01:19 Arzanladyş | |
ARZANLADYŞ
Goşgular
Uly dükan aýnasynda bir ajaýyp ýazgy bar: "Şu günler ýarpy baha, aljaklara sahabatdyr!" Höwes kylyp gadam basdym, misli geldi algydar, Gürledenok pyrlanyp, doňup galdym, ne halatdyr? - Gel, agamjan, geýip göräý, jinsi örän elýeter, Ýene diýdi sumka salyp: - Nesip etsin, al göter! Diýdim: - Inim, jinsi däl how, köýnek almak pul ýeter, Diýdi: - Şolam bizde bar! Gaharyňa ne hajatdyr. Diýdim: - Haryt anykmydyr. Güwä barmy malyňa, Diýdi: - Ol-a haryt eken kepil ýog-a janyňa, - Arzanladyş ýazgyňyz bar. -diýdim: - Beriň ýaryna, - Haý, agamjan, o zatlar bilseň diňe mahabatdyr! ■ BAŞARJAK ZADYM Söýgiň bilen seň gollaryň eldekä, Mähribanym, diňe seni söýerin. Tende ýürek, iň soňky söz dildekä, Mähribanym, diňe seni söýerin. Alnyňa päk söýgim ömürlik gelen, Şemal däl, kä saga kä sola ýelen, Mydama ajysy-süýjüsi bilen, Mähribanym, diňe seni söýerin. Söz bermerin altyn-kümüş köşgüni, Bezegler däl, öýme bezär keşbiňi, Belent tutman, ýerde goýup yşgymy, Mähribanym, diňe seni söýerin. Gahar-gazap käte eder agalyk, Söýgi bitin, emma hyýal dagynyk, Ynam bilen, ýöne-welin gabanyp, Mähribanym, diňe seni söýerin. Diýerin bolsaňam bir agyr dertde, Döndürmez bu ýoldan hiç agyr şert-de, Aýra salsa bizi uly serhet -de, Mähribanym, diňe seni söýerin. Meniň üçin sözleriňem ajap heň, Söýgi halka, onda diňe sen we men, Mydama däl, perzent bolsa şoňa çen, Mähribanym, diňe seni söýerin. Agramyň ýeňilmi agyrmy ýa-da, Gözüňde äýnegiň bolsa-da kada, Bir haýyştym, sen ynangyn bir zada, Mähribanym, diňe seni söýerin. Garalyk ýok bolsa saç bilen gaşda, Bolsaňam hasaly ho:l togsan bäşde, Olmesem, ýa nesip, şo töwrek ýaşda, Mähribanym, diňe seni söýerin. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |