00:30 Allaýar Çüriýew | |
ALLAÝAR ÇÜRIÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Tanymal türkmen şahyry, publisist Allaýar Çüriýew 1949-njy ýylyñ 15-nji maýynda Balkan welaýatynyñ Magtymguly (öñki Garrygala) etrabynyñ Könekesir obasynda doguldy. Ol şol obanyñ 5-nji orta mekdebini 1966-njy ýylda tamamlap, şol ýyl Türkmen döwlet uniwersitetiniñ türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. 1971-nji ýylda uniwersiteti tamamlap, "Яш коммунист" gazetinde işe başlaýar. 1973-1975-nji ýyllarda Moskwanyñ Ýokary komsomol mekdebinde žurnalistiki ugrundan tälim alýar. 1975-1978-nji ýyllarda "Mydam taýýar" gazetinde jogapkär kätip wezipesinde işleýär. 1978-1982-nji ýyllarda "Edebiýat we sungat" gazetiniñ baş redaktorynyñ orunbasary, 1982-1986-njy ýyllarda Türkmen telewideniýesinde redaktor, bölüm müdiri, baş redaktor, 1986-1990-njy ýyllarda "Edebiýat we sungat" gazetinde jogapkär kätip, 1990-1991-nji ýyllarda Türkmen radiosynda baş redaktor, 1991-1994-nji ýyllarda "Syýasy söhbetdeş" gazetiniñ we žurnalynyñ baş redaktorynyñ orunbasary bolup, ondan soñky ýyllarda-da "Galkynyş gazetinde işledi. A.Çüriýewiñ ilkinji goşgusy 1964-nji ýylda "Mydam taýýar" gazetinde çap boldy. A.Çüriýew edebiýat meýdanyna talyplyk ýyllarynda liriki aýdym goşgulary bilen gadam basdy. Onuñ ilkinji aýdymy "Gel, obamyñ lälesi" (Sazy Baýram Hudaýnazarowyñky) 1968-nji ýylda ýazyldy. Ilkinji gezek hem şol ýyl Bolgariýanyñ paýtagty Sofiýada geçirilen Ýaşlaryñ we talyplaryñ Bütindünýä festiwalynda ýerine ýetirildi we festiwalyñ diplomyna mynasyp boldy. Aýdymdan başlanan ýol soñra köp şahaly döredijilik daragtyna öwrüldi. A.Çüriýew ýurdumyzyñ ussat kompozitorlary W.Muhadow, A.Kulyýew, N.Muhadow, R.Gutlyýew, D.Nuryýew, B.Hudaýnazarow, G.Çaryýew, Akmyrat Çaryýew, A.Esadow, G.Nobatow, R.Rejebow... bilen ýüzlerçe aýdym, birnäçe kantata döretdi. Olar henize-bu güne çenli güneşli topragymyzda ýañlanyp dur. "Prezidentiñ ýüregi", "Sen aýdymyñ aşygy", "Dagly gyz", "Damjalar", "Läläm gideliñ bäri", "Deñiz guşum", "Türkmen gyzlary", "Watan", "Watan çagyrýar", "Sensiz", "Gyz ýüregi"... Bu ugurda özboluşly üstünlige eýe bolan şahyr Allaýar Çüriýew publisistika žanrynda-da dokunental eserleriñ giden bir tapgyryny döretdi. Bu ugurdan onuñ 1986-njy ýylda ýazan "Ýürek ýatlamasy", 1989-njy ýylda ýazan "Ýüregiñ emri bilen", 1991-nji ýylda ýazan "Ömür kyssasy" (soñky üçünji kitabyñ makalalarynyñ köpüsi şu saýtda berildi -t.b.) atly çuññur mazmunly, saldamly üç kitaby bar. Bu kitaplarda ýerleşdirilen taryhy-publisistik oçerkleriñ arasynda çarkandakly ömür ýollaryny geçen täsin ykbally adamlaryñ - edebiýat we sungat wekilleri B.Kerbabaýewiñ, H.Derýaýewiñ, O.Täçnazarowyñ, H.Çaryýewiñ, Ş.Kekilowyñ, G.Weselkowyñ, A.Muhadowyñ, ilkinji türkmen magaryfçysy we publisisti Muhammetguly Atabaýewiñ, ilkinji türkmen dramaturgy Aýtjan Haldurdyýewiñ we beýlekileriñ öñ hiç ýerde gabat gelmeýän gyzykly ömür ýazgylary bar. Allaýar Çüriýewiñ ilkinji goşgular ýygyndysy 1982-nji ýylda "Çynar" ady bilen neşir edildi. Soñra onuñ "Alty aýdym" (1982), "Bereket" (1986), "Zeminiñ owazy" (1989) ýaly goşgular kitaby okyjylara ýetirildi. Suratda: Allaýar Çüriýew Kakaly Berdiýew bilen Allaýar Çüriýewiñ (halypa kompozitor Ata Esadow bilen bilelikde) "Parahatlyk ýalkymy" (1991) atly aýdymlar kitaby hem aýdym muşdaklary üçin iñ gowy sowgat boldy. A.Çüriýewiñ türkmen kompozitorlary hakda aýry-aýrylykda gürrüñ berýän oçerkler ýygyndysy (saz sungatyny öwreniji W.Larionow bilen bilelikde) 1990-njy ýylda neşir edildi. Allaýar Çüriýew Garaşsyzlygymyzy, erkin Watanymyzy wasp edibem ençeme aýdym we goşgulary döretdi. Şahyr soñky ýyllarda rubagy-goşgulary bilen metbugat sahypalarynda ýygy-ýygydan çykyş edýär. Onuñ goşgulary rus we beýleki dilleriñ ençemesine terjime edildi. A.Çüriýewe 1989-njy ýylda Türkmenistanyñ Ýaşlar baýragy berildi, 2001-nji ýylda bolsa "Türkmeniñ Altyn asyry" edebi bäsleşiginiñ ýeñijisi boldy. A.Çüriýew häzir Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Golýazmalar institutynda işleýär. • Kitaplary: 1). Zeminiñ owazy (goşgular poemalar), "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1989 ý; 2). Ýürekdäki ýatlamasy (publisistik oçerkler), "Magaryf" neşirýaty, Aşgabat-1986; 3) Ýüregiñ emri bilen (taryhy-publisistik oçerkler), "Magaryf" neşirýaty, Aşgabat-1989 ý; 4). Serdar sahawaty (goşgular), "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1998 ý; 5). Seniñ gara gözleñ... (goşgular), "Ylym" neşirýaty, Aşgabat-2009 ý; 6). Ömür kyssasy (taryhy-publisistik makalalar), "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1991 ý; 7). Häzirki zaman türkmen kompozitory (saz sungaty barada), "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1989 ý; 8). Bir soragyñ ýigrimi ýyllyk sütemi (taryhy-publisistik makalalar), "Magaryf" neşirýaty, Aşgabat-1993 ý. Suratda: Allaýar Çüriýew Owganystanda • Terjimeleri: - Путешествие Готевальда (türkmen dilinden rus diline), "Esger" gazetiniñ 02.06.1993-nji ýyldaky sany; | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |