ALLABEREN KADYROW
Mertebesi belent Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarmyzdan şu günki günlere gelip ýeten edebi ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän milli mirasymyzy täze zamanamyzyň ruhy binýatlarynyň biri hasaplaýar.Mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmegi öz ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasap edýär. Sebäbi hiç bir jemgyýet öz geçmiş mirasyny gorap saklamazdan, ata-babalaryň pähiminden dörän paýhas dänelerini geljekki nesillere ýetirip bilmezdi.
Ata-baba pentleri siňen ol eserler geljekki nesiller üçin wesýetnamadyr. Sebäbi halkyň arasyndan çykan, dürli-dürli zehinler, paýhasly adamlar tarapyndan döredilen, hem dilden-dile geçip bu baýlygyň gadryny bilýän adamlar tarapyndan toplanyp, timarlanan golýazma mirasymyz halkyň geçmişi, şu güni, geljegi bilen bagly.
Şol miras dürli-dürli döwürlerde ýurdumyzyň ähli künjeginden oba adamlary, şol sanda olary ýörite ýygnamak maksady bilen etraplara, obalara ýollanan mirasgärler tarapyndan toplanandyr.
Türkmen halkynyň çylşyrymly we özboluşly durmuşynda kemala gelen, gylyk-häsiýetleri, pähim-paýhaslary bilen eýlenen edebi gymmatlyklary irmän-arman toplap, sünnäläp täzeden halkyň özüne hödürlän mirasgärler bu hazynanyň gymmatyna örän çuň düşünen adamlardyr.
„Halk tarapyndan döredilen ölmez-ýitmez çeper sözler egsilmez-kemelmez göwher magdan derýasydyr“ diýip, öz döredijiligini şu ajaýyp hazyna ugrup-ýasan ussat ýazyjymyz Ata Gowşudow ýazypdy.
Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanylýan 945Ф-nji bukjadaky bir obadan ýygnanan edebi gymmatlyklary okap, türkmen halkynyň söz sungatyna onuň terbiýeleýjilik ähmiýetine näderejede sarpa goýandygyna akylyň haýran bolýar. Bu çeşmäniň beýlekilerden tapawudy, onda hakykatdan hem tutuş bir obadan Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň (ozalky Lenin etraby) Körgeçemen obasyndan 1955-1961-nji ýyllaryň aralygynda orta mekdebiň okuwçylarynyň kömegi bilen toplanan halk döredijilik eserlerini öz içine alýanlygydyr. Olary ýygnamaklyga halkyň ruhy baýlygyna juda uly sarpa goýýan, gymmatyna düşünýän edebiýat mugallymy Allaberen Kadyrow ýolbaşçylyk edipdir. Dürli-dürli žanrlary öz içine alýan eserler göwrümi taýdan uly depdere toplanylyp onuň daşy owadanlanyp, bezelip “Alla Kadyrow mekdebiň dil we edebiýat mugallymy „Körgeçemen obasyndan toplanan halk döredijilik eserleri“ ýanwar, 1961-nji ýyl” diýlip ýazylypdyr. Depderiň içinde “Düzüjiden” diýen ilkinji sahypasynda şeýle setirler bar.
„Şu „Körgeçemen obasyndan toplanan halk döredijiligi“ diýen elýazma ýygyndy bäş ýyllyk işiň netijesidir. Munda Lenin raýonynyň (häzirki Akdepe etraby) 27-nji orta mekdebiniň ýerleşýän ýeri bolan Körgeçemenden edebiýat kružogynyň çlenleriniň kömek bermegi bilen toplanan materiallar bardyr. Bu materiallar 1955-1959-njy ýyllar aralygynda toplanyldy“ diýen ýazgydan soň bäş ýylda ýygnalynan bu mirasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna ibermekligi maksat edilendigi ýazylypdyr. Şol sanda halk bähbitli bu işiň ilkinji synanyşykdygy üçin kem-käs kemçiliginiň bolmagynyň mümkindigi nygtalyp, gelejekde olaryň düzedilmegi üçin ýardam berilmegini isläp, obanyň salgysy berlipdir. Ýygnaýjy şu maglumatlardan soň, Körgeçemen obasynda, esasan, emreli tiresiniň ýaşaýandygyny nygtamak bilen, ol obanyň ýaşaýjylarynyň tirelerine çenli belläp ýörite shema düzüpdir. Bu bolsa mirasgäriň bu meselä juda düýpli çemeleşendiginiň alamatydyr. Sebäbi Körgeçemen obasyndan ýygnanan halky eserleride, meselem, hüwdülerde, rubagylarda, atalar-sözleridir nakyllarda-da şiwe sözleri ulanylýar. A.Kadyrow bu ýygyndy bilen bagly bir hakykaty juda dogry belläpdir: „Şu ýygyndydaky halk döredijilige eserleri diňe bir Körgeçemen obasynda ýaýrapdyr diýmek nädogry bolardy. Ýöne biz şol obadan toplanandygy üçin hem-de toplanan materiallaryň tas „95 prosenti Körgeçemende häli-şindi aýdylýandygy üçin, ýygyndynyň adyna „Körgeçemen obasyndan toplanan halk döredijiligi“ diýip at goýduk“ diýip belläpdir. A.Kadyrow sözüni jemläp şeýle ýazypdyr: „Biziň bu başlan işimiz peýdaly hasap edilse, halk döredijiligini mundan beýläk-de toplajakdyrys...“
Hakykatdan hem, mirasgär halk parasadyny toplamagy dowam etdiripdir. Ol belli folklorçy alym Sährägül Annanurowaiberen hatynda (hatdepderiň içinde ýerleşdirilipdir) şeýle ýazýar:
„Wagtym hoş. Halk döredijiligini toplaýaryn saglyk bolup dursa, size „janly hazynalar“ diýen ullakan suratly ýygyndy iberjek“. Hakykatdan hem, mirasgär soň Garagalpagystan türkmenleriniň arasynda ýaşap, folklora degişli edebi çeper eserleriň ähli görnüşini 1972-nji ýylyň ýanwaryndan toplap başlap, 1974-nji ýylyň martynda „Ýedi dawagär“ ady bilen TYA-nyň Dil we edebiýat institutynyň folklor bölümine iberýär.
Mirasgär A.Kadyrow 1935-nji ýylyň 5-nji awgustynda Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň (häzirki Görogly) oba sowetine garaşly öňki „Kommunizm“ kolhozynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol ilki oba mekdebinde 7-nji synpy tamamlaýar. 1949-njy ýylda Daşoguz şäherindäki mugallymçylyk mekdebinde iki ýyl okaýar. 1952-1953-nji ýyllar aralygynda Türkmenabat mugallymçylyk institutyny tamamlaýar. Soň Akdepe (öňki Lenin) etrabynyň Körgeçemen obasyndaky 22-nji orta mekdepde dil we edebiýat mugallymy bolup işleýär. Soň şol etrabyň käbir mekdeplerinde mugallymçylyk edýär. Soňra A.Kadyrow Garagalpagystan ASSR-niň Hojaili etrabynyň Hamza adyndaky kolhozyna göçüp barýar. 1966-njy ýylda öňkiÇapaýew adyndaky kolhozyndaky 41-nji sekizýyllyk mekdebinde mugallym bolup işleýär.
Mirasgäriň 1952-nji ýyldan başlap, makalalary ilki etrap, welaýat soň respublikan gazetlerinde çykyp başlaýar. Ol goşgy ýazýar. Oňa Daşoguz welaýatynyň welaýat gazetinden, („Kommunizm ýoly“) „ştatdan daşary habarçy“ diýen at bilen güwä haty gowşurylýar. Onuň türkmen diliniň metodikasy, dil meselesi bilen bagly makalalary „Mugallymlar gazetinde“, „Edebiýat we sungat“ gazetinde, galyberse-de, halk döredijiligine degişli makalalary „Mugallymlar gazetinde“, „Mydam taýýarda“ çap edilýär.
„Ýedi dawagäri“ toplamaga mekdep mugallymlaryndan, okuwçylaryndan daşary ähli kärdäki adamlar gatnaşypdyr. Mirasgär bu ýygynda öz arhiwine uzak ýyllar toplan halky eserlerini-de goşupdyr. A.Kadyrow ýygynda girizilen edebi çeper eserleriň öň hiç ýerde çap bolmadyk nusgalaryny, onda-da okyjylar üçin uly estetik gymmaty bolan eserleriň saýlanyp-saýlanyp alnandygyny ýörite nygtapdyr.
„Ýedi dawagärde-de“ halky eserler tematikalara bölünip,atalar sözüdir nakyllar bolsa elipbiý tertibinde ýazylypdyr. Çykgytda eserleriň kimiň dilinden ýazylyp alnandygy görkezilipdir. Bu ýagdaý edebi mirasy öwrenjiler üçin juda amatly şert döredipdir. Ýygyndyda kämil ertekileri, şorta sözleri, hekaýatlary we beýlekileri aýdyp beren adamlaryň suratlary şol sanda, mirasgäriň öz suraty hem ýerleşdirilipdir.
„Ýedi dawagärde“ birinjiden, tapawutlykda, käbir keselleriň emi hakyndaky halk rowaýatlary, Jüneýit han hem onuň emeldarlary bilen baglanyşykly rowaýatlar, Oraz Aşyky baradaky maglumatlar, Garagalpak türkmenleriniň toponomiki sözlügi girizilipdir. Şol döwürde ýaş gyzlaryň arasynda nagyşlap, ýörite albom ýasap şol alboma ýadygärlik hökmünde joralary tarapyndan öz isleg-arzuwlary bilen goşgular ýazylar eken. A.Kadyrow 1960-1974-nji ýyllaryň aralygynda ýaşlyk albomlarynyň 150-ä golaýyny gözden geçirip, içinden iň gowularyny saýlap alandygyny ýazypdyr. „Ýedi dawagäri“ taýýarlamakda özüne her taraplaýyn maslahat beren folklory öwreniji we toplaýjy alymlara (Ş.Halmuhammedow, B.Mämmetýazow, A.Durdyýewa, Baba Weliýew, Geldi Nazarow, Soltanşa Atanyýazow...) uly minnetdarlyk bildiripdir. Mirasgär iberen iki ýygyndysyndan ençeme edebi çeper eserleriň „Çemen“, „Ezraýyl bilen garyp“, „Türkmen şorta sözleri“ ýaly ýygyndylarda ýerleşdirilendigini ýazypdyr. Orazgylyç Çaryýewiň „Türkmen şorta sözlerinden“ atly ýygyndysyna (Aşgabat „Miras“ 2004) Allaberen Kadyrowyň toplan „Içiň-ä ýakandyryn“, „Bir düýe hudaý ýoluna“, „Köprüsi-de bardyr“, „Diliň duzly ahyry“, „Beki ýaltanyň çakylyga barşy“, „Parahorçylygy galdyrmak“, „Balygyň garyndaşy“, „Aga kwadrat“, „Radiodan dynan kempir“, „Telpegi ýanypbarýar“, „Nas keýpi“, „Kempir“ ýaly şorta sözleri girizilipdir. Olardan „Balygyň garyndaşy“ atly şorta sözi okyjylara hödürlemegi makul bildik.
Bir adam ömrüne gurbagany görmän eken. Ol çölden oba gelipdir. Akar suwdan balyk tutmakçy bolupdyr. Suwa girip, süzüp ugrapdyr. Şol barmana balyk diýip tutany bir gurbaga bolup çykypdyr.
Gurbaga onuň elinde „warryk-wurryk“ ses edipdir. Ol adam oňa az salym seredip durupdyr-da:
– Gözüň balygyň gözüne meňzeş. Ýüzüň balygyň ýüzüne meňzeş. Sen balygyň ýa inisisiň, ýa-da agasysyň. Seni warryldasaňam iýedirem, parryldasaňam! – diýipdir.
Iki ýygyndydaky eserler biri-birini gaýtalanok. Olaryň ikisem kitap görnüşinde taýýarlanyp milli golýazmalar hazynamyzyň 1153-nji we 945-nji bukjalarynda saklanylýar.
Ikisinde-de çeper eserler žanrlar boýunça goşgular, läleler, hüwdüler, agylar, degişmeler, rubagylar, atalar sözi, oýun sözler, matallar, ýaremezanlar, alkyşlar, sanawaçlar, ýaňlytmaçlar, ýomaklar, yrym-ýomlar, kyssa bölüminde bolsa, ertekiler, rowaýatlar, şorta sözler, türkmen halk ýumory görnüşinde uly harplar bilen bölüp, aşagynda olaryň nusgalary ýerleşdirilipdir. Birinji kitapdaky nusgalar oba adamlarynyň hatda gündelik durmuşlaryny, gylyk-häsiýetlerini kesp-kärlerini, isleg-arzuwlaryny, däp-dessurlaryny öz içine alýar. Olaryň mazmuny şol baýlygy toplaýjylaryň özleri ýaly (ýaşlar ýetginjekler) sada, şadyýan, ruhubelent, gyzykly, täsirli, özüne çekiji. Olaryň agramly böleginiň ýaş ýygnaýjylar tarapyndan halkyň arasyndan saýlanyp-saýlanyp toplanandygyna, hekaýatlary ertekileri, sanawaçlary, hüwdüleri, ýalňytmaçdyr, tapmaçalary... okap bada göz ýetirmek bolýar.
Şeýlelikde, mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda halk paýhasyny ýygnap ýaşlar özleri üçin terbiýe mekdebini döredipdir. Bu mekdebi döretmekde, A.Kadyrowyň hyzmaty uludyr. Ol mekdep öz gezeginde diňe bir ýaşlar üçin däl, olardaky pendi-nesihatlar ulular üçin hem ýörelge. A.Kadyrow ýaşlaryň oba arasyndan ýygnan eserlerine edebi mirasyň toplamagyň kadalaryna eýerip, olaryň kim tarapyndan, ýagny kimiň dilinden haçan ýazylyp alnandygyny, aýdyjynyň adyny, kärini, ýaşyny, bilimini, milletini hatda tiresine çenli belläp, ýazyp alan okuwçylaryň atlaryny-da getiripdir. Bu ýagdaý folklor mirasymyzy öwrenjiler üçin uly goltgy.
Mirasgär, aýratyn hem, yrym-ýomlaryň, agylaryň, alkyşlaryň ýaşuly nesliň dilinden ýazylyp alnandygyny ýörite nygtapdyr. Şol sanda ýygnan halky eserleriniň arasynda käbir goşgularyň, ýa hekaýatlaryň birnäçe nusgasynyň gabat gelýändigini bellemek bilen olaryň içinden iň kämilleriniň saýlanyp alnandygyna ünsi çekipdir. Käbir eserleriniň doly nusgalaryny gola salyp bilmändigini-de belläpdir.
Halk mirasyny köp bilýän obadaşlary Mämmetjan ekeden ýazylyp alnan “Näzlim”, “Eýlediň” goşgularyny özbekçeden türkmen diline terjime edendiklerini-de nygtapdyr.
Mekdepde döredilen edebiýat kružogynyň agzalary tarapyndan meýdan düşelgelerine çenli aýlanylyp toplanylan halky eserler öň hem nygtaýşymyz ýaly, ýerli ýagdaýlary hatda oba durmuşyny-da öz içine alyp, juda durmuşylygy, täsirliligi, sadalygy, milliligi bilen has ünsüňi çekýär. Olary okap, olaryň döredilen döwrüni-de, oba adamlaryň gün-güzeranlaryny-da arkaýyn duýup bolýar. Olar oba adamlarynyň ýap-ýaňy geçmişe öwrülen durmuşyny-da, geçmişini-de däp-dessurlaryny-da öz içine alýar:
A.Kadyrow okuwçylaryň ýygnan eserleriniň şiwe aýratynlyklary barada-da maglumat berýär we depderde, şol şiweleriň ýörite çyzgysyny ýerleşdiripdir.
Bu şiweleri öwrenýän dilçiler üçin möhüm çeşmedir. Ýekeje mysal:
Jigim dürüň dänesi,
Aş ýaýamda honasy ,
Jigim bilen oýnaşsyn
Mele sygryň tanasy.
Depder “Poeziýa” bölümi bilen açylýar. Olarda halk arasynda aýdylýan hem şu günki günlere gelip ýeten “Bibijan”, “Sona gelin”, “Biziň illerde”, “Işanym” ýaly goşgulary, galyberse-de oba ýaşaýjylarynyň durmuşyny öz içine alýangündelik wakalara degişli setirler-de bar. Olaryň käbiri halk ýumlaryna-da ýugrulan. Olaryň üsti bilen şol döwrüň oba durmuşyny, adamlaryň gün-güzeranlaryny öwrenmek bolýar.
“Näzigim” atly degişme aýdymda şeýle setirler bar:
Üçýotçyklar uçardy,
Goşon tarap geçerdi.
Kerosin satan puluna,
Wotka alyp içerdi.
Aýlanamen näzigim,
Öwrülemen näzigim,
Masgaradan söz açman,
Uýala men näzigim.
Edarada çaýhana,
Içine girseň malhana,
Başlygy bir arakhor,
Çitowody diwana.
Meselem: Gyş pasly bilen baglanyşykly setirlerde bolup biläýjek ýagdaýlar sadadan beýan edilýär:
Odunmyz ýok üçekde,
Towgumyz gatan ketekde,
Eşegmiz ölüp ýatakda,
Şeýle gyşy gördüňizmi?
Zenan öňünden gyşyň şaýyny tutmaýanlygy üçin öz-özüni kötekleýär.
Ýumaklarym ýatyr çaşyp,
Aýaz geler, gyşlar düşüp,
Ýatyryn saýada çişip,
Ýandym ukynyň derdinden.
Aslynda ýygynda girizilen eserleriň haýsy döwürde döredilendigini aňsat anyklap bolýanlary-da, bolmaýanlary-da bar.
Olara halkyň isleg-arzuwlary siňipdir:
Çatmajygym gam iýmegin,
Ahyr seni öý ederin.
Işigiňde at çapdyryp,
Içinde bir toý tutaryn.
Bu setirleriň uzak geçmişde bolmasa-da, bol-elinlikde ýaşalmadyk döwürde döredilendigi köre hasa. Gelejege ymtylmak, ýagşy umyt bildirip, ruhubelentlikde ýaşamak goşgularyň mazmunyny düzýär. Belet geçmişimiz bolansoň olary okanyňdan hakydaňa dolýan ýatlamalar okyjyny geçmişe alyp gidýär. Olar durmuşy hem ruhabaý bolan soň özboluşly, täsirli.
Diňe bir Körgeçemende däl, uzak ýyllar halkyň arasynda aýdylýan “Işanym” goşgusy barada belli folklorçy Ümür Esenowyň “Hazyna” atly ýygyndysynda bu goşgynyň gelip çykyşy barada gyzykly maglumat getirilipdir. Ony Nöker bagşydan (1871-1936) eşidipdirler. Goşgylaryň iki nusgasynda-da Atabaýyň ady getirilýär. Bentlerinde bolmasa-da goşgularyň umumy mazmunlarynda meňzeşlik bar. Ýöne Körgeçemenden ýygnanan “Işanymdan” Atabaýa doga berlendigi, doga beren adamyň Ahmet Işandygy baradaky maglumat ýok. Ümür Esenowyň “Hazynasynda”Atabaý barada giňişleýin maglumat berilýär. Ol şeýle ýazypdyr:
– Howa, şonda bagşydan “Işanymyň” gelip çykyşyny diňledik. Aslynda Atabaý bir ýarlykly garybyň ýeke dikrary eken. Ol basan ýerinden ot çykýan, her egninde adam oturaýmaly pyýada bolupdyr.
Günlerde bir gün olaryň obasynda toý tutulyp oňa Was etrabynyň ähli pälwanlary üýşüpdir. Şonda ýagyrnysy ýere degmedik bir pälwan:
– Aý, baý aga, bujagazlaň içinde meň bilen döş deňäp, bökebaýraga çykybiljek, tamdyr ýüreklisi ýok bolaýmasa? Onsoň näme ojagaz mümmürdowuk ineriň owsaryny elimejik beräýmeli borsuň” diýip güpüläpdir.
Şol mahal:
– Pälwan! Gaty gyssanybermäň. Biziňem siz bilen dilleşäýmek meýlimiz ýok däl diýen Atabaý orta çykýar. Şeýlelikde, baýraga goýlan ak ineriň ak monjukly otagaly öwsary pälwany ýer gorbadan Atabaýa gowşurylypdyr.
Gandahora gidýän söwdagärlere goşulyp, söwda-satyk edip ýören Atabaý ýolda çölüň içinde derde uçraýar. Oňa däri-derman, doga-da peýda etmeýär. Bu hakda “Hazynada” şeýle setirler bar:
Işanym, işanym, gulak salsana,
Mazarym çöl ýerde galar işanym.
Beren dogaň haýyr edenok alsana,
Mazarym çöl ýerde galar, işanym.
Atabaý Igde guýusyna ýetip barýarka, iň soňky sargytlaryny edip jan berýär.
Atabaýyň ene-atasyna edýän sagrytlarynda-da iki nusgada-da meňzeşlik bar. Goşgularyň ikisiniňem durmuşda ýaşap geçen anyk adam hakynda. Hatda Ahmet işanyň asly Şorgala Pulhatyn sebitlerinden eken.
Ýygynda ýerleşdirilen alkyş-dilegler-de diýseň durmuşy:
Aşyň-aşyň aşyňa,
Bereket bersin başyňa?
Bedeneler deýin ýorgalap,
Hydyr gelsin gaşyňa.
Saçak doly nan bolsun,
Derýada suw kän bolsun,
Il-ýurduň abat bolsun,
Iýeniň nabat bolsun!
Sadaja mazmuna neneňsi durmuşylyk, ýürekdeşlik, rehimdarlyk siňipdir. Derýada suwuň bolmagy saçagyň bereketi bilen bagly. Ol doklugyň alamaty. Setirler mazmun taýdan biri-biri bilen berk bagly.
Il-ýurduň abadançylygy asuda durmuşyň nyşany. Hydyram başyň dik, janyň saglygynda bereketli ojakda, sährada görmek arzuw edilýär.
Goşun gullugyndan zähmet pälwanlara iberilýän, duýga ýugrulan, hoşniýetli setirleri okap doýar ýaly däl.
Bu setirleriň hemmesi diýen ýaly ynsanperwerlige ýugrulan:
Şirin bilen şeker bolsun iýeniň,
Ýüpek bilen mahmal bolsun geýeniň,
Ýagşy bolsun biziň üçin diýeniň,
Täze açylan ter gülüme kän salam.
Ýygyndyda şahyr Çary Abzalaň döreden ýumora ýugrulan, söz oýnatmalar-dadegişmeler-de gabat gelýär:
Gara dagda garynjanyň toýnagy,
Yz bolanda deň bolarsyň biz bilen,
Ataň gyrkyp alsa ýylan ýüňüni,
Kiz bolanda deň bolarsyň biz bilen.
Ýetmiş ýaşly garry mamaň sülmüräp,
Gyz bolanda deň bolarsyň biz bilen.
Mysaldan görnüşi kimin. Bu setirleriň gelip çykyşy bilen bagly rowaýat Kakaly Berkeliýewiň toplan mirasynyň arasynda bar.
Toplanan halky eserleriňep-esli bölegini zenanlaryň mähri bilen eýilen, ýürek ýagy siňen, şirinden-şirin alkyş-dileglere bimöçber süýji duýgulara, söýgä, ýugrulan hüwdiler tutýar. Mährem enäniň kalbyndan joşup-joşup gaýdan pendi-nesihatlary öz içine alýan ene hüwdüsindäki mähremligi, janköýerligi, ýürekdeşligi, hamraklygy, rehimdarlygy, söýgüni söz bilen düşündirer ýaly däl. Megerem halky esereleriň iň naýbaşysy, täsirlisi, gymmatlysy hüwdülerdir.
Perzent ulalyp adam çykansoňam ene hüwdisiniň owazy şol gylagyňa gelip durandyr, gelip durandyr. Hüwdülere siňen duýgyny söz bilen beýan etmekkyn:
Gözlerimde agym sen,
Özüň ýürek ýagym sen,
Armanym ýok dünýäde
Çar dereli bagym sen.
Ýa-da:
Gözlerimiň garasy
Sözlerimiň seresi.
A.Kadyrowyň saýlap-saýlap sünnäläp toplan eserleriniňem naýbaşysy hüwdüler.
Allaý-allaý apaýyn,
Toýuňda at çapaýyn,
Daşdan gelen gonaga
Ilki serpaý ýapaýyn.
Toýlarda at çapmak türkmenlerde aňyrdan gelýän ýörelge, ilki myhmany serpaýlamak, olary beýleki milletlerden tapawutlandyrýan myhmanparazlyk. Şol myhmanparazlygyň aňyrsynda bütin adamzada degişli ynsanperwerlik ýatyr. Bu ideýa bolsa her döwür üçinem möhüm.
Perzendini agirt uly terbiýeleýjilik ähmiýeti bolan şu ýakymly sözler bilen terbiýeleýän enäniň düşünjesi, gözýetimi juda giň bolmaly. Ýygynda ýerleşdirilen hüwdüler aýry-aýry bentlerden durýanam bolsa, okadygyňça, mazmun taýdan biri-birini çuňlaşdyryp gidip otyr. Gepiň keltesi beýik ene gije-gündiz öz perzendiniň akylly, gaýratly zähmetsöýer, watanperwer, il derdine ýarajak, il guwanjak adam bolmagynyň aladasynda.
Şol mazmuny hüwdülerde, hüwdi sanawaçlarynda näçe diýseň duş gelmek bolýar.
Başyňa jan başyňa,
Bal gataýyn aşyňa,
Okarasyn dolduryp,
Paýlasyn deň-duşuna.
Sanawaçlara meňzäp duran bu setirlerde ene pendinde ynsanperwerlik duýgusy neneňsi güýçli. Ynsanyň gaýratyil bähbitli dökýän derinde, zähmetde ýüze çykýar.
Ene aşakdaky setirler bilen balasynyň gulagyny gandyrýar:
Alleý-alleý al biter,
Garagumda gül biter,
Ballym bilin guşasa,
Ekin eker bol biter.
Ýa-da:
Meniň ballym ýagşydyr,
Haly, palas nagşydyr,
Bir agasy agromom,
Bir agasy bagşydyr.
Halk paýhasynyň önümi bolan mähir-muhapbete baý bu ajaýyp hüwdüler halka ýetirilse, gör, ýene müňläp körpeler sallançakda üwrelip süýji uka gider. Mertebesi belent Prezidentimiz bolsa hemişe halkyň ruhy mirasynyň günibirin sünnälenip-sünnälenip olaryň özlerine ýetirilmeginiň aladasynda.
Ýygyndydaky lälelerde gelin-gyzlaryň isleg-arzuwlary beýan edilipdir. Ýaş gyz öz döreden eserlerinde ýarynyň wepaly, hoşgylow, süýji sözli, mert-edermen bolmagyny arzuwlapdyr. Uzaga düşen boýdaşlaryny küýsäp-küýsäp, olara süýji arzuwlar besläp salam ýollapdyr.
Depderiň ep-esli bölegini gysgadan, çuň mazmuna, pähim-parasada ýugrulandygy bilen tapawutlanýan atalar sözüdir, nakyllar tutýar. Elbetde, olara-da diňe Körgeçemen obasynda ýa-da garagalpaklaryň arasynda döredilen atalar sözi diýip bolmaýar. Ýöne oba arasynda aşakdaky pähimleriň ulanylmagynyň oba adamlarynyň ata-baba pähimlerine juda uly sarpa goýandygynyň, ynsan terbiýesine juda jogapkärli garandyklarynyň alamatydyr.
Ýygynda girizilen nakyllar many-mazmunlary boýunça köp dürli gunt düşen ýaly. Her döwür üçinem möhüm ähmiýeti bolan, durmuşda ynsany oýlandyrýan, ýalňyşanda dogry ýola gönükdirýän adam tanamagy il-ýurdy söýmegi öwredýän, dürdäne pentler. Aşakdaky ýaly pentlerýörelge edilişinde döwrem, geljekde-de diňe ýagşylygyň üstünden elter. Biz olaryň käbirini ýazyp aldyk.
„Ýat illerde ýagşylygyň aýdylmaz, sähelçe etmişiň yza gaýdylmaz“, ene gargyşy ýag, ata gargyşy dag: döwlen tabak dolmaz. Atyny ýamanlanyň ýol berer jezasyn ilini ýamanlanyň ýow biýr jezasyn.
Garrylyy öý – gaznaly öý.
Adam adama myhman, jan göwrä.
Ýigidi gam bassa deň-duş agtarar.
Özüni sylamadyk, özgäni söýmez.
Bir günki urşuň kyrk günki ryska zeperi deger.
Arkaly arka geplär, arkasyz gorka geplär.
Bahylyň bagy gögermez, gögersede miwe bermez.
Adam terbiýesine bagly, at-seýsine.
Itýassanan ynjalmaz
Umyt arzuwa ýetirer.
Ýagşy aş üstüne geler, ýaman gep üstüne.
Kitap janyňa syrdaş.
Agadan ata bolmaz, ýeňňeden eje.
Agzybirlik saçakda nanyň, kalbyňda janyň.
Gylyk gyzyldan gymmat.
Yzarlap otursaň, 274 sahypalyk ýygyndy folkloryň ähli görnüşlerini öz içine alýar. Yrymlara degişli käbir mysallara ser salalyň. Olaryň ideýa-mazmunlaryna üns berseň, özboluşly öwredijilik häsiýeti bar. Käbir mysallar:
Nany bir eliň bilen döwseň günä bolar
Nanyň üstünden ätleseň döwletiň kemelermiş.
Ir turan rysgal paýlaşygyna ýetişer.
Ýa-daýaremezanlary diýjekmi? Ýaremezanlarda-da aýlanýan çagalar her baran öýlerine öz isleg-arzuwlaryny, ýagşy umytlaryny aýdýarlar:
Biz-ä sizi baý gördük,
Tüýnügňizde aý gördük,
Altyn bilen apardyk,
Kümüş bilen gopardyk.
Asmanda bir aý bar,
Ujy gyzyl ýaý bar,
Aman ekäň saçagynda
Bize goýlan paý bar.
Ýurdumyzyň çäginde soňky bendiň dördünji setiri „Pygamberiň saçagynda“ diýlip aýdylýar. Ýaremezana baran çagalara berilýän soraglaram gyzykly, käbir oba ýerleri bolaýmasa, olar ýatdan hem çykyşyp barýar. Çagalaryň düşünjesini barlamakda olaryň ähmiýeti uly. Olaryň ýatkeşligini artdyrýar, çagalara agzybirligi ündeýär.
– Atyň näme?
– Ýel.
– Gamçyň näme?
– Ýylan.
– Sanajyň agzyny näme bilen açýarlar?
– Bissimilla bilen
– Sanajyň agzyny näme bilen bogýarlar?
– Allahu ekber?
– Daşa gurt düşse, näme bilen alýarlar?
– Düýäniň şahy bilen.
– Düýäniň şahy barmy?
– Daşa hem gurt düşermi?
Aşakdaky degişme häsiýetli kyssa eserini ýylgyrman okamak mümkin däl.
Täze kinofilme tomaşa etmegi ýüregine düwen bir adam petek almak üçin nobata durupdyr. Iki sagatdan ýaňka gezek ýetipdir. Oňaçenli arzan bahaly peteklerem satylypdyr. Ýaňky adam yzyna gaýtmagy ejap edip, iki manady kassire uzadypdyr-da:
– Maňa hem bir bilet? – diýipdir. Kassir bolsa:
– Siz ýene iki manat bermeli, ýaşuly – diýip parahat äheňde ýüz tutupdyr, hälki adam bolsa çalaja ýylgyrybrak kassire şeýle diýipdir:
– Hormatly kassir, dört manatlyk bilet alýan adamlar-a kinony iki gözi bilen görýärler, men ýeke gözüm bilen görmeli bolýanym üçin, bilediň ýarynyň puluny uzatdym diýipdir. Ýaşulynyň sag gözüniň görüşi ýagdaýly eken.
Ýygynda Keminäniň dogruçyllygyny, ýiti sözlüligini pähim-paýhasyny we beýleki adamkärçilik sypatlaryny aýan edýän şorta sözler-de, „Ýeser sorag“, „Alajagözen“, „Kemine we bergidar“, „Başa barmadyk hile“, „Bähbit bolsun“, „Sessiz soraga sessiz jogap“, Magtymgulynyň käbir goşgularynyň döreýşi bilen baglanyşykly (“Meňliniň wadasy”, “Sen hak aýdan ekeniň”, „Şahyryň nesihaty”) rowaýatlar-da şol sanda “Körgeçemen obasynyň döreýşi we başga-da ençeme rowaýatlar girizilipdir.”
Bir gezek obadaşy öýlenmek üçin bir aýaly saýlapdyr-da onuň bilen bagly Magtymguly şahyra sala salypdyr. Şahyr ol aýaly tanaýan eken. Obadaşyna, oňa ýakynlaşmazlygy maslahat berip:
Gözläp köňül berme biwepalarga,
Bak, kim wepa görmüş biwepalardan
Goýma özüň ýersiz bu jepalarga,
Kim bähre tapypdyr,bu jepalardan?
diýen setirleri öz içine alýan „Biwepalardan“ goşgusyny döredipdir diýip mirasgär ýazýar. „Dul gözi bilen aýal almaň“ diýilşi ýaly, obadaşy şahyryň pendini tutman, şol aýala öýlenip, soň ahmyr edip, ýene şahyryň ýanyna gelipdir.
Ýygynda girizilen ertekileriň köpüsi okaýjylara öň tanyş ertekiler. Meselem, „Işigi öküz ýykdy“, „Begmyrat“, „Gutly ýalta“, „Tiz garramagyň syry“, „Patyşanyň aýryp goýberen aýalyndan bolan ogly“, „Agzybirlik dogasy“, „Kesewiň iki bolsa, birini alaryn“ we ş.m. Bolsa-da bu ertekiler bilen ideýa mazmuny taýyndan meňzeş gelýän ertekiler öň çap edilen ertekiler bilen deňeşdirilende, mazmunlarynda bolmasa-da, wakalaryň bolup geçen ýerlerinde, gahrymanlaryň atlarynda tapawut bar. Meselem, „Gutly ýaltada“ waka Aliloýda, „Baýyň gyzy we Batyr pälwanda“ Garadaşlyda bolup geçýär. Hem ertekä gatnaşýan gahrymanlaryň köplenç atlary tutulýar. Gutly ýalta, Şasaňsar, Külbasar, Batyr Ajam, Meretdurdy, Jaldyr gassap we ş.m.
Ýygyndylarda gabat gelýän „Bähbit aga“ atly erteki bu depderde „Bähbit bola“ at bilen Kemine şahyr bilen baglanyşdyrylýar. Geldi Nazarow hem bu ertekini „Bähbit aga“ ady bilen Muhy bagşydan ýazyp alypdyr.
Allaberen Kadyrowyňokuwçylaryň kömegi bilen toplan ertekileriniň köpüsiniň ideýasy öň halka hödürlenen ertekiler bilen meňzeş. Umumylykda bu ertekilerde-de husytlyk, hilegärlik, iki ýüzlülik, nebisjeňlik, açgözlük ýaly häsiýetler (“Iki aga-ini”, “Azaby reýgan”, “Meretdurdy”, “Perzentsiz baý”, “Gaýtarma”, “Meret semiz”, “Naýynsap baý”, “Jaldyr gassap”, “Işigi öküz ýykdy”) ýazgarylýar.
“Patyşanyň kowan aýalyndan bolan ogly”, “Külbasar”, “Begmyrat”, “Meretdurdy”, ýaly ertekilerde “Galpyň gazany gaýnamaz” ýaly ideýa öňe sürülýär. “Baýyň gyzy we Batyr pälwanda”, “Ak telpek baýda”, “Külbasarda” körpe ogullarynyň başarnygy, mertligi, ugurtapyjylygy açylsa, “Agzybirlik dogasynda”, bir daýhanyň kömegi bilen ýaramaz aýalyň toba gelşi, beýan edilýär.
Depderiň soňunda mekdep okuwçylaryndan daşary ýygynda girizilen edebi-çeper eserleri toplaşmaga ýardam beren adamlaryň atlary, atasynyň ady, ýaşy, milleti, sowady, käri, öý salgysy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Bu maglumatlar meselä iňňän jogapkärli çemeleşilendiginiň, halk baýlygyny toplaýjylara goýulan hormatyň alamaty. Galyberse-de A.Kadyrowyň türkmen folkloryny toplamakda bu eden işi beýleki mirasgärler üçin-de ýörelge.
A.Kadyrow Körgeçemen obasyndan toplanan halk döredijiligine degişli eserleriň mazmunyny ýatlanman aşakdaky ýaly sahypalap beripdir.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly