20:39 Altynjan hatyn / 1-nji kitap -11 | |
On birinji hekaýat
Taryhy proza
URGYNYŇ GÜÝJÜNI URÝAN DÄL-DE, URULÝAN BILÝÄR 1. Daňýyldyzy öz ornuny Kerwengyran ýyldyzyndan ýaňy alyp, ýiti ýalkymyny saçyp ugranda mirşikär bäş-alty öýdeniçer bilen galadan çykyp, emiriň düýnki salgy beren oýtagyna sary ugrady. Olaryň gidenini hiç kim duýman galdy. Olar howludan çykyp gidende Sadylla ukudan oýandy, ejesini, Altynjany, soňundan ekizleri oýardy. Olar atlaryna atlananda jahanyň ýüzi ýaňy agaryp ugrapdy. Gala entek ukudady. Gije gar tozgalary ýeriň üstüne galyň düşek düşäp çykypdyr. Awçylar bu pursady aw etmek üçin iň amatly pursat hasaplaýarlar. Ähli ýer agaryp ýatyrdy. Kabyl bilen Habyl atyň üstünde possunlaryna çümüp, nirä barýandyklaryna pisint etmän, seretmän, gözlerini süzüp otyrdylar, olar uky bolup ukuda, oýa bolup oýa däldiler. Anuşirwan welin, garyň agramyna şahalaryny aşak egip oturan burundyk tokaýlyga seredip barşyna awa howlugýardy. Onuň keýpi kökdi, Sadylla dagy bilen degişesi-gülüşesi gelýärdi, ýöne bu mahal olara habar gatmaly däldigini gowy bilýärdi. Ol häzir gep goşsa, iňirdi eşitjegini bilýärdi. Iňirdini bolsa eşideniňden eşitmäniň gowy. Şonuň üçin atyny debsiläp, Altynjanyň gapdalyndan ýöredi. Säheriň ümsümligini guşlaryň hoşnowaz jürküldileri, saý¬ramalary bozýardy. Howanyň şeýle amatsyz pursady guşlaryň saýramasy, jürküldeşmegi Anuşirwan üçin gaty düşnüksizdi. Altynjan göz astyndan Anuşirwany synlap barýardy, onuň göwnüni götermek maksady bilen nähilidir bir hoşter söz aýdasy gel¬ýärdi, ýöne haýsy hoşter sözi aýtjagyny teý bilmeýärdi. Göräýmäge, hoşter sözler şeýle köp ýaly, ýöne köp däl bolarly, idän pursadyň hiç tapylanok olar. Awlaga geldiler. – Damulla, hany, babam?! – diýip, Habyl Sadylladan sorady. – Babaň işli adam, wagty bolsa geler, wagty bolmasa gelmez. – Emirimiz Jürjaniýa gitdi – diýip, mirşikär dillendi. – Menem eşitdim şu habary. Men-ä: «Keski Kelew geldi, indi awumyz aýdym-sazly geçer» diýip begenipdim – diýip, Anuşirwan gynanandygyny ýaňzytdy. – Aýdym-sazly geçerdem... – Mirşikär nämedir bir zat aýtmakçy boldy, soňundanam goýbolsun eden bolarly, dymdy. – Keski begem ýokmy?! – diýip, Habyl Sadyllaga ýüzlendi. – Ýok. – Wa-weýla, Keski beg biz bilen awa gaýdaýmaly eken-dä. Mirşikär ýene dillendi: – Keski çykanym awa gaýtmak isledi, ýöne bu hakda emir ýeke gezegem ýaňzytmandan soň, öýüne gaýtdy. Hajar hatyn mirşikäriň sözüni halamady: – Emiriň ýadyna düşen däldir, ýogsam hökman aýdardy. Keski oňarmandyr, ol biziň öýümize ýat adam däl ahyryn. Emir ony özüne dogan saýýar. Şeýle ýakyn adamlar biri-birinden aýyp-syn etmeli däl. Häliden bäri sesini çykarman duran Altynjan ejesini goldady: – Emir näme etse, bilip edýär. – Hany, awa başlalyň – diýip, Sadylla tazylaryny awa salmak bilen boldy. – Babam gelmezmi? – diýip, Kabyl Sadylladan sorady. – Gelmegi-de, gelmezligi-de mümkin. – Emir gelmez. Ol üç aýdan soň geler – diýip, mirşikär Babyr Sadylla üçin Kabyla jogap berdi. – Eý, mirşikär, sen gaty köp bilýän ýaly-la?! Öz işiňi etseň, gowy bolar – diýip, Anuşirwan gaharlandy. 2. Aşak tarapdan gara göründi. Çar ýan ap-ak bolansoň, gara has açyk göründi. Birtopar atly gelýärdi. Gelýänler Abdylmälik han dagydy. Hiç kim handan näme üçin Zamahşara gitmändigini soramaga het edip bilmedi. Şadranç müňbaşynyň aýtmagyna görä, Altyndaşdan habar gelenmiş: Jürjaniýa barmak zerurlygy ýok. Altynjan kakasynyň alkymyna dykylyp bardy. Emir gyzynyň möhüm bir habar aýtjagyny aňyp saklandy: – Näme aýtmakçy bolýarsyň? – Baba, siz han ahyryn, nämeden gorkýarsyňyz? Emir geňirgendi: – Näme diýmekçi bolýarsyň? – Siziň özüňiz magat bilýärsiňiz, sizi Altyndaşa satýan ýegana razdanyňyz – Keski Kelew. Elbetde, ol şadyýan adam, ýöne bize duşmanyň şadyýanlygy däl-de, wepadarlyk gerek! Keski Kelew sizden habar almak üçin Zamahşara gelýär. Oňa habar berýän çykany – mirşikär Babyr! Mirşikärem, Keski Kelewem Zamahşardan kowmaly! Ýok bolsunlar! Siz oňa «Git!» diýip bilmän, «Altyndaş üç aýlyk çagyrýar» diýen bolduňyz. Bu size gelşenok, baba! Bu siziň mertebäňize gelşenok. Siz näme üçin Keskiniň ýüzüne geleňzok?! – Gapyl! Gapyl! – Abdylmälik hanyň şeýle gaharlanan pursadyny ýanyndakylaryň hiç haýsysy öň görmändi. Bu pursat emir gözünde oky bolsa, gyzyny sähel emgenmezden atyp öldürerdi. Ol gyzyny bat bilen itdi. Altynjan ýykyldy, ýerinden galjak bolup howlukmady. Ol kakasynyň gaharlanmasyny halamady. «Men-ä ýagşylyk isledim» diýip, ol kakasyndan öýkeledi: ýalan dünýäde ýalan ýaşamaly! 3. Emiriň pikir edişi ýaly, aw biçak ganly boldy: günortana çenli gaty köp towşandyr keýik, sülgün awladylar. Sülgünleriň dördüsini Altynjanyň şahyny awlady. Ol şahyny iki gezekden artyk awa salmaly däldigini bilýärdi. Kakasam oňa mydama: «Elguşuňy awa köp salma!» diýýärdi. Bu gün welin, Altynjan göçgünlilik etdi. Şahynyny sekiz-on gezek awa salyp usurgatdy. Onuň ýanyndakylar her gezek şahyn dolanyp gelmez öýdüp howatyrlandylar. Megerem, guş eýesiniň aşa göçgünlidigini aňdy. Her sapar awa salnanda özüniň ökdeligini görkezdi, gaçmady. Altynjan öten agşam şahynynyň ýanyna baranda ol tebil tapyp, alagykylyk, alapasyrdy edipdi, özem wagty bilen köşeşmändi. Altynjan elguşuň bu bolşuny bir ýaramaz wakanyň boljakdygynyň alamaty hasaplap, uzynly gije rahat ýatyp bilmändi. – Şahynyň öten agşamky bolşy Keski şugul üçin meniň uruljagymyň alamaty eken – diýip, Altynjan uludan demini aldy. – Gyzym, sen soňky günler aşa yrymçyl bolupsyň. Sähel zada-da biynjalyk bolup ýörsüň. – Hajar hatyn, siz hak aýdýarsyňyz... – Keniz Hajar hatynyň ýanyna bardy. – Hana, towşan gaçyp barýar! – diýip, keniziň ýanyna gel¬megini halamadyk Hajar hatyn gaçyp barýan towşany görkezdi. Üç zenan gaçyp barýan towşanyň yzyndan at saldy. Altynjan dessine elguşuny awa saldy. Şahyn towşany sähel salymda awlady... Olar Gün günortadan agansoň, oturmak üçin amatly – odunlak ýerde düşläp, uly ot ýakdylar, aw etlerini çişe düzdüler. Taýýar çişlikden ilki hana äberdiler. Han ogullary hem Anuşirwan bilen bile naharlandy. 4. Iýlip-içilensoň, emir Hajar hatyny, gyzyny, hyzmatkärlerini düşlegde goýup, ogullary, mirşikäri hemem jandarlary bilen tazyly saýgak awlamaga gitdi. Düşleg boşap galdy. Zenanlar täzeden meýlise başladylar, iýip-içip, soňundan aýdym aýtdylar. Gülýüzliniň şeýlebir mylaýym sesi bardy. Oňa birki gezek «Seniň mylaýym, şirin owazyň bar» diýlensoň, ol gaty yhlaslydy: aýdym aýtmakda Hajar hatyndyr melikesine gezek berenokdy. – Gülýüzli, men erkek bolan bolsam, diňe sesiň hatyrasy üçin seni satyn alardym, soňam naharlanan wagtym saňa aýdym aýtmagy buýrardym – diýip, Hajar hatyn akgyzyň aýdymlaryny gözlerini süzüp diňledi. Oduň başynda uzak oturmak olary irizdi, akgyzyň aýdymlaram irizdi. Göräýmäge, gowy zat adamy irizmejek ýaly, ýöne iriz¬ýän eken, özem degnaňa deger eken. Oturanlar gezim etmegi makul bildiler. Ejesi hernäçe jöwlan ursa-da, Altynjan possunyny düşlegde goýup, sährada çyplaň gezim etdi. Birki gezek aşyrym atdy. Soň ejesiniň gapdalyndan iki eliniň üstünde ýöredi. – Eliňe tiken bataýmasyn, gyzym – diýip, Hajar hatyn gapdalyndan başaşak ýöräp barýan gyzyna aýtdy. – Meýdanlardaky tikenler maňa batmaýarlar, ene. Batsa, maňa diňe dil tikeni batar. 5. Gündogar tarapdan Jeýhunyň kenary bilen bir topar atly göründi. Altynjanyň ini jigläp gitdi: Togrul beg! Hakyt Togrul beg! Ahyryl-ahyr geldi! Laçyn bildi, Togrul begiň geljegini! – Ene, seret, Togrul beg gelýär! – diýip, Altynjan gygyrdy: – Akgyz, görýärsiňmi? – Görýärin, melikäm, görýärin. Hakyt şolar! Men aýtdym-a, Tog¬rul beg geler diýip! Gelendir görseň, sen maňa yşanmadyň. Men aýtdym-a... Altynjan depä bakan ylgady. Ol depä çykyp, gelýänleri içgin synlamaga, garaşmaga durdy. Atlylar Altynjanyň ýanyna göni gelýärdiler. Hakyt şolar! – Gyzym, Altynjan, gaýt bärik! – diýip, Hajar hatyn jöwlan urdy. – Ene, Togrul beg gelýär. Eşidýärmiň, ene, Muhammet Togrul beg gelýär! – Utan, gyzym, utan! Togrul begiň ýanyndakylar näme diýer, bolup durşuňy görüp?! – Näme diýseler, şony diýsinler! Men Togrul begiň ýanyndakylar üçin däl-de, onuň özi üçin ýaşaýaryn. – Eneňe gulak as, gyzym! Derrew gel ýanyma! Hajar hatynyň sözi alynmady. Atlylar ýakyn geldi. Wa daryg-a! Atlylaryň arasynda Muhammet Togrul beg ýog-a! Wa-hasrat-a! Altynjanyň ejesi dogry aýdan eken-ä! Weýl-waý, weýla! Altynjanyň yhlasynyň ýüzüne uruldy! Wa weýleta! Atlylaryň öňüne düşüp gelýän Şamälik emir-ä! Altynjan Şamäligi öň birki ýola görüpdi. Ol Altynjanyň kakasy Abdylmälik han bilen gowy gatnaşykdady. Zamahşara ge¬lende kakasy oňa zyýapat ýapypdy, köp-köp engamlar gow¬şurypdy. Kakasy Şamälige ýigrimi sany at hem engam beripdi. Altynjan ol atlary biçak gowy görýärdi. Şamälik ýigrimi aty sowgat äkidensoň, Altynjan ony öz ýanyndan ýigrenipdi. Tebigatyň demi bolan otuz iki görnüşli şemalyň häzirki öwüsýäni Şamälik emiriň Altynjana imrinmegini isläp, gyzyň egnindäki eşigini endamyna ýelmeşdirip, beýigini beýik, pesini pes etjek bolup çalyşýardy. Altynjan çuw-ýalaňaç bolaýanda-da, hiç kimse şundan artyk zat görüp bilmezdi. Şemalyň hemaýaty bilen Altynjany kemsiz synlan Şamälik emir bu hoşlaka peýker-keşmerli gyza syny oturdy. Hakyt imrindi. Hyjuwy hyňzady, ony bada-bat özüne hatyn edinmegi ýüregine düwdi. Doňan ýaly bolup duran gyzyň ýanyna baryp, onuň hoşmanzarlygyny boýdan-başa ýene synlady. Ýöne-möne adamyň gyzy däldigini onuň geýiminden, merdemsi hereketinden aňdy. Şonuň üçinem ony sen-men ýok atyň syrtyna basmakdan saklandy. – Eý, sähra perisi! Bu adam-ebdatsyz sarsar meýdanda ýeke-tenha näme iş edýärsiň? Ýa azaşdyňmy sen?! – Ýok, men azaşamok! – Onda ýarym ýalaňaç halda nireden çykdyň sen?! Kim sen? Hany seniň eýäň? Kimiň gyzy bolarsyň? Altynjan şindem aňk bolup durdy. Ol Şamälik emiriň näme diýýändigine düşünip bilmedi. Şamälik sowalyny ikinji gezek gaýtalady: – Sen kimiň gyzy?! Bu ýerde näme iş edip ýörsüň? Üşäňokmy? Altynjan merdi-merdana jogap berdi: – Abdylmälik hanyň gyzy men. Altynjan men. – Hä, Abdylmälik emiriň, tümenbaşynyň gyzy diýsene. Ol mertebeli han. Bolubilýär. Ol meniň söwer dostumdyr. Altynjan atyň üstünde hondanbärsi bolup oturan Şamäligiň sustuny basmak niýeti bilen: – Men seljuk begi – Muhammet Togrul begiň nyşany 1 men – diýdi. Bu habara Şamälik emiriň bar keýpi gaçdy. Onuň gaşyndaky sarç keýik birden wagşy ýolbarsa öwrüldi: – Näme, näme? – Men seljuk begi – Muhammet Togrul begiň nyşanydyryn, gelnidirin! Näme, gulagyň kerleçmi? – Hany Togrul? Nirede ol? Altynjan Şamäligiň sesine bat bermesini halamady, şonuň üçin onuň sowalyna jogap berjegem bolmady. – Nirede ol? Belki, sen meni aldaýansyň? Eger sen Togrulyň nyşany bolýan bolsaň, onda näme üçin saçyň öňüňde? – Saçymyň eýesi Muhammet Togrul begdir. Ol näme islese, şonuň ýaly hem bolar. – Hany, Togrul? – Beg hatynyna hasabat bermeýär. – Wa-hasrat-a, elime ilse, her tikesini kyrk bölek etjek-le men onuň. Toýumy ýasa öwrenini ömürem unutmaryn men. Onda meniň arym ýatyr. Arymy almasam, bu dünýäden gözümi açyp giderin. Ol balyk ýaly her sapar elimden sypýar meniň. Ýöne men ony ir-u-giç tutaryn. Men onuň aşyna şeýlebir awy gataryn, bütin ömrüne ýadyndan çykmaz. Togruly öldürerin. Näme üçin Abdylmälik meniň duşmanym bilen guda bolýar? Näme üçin kynyklara gyz berýär? Abdylmälik oňarmandyr, hiç oňarmandyr – Şamälik biraz içini hümledip durandan soň, Altynjana ýüzlendi: – Eý, hanyň gyzy, men saňa babaň hatyrasy üçin hiç zat diýmäýin. Başga bir hanyň gyzy bolan bolsaň, onda men seni häzir atyň syrtyna basardym. Altynjan hyrra yzyna öwrüldi-de, düşlege bakan ylgady. Şamälik emir Altynjanyň yzyndan birmeýdan seredip dur¬dy-da, ýoluny dowam etdirdi. Düşlege laçyn deýin atylyp gelen Altynjan Gülýüzlä azm urdy: – Atymy getir! – Näme boldy, melikäm? – Atymy getir, atymy! – Atyňy näme etjek, melikäm? – Merez etjek, merez! Atymy getir! Gidýäris! Hajar hatyn gyzynyň bu sözüne ör-gökden geldi: – Bu näme diýdigiň bolýar, gyzym? Babaň awdan gelýänçä biz şu ýerde garaşmasak bolmaz. Gitseň, babaň gahary geler. – Ene, maňa hiç zat diýme. Gitmesem bolmaýar – diýip, Altynjan ejesini gujaklap hünübirýan aglady. – Meni öldürmeli, ene, meni öldürmeli. Men seniň pendiňi tutmadym. Hut şonuň üçinem Hudaý meni jezalandyrdy. Ene, men häzir gideýin. Enesiniň pendini tutmadyk gyzy kerçem-kerçem etmeli. Meni öldürmeli. Men telek iş etdim. Men häzir giň dünýä sygyp bilemok. Ene, sen meni golda. Sen meni gora, ene. Özüň bir çykalga-söz tapyp, babamy köşeşdir. Hajar hatyn gyzyna belet. Ol gyzynyň atylan okdugyny, bir aýdan zadyny – ýalňyş-u-ýalňyş däl – etmese, ynjalyk tapmajakdygyny bilýär. Şonuň üçin ol gyzyna: «Gitme!» diýip ikinji gezek aýtmady. Ol eýýäm Akgara atlanan gyzyna nägilelik bilen elguşuny alyp berdi. 6. Ýolboýy sesini çykarman gidip barşyndan çen tutup, Gül¬ýüzli akgyz Altynjanyň gala baryp, bir ýowuz iş etmekçi bol¬ýandygyny aňdy. Näme etmek isleýärkä? Näme etse-de, eýgilige bolsun hernä! Gülýüzli gala ýetilýänçä Altynjanyň näme etmek isleýändigi barada oýlanyp gitdi, ýöne onuň näme etmek isleýändigini teý akylyna getirip bilmedi. Akgyzyň tapyp bilmedik tapmaçasynyň çözgüdini şebista¬nyna girensoň, Altynjan aňsatja ýorup berdi. Şebistanyň içi almanyň ysyndan burk urýardy. Bu ys düýn tekjede goýlan iki sany almadan gelýän bolmaly. Bişen almanyň ysyna melul bolan Gülýüzli ýeňil dem aldy. – Şo gezek Muhammet Togrul begden alyp galan gamçymyz nirede? – diýip, Altynjan Gülýüzlüden gaharly sorady. Gülýüzli ýabaly agaçdan asylgy duran gamçyny bikesine alyp berdi. Altynjan gamçyny elinde uzak saklaman, Gülýüzliniň öňüne oklap goýberdi: – Hany, başla! – Bu näme? – Näme üçin bolgusyz sorag berýärsiň? Näme, şunuň gamçydygyny bileňokmy? – Bilýärin... – Onda nä soraýarsyň? – Men: «Nämäni başlaýyn?» diýip soradym. – Wa-weýla, saňa aýtmadymmy? – Nämäni? – Şu gamçy bilen başda on gezek ýagyrnyma ur. Eger ölmesem, biraz wagtdan soň, ýene on gamçy urarsyň. Eger gowşak ursaň, onda özüňi uraryn. Gülýüzli Altynjandan her hili hokga garaşsa-da, beýle emre garaşmandy: – Çynyňyzmy, melikäm? – Çynym. – Degişýän bolaýmaň? – Ýok, degişme ýadyma düşenok meniň. – Meniň elim agyr. – Çydaryn. – Melikäm, siz özüňize mydama ýowuz daraşýaňyz. Siz perişde ýaly päk gyz. Sizi urmaga hiç kim dözüp bilmez. Diňe ýüregi ýok jel¬lat, özem batyl jellat urup biler sizi. Ýok, ýok, ýalňyşdym, olar hem urup bilmez sizi. Siz urulmak üçin däl-de, söýülmek, sypalmak üçin, bagra basylmak üçin dörän gyz. Ýadyňyzdamy, nowruz baýramynda ýigitleriň öňüne gamçy taşladyňyz?! Ýigitleriň birem sizi uran däldir şonda. Sizi urmaga dözer ýaly däl. Siz – perişde. Ýigitler: «Altynjan, biz seni urup biljek däl» diýdiler. Näme üçin? Sebäbi siz mähriban! Siz – eziz! Isleseňiz, meni uruň, ýöne maňa başarmajak zadymy, rehimsiz erkek kişileriň başarmadyk zadyny buýurmaň. – Sen başararsyň! – Menmi? Meniň başarýan zadym ýog-a bu dünýäde. Meniň ýeke-täk bir başarjak zadym bar häzir? – Näme? – Içerä ysy ýaýran almalaryň birini iýmek. – Hä, alma iýesiň gelýärmi? – Gelýär öz-ä. – Alma derek awynyň sapyny iýseň bolmazmy?! – Ony onçakly halamok. – Samyrdama-da, eliňe gamçyny al! Gülýüzli bir gamça, birem Altynjana seretdi. Gamça bakan bir ädim ätdi: – Gygyrdyp urubereýinmi? – Gygyranyma bakma, uruber, uruber! – On gamçy uraýynmy? – Hawa, on gamçy ur. – Gaty ursam näme? – Gaty ur, ýogsam özüňi uraryn. – Ýok, meni urmaly bolmarsyňyz. Gözümi ýumup urubersem, nähili bolar? – Gowy bolar. – Melikäm, şu ömrümde men hiç kimi urup görmedim. – Diýmek, ömrüňde birinji hem iň soňky uranyň men bolaryn. – Ýat onda! – Näme üçin ýataýyn? Dik durkam uruber! – Ýok, men ýatyryp urmagy gowy görýärin. – Nirede ýataýyn? – Tapawudy ýok. Dur, dur, tapawudy bar, gapynyň agzynda – meniň oturýan ýerimde ýat. Altynjan Gülýüzliniň oturýan ýerine baryp ýatdy. – Boldumy? – Melikäm, gözüňi ýum! – Ýumjak däl. – Onda urjak däl. – Ýeri, bolýar – diýip, Altynjan gözlerini ýumdy. Gülýüzli ýerden göteren gamçysyny elinde bökdürip, melikesine ýüzlendi: – Meni uran gezekleriň ýadyňdamy? – Ýok. – Ýadyňa salaýynmy? – Ýadyma sal! – Arkan ýat. – Nähili ýatamda saňa näme? – Arkan ýat! Altynjan bu gezegem boýun sundy: – Indi nä dursuň? Eý, çişik mekejin. Sen Mansur poladanam çişik, pola. Uruber! Eliňe okuma çyksyn hernä. – Bu sözleri gaharymy getirmek üçin aýdýarsyň. Barybir, saňa gaharlanyp bilemok, melikäm. Yşan, gara çynym meniň. Urup bilemok, melikäm. Ýok, ýok, seni urmak – öwlüýäni urmak. – Samahyllama, ur! – Ýok, ýok. – Onda näme üçin meni arkan ýatyrdyň? Gülýüzli gamçyny alan ýerine oklady: – Aý, arkan ýatyryp göräýeýin diýdim. «Melikäm Togrul begiň öňünde nädip ýatarka?» diýip, oýlanyp, göz öňüme getirip bilmän ýördüm. – Gaharymy getirme! – Öýüňizden kowuň, gideýin, ýöne başarmajak zadymy aýtmaň. – Saňa: «Diňe islän işiňi edersiň, islemedik işiňi etmersiň» diýlip haçan izin berildi? – Beýle izin berilmedi. – Onda näme üçin buýrugymy amal etmän, bolgusyz takal okaýarsyň?! – Sen pikir et, men öz melikämi ursam bolmaz-a! – Dünýädeň iň ýigrenji adam kim? – Siziň öňki sözleriňiz bilen jogap bersem-ä, akyl berýän adam. – Akyl bermän, buýrugymy ýerine ýetir! Gülýüzli işige bakan gönükdi. Altynjan onuň öňüne geçdi: – Nirä? – Daşaryk. – Daşarda nä körüň bar?! – Köşeşýänçäňiz men daşarda durubereýin. – Hiç ýerik gitmersiň. Meniň köşeşmegimi isleseň, aýdanymy et. Bol! – Ýok, ýok! Men onuň ýaly gabahat iş edip bilmerin. Şu ömrüme hiç kimi urmadym, indem urmaly bolmaýyn. – Getir onda gamçyny! – Ynha! – Gülýüzli ýerde ýatan gamçyny alyp, melikesine gorka-gorka uzatdy. – Urmasaňyz-a gowy boljak. Ýaraman ýatsam, özüňiz üçin gowy bolmaz. Siziň ýumuşlaryňyz kän, men olaryň hemmesine ýetişmeli. Men size gerek ahyryn! Meni ýatmaly etmäň öz-ä... Altynjan gamçyny Gülýüzliniň haýsy tarapyndan urjagyny bilmeýän ýaly, içini hümledip onuň daşyndan bir gezek aýlanyp çykdy. Sag tarapynda durup, bar güýjüni jemläp, ary köýüp ýatan ýaly urmaga başlady. Gamçynyň şuwwuldy sesi ýüregiňi dilip barýar. – Aý, ene-eý, agyrýar-eý. Waý-waý, ölüp barýaryn-eý. Janym çykyp barýar-ýeý. Öldüm-eý. Wa hasrat-a, melikäm, urmaň! Melikäm, urmaň! Men çydap bilemok. Men siz ýaly çydap bilemog-a! Eý, Salyr babam, özüň ýetiş! Gün han atam, özüňden medet! Bilge babam, özüňden medet! Ýoluňyza bir goýun menden! Gara çynym, gowy baga bakylan goýun ýoluňyza aýdýaryn. Tiz¬räk ýetişiň, bu dikdüşdi ganjygyň elinden alyň meni! Salyr babam, size-de bir goýun menden! Ýetişiň! Gün han atam, bir goýun berjek! Abdylmälik daýy, tizräk gel! Awy soň edäý! Mansur daýy, tiz gel! Habyl, gel, Kabyl, gel! – Kömege gelip ýetişerler öýtseň, biraz puryja bereýin. – Ýetişerler, enşalla! Eý, Gün han atam, özüňden medet! Eý, Salyr babam, özüňden medet. Ýoluňyza bir goýun! – Hany goýnuň? – Işiň bolmasyn. – Keramatly atalarymyzy aldap otyrmyň? Sen eýýäm üç goýun bergidar! – Ýuwaş! Işiň bolmasyn. Seniň demiňden sag-aman sypsam, üç goýny, eýderin-beýderin, taparyn. – Eýdip-beýdip goýun gözläp ýörmän meniň aýdanym bilen boluber! – Ýok, ýok! – Onda aýdanymy edýänçäň urjak. Ölýänçäň urjak! «Urmaga razy» diýýänçäň urjak! Üç goýnuň hem ardurja gitdi. Elewräp duran Gülýüzli nämedir bir zat ýadyna düşen ýaly çuň oýa batdy. Kem-kemden dogumlandy, biraz arkan gaýyşdy. Altynjan onuň bu bolşuna geňirgendi. – Saňa näme bolýar? Kömege geläýdilermi ýa? Gülýüzli merdemsi jogap berdi: – Ýok, ýok, men öljek-ýitjek, ýöne gamçyň agyrysyna döz geljek, özüme erk etjek. Senem Togrulyň öňünde gamça döz gelip durupdyň. Seniň döz gelen zadyňa, men döz gelmesem bolmaz. Sebäbi men seniň akgyzyň, men saňa mynasyp akgyz bolmaly. Men sebäpli saňa gep geläýmesin.. – Ganymy çogdurma meniň! – Ganyň çogsa, çoguplar geçsin, dökülsin! Gülýüzlüden saňa mert jogap: urjak däl. Urjak däl! Iň soňky gezegem aýdaýyn: urjak däl! – Urarsyň! – Urmaryn! – Böke-böke urarsyň! – Böke-böke urmaryn! – Men saňa aýdýaryn: ölseňem urarsyň! Ölseňem! – Ölemsoňmy? Ony entek bilemok, soň aýdaryn! Altynjanyň gany depesine uran bolarly, gamçylap urmasy oňa az göründi. Ol bir bökende Gülýüzliniň depesine mündi. Birmeýdan onuň çem gelen ýerine urdy. Soňam onuň bokurdagyndan tutup, bogmaga girişdi. Gülýüzli özünden gitdi. Altynjan ýüzi göm-gök bolup ýatan akgyzyna ýigrenç bilen seretdi, onuň ýerinden turaryna garaşdy. Akgyz uzak garaş¬dyrman özüne geldi, ýerinden turdy: – Urarsyň ýa ölersiň. – Öldüräý! – diýip, Gülýüzli parahat jogap berdi. – Ganjyk! Altynjan oňa gözlerini petredip seretdi: – Saňa näme bolýar? – Sen meniň üstüme gygyrma! Eşidýärsiňmi, üstüme gygyrma meniň! – Näme, näme?! – Näme eşiden bolsaň – şol! Men seniň aýdanyňy etjek däl. Bolsaň bolupsyň-da han gyzy! – Onda ölmeli bolarsyň. – Ölerin! Öljek! Öldür! – Men saňa mundan artyk çydap bilemok. – Altynjan ýene gamçyny Gülýüzliniň depesinden yzly-yzyna inderdi. – Öldürjek! Öldürjek! Öl! Gülýüzli agyrydan ýaňa gözünden boýur-boýur ýaş dökdi, esli salym doňan dek bolup Altynjana seretdi durdy, birdenem elewräp ugrady: – Bolýar, bolýar, men öleýin. Ýazgytdyr bu. Bimahal ölmeli boldum. Men razy. Men ölmeli boldum. Allatagalanyň amanadyny yzyna tabşyrýaryn. Men mertlik bilen ölýärin! Men erkek¬lerçe ölýärin! Eý, halaýyk, eý, Babyr, eý, Mansur daýy, menden razy boluň, hoş galyň! Eý, Babyr, enem menden razy bolsun! Gyzyň iň soňky deminde seniň adyňy tutup mert öldi diý. Otagymdaky ýorganlaryň iň aşagyndakynyň ikinji epininde otuz dirhem pulum bardyr, ony metjide haýyr-yhsan edip beriň. Hajar hatyn agşam ýatjak wagty guragyryly sag aýagyna ýylanyň zäherinden edilen melhemi çalmagy ýadyndan çykarmasyn, her gün ýatjak wagty çalynmasa, peýdasy az bolar. – Munça edeniňe görä kelemäňem öwür. – Puryja berseň, öwürjek. Altynjan puryja berdi, Gülýüzli kybla bakyp kelemesini okady. – Başga aýtjak zadyň barmy? – Rast, öljek bolsam, özüm bilen äkitmäýin, käbir aýtman ýören zadymy göni ýüzüňe patladyp aýdyp, içimi bir sowadaýyn, hanyň gyzsumagy! Wa-hasrat-a, gamçynyň yzasy janymy alyp barýar. Basymrak öläýmesem, çydap bilemok. – Aýdanyň bilen içiň sowaýan bolsa, sowat! Aýt! – Sen ärsirän, kedisi mawlan 2 ganjyk sen! Eşitdiňmi? Sen erkek görseň, öňünden ylgap ýörmän, likirbuduňa köz bas! Köz! Togrul beg saňa: «Mäkiýan horaz» diýip örän dogry aýtdy. Mäkiýan horaz sen. Gedem sen! Saňa är gerekmi? Ärsiz oňup, ýaşap bileňokmy? – diýip, Gülýüzli Altynjana symygyny görkezdi. – Me, saňa är! Enesiniň garşysyna giden ganjyk mertebe tapmaz, betbagtlyk tapar. Hiç bir är seni ojagynda uzak saklamaz! Bir aý saklap-saklaman gülberiňi arkaňa atyp goýberer. – Sen işden boş! Gümüňi çek! Gözüm görmesin seni! – Giderin. Senden saýak-saýakdyrak kaňkap ýören item gowudyr. – Git, git! Gümüňi çek! Sen akgyz bolmaga mynasyp däl! – Menmi?! Dünýäde meniň ýaly gowy akgyz – keniz ýokdur! Muňa täze akgyz alaňda göz ýetirersiň. Saňa ärem, akgyzam çydamaz! Saňa diňe men çydadym, indi menem çydamok. – Men seni gaty lälik sakladym. Men seni ýanymda joram ýaly, syrdaşym ýaly sakladym! – Sende jora bolmasa näme! Sende syrdaş bolmasa näme! Ýekeöýliň horazam senden gowudyr. Sen, asyl, özüňden başga hiç kimsäni göreňog-a. – Sen meniň eden ýagşylyklarymyň gadyryny bilmediň. Men seniň, heý, bir ýerde göwnüňe degdimmi? Ä, aýt? – Aýtsam – aýdaryn, aýtmasam – aýtmaryn. Maňa «Aýt!» diýen bolma! Men indi seniň akgyzyň däl. Näme edýänim bilen seniň işiň bolmasyn! Besdir! Mäkimiýan gopbam horaz sen! Sen daşy ýaldyr-ýuldyr edýän içi boş tulum sen! Saňa ýaranmak mümkin däl. Saňa Hudaýam ýaranyp bilmez. Sadyllanyň eşigini geýseň, näme, erkek bolaryn öýtdüňmi? Hudaýyň edenine garşy giden bolýarsyň. Sen Hajar hatynyň basyp giden aýak yzyna-da degeňok. Hajar hatyn – perişde. Sen bolsa melgun. Öwf! Aýtdym, içimi sowatdym. Aýtmadyk