19:57 Antakýa - Oguz kaganyñ paýtagty | |
ANTAKÝA - OGUZ KAGANYÑ PAÝTAGTY
Taryhy makalalar
"Oguznamanyñ" ýa-da "Oguz kagan" dessanynyñ bäş sany aýry-aýry wersiýasy bar. Bäş wersiýadan gelinen umumy netijä görä, Oguz han paýtagty Garagurumdan goşuny bilen ýola çykyp Günbatara sary ýöredi, Itil (Wolga) derýasyndan geçip Kawkazy eýeledi we häzirki Agry (Ararat) dagy diýilýän Aladagda, Garabagda wagtyny geçirdi. Soñra Anadolyny (Kiçi Aziýany), Yragy tabynlygyna saldy, Şama tarap ýöriş etdi, Siriýany doly tabyn edensoñ, yzyna öwrülip Antakýany gabaw astyna aldy, bir ýyl çeken gabawdan soñ, 90 müñ esgerini düşledip, bu ýerde tagtyny gurdy. Oguz han üç ýyllap Antakýada ýaşandan soñ, Bagdadyñ, Yspyhanyñ we Hyradyñ üstünden geçip ata watanyna dolanmagy niýetine düwdi, Samarkanda we Buhara hem baryp, jemi elli ýylyñ dowamynda bütin dünýäni eýeledi we ýurduna dolanyp geldi. * * * Oguz hanyñ b.e.öñ 209-njy ýylda ilkinji legioner goşuny düzen Mete han bilen bir adam bolandyr diýip güman edilýär. "Oguznamalardan" daşgaryn Gündogardan Günbatara şular ýaly uly ýörişiñ bolandygyny ýazanlaryñ biri hem Gerodotdyr. Gerodot skifleriñ Kawkazyñ üstünden kimmerleri kowalap Anadola gelenligini, Müsüre ýöriş edendiklerini, olar heniz Palestinadaka Müsüriñ hökümdary Psammetikosyñ gymmatbahaly sowgatlar ugradyp, skiflere boýun sunýandygyny bildirendugi üçin ondan añry gitmändiklerini, Anadolynyñ ýigrimi sekiz ýyllap skif häkimiýetiniñ golastynda bolandygyny, emma olaryñ köpüsiniñ medlere we perslere myhman bolup, bir gije serhoş edilip öldürilendigini ýazýar. Gerodotyñ bu wakalaryñ bolup geçen wagty hökmünde b.e.öñ VII asyry görkezýär. Men hemişe şu pikiriñ üstünde köp oýlanýaryn: eger Oguz han Mete han bilen bir adam bolýan bolsa, ýa-ha hytaý senenamalary ýalñyş okaldy, ýa-da görkezilen seneler biri-biri bilen bulaşdyrylýar. Çünki Gerodot b.e.öñ V asyrda ýaşap geçen bir şahsyýet bolandygyna görä, ol özünden soñ bolup geçen wakalary ýazyp bilmez ahyryn! Skifleriñ Garagurumdan Palestina çenli uzalan elli ýyllyk ýörişini olardan soñ taryhda diñe Çingiz han gaýtalamagyñ hötdesinden gelibildi. Günbatarly taryhçylar 395-nji ýylda hunlaryñam şular ýaly uly ýöriş geçirendigini ýazýarlar, ýöne men-ä, olaram ýokarky wakalardan söz açýarmyka diýýär. Diýmek, Gerodotyñ gürrüñ berýän skifleri Oguz hanyñ goşuny bolup çykýar! Diýmek, biziñ oguzlar diýýän kowmumyz skifler bolup çykýar-da! Iñ bolmanda ol goşunyñ dolandyryjy düzümi oguzlar eken! Men bu pikire Gerodoty okanymdan soñ gelipdim, ýöne taryhçylaryñ hiç birinde bu pikir gozgalmansoñ, çaklamamy orta atmaga çekinýärdim. Ýogsa-da, taryhçylarymyz Oguz hanyñ ýörişlerini erteki hasaplaýarlarmyka? Olar, heý, Gerodoty okap görmedilermikä? * * * Ine bir günem, meniñ ençeme ýyllap gursagymda gizlin syr deýin saklap ýören bu pikirimi ylmy taýdan delillendirip biljek eser neşir edildi. Iskenderun şäheriniñ munisipialetiniñ başlygy Mete Aslanyñ goldawy bilen çap edilen Erdogan Aslyýüjäniñ "Iskenderun - Ortaýer deñiziniñ merjeni" ("Akdeniz’in İncisi İskenderun") atly kitabynda Fazlalla Reşideddine esaslanyp, Oguz hanyñ Iskenderun ýörişinden söz açylýar. Reşideddin Oguz hanyñ Diýarbekiri, Erbili, Mosuly, Bagdady, Şamy nädip özüne boýun egdirendigini, Antakýanyñ ilatynyñ garşylyk görkezişini we şäher ele salyndandan soñ Tekür goşunynyñ derbi-dagyn edilşini gürrüñ berýär. Erdogan Aslyýüje Iskenderunyñ taryhyny ylmy delilleriñ üstünde oturtmak üçin ömürboýy toplap ýören taryhy maglumatlaryny orta dökmek bilen çäklenmän, birnäçe wagtlap bu meseläniñ üstünde işledi. Onuñ gelen netijesine görä, Oguz han diñe Antakýada on sekiz ýyllap ýaşapdyr. * * * Belkäm, siz häzir "durmuşda birgiden janagyryly meselelerimiz barka, "Oguznama" ýa-da skif ýörişleri nireden ýadyña düşüp ýör-äý?" diýmegiñiz ahmal. Halkyñ taryhyny dogry öwrenmeklik mahal-mahal böwrümize diñ salyp öz-özümize "biz nireden geldik, nirä barýarys?" diýen soraglary bermegimize sebäp bolar. Belki-de, bu soragyñ jogaby halkymyzy aklyna aýlandyrar! Arslan BULUT. arslanbulut@yenicaggazetesi.com.tr | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||