13:46

Sür atyňy!..

■ SÜR ATYŇY!

Sür atyňy,
Gorguna däl, gamçylap,
Çawy galsyn bedeninde bedewiň.
Häzir munda säginere pursat ýok,
Çüw atym, çüw,
Ýar garaşýar, gör ahyr,
Saýasynda şol gadymy söwüdiň.

Gözüňden däl,
Toýnagyňdan ot çyksyn,
Şemallar gol bulap galsyn yzyňda.
Ýar garaşýar,
Çapa-çapa uç ahyr,
Goý, arman galmasyn türkmen düzünde.

Gyrmyzy köz bolup ýanyp dur güller,
Al ýaňak, nar ýaňak ýara ýaraşyk.
Biz olardan çemen baglap ýüzugra,
Guwşuraly - saýasynda söwüdiň,
Duran gyza - ikimize garaşyp.

Gowşur meni köşek gözli dilbere,
Soň sen unudarsyň gamçyň çawyny.
(Hyýaly gyz söýse, şarpyk çalarmyş,
Öpen ýigide ýeten wagty göwni).

Sen meniň sözüme,
Söýen gözüme,
Düşünýärsiň, gamyş gulak bedewim.
Bilýän bagyşlarsyň gamçyň çawyny,
Gören çagyň ýar ýaňagyn öpenim.

■ KÖNE GÜZER

Bu dünýäniň baky asudalygy
bolup görünen gar penje-penjedi.
Perişan halyma gyýylan şemal
Poslap giden duýgulary gorjady.

Gel, söhbet edeli söýgi hakynda,
Gulak gabardanlaň agzy suwarsyn.
Lebiň ballaryny ezip içibem,
Galandar başyma şol gurşap ýörşüm.

Maňa bu jepadan dynma ýok borly,
Ýogsam güýzän ömür barha agarýar.
Ýalňyz wagtym ýatlamalar kökeni
Şol köne güzere suwa çagyrýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

# "Garagum" žurnaly, N"2, 2012 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 472 | Добавил: ahallydan | Теги: Hojaberdi Baýramow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Годы твои – гора…» / Goşgular - 24.01.2023
Sestra derýasy / Goşgular - 29.01.2023
Иная красота / Goşgular - 14.01.2023
Графине А.А.Олсуфьевой / Goşgular - 02.01.2023
«Над синевой просторной дали…» / Goşgular - 30.01.2023
«Август – астры…» / Goşgular - 07.02.2023
«Никто ничего не отнял!..» / Goşgular - 12.02.2023
«Я призываю вас шашкой…» / Goşgular - 15.02.2023
Астроном и агроном, в гастрономе «Метроном» / Goşgular - 06.02.2023
«Пойдем купить нарядов и подарков…» / Goşgular - 22.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]