bolsam, gözümi açyp giderdim. – Gül¬ýüzli uly bir ýüküň aşagyndan çykan dek rahatlandy. – Indi o dünýä rahat giderin men. – Sen rahat gitmersiň. – Eý, guşkelle, boşkelle urkaçy! Öldüriber! Bol bahym, ärsirän tula – diýip, Gülýüzli sesiniň ýetdiginden zowladyp goýberdi. Soňam gözlerini ýumdy. – Menden razy boluň, adamlar. Men gitdim! Wah, enemi ýene bir gezek görüp, gujaklap, hoşlaşyp, soň ölen bolsam, has gowy bolardy. Wa hasrat-a, ene, men saňa köp ýagşylyk edip bilmedim. Seni arkama hopba edip, Mekgä haja äkitsemem azdyr. Sen özüň iýmän maňa iýdirdiň. Meniň akgyz bolmagym üçin öýüň düşeklerini satyp, maňa sowat öwretdiň. Hoş, ene! Hoş, sag boluň, adamlar! Menden razy boluň! Men şu ýelni kesilmişden başga ähli kişiden razydyryn. Waý-eý, gamçyň degen ýeri janymy alyp barýar. Men ölýärin. – Urup başlabereýinmi, eý, çişik Eflatun?! – Başlaber, mäkimiýan horaz! – Maňa: «Mäkimiýan horaz!» diýme! – Diýjek, näçejigimem diýjek! Sen maňa näme üçin «Çişik Eflatun» diýdiň? Mäkimiýan horaz! Ýok, dogrusy, horazsyraýan mäkiýan. Horazsyraýan mäkimiýan! – Gülýüzli ýene symygyny görkezdi. – Sen muny görýäňmi? Ine, saňa! Arwah sen! Gülýüzli urga garaşdy. Altynjan näme üçin öldürmäge başlanok?! – Bol, öldür-dä! – Nämä howlugýarsyň? – Seniň ýanyňdan çaltrak gidesim gelýär. Onsoňam häzir öldürmeseň, soň garaňky düşer, meni jaýlamaga ýetişmezler, uzak gije bärde ýatmaly bolaryn. – Öleňsoň, nirede ýataňda saňa näme?! – Mynasyp ýerimde, seniň ýok ýeriňde, ömrem barmajak ýeriňde ýatjak men. – Dowzaha düşäýerin öýdýärsiňmi? – Seniň ýanyňda ýatanymdan dowzaham gowudyr. – Näme, näme?! – Bagyşlaň, bu sözi gaharyma aýdaýdym... – Gözüňi açyp gürle! – Ýok, ýok, indi gözümem açjak däl, gürlejegem däl. Öldür, wessalam! – Gülýüzli ikidyz oturyp, Altynjanyň öldürerine garaşdy. – Näme bilen öldüreýin? – Menden maslahat sorama, barybir, maslahat berjek däl. Nädip öldüresiň gelse, öldüriber. Gamçy bilen urup öldür. Gygyrybersem üns berme. Özümden gidemsoň, seniňki aňsat bolar. Iň gowusy, döşümden hanjar sok. – Başaramok. – Senmi? Öz doganynyň gözüne hanjar sokan şereňňiz urkaçy, heý, meniňkä sokmazmy? – Men Habylyň gözüne atdanlykda sokdum. – Diýmek, tejribäň bar. Meniň ýüregime bilip sok! Bol bahym! – Gözüňi aç! Näme üçin gözüňi ýumýarsyň? – Seniň ýaly ganhora näme tapawudy bar onuň? – Tapawudy bar. – Näme? – Gözüňi açmasaň, gaharym gelenok. – Ýok, ýok, indi meniň bu dünýäden gitdigim. Indi maňa siziň ýaşaýan dünýäňizi görmek ýok. Bahymrak öldür! – Näme üçin howlugýarsyň? – Seniň bilen gürleşip durmak islämok. – Gözüňi açmasaň, gaharym gelenok diýdim-ä. Meniň gözüme seret. – Ýog-eý, hälki aýdan sözlerimden soň seniň ýüzüňe hijem seredip bilmerin. Ýüzüňe seredere ýüzüm ýok indi meniň. – Sen hakykaty aýtdyň-a. Seniň aýdan zatlaryň ählisi dogry. – Hakykaty diňe öljek wagtyň aýdyp bolýar. – Onda sen meni on ýyllap aldadyňmy? – Men hiç zadam edemok, melike... – Gülýüzli ilkinji gezek Altynjana «melikäm» diýmän, «melike» diýdi, sebäbi ol eýýäm onuň melikesi däldi. Ol işden kowlan. – Men şu güne çenli – senden kowulýançam ak ýürekden hyzmat etdim. Hyzmatymda ikilik etmedim. Nähili pikir edýändigimiň bolsa saňa – size parhy ýok. – Gözüňi aç! – Weýla, masgara, sen nähili özi? – Nähili? – Entegem öldüreňok-la sen meni? Öldür bahym! – Hökman öljekmi? – Hälki aýdan sözlerimden soň men siziň dünýäňizde ýaşap bilmerin-ä! – Näme üçin «Siziň dünýäňiz» diýýärsiň? Sen entek ol dünýä gideňog-a?! – Indi men islesem-islemesem o dünýä gidäýmeli. – O dünýä gidip näme etjek? – Ýatjak hezil edip. Saňa hyzmat etmekden-ä dynaryn. Ýogsam saňa ýaranjak bolmakdanam halysan beze-bez boldum men. Muhammet Togrul begiň başyna-da apy-tupan getirersiň sen. Ol görgülä-de nebsim agyrýar meniň. Olam bir gün edil men ýaly ölmäge kaýyl bolar. Wiý, dym-dyrslyk-la?! Hanyň gyzy, öňki melikäm, sen nirede? Näme üçin geplemeýärsiň? – Ölmeziň öň ýany näme isleýärsiň? Belki, isleýän zadyň bardyr? – «Isleýän zadyň bardyr» diýdiňmi? – Gülýüzli tekjede duran iki sany almany ýatlady, ýuwdundy. – Näme islesem, berermiň? – Ölüp barýan adam guşuň süýdüni islese-de tapyp berýärler. On ýyl hyzmatymda bolduň. Seni razy edip o dünýä ugratmak meniň borjum. – Razy edip o dünýä ugratmag-a saňa kyn düşer, ýöne tekjäniň öňündäki almanyň birini berseň-ä, senden azajyk razy bolup giderin men, mäkimiýan horaz! Altynjan almanyň ulusyny alyp, Gülýüzlä berdi. Gülýüzli gözüni açman almany derrew lak-luk atdy. – Ýene biri bar. Onam iýäý. – Iý diýseň, iýerin welin, soň saňa galmaz. – Me, sen indi meni gaýgy etme. – Onyňam dogry, mäkimiýan horaz. Behişdem şeýle gowy däldir. Hezil edäýdim – diýip, Gülýüzli ikinji almany hem gözlerini açman iýdi. Altynjan Gülýüzlüden gorka sorady: – Men şeýle erbetmi? – Erbedem senden gowudyr. – Erbet bolsam, onda näme üçin meni urmaýarsyň? – Sebäp men seni gowy görýärdim, hakyt saňa magşuk bolupdym, mäkimiýan horaz! – Wa-weýla, sen maňa başda perişde diýdiň, soň maňa ýaman diýdiň. Indem başga sözleri samrap otyrsyň. – Ýaramazam bolsaň, özüňe imrindir¬ýän bir mähirlilik, hoşreftarlyk jadyň bar seniň. Bagryňa basaýasyň gelýär. Erkek bolan bolsam, döşüňe döşümi oýkap-oýkap, içimi sowadardym. Altynjan ikidyz oturan Gülýüzliniň garşysynda ikidyz oturdy: – Gülýüzlim, men seniň günäňi geçeýinmi?! – Sen geçseňem, men geçmeýärin. Mekejin! Mäkimiýan horaz! – Özüňe beýle ýowuz-jeberut bolma. Sen mähriban ahyryn. Men seni indi on ýyl bäri saklaýaryn. Naçarlygyňdan başga aýbyň ýok seniň, sen durşuňa mähirdar sen, hakyky hoşreftar sen, ýüzüňde janperwer mährewlik bar seniň. Sen hiç wagt gaharlanmaýarsyň. Sen geçirimli. Men saňa on ýylyň içinde juda köp gezekler sütem etdim. Sen meniň eden sütemlerimi hiç kime aýtmadyň. Mydama: «Daşa büdräp ýykyl¬dym» diýdiň. Şol wagtlar seni bagryma basaýasym geldi. Sen örän dogry aýtdyň: men oňşuksyz, kejir men. Gedem men. Onam dogry aýtdyň. «Saňa Hudaýam ýaranyp bilmez» diýibem suwamaý dogry aýtdyň. Enemiň sözüni diňlemän telek iş edendigimem dogry aýtdyň. Seniň aýdan ähli sözleriň dürs, ýüregime jüňk boldy. Sen maňa düşünýärsiň. Sen meniň ýalňyz ýürekdeşim. Eger sen dagy bolmadyk bolsaň, onda ýeke akgyzam meniň şatyma çydap bilmezdi. Sen bolmasaň, men bu dünýäde mundan beýläk nädip ýaşaryn?! Bu jahanda meniň ýeke-täk daýanjym sen, söýenjim sen, Gülýüzlim. – Şu aýdýanlaryň ýarysy dagy çynyňmy, mäkimiýan horaz?! – Çynym, Gülýüzlim, barysy-da çynym. – Meni ýeke-täk ýürekdeş joraň hasaplaýarsyňmy eý, mütrük? – Sen meniň ýeke-täk ýürekdeşim. – Dogry aýtdyň, saňa mensiz ýaşamak kyn-a düşer, zalym-jeberut? – Eger sen ölseň, onda menem öljek. – Wiý, masgara! Bu nädip beýle boldy-a?! Masgara-a! Onda men ölmäýinmi, mäkimiýan horaz?! – Ölme, akgyzym, ölme! Gözüňi aç! – Men saňa sögdüm-ä?! «Mekejin, mekejin!» diýdim. «Mäkimiýan horaz» diýdim. Kän zat diýdim. Sen meniň günämi ötjekmi? – Sen meniň günämi ötjekmi? – Ötjek, näçejigimem ötjek. Men jinnekçi däl. Sizde günä ýok. Siz – perişde! – Men seniň günäňi ötýärin. – Çynyňmy? – Çynym, gül ýüzli Eflatunym. Olar şapba gujaklaşdylar, soňam ýer sarsdyryp, aglamaga başladylar. Babyr atly hyzmatkär agy seslerini eşidip, ýüregi ýarylan ýaly bolup, kürsäp içeri girdi. Görse, Altynjan bilen Gülýüzli gujaklaşyp, aglap otyr. Hyzmatkär hyjyl çekip, sesini çykarman daşary çykdy. 7. Garaňky gatlyşyberende awa gidenler geldi. Hajar hatyn atdan düşüp-düşmänkä Gülýüzlä ýüzlendi: – Hany, Altynjan? – Ýatyr, hatyn. – Näme, näme? O näme üçin bimahal ýatyr? – Ol: «Endam-janym agyrýar» diýdi. – Näme bolupdyr oňa? – Siziň ýanyňyzdan gaýdyp öýe gelenimizde ol atdanlykda daşa büdredi. Arkasy daşa degdi, daraw-daraw, hatyn... – Mansur, howlyň içinde ýeke daşam bolmasyn! Mansur gapydan kösenmek kösendi: howlynyň içinde ygym-sagym ýatan ýekeje daşam ýokdy... Ýöne Altynjanyň arkasynyň daraw-darawdygy hakykatdy... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |