22:38 Akja towuk / hekaýa | |
AKJA TOWUK
Çagalar edebiýaty
Ogulnur enemiň kän towugy bardy. Goňşymyz Täzegül ejäniňem towugy biziňkiden azdy. Ýöne olaryň bary bir ýerde, sürlenişip gezenlerinde, olary biri-birinden tapawutlandyrmak kyndy. Şonuň üçinem enem öz towuklarymyzyň çep aýagyna birmeňzeş matadan tikilen halkajyk geýdirerdi. Onsoň menem towuklarymyzy şol halkajykdan tanap bilýärdim. Bir gezek şeýle boldy. Akja towuklarymyzyň biri gaýraky gyrymsy agaçlykdan käkeläp çykdy. Ol soň-soňlaram şeýtdi ýördi. Eneme aýtdym welin, ol "Bi towuk şol agaçlaryň arasynda ýumurtgalap ýören bolaýmasyn?" diýdi. Gözledik. Ýöne tapmadyk. Haýran galaýmaly. Ertesi şol towugymyz nirädir bir ýana ýitirim boldy. Biz ony gözläp goňşy-golamlara-da aýlandyk. Olaryň towuklarynyň arasyna goşulandyr öýtdük. Her näçe gözlesek-de, biziň akja towugymyzdan derek bolmady. Aradan esli gün geçdi. Indi ony käte-käte enem ýatlaýmasa, meniň-ä birçak ýadymdan çykypdy. Bir gün ir bilen daşarda enemiň bişiren geçi süýdünden içip otyrdym. Edil şol mahal howlymyzda bir akja towuk peýda boldy. Yzynda-da bir topar akja jüýje. Görsem, hakyt,şo-ol birmahalky ýitirenje towugymyz. Çep aýajygam halkalyja. Şo mahalky begenäýşimi diýsene. Men öýe bakan ylgadym. - Ene, ene, buşluk! Towugymyz gelipdir. - Oglum, haýsy towugyň gürrüňini edýäň?—diýip, enem oturan ýerinden gozganman sorady. - Ho-ol, ýitdi diýip ýördüg-ä! - Hany, görkez, oglum, ýalňyşýan bolaýma! Biz daş çykanymyzda, akja towugymyz jüýjelerini yzyna tirkäp, howlynyň içinde arkaýyn aýlanyp ýör eken. Garry enem olary görüp, ýüz-gözümden taýly gezek ogşady. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |