ÇALARAN SAÇLAR
Bu oýunly durmuş,
Oýnalýan durmuş.
Az däl baky çümýän onuň ümrüne.
Deň bolanok hemmeleriň ykbaly
Bagt altyn çaýýar köpleň ömrüne.
Ine, ýarty göwre –
Çalaran saçlar!
Onuň aladasy diňe eklenji.
Göräýmäge, kemsiz, dünýäsi düzüw,
Ýok onda birjigem gaýgydyr ünji.
Aýaklaryn goýup Elbaň boýunda,
Gaýtsa-da maýypdygyn duýmandyr.
Bu gün ellisine ser uran adam,
Juwan ýaşda söýülmändir,
Söýmändir!
Hawa, ol henizem ýekeden – ýeke,
Ýygralykda geçýär bütin durmuşy!
Şeýle ýalňyzlykda içiň gepledip,
Hany, sen geçirjek bol-da bir gyşy!
Ol şeýdip geçirýär bütin durmuşy!
Meň söýgimi,
Seň söýgiňi goranda.
Söýgüsin, söýgülsin ýitirdi goja.
Ýene telim – telim ömürler üçin
Şonda şirin ömür çykypdy puja.
Bu gojany synlan wagtyň ýaýdanman,
Diýäýmek bor çalaja:
“Heý, beýle ömür-de çykarmy puja!
Her gülde, gunçada onuň ady bar.
... Meňem döredenlem,
Meňem zürýadym
Hem oňa, hem maňa bolsun ýadygär!”
|