17:50

Esgeriñ ýoly

ESGERIŇ ÝOLY / ballada

Ertekä öwrülen o ýowuz günler,
Geçmiş bolup görünse-de uzakda.
Bendelere tagma bolup ýelmendi,
Gamly ýatlamalar şo günler hakda.

Käte agram salýar beýnilermize,
Käte yza berýär ýüreklermize.
Näçe ajy,
Näçe agyr bolsa-da,
Olary ýatlamak gerekdir bize.

Göwräm bilen gulaklara öwrülip,
Diňleýän söhbetin goja esgeriň.
Sözlerin kalbyňa ornadyp barýar,
Gahrymany deýin beýik eseriň.

Eli awtomatly oduň içinde,
Duşmanyň üstüne eňişin ýatlap.
Gürrüň arasynda ýagtyldy ýüzi,
Wolga boýundaky ýeňişi ýatlap.

Şol ýerde ýaňlanan
Ilkinji gezek,
Dilli tüýdüginiň ýeňiş mukamy! –
Mazmuny, maksady aýdyňdy Aýdan,
Ol söweş barada bilmeýän barmy?

Şol söweşde dyza çökdi müzzerip,
Feldmarşal bilen togsan müň ýesir...
Ýöne şol iş üçin beripdi başyn,
Müňläp gyzyl esger,
Ençe komandir.

Demin dürsäp ýene girýär söweşe,
Naýzadan geçirýär ganym leşgerin.
... Uruş  uruş bolýar –
Säginmän, tesmän,
Gyzyllaram sünjüp barýar neşderin.

Her gyzyl esgere degende gülle,
Uludan-uludan alyp demini,
Batyp hasratlara,
Ýene özi tapýa
Şol pursatda yzalaryň emini.

Esger gidip barýar ýeňişe sary,
Ot-ýalyny böwsüp,
Tümlügi böwsüp ...
Süýşüp barýar granatyn gysymlap,
Çapgyn aýazlara oýkalap göwsün.

Ýarylýan minalar,
Atylýan toplar,
Bu zemini getirse-de lerzana.
Biziň ýigitlerde bir umyt bardy –
Bolmalydy şoň üçinem merdana.

Ýol ugrunda jaýlap egindeşlerin,
Ýeňip ýowuzlygy ädimme – ädim.
Ýene öňe,
Diňe öňe ätläpdir,
Besläp ýüreginde Ýeňişiň adyn.

Ýüzlerine nur çaýyldy esgeriň,
Sowet serhetine ýetilen bada.
Göterlipdir şonda ençeme gezek
Esgerleň şanyna bagyşlap bada.

Şonda ör – boýuna galyp tüýdükçi,
Syn edipdir jeňde geçilen ýola.
Azat toprak üçin,
Ikinji gezek,
Çalypdyr tüýdügin goşup garmona.

Merdemsi ädipdir şol mukam bilen,
Reýhstanyň diwaryna ýetinçä.
Ymamy, yhlasy eltipdir ony,
Şol beýik ýeňişe –
Beýik netijä.

Synlap töweregniň asudalygyn,
Alyp tüýdügini –
Üçinji gezek,
Şanly ýeňiş, baky ýeňiş mukamyn,
Çalypdyr, çalypdyr uzakdan – uzak.

Hasrat çeken bu topraga – mekana,
Sönmejek söýgüler besläp gursakda.
Çalypdyr mukamyn,
Çalypdyr ýene
Ýeňişe ýetiren doganlyk hakda  ...

Mahal-mahal el ýetirip tüýdüge,
Ýada salyp şol jepaly günleri.
Bu gün ýatlap otyr tüýdükçi esger,
Hem agyr,
Hem ýowuz jeňli günleri.

■ BAŞ EGÝÄS

Gözümiň öňünde beýik heýkel bar –
Ýüzi nurly –
Kalby hyjuwdan doly.
Bezeg üçin dikilmändir bu heýkel,
Elbetde, ýowuzdyr muň geçen ýoly.

Bir adamlyk berlen gysga ömrüni,
Garpyşykda geçiripdir ýaşuly.
Durmuş üçin göreşse-de döş gerip,
Ýaşamandyr ýaşamaly ýaşyny.

Ine-gana irkilmändir gijeler,
Gabaklary ýumruk ýaly galyp dur.
Eşretsiz günleri külterläp, düýrläp,
Ýaşlyk ondan ýana –  ýana galypdyr.

Aşygy bolupdyr asudalygyň,
Çagasyn söýmändir körpe ýaşynda.
Gujur bilen nurly güni yzarlap,
Daňyn atarypdyr eýer gaşynda.

Kyn bolupdyr nurly güne sataşmak,
Ony habar berýär orden – medaly.
Söýgüsine gurşalyp dur mähelläň,
Durmuşyň döreden goja merdany.

Baş egýäs ýaşula!
Döwürdeşlerne!
Göreşe, ýeňişe ilki ýol açan!
Şolar ýaşlygyny bermedik bolsa –
Çagalykdan saýlanmazdyk hiç haçan!

Begmyrat USSAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 450 | Добавил: Нawеran | Теги: Begmyrat Ussaýew | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Jogabyny tapyp bilmedik sowalym / Goşgular - 08.02.2023
Легенда лет / Goşgular - 08.02.2023
Измена суженой / Goşgular - 20.01.2023
Güýzdäki düýş / şol bir şygryň iki äheňi / Goşgular - 02.02.2023
«Разгадал я, какие цветы…» / Goşgular - 09.02.2023
Землетрясение / Goşgular - 13.02.2023
Gar ýagýar / Goşgular - 06.01.2023
Deprem Ve Tedbir / Goşgular - 13.02.2023
Şol gyza / Goşgular - 06.01.2023
А.Л.Бржеской / Goşgular - 28.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Мylayym  
83
Baş egýäs ýaşula!
Döwürdeşlerine!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]