20:13

Durnalar gaýdyp geldiler

DURNALAR GAÝDYP GELDILER
    
Dynç güni bolsa-da, bu gün adatdakydan ir oýanypdyryn. Heniz daňam atmandyr. Birhili üýtgeşik duýgy kalbymy gaplapdyr. Bir hoş habara garaşýan ýaly zol stoluň üstünde goýan el telefonyma seredýärin. Onuň jaňynyň jyrlaryna garaşýaryn. Şeýdip içimi gepledip, ep-esli oturypdyryn. Kimden, nireden, nähili hoş habar gelerkä diýip oýlanýaryn. Gün dogdy. Guşluk boldy. Öz pikirlerime gümra bolup oturşyma elime galam alyp, bir zatlar bellän, düzeden bolýan. Ýöne geläýjek ýaly bolup duran hoş habara welin garaşýaryn. Daşaryk çyksamam, derrew öýe girýän-de, telefona seredýärin. «Gelen bolaýmasyn. Ýok, enteg-ä gelmändir». Ýene-de bir zatlara güýmenen bolup garaşyp otyryn. Birdenem... Birdenem gulagyma owaz eşidilen ýaly boldy. Hawa, owaz eşidilýär. Uzak bir ýerlerden gelýän owaz. Kalbyňy gozgalaňa salýan owaz. Ylgap daş çykdym. Edil özi. Güýz giden durnalar gaýdyp gelýärler. Güýz giden duýgular gaýdyp gelýärler. Olaryň sesleri kem-kem golaýlap gelýär. Men düýpsüz gök asmandan olaryň hataryny gözleýärin. Görüp bilemok. Biraz gözümiň dynjyny berip, has alyslara garaýaryn. Ýene-de gözüm düşenok. Olaryň zaryn owazy bolsa barha ýakynlaşyp gelýär. Birdenem olaryň hataryna gözüm düşdi. Asyl, olar meniň gözleýän ýerimden has ýakynda ekeni. Olaram meni görenine begenýän ýaly ganatlaryny galgadyp, barha ýakynlaşyp gelýärler. 
Hawa, olar maňa ganatlaryny, ýok, gollaryny galgadyp, ýakynlaşyp gelýärler. Kalbyma şatlyk dolup, gözümiň owasyna ýaş aýlandy. «Salam, durnalar! Sag-aman gaýdyp geldiňizmi?!» diýip, zowladyp gygyrypdyryn. Olaram gykuwlaşyp jogap berdiler. Men bolsa olardan gözümi aýryp bilmän seredip durun. Kalbymy üýtgeşik duýgy gaplaýar. «Ýene-de durnalar gaýdyp geldi, ýene-de bahar gaýdyp geldi» diýip, üznüksiz gaýtalap durun. Begenjime gözümden ýaş syrygyp ýere düşýär. Birden ýüzüme uşajyk ýagyş damjalary degip, tisginip gitdim. Eýsem, bulut ýok ýerden ýagyş nireden bolsun?! Ýok, bu ýagyş damjasy däl, durnalaryň begenç gözýaşlary. Olaryňam gaýdyp gelenlerine begenip, gözlerine ýaş dolandyr. Alyslardan gaýdyp gelip, islegiňe gowuşaňda begenç gözýaşyny saklap bolmaýar ahbetin. Hoş geldiňiz, durnalar! Hoş geldiň, ömrümiň ýazy! Bir pursatlyk bolsa-da, şol durnalar ýaly hatar tutup ýatlamalar hem gaýdyp geldi, ýaşlyk ýyllarym gaýdyp geldi. Birmahalky ilki söýgim gaýdyp geldi. Gülleriň içinde gül ýaly bolup sülmüräp otyr. Bir gabagyny galdyrýar-da, ýene-de ýere bakyp otyr. Menem elime galam alyp, bu duýgulary beýan etmek isleýärin. Elim saňňyldap, galamym gaçyp dur, hiç zat ýazyp bolanok. Kagyzyň üstünde harplara derek gözýaşlarym durnalaň hatary ýaly hatar tutup barýar. «Durnalar gaýdyp geldi, ýaşlygym gaýdyp geldi, ilkinji söýgim gaýdyp geldi». Şeýdip pyşyrdap otyryn. Ýok, entek men goşgy ýazaryn. Şeýle bir goşgy ýazaryn, onda hemme gowulyklar, ýatlanyňa degýän pursatlar jem bolar. Ol goşgy diňe özüm hakda, ýok, diňe ikimiz hakda bolmaz, ol hemmeler hakda, hakyky söýgi hakda aýdym bolar. Bu ajaýyp durmuş, manyly ýaşalan ömür, giden giň sähralar, gaýdyp gelen durnalar, durnalar bilen bile gaýdyp gelen ilkinji söýgi hakda, iň bolmanda, hakydamda gaýdyp gelen şo-ol edepli gyz hakda... bolar.
Pasyllar diňe tebigatda gaýtalanmaýar eken. Olar ynsanyň ömründe-de, ykbalynda-da gaýtalanyp bilýär eken. Diňe oňa ynanyp, garaşyp gezibermeli eken. Şu gün bolmasa ertir, ertir bolmasa birigün hökman gaýtalanýar eken... 
«Ir bilen bolup ýörşüň nähili, ýeldirgän ýaly-la?!» diýip, iç işikde ýylgyryp duran çagalarymyň ejesini ylgap baryp, garsa gujaklapdyryn. Saçy çalaranam bolsa, ýüzüne az-kem gasyn düşenem bolsa, ol şo-ol birmahalky edepli gyz ahyry, ilkinji söýgim, ýaşlygym ahyry... Aýtdym-a men geçen gaýtalanýar diýip... 
 
Saparmuhammet YLÝASOW, 
Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 430 | Добавил: Нawеran | Теги: Saparmuhammet Ylýasow | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]