AHMET AHUNDOW – GÜRGENLI
Belli edebiýatçy, ýazyjy türkmen folkloryny, edebiýatyny toplaýjy Ahmet Ahundow – Gürgenliniň 40-njy ýyllarda halkyň arasyndan toplan edebi-çeper mirasy TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda folklora degişli 716, 966, 347, 340, 716-njy bukjalarda saklanylýar. Olar türkmen folklorynyň dürli-dürli žanrlaryny öz içine alýar. A.Ahundow-Gürgenli Nyýazgül Ahundowanyň toplan mirasyny hem getirip milli golýazmalar institutynyň hazynasyna tabşyrypdyr. Meselem, 716-njy çeşmede Hoja Nesreddine degişli rowaýatlar hem-de hüwdüler, läleler, ýaňlytmaçlar saklanylýar. Olar 1942-nji ýylyň iýun aýynda Nyýazgül Ahundowa tarapyndan ýazylypdyr. Ependi hakyndaky gürrüňleri Nyýazgüle Sary Kaka aýaly aýdyp beripdir. 13 bentden ybarat bolan „Hüwdüleri“ Jemal Rejep gyzyndan 1942-nji ýylyň 15 iýunynda ýazyp alypdyr. Umuman, hüwdüler halkyň arasynda öň aýdylyp gelinýän nusgalar. Ýöne olaryň arasynda delräkleri-de bar. Meselem:
Meniň ballym owadan,
Suwlar akar nowadan,
Süri oglan içinde,
Birje ballym owadan.
Alleý alleý bir ýagşy,
Gyzyl çüwalyň nagşy,
Gaýrada keýik başy,
Ilerde ýüzük gaşy.
Mysallardan görnüşi kimin. 347-nji çeşmede Ahundow Gürgenliniň Esenguly obasynyň taryhyna degişli toplan maglumatlary we ýomut taýpalaryna degişli ýazgylary bar. Bir erteki bilen şol maglumatlar 1936-njy ýylyň awgust aýynda toplanypdyr. Olaryň kimiň dilinden ýazylyp alnandygy belli däl. Çeşmedäki maglumatlary latyn elipbiýinde kompýuterden geçirilen. Ol „Biläni“, „Gül ýaly“, „Aýralyk“, „Diwana beg“ ýaly goşgulary-da öz içine alýar.
696-njy bukjada haýwanlara degişli ençeme ertekiler („Guýa gaçan tilki“, „Garga, syçan we tilkiniň dostlugy“, „Eşek, geçi, tomzak we horaz“, „Towuklaryň patyşasy bolan tilki“, „Tilki we şagal“, „Bedeneden aldanan tilki“, „Ýolbarsa ogullyk bolan şagal“, „It, tazy, goýun we möjek“, „Bürgütden aldanan çaýkel“, „Suwgyn bilen gaplaň“ we şuňa meňzeş.) saklanylýar. Bularyň hemmesi mirasgäriň 1936-njy ýylda neşir edilen, „Bir bar eken“ atly ýygyndysyna girizilipdir. Ýygyndynyň 1-nji sahypasynda „Materiallar men tarapdan redaktirlenen“ soňky sahypada bolsa „men bu ýygyndydaky eserleri arap elipbiýinden latyn elipbiýine geçirdim“ diýen ýazgy bar. Geçirilen wagtyň senesi 1936-njy ýylyň 20-nji ýanwary diýlip goýlupdyr. Arapça golýazmanyň haçan kim tarapyndan ýazylandygy belli däl. Belki, haýwanlar hakyndaky ertekileri arap elipbiýinde mirasgäriň özi toplandyr. Ahunyň ogly bolansoň, ol bu ugurdan sowatly bolmaly. Haýwanlara degişli bu ertekileriň ençemesi haýwanlar bilen bagly toplanan beýleki ýygyndylara-da girizilipdir. Bularyň hersi öz häsiýetlerine görä (Tilki bolsa bir gapdalynda mekirlik bar, goýun sadadan ýuwaş, möjek wagşy, ýolbars akyllydan güýçli, eşek, towuk samsyk, geçi, şagal şermende) hereket edip olaryň üsti bilen adam häsiýetleri açylyp, adamkärçilik, ýagşy gylyklar bilen baglanyşykly pentler edilipdir. Pes gylyklar: açgözlük, husytlyk, ýalançylyk ýazgarylypdyr.
Ahundow Gürgenliniň arap we latyn elipbiýinde ýazylan ýomut taýpasy hakyndaky rowaýatyny „Nirä bakdyrasyň gelse bakdyraý“, „Çatmasaň gaçýar“, „Gyzlaryň oduna gidişi“ ýaly hekaýatlaryny we Esenguly etrabyna gäminiň gelşi, olaryň tutýan balyklarynyň, guşlaryň atlaryny we ş.m. öz içine alýan 317-nji çeşmä (olar birki sany depderden ybarat) „Patyşa we kelje“ atly erteki hem girizilipdir. 340-njy bukjada Gökdepe wakasy bilen baglanyşykly bir gazal (Marydan Gökdepä gelen goşunlaryň garşylanyşy hakynda) we Kaspiniň kenarynda Esengulydan gelen Ahmet atly bir ussanyň Naw (Kese-boýun) ýasaýşy we oňa bagyşlanan bir goşgy bolup, olar kimiň dilinden ýazylyp alnandygy belli däl. Ýaş alym Gülälek Nurbadowanyň berýän maglumatyna görä, Gürgenden tapylan bir topar golýazmalaryň esasynda 1915-1916-njy ýyllarda Gürgeniň Kümüşdepe obasynda ýaşaýan Abdylla Tejen ahun ogly tarapyndan ýazylan Magtymgulynyň goşgular ýygyndysyny mirasgär 1928-nji ýylda Kümüşdepeden getirip, ony özünde aýawly saklap, 1934-nji ýylda „Türkmenkultuň“ kitaphanasyna tabşyrypdyr. Ol ýygyndy Milli golýazmalar institutynyň 76a bukjasynda saklanylýar. Mirasgär Magtymgulynyň saýlanan goşgular ýygyndysyny çapa taýýarlap, 1940-njy ýylda neşir etdirýär.
Hazyna toplaýjy Döwletmämmet Balgyzylyň halkyň arasynda aýdym edilip aýdylýan ençeme goşgularyny („Gyz gelýär“, „Günlerim“, „Naryňa seniň“, „Gezen ýerlerim“, „Gelin“, „Ýarymdan Bibi“, „Arzy han“, „Sen bir ýana söwdügim“, „Köňlüm şony“, „Döneýin“, „Bibiniň“ we ş.m.) hem şahyr barada käbir maglumatlary 1935-nji ýylyň 5-nji awgustynda toplapdyr. Olar Golýazmalar institutynyň 315-nji çeşmesinde saklanylýar.
Mirasgär türkmen halkynyň asyrlar boýy timarlap, sünnäläp gelen pähim-parasatlaryny her hili ýollar bilen, hem olaryň öz dillerinden ýazyp alyp, hem eline düşen golýazmalary, köne kitaplary toplapdyr. 882-nji bukjada Ahundow Gürgenliniň ussat ýazyjy Ata Gowşudowyň „Magtymguly we halk döredijiligi“ diýen işiniň gymmaty hakynda düýpli pikir ýöreden syny saklanypdyr. Bu maglumatlar onuň zehinli edebiýatçy bolandygyny tassyklaýar. Ata Gowşudowyň „Görogly“ şadessanyny çapa taýýarlaýandygyny bilýän Ahmet Gürgenli Leningradda (häzirki Sanktpetrburg) okaýarka, eline şadessan bilen baglanyşykly ýekeje setir düşse-de ýazyja ýollapdyr. Ýokarky çeşmede arap elipbiýinde ýazylan „Görogly“ şadessanynyň „Öwez getiren“ şahasy saklanylýar. Ony-da mirasgäriň iberen bolmagy mümkin. Ol Göroglynyň tiresi, ýaşan döwri, ýer-ýurdy bilen baglanyşykly maglumatlary-da 1941-nji ýylyň 10-njy fewralynda Ata Gowşudowa ýazan hatynda ýollapdyr hem „Göroglyny“ bileje okamak üçin ýazyja Sanktpetrburga iş saparyna gelmegini haýyş edipdir.
Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda folklora degişli 1490-njy çeşmede Ahmet Gürgenliniň ýazyja Leningraddan ýazan haty saklanylýar. Ony 1940-njy ýylyň 25-nji noýabrynda ýazypdyr. Onda şeýle setirler bar. „Atam, „Görogly“ romany Gündogary öwreniş äleminde uly-uly rol oýnaýar. Ony basym çykarmak üçin onuň üstünde arman-ýadaman işlemegi özüňe gündelik we hemişelik wezipe edin. Sen „Göroglyny“ Görogly et, olam seni Görogly etsin“. Ölmez-ýitmez bu ajaýyp ýadygärligiň gadryny bilýän, ony halka ýetirip bilseň, olar üçin näderejede bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyk bolup biljekdigine akyl ýetirýän Ahmet Gürgenli bu ajaýyp ýadygärligi töwerekden „gabanýar“. Onuň halka gowuşmagyna howlugýar, dostuna şeýle maslahat berýär. „Görogly“ türkmeniňki däl“ ýa-da türkmenlerde bolsa hem asly biziňkidir“ diýýänlere ýa-da diýmek isleýänlere hiç bir zat diýme! Ýöne „Göroglyny“ (Körogluny) turuz-da görkez“ (25 X-40 ý.)
Mirasgäriň terjimehalyna degişli, onuň toplan edebi-çepermirasy bilen baglanyşykly sahypalarda we beýleki maglumatlarda anyk ýazgylara az gabat gelindi. Hazyna uly, belki, bardyr, ýöne biz onuň üstünden barmadyk. Biz Ahmet Gürgenliniň terjimehalyna degişli käbir maglumatlary Gülälek Nurbadowanyň ady agzalan makalasyndan we „Garagum“ žurnalynyň 2013-nji ýylyň 5-nji maýynda çykan sanynda ol hakdaky maglumatlardan aldyk.
Ahmet Ahundow – Gürgenli 1909-njy ýylda Eýranyň Kümüşdepe şäherinde dünýä inýär. Onuň kakasy Rejep aga dini ugurdan ýokary bilim alypdyr. Ol başlangyç bilimi kakasy Rejep Ahundan alypdyr. Rejep ahun Allaguly şahyryň ogludyr. Ahmet Gürgenlä döredijilik işinde atasynyň täsiri ýetipdir. Ol Gürgenli (Gürgenli onuň edebi lakamy) türk we pars ýediýyllyk mekdebinde okapdyr. Çagalygy Esengulyda, Balkandyr, Şagadamda, Kümüşdepede geçen mirasgär 1926-njy ýylda Aşgabatdaky işçi ýaşlar mekdebinde okaýar. Orta bilim alansoň, 1930-njy ýylda Türkmenistan halk magaryf komissiýasy ony Leningrada (häzirki Sanktpetrburga) okuwa iberýär. Ol ýerde Gündogary öwreniji Ý.E.Bertels, A.N.Samoýlowiç ýaly uly alymlardan tälim alýar, öwrenýär. Şol döwürde ol beýik şahyr Magtymgulynyň döredijiligi bilen bagly monografiýa ýazýar.
Şahyr üç ýyldan soň, Sankt-Peterburgda instituty tamamlap, Aşgabatda türkmen döwlet ylmy-derňew Dil we edebiýat institutynda (häzirki TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty) işläp başlaýar. Ol 1940-njy ýylda Sankt-Peterburga aspirantura okuwa gidýär. Emma ýaş alyma ony tamamlamak nesip etmeýär.
Urşuň başlanmagy bilen Watan goragyna gidýär. 1943-nji ýylyň tomsunda, söweş meýdanynda, ajaýyp arzuwlary amala aşman gurban bolýar. Belli edebiýatçynyň, mirasgäriň, ýazyjynyň döredijiligi barada „Garagum“ žurnalynda şeýle maglumat getirilýär.
Ahmet Ahundow – Gürgenliniň edebi mirasy onlarça goşgudan, „Ýaş kiçi Gurban“, „Geldi we Berdi“, „Jansyz kebelek“ diýen hekaýalardan „Gul ogly Myrat“, „Gürgen jülgelerinde“ powestlerinden, toplan kyrka golaý ertekisinden hem-de nusgawy edebiýatymyza degişli onlarça ylmy makalalardan ybaratdyr. Onuň az wagtlyk ömründe toplan edebi çeper mirasy beýleki hazyna toplaýjylaryň tagallasy bilen dürli-dürli ýyllarda halka ýetirildi. Onuň çagalar üçin taýýarlan ýygyndysy, edebi-çeper eserleri ýaşlara uly sowgat boldy. Ýazyjynyň ýaşlarda ýagşy gylyklary terbiýeleýän „Gürgen jülgelerinde“ atly powestini Kasym Nurbadow 1992-nji ýylda çapa taýýarlap halka ýetirdi.
Magtymguly Pyragynyň saýlanan goşgular ýygyndysyny latyn elipbiýinde ilkinji gezek A.Ahundow Gürgenli çapa taýýarlap 1940-njy ýylda neşir etdirýär.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly