AMANGÜL KARRYÝEWA
Türkmen folklorynyň naýbaşy eseri “Göroglyny“ Kawkaz halklarynyň „Keroglusy“ bilen deňeşdirip uzak ýyllar iş alyp baran, bu ajaýyp eserleriň köklerini, birek-birege täsirini seljeren alymlaryň biri A.Karryýewadyr. Alym türkmen halkynyň Kawkaz halklary bilen arabaglanşygyny, olaryň syýasy- ykdysady, edebi medeni gatnaşyklaryny, durmuşyny, dürli-dürli döwürlerdäki türkmen hem daşary ýurt alymlarynyň işlerinden hem arhiw maglumatlaryndan peýdalanyp düýpli öwrenipdir. Olar bolsa az-owlak däl. Ol şol maglumatlary biri-biri bilen deňeşdirip,bu ugurdan düýpli pikiri orta atypdyr. “Kawkazyň çäkleri taryhy taýdan ählumumy wakalaryň bolup geçen giňişligine öwrülipdir“ diýmek bilen, awtor şol giňişlikde bolup geçen wakalar hakynda pikir ýöredýär. Şol wakalaryň aýratyn-da türkmenleriň Kawkaza aralaşmagy Garagoýunlylar, Akgoýunlylar döwletiniň agalyk etmegi bilen bagly bolan dürli sebäplere görä, biri-biri bilen gatyşyp, ýa ýanaşyk, goňşy oturan halklaryň durmuşyna, medenýetine, folkloryna ýetiren özara täsirini yzarlapdyr. Aýratyn hem şol wakalaryň esasy bölegini „Görogly“ eposynyň döreýşi bilen baglanyşdyrypdyr. Awtoryň nygtaýşy ýaly, Garagoýunly, Akgoýunly türkmen nesilşalyklarynyň dolandyran zamanasynda azatlyk ugrunda göreşen Göroglynyň, Sapar kösäniň, Mustafanyň edermenlik görkezen döwri bolan Jelalylaryň gozgalaňlary diňe bir orta asyrlaryň sene ýazgylarynda däl, şol taryhy wakalary şöhlelendiren epiki eserlerde hem orun alypdyr.
A.Karryýewa „Görogly“ şadessanynyň taryhyndan „Türkmen Göroglusy we Kawkaz“ atly seljermelerinde, ençeme ylmy makalalarynda türkmen folklorynyň dürli-dürli nusgalaryny, aýratyn hem, „Görogly“ eposyny beýleki halklaryň „Göroglysy“ (Kerogly) bilen deňeşdirip öwrenmekde, her halkyň özüne mahsus bolan milli özboluşlulygyny, ýüze çykarmakda düýpli pikirleri orta atypdyr. Şol sanda „Görogly“ eposynyň umumyadamzat medeniýetinde tutýan orny hakynda iňňän gymmatly pikirleri öňe sürüpdir. Awtor rus, iňlis dillerini bilen soň öz ylmy makalalaryny terjime edip, beýleki halklaryň-da ruhy baýlygyna öwrüpdir.
Deňeşdirip öwrenmek bolsa, her bir eseriň gymmatyny, özüňki bolan düýp häsiýetini, mazmunyny açmagyň esasy şertidir. Bu ýagdaý A.Karryýewanyň türkmen folklory boýunça, aýratyn hem, türkmen „Goroglysyny“ orta çykarmakda edýän düýpli işleriniň gymmatyny artdyrýan esasy häsiýetidir. Häzir hem alym „Gorogly“ eposy we dünýä halklaryň epiki mirasy“ atly düýpli işiň üstünde işläp ýör.
A.Karryýewa 1975-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň çet ýurt dilleri fakultetini tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Ol ýaşlygyndan daşary ýurt dillerinde türkmen edebiýatyna, folkloryna degişli maglumatlary agtaryp başlaýar. Ol Beýik Britanýanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň arhiwlerinde, kitaphanalarynda saklanylýan golýazmalaryň käbirlerini öwrenýär. Olar bilen bagly ilkinjileriň biri bolup, ýaş alymlaryň ylmy maslahatlarynda (1978, 1982 ý.ý.) çykyş edip, folkloryň daşary ýurtda saklanylýan dür-däneleri bilen ýaşlary tanyşdyrýar. Ýaş alym „Görogly“ eposynyň Aleksandr Hodzko Boreýko tarapyndan 1972-nji ýylda Londonda çap edilen neşiriniň surat nusgasynyň TYA-nyň merkezi ylmy kitaphanasyna gowuşmagyna ýardam edýär. Ýaş alym şol neşiri seljerip bu ajaýyp epos barada düýpli pikirleri orta atýar. Awtoryň makalasy TYA-nyň „Habarlarynyň” jemgyýetçilik bölüminde 1978-nji ýylyň 4-nji sanynda çap edilýär.
A.Karryýewa „Görogly“ eposynyň poetika ulgamy“ atly (Aşgabat „Ylym“ 1990) monografiýanyň hem awtorydyr. „Türkmen halk dessanlaryny“ 1993-nji ýylda çapa taýýarlap, „Türkmanistan“ neşirýatynda çap etdirýär. Ol Türkiýede, Beýik Britanýada, Ukrainada, Türkmenistanda çap edilen türkmen folkloryna degişli 100-e golaý makalalaryň awtorydyr, bularyň hemmesi türkmen folkloryny öwrenmekde, folklor ýadygärliklerini daşary ýurt alymlaryna, okyjylara ýetirmekde gymmatly işlerdir.
A.Karryýewa belli alym, filologiýa ylymlarynyň doktory. H.G.Göroglynyň ýolbaşçylygynda Al-Faraby adyndaky Gazagystan döwlet uniwersitetinde 1986-njy ýylda „Görogly“ eposynyň çeperçilik serişdeleri” (türkmen we azerbeýjan eposynyň esasynda) diýen temadan dissertasiýa gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derjesini alýar. A.Karryýewa goňşy halklarynyň folklory bilen arabaglanşygyny öwrenmekde ýazan ylmy işleri üçin 1994-nji ýylda folklorçylyk hünäri boýunça uly ylmy işgär alymlyk derejesine mynasyp bolýar.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly