ANNAGURBAN AŞYROW
Annagurban Aşyrow türkmen edebiýatyny, folkloryny seljermekde, neşir edip halk ýetirmekde iňňän köp iş eden uly hem zehinli alymdyr. Türkmen halkynyň ajaýyp eseri “Gorkut atany” iki nusga – Watikan we Drezden nusgalary esasynda kämillikde 1997-nji ýylda “Kitaby dädem Gorkut” we “Hekaýaty Oguznamaýy Gazan beg we gaýry” atly gymmatly kitaby okyjylara ýetişen alymdyr. Ol okyjylara ilkinji gezek bu kitabyň daşary ýurtdan getirilen Wakitan nusgasy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi. Üstesine-de zehinli alym bu nusgalary seljerip, olaryň gymmatyny, beýleki nusgalardan tapawudyny aýyl-saýyl edip, tekstleri kämilleşdirip okyjylara ýetirdi. Şol sanda alym 250 sahypadan ybarat “Gorkut ata” kitabyny 1999-njy ýylda çapa taýýarlap “Magaryf” neşirýatynyň üsti bilen kämil görnüşinde neşir etdirýär. Şu ýol bilen uzak ýyllar” gulp astynda saklanan” türkmen halkynyň bu ajaýyp ýadygärligi Garaşsyzlyk ýyllarynda yzly-yzyna neşir edilýär. 1999-njy ýylda bolsa bu gymmatly eser ýene A.Aşyrowyň, A.Rahmanowyň taýýarlamagynda neşir edilip türk okyjylaryna ýetirilýär. Ajaýyp ýadygärliklerimizi dünýä ýaýmak bolsa ýetilip bilinmedik arzuwlardandyr.
“Gorkut ata” 1500 ýyl” at bilen bütin dünýäniň alymlarynyň gatnaşmagynda Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilip, şol at bilen 1999-njy ýylda makalalar ýygyndysy çap edilýär. Bu ajaýyp ýadygärlik öz alymlarymyz we daşary ýurt alymlarynyň onlarçasy tarapyndan seljerilip bu eseriň, ideýa-çeperçilik gymmaty hakynda öň aýdylan pikirler çuňlaşdyrylyp, ösdürilip täzeçe garaýyşlar, düýpli pikirler orta atyldy. Gije-gündize parh goýman irginsiz işlän uly alym türkmen edebiýatynyň antalogiýasyny (tekst) çapa taýýarlap (2001-2004 ýý.) okyjylara ýetirdi. Annagurban Aşyrow Milli golýazmalar institutynyň golýazmalarynyň teswirini (türkmen dilindäki golýazmalar) atly läheň işiň (43,05 çap listlik) hem awtorydyr. Golýazmalary öwrenmekde, seljermekde uly ähmiýeti bolan bu gymmatly teswir “Ylym” neşirýatynda 2013-nji ýylda neşir edilýär. Alymyň rus dilinde “Свет Идущий из глубины веков”, (“Фольклор и литературные памятники Туркменистана”) atly 712 sahypadan ybarat kitaby 2009-njy ýylda Moskwada çap edilip, rus okyjylaryna ýetirilýär. Türkmen folkloryny, edebiýatyny rus diliniň üsti bilen dünýä tanatmakda bu ýygyndynyň gymmaty juda uludyr. 2011-nji ýylda bolsa uly alymyň 670 sahypadan ybarat türkmen folkloryna we edebiýatyna degişli “Siýanýe nemerknuşih zwezd” (“Folklor i literaturnyýe pamýatniki Turkmenistana”) atly ikinji kitaby Moskwada neşir edilýär. Bu ägirt uly iş türkmen halkynyň baý mirasyny rus dilinde rus we dünýä okyjylaryna tanyşdyrmakda alymyň türkmen folkloryna eden uly hyzmatydyr. Onuň türkmen folkloryny, edebiýatyny öwrenmekde, dikeltmekde uly hyzmaty bolan golýazma çeşmeleri hakyndaky “Golýazmalar geçmişimiziň aýnasy” diýen makalasy “Edebiýat we sungat” gazetinde 1990-njy ýylyň 28-nji dekabrynda, “Golýazmalar milli baýlygymyz” atly makalasy “Sowet Türkmenistany” (häzirki “Türkmenistan”) gazetinde 1991-nji ýylyň 14-nji maýynda, “Halk pähimi siňen epos” ýokarky gazetde 1988-nji ýylyň 22-nji martynda, “Täze tapylan golýazmalar” atly makalasy “Edebiýat we sungat” gazetinde 1991-nji ýylyň 22-nji noýabrynda, “Iki sandyk baýlyk” atly makalasy “Ýaş kommunist” (häzirki “Nesil”) gazetinde 1973-nji ýylyň 21-nji iýulynda çap edilýär. Ol türkmen folkloryna degişli ençeme ýygyndylara sözbaşy ýazan alymdyr.
Annagurban Aşyrow 1949-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Jejirs obasynda eneden bolýar. 1967-nji ýylda şol etrabyň 4-nji orta mekdebini tamamlanyndan soň, Serdar şäherindäki Ýerasty suw edarasynda dizelçi bolup işleýär. 1969-1971-nji ýyllarda SSSR-iň ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edýär. 1971-1976-njy ýyllar aralygynda Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, türkmen dili we edebiýaty boýunça mugallym diýen hünäri alýar. 1976-1978-nji ýyllar aralygynda “Ýaş kommunist” gazetinde edebi işgär bolup işleýär. 1978-1992-nji ýyllarda TYA-nyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynda uly laborant, kiçi ylmy işgär, ylmy işgär, sektor müdiri, bölüm müdiri wezipelerinde işleýär. 1992-nji ýyldan TYA-nyň Golýazmalar bölüminiň müdiri, 1993-nji ýyldan 2009-njy ýylyň 12-nji iýunyna çenli Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň direktory bolup, 2009-njy ýylyň 12-nji iýunyndan 2017-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň direktory wezipesinde işleýär.
1986-njy ýylda “XVIII asyr türkmen poemalarynyň žanr özboluşlylygy” atly temadan kandidatlyk dissertasiýany goraýar. 1995-nji ýylda “Magtymgulynyň golýazmalary: ylmy-tekstologik barlaglar” atlandyrylan dissertasiýasyny gorap, dil we edebiýat ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini alýar. 2000-2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň medeni mirasy döwlet institutynyň direktory, 2001-2002-nji ýyllarda Türkmenistanyň Bilim ministri, 2002-2004-nji ýyllarda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, 2004-2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň milli medeniýet “Miras” merkeziniň başlygy, 2006-2011-nji ýyllarda Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wise-prezidenti wezipelerinde işleýär. “Watana bolan söýgüsi üçin”, “Gaýrat” medallary, “Altyn asyr” oredeniniň II-III derejeleri, “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglanýar. Ol Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly adyň eýesidir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýigrimi ýyllyk ýubileý medaly, 2008-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Habarçy agzasydyr.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly