ALLABERDI ORAZTAGANOW
Halkyň arasynda gezip iň köp folklor mirasyny ýygnap alymlaryň biri-de Allaberdi Oraztaganowdyr.
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda mirasgäriň ýurdumyzyň günbatar, aýratyn hem Balkan welaýatynyň etraplaryndan dürli-dürli wagtda toplan edebi gymmatlyklary 895, 1274, 1864Э, 1048, 1028, 3512Э, 1689Э, 1084, 2185Э, 3863, 3864, 1615Э, 3774Э-nji bukjalarda saklanylýar. Elbetde, olaryň arasynda Balkan welaýatynyň obalarynda has ýörgünli bolansoň, küştdepdi bentleri köp. Olar uçdantutma diýen ýaly toýlarda, märekelerde aýdylyp, oba ýaşlarynyň, durmuşy, arzuw-islegleri bilen bagly. Şonuň üçin olar toýuň şagalaňyny artdyrýar.
Diňe bir 895-nji bukjada mirasgäriň Balkan welaýatynyň etraplaryndan, obalaryndan toplan 300 sahypa golaý edebi mirasy saklanylýar. Ol hazyna toplaýja degişli iň baý bukja. Bukjada A.Oraztaganow onuň mazmunyny, möçberi bilen bagly beripdir. Meselem, nakyllar 37 sany, öleňler 12 sany, idiomalar 5 sany, ýomaklar 33 sany, matallar 15 sany, ýaňyltmaçlar 5 sany, hüwdüler 27 sany, läleler 54 sany, küştdepdiler 40 sany we başgalar. Çeşmede ownuk žanrlara degişli birgiden eserler “Mollanyň berimi bolmaz”, “Akylly ýeňer”, “Patyşa bilen däliniň aýdyşygy”, “Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez”, “Menden guýruk awusy gitmez- sendenem - ogul”, “Ýagşylyk bilen ýamanlyk”, “Üç körüň bir ýerde ölüşi”, “Ýakma bişersiň, gazma-düşersiň”, “Senewer patyşa we aýaly”, “Şugul”, “Ker adam”, “Igdir handan çykan”, “Şagal we horaz”, “Possun bazarynda sataşarys”, “Ýaman aýaldan aždarha gaçan şekilli”, “Üç dogan”, “Baý ogly Hasan”, “Myraly bilen Soltan Söýüniň aýdyşygy” ýaly kyssa eserleri orun alypdyr.
Şol sanda bukjada Seýitnazar Seýdiniň “Goşa pudagym” dessanyndan, “Nejep oglan”, “Şasenem Garyp”, “Zöhre-Tahyr”, “Ýusup-Ahmet”, “Ýusup– Züleýha” dessanyndan bölekler, Magtymgulynyň, Şeýdaýynyň, Şabendäniň, Döwletmämmet Balgyzylyň käbir goşgulary saklanylýar.
Bukjanyň agramly bölegini nakyllar tutýar. Olardan käbir mysallar: “Gaýgysyz gara suwa semrär”, “Kerrew goýun giç ürker”, “Alyp asgyn bolandan, berip beýik bol!”, “Ýüz metjit gurandan, bir geçit ýagşy”, “Aýaly bolmadygyň, golaýy bolmaz”, Hünärsiz är, hasylsyz ýer”, “Dostuň tilki bolsa, gapanyň gurulgy bolsun!”, “Ylym akylyň ýarysydyr”, “Haýwan agzyndan, adam gulagyndan semrär”, “Suwa söýenme, duşmana ynanma”, “Dil görki söz, ýüz görki göz”.
Nakyllary mirasgär Balkan welaýatynyň Akguýy, Jebel, Käriz şäherçelerinden, obalaryndan Balkanabat, Gumdag şäherlerinden hem Türkmen döwlet uniwersitetiniň filosofiýa fakultetiniň mugallymlaryndan, talyplaryndan ýazyp alypdyr. Ýazyp alan wagty 1956-njy ýylyň oktýabr aýy.
Mirasgär bu çeşmede nakyllary aýdyp beren adamlaryň atlaryny-da ýazyp alypdyr. Hazyna toplaýjy ençeme nakyllary Krasnowodskiy (häzirki Balkan welaýatynyň Akguýy obasynyň öňki ýaşaýjylary, Tölegenow Durdygulynyň, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, öý hojalykçy aýal Nurberdiýewa Nurbibiniň dilinden ýazyp alypdyr. Elbetde, nakyllaryň ençemesi öň eşidip ýörlen nakyllar.
Görşümiz ýaly, bukjadaky toplanan miras türkmen folklorynyň ähli žanrlaryny, görnüşlerini öz içine alyp, olar mazmuna juda baý. Olaryň arasynda başga-başga mirasgärleriň beýleki welaýatlardan, etrapdyr obalaryndan toplan ertekilerine, lälelerine, nakyllaryna, rowaýatlaryna meňzeşleri-de, täzeleri-de bar. Hatda şol meňzeşleriň-de mazmunynda, aýdylyşlarynda käbir tapawutlar bar. Barybir, olaryň türkmen folkloryny baýlaşdyrmakda hyzmaty uly. Meselem, bukjadaky “Horaz we şagal” atly gysgajyk kyssa eseri beýleki çeşmelerde gabat gelenok. Onda şeýle diýilýär: “Bir şagal bir horazy tutupdyr. Horaz oňa:
–Mende näme günä bar? - diýen. Şagal:
–Men seni iýjek – diýipdir.
–Meniň çigit ýaly günäm bomasa näme?
–Sende günä kän, ony özüň bileňok. Adamlar jygasyny kellesine gysdyrsa, sen ardyňagysdyrýaň. Adamlarbir aýal bilen oňsalar, sen elli-altmyş mäkiýana eýe bolup ýörsüň – diýen. Horaz pahyr sesini çykarmandyr.
Mirasgär türkmen folklorynyň dürli-dürli žanrlaryna degişli halkyň arasyndan toplan kyssa eserlerini, goşgulary diňe sapara gidende toplaman, gezen, okan ýerlerinden ýaltanman ýygnapdyr. A.Oraztaganow 1966-njy ýylyň 24-nji martynda kandidatlyk dissertasiýasyny goranda şahyr Meretguly Garryýew goşgy bilen gutlapdyr.
Allaberdi aýlanyp,
Oba-oba gezse-de,
Düşüp Garrygalada,
Kä Kaspide ýüzse-de,
Ýadamany bilmedi,
Giden ýerden getirdi
Mirasymyz toplamakda
Ep-eslije iş bitirdi
Allaberdi Oraztaganow edebi mirasymyzy toplamak işine heniz uniwersitetiň talyby bolup işläpýörkä başlaýar – diýip alym Arazsähet Mämmetjumaýew ýazýar we olaryň ençemesini ýatlaýar.
Türkmen folkloryny öwrenijileriň biri, professor Nazar Şükürow şol döwürlerde Allaberdi Oraztaganowyň diňe nakyllaryň özünden 1000-e golaýyny toplandygyny we golýazmalar hazynamyza tabşyrandygyny gürrüň berdi. Ol nakyllar häzir Milli golýazmalar institutynyň „Halk döredijiligi“ bölüminde 895-nji bukjasynda saklanylýar. Allaberdi aganyň haýsy şahyrlaryň edebi mirasyna degişli maglumtlary toplandygyny sanaýmak dilde aňsat däl. Sebäbi ol, jemläp aýtsak, 160 töweregi şahyryň edebi mirasyna degişli maglumatlary toplapdyr. Olaryň köpüsi diňe Allaberdi aganyň hyzmaty bilen ile mälim boldy diýip Nazar Şükürow ýatlaýar. Ol türkmenler nirede, haýsy ýurtlarda ýaşaýan bolsa, uzak diýmän, azap diýmän ýola düşdi. Şeýlelikde, ol Garagalpagysdanda-da, Stawropolda-da, Täjigistanda-da, Gazagystanda-da, Eýranda-da, uzak Gagauz ülkesinde-de bolup gördi, ol ýerlerdäki türkmenler bilen söhbetdeş boldy, edebi mirasymyza degişli maglymatlary toplady, köp-köp dessanlary, goşgulary, maglumatlary ýazyp aldy. alym 300-den gowrak magnitofon kassetasyny ýazyp alyp, sungat institutynyň laboratoriýasyna tabşyrypdyr.
Hawa, 40 töweregi kitap, 300-den gowrak makala, 300-den açdyk içi dürli dessanlardan, aýdymlardan doly magnitofon, kassetalary edebi mirasy toplanylan we öwrenilen 160 töweregi şahyr, 100-den az bolmadyk ylmy saparlar, ekspedisiýalar, 100-e golaý golýazmalardyr folklor maglumatlary, 100-den geçýän dürli temadaky leksiýalar, ençeme konferensiýadaky dokladlar, 20-den gowrak redaktirlenen kitaplar, 25 sany kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýasyna ýazylan synlar, ençeme terjimeler,goşgular, hekaýalar... bir ömür bezäp bilse gerek.”
Alymyň eden bu bimöçber işlerine belet şahyr K.Nurbadow şeýle seslenipdir:
Türkmenistan ilini,
Paý-piýada keş etdi,
Oba-oba aýlanyp,
Ýazyp aldy küştdepdi.
Ýükün tutdy folklordan,
Hüwdi, matal, läleden...
Baýram şahyr, Balgyzyl,
Dünýä indi täzeden.
Onuň eden işlerin,
Sanasaň käne ýetdi,
Onda Owgana ýetdi,
Munda Eýrana ýetdi.
Halkyň arasyndan toplanan eserleriň uly gymmaty olaryň ynsany terbiýelemekdäki, olarda ynsanperwerligi, watanperwerligi, kiçigöwünliligi, wepalylygy öwredýänliklerinde. Halk tarapyndan asyrlar boýy döredilen bütin miras öwredijilikhäsiýeti bilen halkyň hyzmatynda. Hazyna toplaýjylaryň, olary aýdyjylaryň edýän işleriniň gymmaty toplanan mirasyň ýagşy gylyklary terbiýelemeklige gönükdirilendiginde. A. Oraztaganowyň ýygnan mirasynyň haýsy žanra, görnüşe degişlidigine garamazdan, hemmesi şol ýörelgeden ugur alýar. Meselem, “Ýagşylyk bilen ýamanlygy” alyp görjekmi, ýa-da, “Menden guýruk awysy gitmez, sendenem ogul“ atly ertekini alyp görjekmi?Rowaýatlarda, hekaýalarda, ertekilerde halk ýönekeýje wakalaryň üsti bilen çuň mazmuny bermegi başarypdyr. Ol eserlerde ýagşylyk bilen ýamanlyk deňeşdirilip, ýagşylyk edene sarpa goýmazlyk, açgözlük, nebisjeňlik, doňýüreklik ýaly ýaramaz gylyklar paş edilýär welin, ýaramaz gylykly gahrymanlar hereketleri, sözleri bilen gözden düşýär. Soň bolsa çekmeli jezalaryna öz aýaklary bilen gelýärler. Meselem, ýygyndydaky “Menden guýruk awysy gitmez, senden hem ogul” atly kyssa eserinde gürrüň (bu eser öň halka hödürlenen ertekileriň arasynda gabat gelýär) ýylan bilen dostlaşan bir garyp hakynda gidýär. Dosta kast etmek, dönüklik etmek ýylandan däl-de, nebsine akylyny jylawladan bir açgöz adamdan başlanýar. Adam adamçylylgyny ýitirende, ýyrtyjydan hem, zäherli ýylandan hem geçirýän bolarly. Ýagşylyk bilmez, nebisjeň garry ýylana günde berýän bir jam gatygynyň öwezine, ondan alýan bir tyllasyny az görüp, tyllalaryň baryny birden almagy ýüregine düwüp, ýylana kast edýär, ony öldürmegi göwnüne düwýär. Ýylan diňe ýagşylyga garaşýan, “dostunyň” matlabyny duýup, gaçyp ýetişýär. Ýöne guýrugy hininiň daşynda galyp ondanjyda düşýär. “Dostundan” erbet awunan ýylan hem ýylanlygyny edip ondan erbet ar alýar. Netijede, ýylan guýruksyz, nebisjeň garry perzentsiz galýar.
Şeýlelikde, A.Oraztaganowyň halkyň arasyndan toplan söz hazynasynda-da adalat adalatsyzlykdan üstün çykýar. Ol hazynanyň gymmatam şu häsiýetinde jemlenýär. Sebäbi olarda bu baýlyklary döredip, gyzylyň gyryndysy ýaly edip saklap, söz bilen, saz bilen halka ýetiren, ýaýradan adamlaryň, toplaýjylaryň isleg-arzuwlary ýatyr.Meselem, çeşmedäki “Ýagşylyk bilen ýamanlyk” atly terbiýeçilik gymmaty maňzyňa batýan ertekide-de ýagşy häsiýeti , niýeti bilen özüni aldyran, ýagşylyk edip uly bagtyň üstünden baran erteki gahrymany abraý gazanýar. Niýetini ýamana tutup, açgözlügi bilen ýoldaşyna ýamanlyk eden husyt emeline çolaşyp, heläk bolýar.
“Ýakma - bişersiň” atly ertekide bolsa gum tilkisi hem gyr tilkisiniň üsti bilen biri-birine al salyp iň soňunda aňňalak gapyp galýan adamlar paş edilýär. 895-nji bukjada aždarhadyr ynsanyň dostlugy bilen baglanyşykly “Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez” nakylynyň döreýşi bilen baglanyşykly gysgajykdan gyzykly kysssa eseri bar.
1084-nji bukja Allaberdi Oraztaganowyň TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işleýärkä, 1966-njy ýylyň martyndan 22-nji maýyna çenli aralykda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy, Balkanabat, Çeleken, Esenguly, Gyzyletrek etraplaryndan toplan edebi mirasyny öz içine alýar. Olar dürli-dürli adamlaryň Mämmetorazyň, Aşyk Çaňlynyň, Töre şahyryň, Ýagşymämmet şahyryň dillerinden ýazylyp alnan. Küştdepdiler häzirki wagtlarda tansly aýdym hökmünde ulanylýan bolsalar-da, olaryň mazmunlary dürli-dürli döwürleri-de öz içine alýar. Meselem, olarda şeýle setirler bar:
Huw diýip çykdym ýola,
Bakmadym sagdan-sola,
Sagdan sola bakanda
Molla bazar diwana.
Bu setirlerde XVII asyryň ahyrynda, XVIII asyr başlarynda ýaşap geçen Meşrep diwananyň, ýagny Babarahym meşrebiň Buharada tälim alan ahuny molla Bazara (Hoja Abdulla) bagyşlap ýazan goşgusyna meňzeşlik bar:
Magrufiýetiň gülzary
Mola Bazar diwana,
Aşyklaryň serdary,
Molla Bazar diwana.
Babarahym Meşrebiň galmyk gyzyna bagyşlap ýazan şygyrynda şeýle setirler bar:
Wada kyldy bir geleý diýip göze uky gelmedi,
Delmuryp ýolunda durdum şahy badha gelmedi,
Niçe geldi şum rakyplar,
Ol perara gelmedi.
Türkmenbaşy şäherindekä№2 mekdebiniň okuwçylarynyň: G.Gylyjowanyň, Tahyrowanyň, H. Nyýazowanyň dillerinden ýazylyp alnan kuştdepdilerden bir bent:
Sen geleý diýp wada kyldyň,
Gözüme uky gelmedi,
Delmuryp ýollarda galdym,
Şahy merdan gelmedi.
Küştdepdileriň arasynda häzirki zamana degişli, käsi ýumora eýlenen degişme häsiýetli bentler-de bar. Elbetde, olaryň hemmesi çeperçilik taýdan sagdyn diýip bolmaz. Sebäbi olaryň ençemesi ýüzugra döredilen hem aýdylypgoýberilýänbentler. Meselem:
Aryp ýo-ga, aryp ýok,
Magazinde ýaglyk ýok.
Okamasa gyzlaryň
Kellesinde şarik ýok.
Muňa garamazdan, olaryň mazmunyndan durmuşyň köp taraplaryna göz ýetirmek bolýar. Bulary seljerilendeküştdepmeler hakynda pikirýöredip, A.Oraztaganow aýdymly hem tansly ýerine ýetirilýän bu özboluşly žanryň gadym döwürden gelýän köklerine nazar aýlaýar. Onuň zikr-jäher diýen arap sözi bolup, Taňryny ýatlap, onuň şanyna owazly doga okap, ony wasp edip gepleşmekden gelip çykandygyny nygtapdyr. Galyberse-de, hazyna toplaýjy olary dini rowaýatlar bilen baglanyşdyryp, Zekeriýa pygamber bilen baglanyşygy, umuman, onuň gelip çykyşy barada dürli-dürli maglumatlar getiripdir. Käbir ýerde zikiriň hassalara, , ýaramaz ruhlara, dälilere okalýan doga hökmünde hem alynýandygyny belläpdir. Monjugatdylarda olaryň käbir bentleriniň Gul Süleýman Bakyrganyň, Bahaweddiniň, Nagyşbendiniň Magtymgulynyň we ş.m. eserlerinden alnyp, dälini ýa näsagy özüne getirmek üçin aýaklaryny depip seslenipdirler, soň olar toýlarda ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Küştdepme aýdymlary aýratyn hem Balkan welaýatynda has ýörgünli.
1028-nji bukjadaky maglumatlaryň, edebi çeper eserleriň hemmesi Daşoguz welaýatynyň Kalinin ( häzirki Boldumsaz) şäherçesiniň ýaşaýjysy Artyk bagşynyň dilinden, 1964-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Nazar Kürräýewiň, A.Oraztaganowyň, K.Seýitmyradowyň gatnaşmagynda ýazylyp alnypdyr. Bukjadaky 8 sahypadan ybarat bagşylar barada maglumatlar hem “Saýatly - Hemra”, “Görogly” eposynyň Harmandäli şahasyndan bölekler, şorta sözler, dürli şahyrlaryň goşgulary, başga-da türkmen folkloryna degişli ençeme ownuk žanrlar saklanylýar. Bukjanyň başynda halk mirasyny kalbynda saklaýan, olary aýdym bilen söz bilen halka ýetirýän Artyk bagşynyň terjimehaly barada şeýle maglumat beripdir:
Artyk Durdy ogly 1901-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Ol ýomut türkmenleriň orsukçy tiresinden. Bagşynyň kakasy ol ýetginjek wagty aradan çykýar. Ol döwürde Hywa sebitleri bulaşyk, taýpalaryň arasynda agzybirlik ýok eken. Ilat dürli hanlyklaryň zulumyndan horlanypdyr. Ilatyň ençemesi Arkaç tarapa göçýän eken.
Halk mirasyny ýygnaýyjylary, saza goşup aýdyjy bagşylary tanamak, olaryň hyzmatyna göz ýetirmek üçin bular gymmatly çeşmedir.
Artyk bagşy Magtymguly Garlynyň ýanynda 8 ýyl bolansoň dessançy bagşy bolup ýetişmeginde onuň hyzmaty uly bolup, bagşy ony öz halypasy hasap edipdir. Artyk bagşy “Saýatly - Hemra”, “Görogly” eposyndan “Bezirgen”, “Harmandäli” dessanlaryny Magtymguly Garlydan, “Nejep oglan” dessanyny bolsa Mämmet Anna bagşydan öwrenýär. Galyberse-de, Artyk bagşyTürkmenistanyň ençeme etraplarynda bolup, Hally, Muhy, Rejep, Sary, Mylly bagşy ýaly halkyň arasyndda tanalýan atly bagşylar bilen tanşyp, olardan tälim alypdyr. Artyk bagşy dessanlary aýdanda, olaryň wakalaryny yzygiderlilikde, düşnükli dilde gyzykly edip aýdar eken. Bagşynyň saz gurallary: tüýdükden, dutardan, gyjakdan başy çykansoň oba adamlaryna hezil berer eken.
Artyk bagşynyň atasyna Annasapar diýer ekenler. Onuň dört sany ogly bolup, Artyk bagşy Durdy atly oglundan eken. Artyk bagşynyň özüniň 1932-nji ýylda dünýä inen Esen atly ogly bolupdyr.
Başga-da bukjada A.Oraztaganowyň 1964-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dürli-dürli şahyrlaryň dilinden: ýazyp alan Gajar bagşynyň kärýakmaz gelinlere bagyşlap ýazan “Gelin”, ýaramaz, aldawçy satyja bagyşlap ýazan “Ýaby” (adamyň ady), ýaramaz aýal hakyndaky “Çybyk bolar”, gyş paslyna degişli:
Alty aýlap ýatdy ýerde,
Asmanda galmady perde,
Gazak galdymyka gyrda,
Heý şeýle bir gyş bolarmy?
setirleri öz içine alýan “Gyş bolarmy?”, çaý hakynda “Haldan aýyrdy”, “Içmek”, “Şu ýabyny al menden”, “Baýtal”, “Kirpi” ýaly goşgulary ýerleşýär. Olaryň hemmesinde durmuşda adamlaryň öz aralarynda bolup duran wakalar, “mylaýymja” ýumor bilen paş edilýär. Meselem, baýtal alan bilen ony satanyň arasynda şeýle “gürrüň” bolup geçýär. Iki bent mysal:
–Ýüzleriň ak bolsun, döwletiň artsyn,
Gurban aga şu ýabyňy al menden,
Men-ä namart boldum, sen özüň mertsiň,
Gurban aga şu ýabyňy al menden.
– Ozal özüň sat diýip goýmadyň bizi,
Satma ýadymyzda barmydy biziň.
Alaňda ýokmudy, körmüdi gözüň,
Ýaby özüňe nesip etsin bagşy aga.
Ahyrynda satyjy diýeni geçmänsoň, ylalaşyga gelýär.
–Döwletliniň maly gaýdyp gelermiş,
Bidöwletiň maly ýatyp ölermiş.
Hamala, bir kürräm ýatyp ölenmiş,
Beren pulum gaçan eken hamana.
Goşgular Gajar bagşa degişli bolsa-da, ol folklorlaşyp gidipdir.
Bu çeşmede başga-da Durdy Gylyç şahyryň “Jykyryp”, “Eşekli”, Teke şahyrdan “Aýryldym”, “Nasyr molla”, Baýram şahyrdan “Saýlap öýlener”, Döwletmämmet Balgyzylyň “Göwnüm seni”, Allaguly – Ýylgaýdan “Başyma meniň”, Magrupydan “Başda bellidir”, Magtymgulydan “Garrylykdyr ýaranlar”, “Ýar eýlär”, ýaly şygyrlary saklanylýar.
2185-nji bukjada 24 sahypalyk, daşynda “XIX asyryň ahyrlaryndaky we XX asyryň başlaryndaky türkmen edebiýatynyň taryhyndan” diýlip ýazylan göwrümli ýygyndy saklanylýar. Bukjanyň iç ýüzünde A.Oraztaganow şeýle ýazgy galdyrypdyr.
“Esasan öz dissertasion işim bilen baglanyşykly bu şahyrlaryň jemi 242 sahypadan ybarat goşgularyny TSSR Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky edebiýat institutynyň golýazmalar fonduna mugyt bagyşlaýaryn” aspirant 1 - XII 1963 ý.
Ýygyndyda mirasgär boýdan-başa toplan edebi çeper eserleriniň kimiň dilinden, haçan ýazylyp alnandygyny, şol sanda olaryň ýerleşýän bukjalarynyň sanawyna çenli belläpdir. Bu ýagdaý edilen işiň gymmatyny artdyrýar.
Olar edebiýatçylar, türkmen edebiýatyny öwrenjiler, onuň taryhyny ýazyjylar üçin ygtybarly, ähmiýetli çeşme bolup durýar.
Ýygyndyda dürli-dürli ahwalatlary beýan edýän yşky-liriki goşgular-da, çeper ýazylan, ýumora eýlenen, okalanda ýylgyrydýan goşgular-da ýererlik. Soňky tapgyr goşgulary haýsy şahyr döreden hem bolsa, olardan ýazylan döwrüniň durmuşyny okap otyrmaly. Özünem olar halky eserlere juda ýakyn. Sadadan düşnükli, gyzykly, özboluşly. Meselem, Hally şahyryň juwaza goşmak üçin, agaçdan gurnalan ýaly bir arryk bagyrak göherdi satyn alyp, ony künjara bilen bakyp semredişi, “Eşek semrese eýesini deper” diýlşi ýaly, soň onuň meslikden Hally şahyryň kellesine agyz salşy, göhert eýeleriniň gaharyna, ony bir husyt adama satyşy hakynda. Künjara iýmän tapdan düşen göherdiň Hally şahyryň gapysyna gelip gözýaş döküp ýalbarşy, Hally şahyryň oňa berýän jogaby özboluşly, gyzykly:
Göhert:
Öten ýyl mes boldum, bu ýyl pes boldum,
Durşym bilen bagyryp duran ses boldum.
Özüm gotur boldum, nebit – ys boldum,
Töwellamy alaýmasaň, eý, Hally.
Ejizläňde töwellaňy getirdiň,
Ýara salyp, telim günläp ýatyrdyň.
Etimden ötürdiň süňňe ýetirdiň,
Töwellaňy alar ýaly bolmadym.
3512-nji çeşmede Magtymgulynyň, Durdy şahyryň, Annadurdydyr, Hally şahyryň, Mämmet Oraz dilmajyň, Molla Ýowşanyň, Soltanmämmet we Gurbannepes şahyryň birnäçe goşgulary bilen “Seýdi hoja” poemadan bölek we Kaka etrabyndan toplanan toý aýdymlary (44 sah) Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndan toplanan küştdepmeler (47 sah) rowaýatdyr şorta sözler, lälelerdir hüwdüler, agylar, Balkanabatdan toplanan küştdepdiler (22 sah) bar. Bu gymmatly maglumatlaryň, edebi-çeper eserleriň hemmesini A. Oraztaganow 1968-1973-nji ýyllarda toplapdyr. Bukjadaky edebi çeper eserleriň köpüsini hazyna toplaýjy öň ýazylan golýazmalary alyp, täzeden göçüren bolmaga çemeli.
Meselem, çeşmäniň 21-nji sahypasynda “Kaka etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň edebiýat kružogynyň agzalarynyň (okuwçylarynyň) edebiýat mugallymy Rahym Ymamberdiýewiň ýolbaşçylygynda ýygnan toý aýdymlary” diýen ýazgy bar. Olar bolsa bukjada eslije. Arassaja, düşnüklije göçürilen ol bentler geçen hem dowam edip duran durmuş bilen bagly.
1689-njy bukja mirasgäriň 1958-nji ýylyň 4-nji oktýabyrynda Balkanabat etrabyndan dürli-dürli adamlaryň (bagşy Serdar Nepesowdan, Orazgylyjow Jeýhundan) ýazyp alanhem Magtymgulynyň, Döwletmämmet Balgyzylyň käbir goşgularyny 46 bentden ybarat küşdepdileri, lälelerdir sanawaçlary öz içine alýar.
Görüp geçişimiz ýaly hazyna toplaýjy aýratyn hem Balkan welaýatynyň etraplaryndan uzak ýyllaryň dowamynda halk baýlygyny irginsiz toplapdyr. Olar dürli-dürli awtorlar hem öz taýýarlan ençeme ýygyndylarynyň üsti bilen halka gowşupdyr. Ýene gowşar.
Ol bimöçber hazyna türkmen edebiýatyny, folkloryny öwrenmekde ähmiýetli çeşme.
Galyberse-de, türkmen folkloryny baýlaşdyrmakda olaryň hyzmaty uly.
◆ Allaberdi Oraztaganow 1933-nji ýylda Nebitdag (Balkanabat) etrabynyň Akguýy obasynda eneden bolýar. 2001-nji ýylda Aşgabatda aradan çykýar.
Mirasgär 1949-njy ýylda Türkmenbaşydaky peduçilişäni, 1957-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini tamamlaýar. Soň ol 1949-njy ýylyň awgustyndan 1952-nji ýylyň 27-nji awgustyna çenli Irikli obasyndaky başlangyç mekdebiň müdiri bolýar, soň bolsa öz dogduk obasy Akgoýundaky 4-nji ýediýyllyk mekdepde mugallymçylyk edýär. Soň-soňlar atly alymdyr şahyr bolup ýetişen N.Baýramow, G.Hydyrow, B.Mämmetýazow, H.Taňryberdiýew, R.Pollyýew, O.Nurnepesowa, S.Orazgulyýew ýalylar bilen Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýar. 1957-1961-nji ýyllarda „Türkmendöwletokuwpedneşirde“redaktor, soň bolsa ol ylym bilen içgin gyzyklanmak üçin Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyna aspirantura okuwa gelýär we ony 1964-nji ýylda tamamlaýar. Ol aspiranturada okaýarka „XIX asyryň ahyryndaky we XXasyryň başyndakytürkmenedebiýatynyň taryhyndan” diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny ýazyp, 1966-njy ýylda filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. Ol dürli-dürli wezipelerde işläp, 1993-nji ýyldan başlap, 2000-nji ýyla çenli Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň sektor müdiri bolup işleýär.
Ol Baýram şahyryň ömri we döredijiligi (Aşgabat 1961) Döwletmämmet Balgyzylyň, Molladurdynyň, Körmollanyň şygyrlaryny öz içine alýan ýygyndyny (1988) „Küşdepdiler“ (1971) „Arzuw“ (1991) ýaly ýygyndylary hem çapa taýýarlaýjydyr. Mirasgäriň türkmen folklorynyň möhüm meselelerini seljerýän makalalary gazet-žurnallaryň sahypalarynda, ýygyndylaryň sözbaşlarynda çap edildi. Hazyna toplaýjy alymyň türkmen folkloryny toplamakda, seljerip halka ýetirmekdäki hyzmatlaryny diňe sanlyja sahypalarda agzap geçdik. Olary düýpli öwrenmek geljegiň işi.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly