01:15 37-nji ýyl "N" kamera | |
37-NJI ÝYL "N" KAMERA
Goşgular
Köp urdular Gaýgyrman hiç, Syndyrmakçy bolup erkin. Depesinden aýrylman hiç, Baý-baý berdiler-ow merkin. Urdular. Ýykyldy. Galdy. Ýene urdular. Dikeldi. Urýanlara nazar saldy Gözlerniň agy köpeldi. Sebäp garaňky ýerzemin Ol bolsa gözläp ýagtylyk. Mert är kimin ner kimin, Zulum tapypdy agtaryp. Gynadylar. Köp urdular. Azlygam däl, köplük urdy. Ýigrendiler Ýekirdiler Indi ol bir oklykirpi Ölümden heder etmedi Şeýdibem ömür tükendi. Gözi gözümden gitmedi Dideler demirtikendi. 2017 iýun 15. ■ OGLANJYGYÑ SOÑKY SÖZLERI Siriýa Arap Respublikasynda tutaşan raýatlyk urşunda agyr ýaraly bolan üç ýaşly oglanjyk iň soňky deminde “Ähliňiziň üstüňizden arz edip, Alla jana aýdaryn!” diýip gözjagazlaryny ýumýar. Häzir maňa goşgy ýazmak kyn düşýär, Damagym dolup dur, gollam sandyrap. Ýürege guýulýan agyr gussadan, Otyryn ses-üýnsüz, başymy yrap. Bolup geçen zatlar bolup geçen soň, Peýda ýok, bilýärin goşgy-şygrymdan. Wah, nädeýin, alys illerden gelen, Bu duýgy ok bolup geçse bagrymdan. Ýaňy üç ýaşynda neresse çaga, Iň soňky demlerin alýanyn duýýar. “Hemmäňiziň üstüňizden arz edip, Alla jana aýdyp bererin diýýär”. Wah, garagöz bala, Gül ýüzli bala, Gülüp-oýnap ýaşamagy höweslän. Siziň başyňyza inen apaty Eziz Allam bilmeýärmi neressäm?! Wah, neressam, wah namyrat ötenim, Aýdyp berseň aýdyp beriber Alla. Ýöne ol Zat biziň bilýän, bilmeýän Zatlarmyzy öňden, owaldan bilýär. Ýöne seniň aýdyp beren sözleriň, Ot bolup ýürege-bagra ýapyşýar. Hemmämiziň egnimize ol sözler Lagnat daşy bolup egnime düşýär. Seniň doglan ýurduň dowzaha döndi, Senem göterildiň jennete sary. Gözleriň gözýaşa döndürip indem, Seredip ýatan deý o ýandan bäri. Iň soňky sözlerňe ýüregim ýanyp, Göz ýaşlap, ejizläp otyryn aglap. Alla jana üstümizden arz edip, Baryny Baryny aýdyp ber balam! *** Hiç ynsana bil baglama, Ýakynym, hossarym diýip. Hatda kölgämizem bizi Garaňkyda gidýär goýup Bu bir fiziki hadysa, Ýöne ýadanda göwrämiz, Ruhumyz hanjak gyssanýar, Misli agşam kölgämiz. *** Garlawajym meniň, Gördüň-ä özüň, Meniň ganatlarmyň gyrykdygyny. Wah, seredip galdym, Ýitirip yzyň, Bilýäň-ä boýnumyň burukdygyny. Garlawajym meniň, ganatyň ýaýyp, Suwlaryň üstünden gaýyp gelýärsiň. Wah, menden bir göwnüň galmasyn diýip, Göwnüm üçin çyndan oýnap-gülýärsiň. Garlawajym meň, Göz guwanjym sen, Söýgi bize bolup galdy erteki. Ähli umydymdan el ýuwamdan soň, Gelmersiň sen, aglasam-da ýer depip. Garlawajym Bu başymda täjim sen, Köňlümiň töründe höwürtgäň eziz. Garlawajym misli on bäş ýaşynda Söýgi bulagyndan owurtlan bir gyz.. *** Adyň hakydadan öçüp barýar-la, misli bir suwlara ýazylan ýaly... Yza dönüp bilmän akýan derýalar, kä sarç bedew, kä bulutlar mysaly... Tolkunly hanama kürsäp urduň-da, köňül kenarymy gülgüzar etdiň. Soň azajyk özüň dürsäp durduň-da, telwasly kalbymy telbe-zar etdiň. Indi Otyryn men ýalňyz, şermisar, ýer bagyrtlap aglasammy gygyryp?! Nur dideleň ýanyp duran şemmi ýar, Şöhle saçyp gözýaş akýar syrygyp. Adyň hakydadan barýar-la öçüp, suw ýüzüne ýazylan bir arzuw deý. Bilmesem-de durmuş deňzinden içip, adyň zerur eken bir owurt suw deý. *** Sen meniň inim däl, Ýa jana-jan dostum däl, Onsaň men nämäni gaty göreýin?! Öýkeläýin näme üçin men senden?! Bu sözüm güýzdäki ýapraklar deýin Seniň çal beýniňde bişer kem-kemden... Ikimiziň aýdanmyzam manysyz, Şol bir wagtda juda ýakymsyz sözler. Miwesiz agaçlaň ýapraklarynyň Düşüp durşy ýaly manysyz olar. Görsen-e, kalplaryň akmaklygyny, Oýun edýär manysyz jümleler bilen. 04.01.2016. *** Biri bogaz ýyrtyp heňkirýän bolsa, Senem dymýan bolsaň, agzyň mumly dek, Düşün, ýüregiňde erkin bar, bilseň, Goý, ýörmesin olar özün mamla edip. Saňa gygyrýarlar, agzyňy ýumýaň, Dymýaň A sen ahyr dymmaklykdan gork. Saňa gygyrýanlar bedroýdyr gaty, Ýöne dymsaň senem görnersiň bigörk. 2017 1-nji mart. | |
|
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Atlar / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ «Be» harpy / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Dostum, älem seniň çün olar duşman maňa... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |