19:51 Ptolomeýiñ kartasynda gadymy Margiananyñ gözlegi | |
Ptolemeýiň kartasynda gadymy Margiananyň gözlegi Öz döwrüniň geografiýa, astronomiýa we fizika ylymlary boýunça dünýä belli gadymy grek alymy Klawdiý Ptolemeý, takmynan, biziň eýýamymyzyň 90 — 163-nji ýyllarynda ýaşap geçen. Onuň dünýä belli birnäçe işleri bar, olardan iň bellisi «Geografiýa» atly eseri. Öz döwründe bu esere syýahatçylar kän bir orun bermeýärler. Ýöne syýahatçylyk we täze ýerleriň açylýan zamanasynda bu eser esasy çeşme bolandygy barada aýdylyp geçilýär. Gadymy Margiana hem ilkinji gezek bu eserde görkezilýär we karta geçirilýär. Bu eserde Gadymy Margiananyň ýerleşýän ýeri we serhet çäkleri barada şeýle beýan edilýär: «Margiananyň günbataryndan Girkaniýa, Oks derýasynyň (Amyderýa) gözbaşy tarapyndan 103/44 gradusda Baktriýa, Girkaniýa we Parfiýa döwletiniň 109/39 gradusda günortasynda Sarifa dagynyň (Köpetdag) arkasynda Ariýa bilen serhetleşýär. Margianany kesip geçýän esasy derýa Marg derýasydyr (Murgap derýa). Onuň gözbaşy 105/39 gradusda ýerleşýär we Oks derýasy (Amyderýa) bilen 102 gradus 40 minutda/43 gradus 30 minutda kesişýär. Oks derýasynyň (Amyderýa) golaýynda Derbikler, ondan aşakda Massagetler, günortada Parynlar we Dahlar, Margiana çölüniň aňyrsynda Tapurlar ýaşaýarlar. Margiananyň esasy şäherleri: Ariaka şäheri 103 gradus/43 gradus 10 minutda, Sena şäheri 102 gradus 30 minutda, Argadin şäheri 101 gradus 20 minut/41 gradus 40 minutda, Ýasonion şäheri 103 gradus 30 minut/41 gradus 30 minutda ýerleşýär». Ptolemeýiň belläp geçen şäherleriniň ady grek mifologiýasy bilen bagly diýip aýtmak bolýar. Ptolemeýiň bu eserinde 8000-e golaý ýurtlaryň, şäherleriň salgy-koordinatalary görkezilýär. Olaryň 350-400-e golaýy Asman giňişligindäki ýyldyzlaryň ýerleşýän ýeri boýunça kesgitlenipdir. Şol esasda Ptolemeýiň berýän koordinata maglumatlaryny häzirki koordinatalar ulgamyna geçirmek üçin birnäçe matematiki hasaplamalary talap edýär. Häzirki wagtda Ptolemeýiň kartasyndaky uzaklyk giňişligini takyk hasaplamak boýunça Sankt-Peterburgdaky S.I.Wawilow adyndaky tebigy ylymlar, tehniki we taryh institutynyň ylmy işgäri D.A.Şeglow «Ptolemeý geografiýasynyň uzaklyk giňişligi boýunça ýalňyşlygy» atly işinde Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň gadymy we häzirki wagtdaky şäherleriniň koordinatalaryny deňeşdirip görkezýär. Ptolemeýiň kartasynda Antiohiýa Margiana şäheriniň koordinatasy 106 gradusda ýerleşen bolsa, «Google maps» programma ulgamynda 62,193 gradusda ýerleşip, aratapawudy 43,81 gradusa deňdir. Kartada Nusaý şäheri 105,25 gradusda ýerleşen bolsa, «Google maps» programma ulgamynda 61,533 gradusda ýerleşip, aratapawudy 43,72 gradusa deňdir. Şol esasda ýurdumyzyň çäginde ýerleşen şäherleriň uzaklyk giňişliginiň esasy aratapawudy 43 gradusa deň diýip aýtmak bolýar. Astronomiýa esasynda hasaplamalar boýunça älemşynas I.Tupikowanyň «Ptolemeýiň ýer şarynyň töweregi» atly işinde Gadymy Margiananyň, takmynan, koordinatalaryny hasaplanyş usuly beýan edilýär. Ýokardaky usullaryň kömegi bilen Ptolemeýiň kartasyndaky maglumatlar esasynda Gadymy Margiana şäheriniň ýerleşýän ýerini takyk tapmak başardýar. Hasaplamalaryň has anyk bolmagy üçin ähli usullardan alnan maglumatlary deňeşdirmeli hem-de olaryň içinden has takygyny saýlamaly. Gadymy Margiana häzirki wagtda hem özüniň müňýyllyklarboýy täsin syrlaryny özünde saklaýar. Bu syrlaryň jogabyny bolsa diňe taryhy geçmişden gözläp bileris. Döwran Abdyrasulow. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |