AKMUHAMMET AŞYROW
Akmuhammet Aşyrow türkmen sazly folkloryny öwrenmekde irginsiz işlän alymlaryň biridir. Ol 1956-njy ýylda Çärjew (Türkmenabat) pedagogik (mugallymçylyk) institutynyň türkmen filologiýasyndäki fakultetini tamamlandan soň, ilki mugallym, soň 1961-1965-nji ýyllarda Türkmenistanyň „Bilim“ ministirliginiň pedagogik ylmy-barlag institutynda işleýär. 1966-njy ýyldan 1987-nji ýyla çenli Türkmenistan teleradio kompaniýasynyň sazly gepleşikler bölüminde redaktor, baş redaktor wezipesini ýerine ýetirýär. Ol 1996-njy ýyldan 1998-nji ýyla çenli Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda uly ylmy işgär, sazly folklor sektorynyň müdiri bolup işleýär.
A.Aşyrow „Kyrklar“, „Könegüzer“ (1992). „Türkmen halk dessanlary“, „Rüstem zal“ ýaly ýygyndylary çapa taýýarlap neşir etdiren alymdyr.
Mirasgär türkmen sazy hem sazandalary barada iňňän köp maglumatlary toplaýar. Onuň folklor bagşyçylyk sungatyna degişli ençeme makalalary çap edilýär. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň sungatda Atgazanan işgäri A.Aşyrow „Bagşylar“ „Mukamlar başy“, „Apat“ atly kitaplary çapa taýýarlapdyr.
Ol Mary welaýatynyň Murgap etrabynda 1935-nji ýylda eneden bolup, 2007-nji ýylda Aşgabatda aradan çykýar.
Akmuhammet Aşyrowyň maşgalasy bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan mirasy öwreniji Akgül Saparowa “Garagum” žurnalynyň okyjylaryna şeýle gürrüň beripdir: “Akmuhammet aganyň giň iş otagynyň diwarlaryndaky tekjelerde demir gapyrjaga gaplanan aýdym-saz ýazgylary, kitapdyr elýazmalar, ýazgy enjamlary esli ýer tutup durdy. Her gezek baranymda onuň şahsy arhiwi bilen gyzyklanýardym. “Tüweleme, uly iş edipdir” diýip içimi gepledýärdim”.
Türkmenistan YA-nyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasyndaky folklora degişli bölüminde Akmuhammet Aşyrowyň dürli-dürli ýyllarda ýazga geçiren ençeme bagşylaryň aýdymlaryny, olar hakdaky rowaýatlary, gyzykly-gyzykly gürrüňleri öz içine alýan kassetalar saklanylýar. Olar 974, 976, 1201, 987, 967, 1199, 974, 1099, 1222, 1201, 1029, 940, 1170, 1199, 978, 1100 belgili kassetalarda ýerleşipdir. Olaryň arasynda dürli-dürli dessanlardan, hatda tutuş dessanyň özüne degişli aýdymlar bar. Meselem, 1170 belgili bukjada “Ýusup Ahmet” dessanyndan bir kasseta, 971 belgili bukjada “Nejep oglan” dessanynyň aýdymlaryny öz içine alýan 2 kasseta bar. “Görogly” eposynyň 971-nji, 992-nji bukjalarda saklanylýan “Bezirgen” şahasyny Palta bagşy aýdypdyr. Ol birnäçe kassetadan ybarat. “Göroglynyň” “Arap daňan” şahasyny Namazbaý bagşy ýerine ýetiripdir.
“Arap daňan” 988-nji belgili bukjada saklanyp, 2 kassetadan ybarat. Begjan Baýramdurdyýewiň aýdan “Görogly” eposyndan “Öweziň dara çekilişi” şahasy 2 kassetadan ybarat bolup, ol 1100 belgili kassetada.
987-nji bukjada ýerleşýän “Döwletýar begi” Altybaý aga aýdypdyr. 940-njy belgili kassetada ýerleşen “Saýatly-Hemra” dessanyny Öwlüýäguly bagşy ýerine ýetiripdir. Başga-da ençeme kassetalarda türkmen şahyrlarynyň aýdymlary, türkmen dessanlaryndan aýdylan bölekler, aýdymlar saklanylýar. Olaryň birnäçesini bagşylar Artyk Durdyýew, Ýolly Jumadurdyýew, Gurt bagşy aýdypdyr.
Halk mirasyny hem söz hem saz bilen halka ýetirmegiň kalba ýetirýän täsirini söz bilen düşündirmek aňsat däl, olaryň terbiýeleýjilik güýjüni-de. Bu Akmuhammet Aşyrowyň saz sungatyny, söz sungatyny halka ýetirmekde eden uly hyzmatydyr.
Akmuhammet Aşyrowyň özem aýdym-sazy çaksyz söýensoň, galyberse-de dürli-dürli bagşylary ençeme etraplarda diňländen soň, olaryň aýdýan ýollaryna, aýdyş usulyna, galyberse-de olara halkyň garaýşyna juda belet bolupdy. Hatda bagşylar şol bir dessanlary-da dürlüçe ýerine ýetiripdir. Käbir bagşylar aýdýan aýdymlarynyň şygyrlary bilen baglanyşykly diňleýjilere gyzykly-gyzykly rowaýatlary aýdyp beripdir. Käbir bagşylar meselem, “Görogly” eposyndan aýdanda oňa degişli şygyrlarynda Göroglynyň keşbini çekip, galkyp-galkyp, joşup-joşup aýdypdyr. Ýagny onuň keşbini janlandyrypdyr. Beýle ýagdaýda diňleýjileriň mert, gaýratly ýigidi gören ýaly bolup, onuň keşbini kalbyna jaýlapdyr.
Bagşylar bilen baglanyşykly bu janlandyrmalarda-da, gahrymanyň duýgularyna girip, labyzly, şirin-şirin aýtmakda-da saz sungatyny, bagşylary öwrenijiniň gözünden sypmandyr. Ol saz sungaty, bagşylar, sazandalar hakynda olary her tarapyndan tanyşdyrýan makalalar bilen metbugatda yzygiderli çykyş edipdir. Ine, olaryň käbiri: „Türkmen aýdym-saz ýadygärlikleriniň taryhyndan“, „Ýadygär nusgalar“.
A.Aşyrowyň „Köne güzer“ (1992), „Kyrklar“ ýaly saz sungatynyň syrlaryny açýan kitaplary bu sungatyň taryhyny, türkmen bagşylarynyň diňe bir aýdym aýtmakdy ussatly däl, olaryň halk mirasyny aýawly saklap, ony şirin mukam bilen halkyň kalbyna ýetirmekdäki uly hyzmatlaryny açýar. Bagşyçylyk sungatyny öwrenmeklige ömrüniň kyrk ýylyny bagyşlan alymyň 1992-nji ýylda neşir etdiren „Köne güzer“ atly ýygyndysy saz sungatynyň meşhur halypalarynyň halkymyza ýadygärlik galdyran gymmatly nusgalaryny, saz sungatyny hem sazandalar hakyndaky rowaýatlaryny, dokumental oçerklerini öz içine alýar. Bu ajaýyp gymmatlyklaryň sazçylyk sungatyny öwrenmekde, bagşylary, olaryň şirin dil bilen aýdýan aýdymlaryny, onuň manysyny, gymmatyny halka ýetirmekde neneňsi hyzmatynyň bolup biljegi sözsüzem düşnükli. Onuň „Kyrklar“ kitaby-da bagşyçylyk sungatyny öwrenmekde uzak ýyllaryň azaby siňen miwesidir. Kitap türkmen bagşylary, olaryň inçe sungatynda gazanan abraýy, terjimehallary, olar hakdaky gyzykly-gyzykly gürrüňleri öz içine alýar. Saz sungaty sazandalar hakda aýdylýan, eşidilýän gürrüňleriň şol sungatyň özi ýaly şirinden-şirin täsiri bar, terbiýeleýjilik güýji bar. Bu mirasgäriň uly hyzmaty. Akmuhammet Aşyrow bagşylara degişli köne ýazgylary dikeltmekde bolup geçen bir wakany mirasy öwreniji Akgül Saparowa gürrüň beripdir. Ol 1964-nji ýylda türkmen döwlet arhiwinde ses ýazgylaryny diňlemeklige gatnaşanlarynda diňlenenleriň içinde 1939-njy ýylda mehanik ýazga alnan üç bagşynyň sesini tanamadyklaryny gürrüň beripdir. Ahyrda Sahy Jepbarowa ýüz tutmaly bolupdyr. „Bilen barmy“, „Amman-amman“, „Körata“, „Zülpüň seniň“ ýaly aýdymlar aýdylyp başlanandan soň, „Bu köşüli bagşynyň sesi ýaly-la“ diýip, Sahy Jepbarow bagşynyň aýdymlaryny ýüzüne syldy“ diýip ýatlapdyr. Şol aýdymlaryň ýigrimä golaýy Hally bagşa degişli bolup, galanlarynyň 17-si, ýagny tanalmadyk bagşy Hally bagşynyň şägirdi gökjeli Oraz sopynyň aýdan aýdymlary, galan 8-ini Sary Garryýew aýdan bolup çykýar. Köne aýdymlary dikeltmeklige gatnaşmagam saz sungatyna, ony dikeldip halka ýaýmaklyga edilen hyzmatlaryň biri.
A.Aşyrow „Bagşyçylyk kerweni“ atly 200-e golaý bagşy, olaryň bu ajaýyp sungata hyzmaty, olaryň halka gatnaşygy, ömür ýoluny öz içine alýan kitabyny neşire taýýarlap goýupdyr.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly