aw etini serginledip goýdum. Ýeriň teýinden çykdyňmy diýsene, gelipdir ýaňky, etiň böwreklerini, ýagyny iýipdir. Iýipdir taň edipdir, gidiber-dä, ýo-ýok, nebir zadyň üstüni pohlap gidipdir! Başga bir gezegem gapany ýazdyryp, oňam üstüne şeýdip gidipdir. Ahyr ony gapan bilen ele saldym. Neneň agyr jeza bermejek oňa! Adam bilen oýnuň deň geljekmi seň! Gara tilki göz öňümden gidenok diýip ýörkäm, alagadan bi düýşüme-de girdi oturyberdi. Elimde pil, piliň üstünde-de derisi sypyrlan yşarat janhowluna aýagyny kakyp ýatyr. Zyňara çükür gözleýän. Bir baksam, piliň üstünde tilkä derek ejem pahyr otyr. Ýarym-ýaş aglap, asyl ýöne zar-zelil “Barara gapyp ýok, oglum” diýýä. Menem gözümiň ýaşyny saklap bilemok. Ejeme birzatlar diýjek bolýan, diýibilemok. Näme diýjek bolanym hakydamda ýok. Der basyp oýandym, aglanym çyn ekeni, gözýaşym ýassyga siňip gidipdir. Bi ýöneligiň alamaty däldir diýdim, o dünýäde ejem pahyryň ýakasyndan tutup ýörendir, bendäni uçmadan çykaryp zyňdyran bolmasyn, barara gapyp ýok diýmesi nämekä? Ertesi aýalym yzymdan geldi, bir tamdyr nan bişir-de, töwerege paýla diýdim, gören düýşümi aýtmadym. Başda meni barlan daýaw ýigit soň meň dogtorym boldy. Azot zawutly gürrüňi agzadym, pikirini biljek, Saparyň teýeneli sözünden soň ynjalygym gaçaýdy. - Bi zatlar ugrunda barmy, ýa jany ýananam taňrysyna gargar edäýdimikä? – diýdim. - Demigysmalyň köpelýän-ä Sapar aýtmanda-da bilýäs. Her kim bilenini gygyryp ýörmeli bolsa, bizem bilýäs birgiden zady, ýöne rugsat edilse aýtmaly ony. Kesel azot zawudynyň sebäbine döreýärmi – dälmi, ony hökümetiň özi aýdar – diýdi. - Hökümetiň gazeti aýtsa, hökümetiň özüniň aýtdygy bor-da. - Men-ä gazet kimiňki, hökümet kimiňki, edil häzir şoňa-da düşemok, düşünjegem bolamok, ýaşuly – diýdi. Garaz, gürrüňi dowam edesi gelmeýänini aňdyrdy-da. Menem gorjap otyrmadym, gepi soňlanam dogtoryň özi boldy. – Dünýäde ýaramaz edilýän iş köp. Hemmesine içgin düşünjek bolýan adamlar uzak ýaşaýan däldir, olaň keselini bejermegem kyn, hupbat ýamanyny berýä. Saparam şolaň biri – diýdi. Güýz düşdi, uly il pagta ýygyma girdi. Menem syrkawhanadan çykyp, ilkinji ýola ýabymy münüp, meýdana çykdym, tazymam gapdalymda. Öňki güýç-kuwwatym bolmasa-da, günde-günaşa bokurdagymdan bogup duranok, şoňa-da şükür edýän. Içinde janyň barka, takat tapyp öýde otyrmagam kyn, biz bir aslynda düzdeçer adam. Maksadym-a obaň ilersindäki uly zeýkeşden geçip, günbatardaky guma ýetip gaýtmakdy. Gidip barýan, ýabynam gyssamok, tilki-towşan pete-pet gelse-hä ataýjak, bolmasa-da göwün açmakdyr-da. Horjunda birki sany gapanam ýatyr. Entek günem gyzmandy, howa-da sergin. Şähtim açylyp, keýpim göterler öýtýän welin, bolanok-da, gaýta harman atylanda ygynda duran ýaly demim daljygyp, kükregim gysylyp barýa. Çaltrak çöle bir çykaýyn diýdim. Güýzlük mekgäň daşyndan aýlanyp, ýorunjalyga ýetdim. Ot orup ýörenleň ýanyna-da sowulmadym, sowulsam eglenjek-dä. Zeý kanaly köprüsinden geçip, ýörän bolsam ýarym kilometr ýörändirind-ä, tazy atylyp gitdi. Ýabyny gyssadym, haýsy tarapa sürmeli, bir alamata garaşýan. Şo barmana-da, hol, ilerki ýalaňaç ýapyň ýüzünde ýagyrnysy gara tilkä gözüm kaklyşdy. Der basyp gitdi. Şo mahal hamyny sypyran tilkiň direlip geldi diýilse ynanjak. Gören düýşüm, ejem pahyr ýadyma düşüp, ýöne dagdy bolup durun. Bi aýatda görlüp ýörülen tilki däldir, alamatdyr diýýän. Kowmadan geçen, tazymy gaýtarsam razy. Gygyrýan, sesiň taza ýetjekmi! Tazam depeden aňry aşdy gitdi, janawariň işi gaýdar, ýaňy iki ýaşan tazydy, entäk alymlyga ýetişmändi, ýene bir ýyly bardy. Öňde gowaçaly meýdan ýatyr, tilki şoňa sümäýse, tazyň dat gününe! Ýabyň böwrüne depdim. Gowaça tarapdan ýel öwüsdi, aýylganç porsy ys haplap urdy, asyl ýöne salmymy bermän demimi tutaýdy. Galdym iki oduň arasynda. Yza öwrülsem tazy näder? Taşlap gaýtmaga-da ynsabym çatanok. Şol aralykda-da eýmenç gürrüldä üstümi basdyrdym, samolýot geçip gitdi, awy sepip ýör, gowaçanyň ýapragyny düşürýän awyny sepýä. Gulaga ýakymsyz ady bar-la şoň: Butapos diýdilermikä diýýän. Men ýaly demi gysma şol ady ýitmişden başga merk gerek däl. Öz aýajygym bilen geläýipdirin. Eý, ýok, albassy tilki bilýän ekeni, belaň ortasyna atdy meni. Asyl ýöne dünýäniň ýüzi zähere gark bolaýdy, bokurdagymdan bogup, gözümi çykaryp gelýä. Ýaby-da, tazy-da ýatdan çykdy. Maňlaýyma şagga sowuk der indi. Eýerden syrylyp gaýdanymy bilýän, galan zat düýş ýaly. Samolýotlaň warryldysyny eşitýän, gezek-gezegine gelip, ähli awyny meň üstümden sepip durmykalar, kastyma çykanlary çyn, demim sogrulýança zäheri gaýgyrman seperler diýýän. Şo ýagdaýymda-da hamy sypyrlan tilki menden el çekmedi-de, dişini syrtardyp, ýüzüme garap duran ýaly, walla, adam dilinde gepläp, gyjyt berýä, sesini eşidýän: “E-eý, akmak adam, zäher ýuwutmak indi seň gezegiň” diýýär. Hernä, maslygym meýdanda galmanka, soňky demime ýetişen tapylypdyr, syrkawhanada huşuma getirdiler. Bu sapar näçe saklajaklaryny bilemok. Hudaýlygymy sözlesem, çykyp gitmäne özümem döwtalap däl, samolýotyň sesini eşidýän welin, size ýalan-maňa çyn, süňňümi der basaýýar. Siziň sorajak zadyňyzy bilýän: “Tazydan näme habar?” diýjeksiňiz. Janawar öýe dolanmandyr. Golaýda oglum anyk habaryny getirdi: “Maslygy zeýkeşde ýatan ekeni, çykaryp gömdüm” diýdi. “Iş bitiripsiň” diýdim. Başga näme diýeýin? 1990-njy ýyl. Tirkiş JUMAGELDIÝEW. | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||