16:49 Ata igenji | |
ATA IGENJI
Bolup ýörşüñ hiç mañzyma batanok, Käýýäp ýörmäge-de ysanok bognum. Saña akylam-a gelerçe boldy, Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum! Öz diýeniñ tutup ýörsüñ elmydam, Päkmikäñ öýdýärsiñ hemmeden beter. Ýaşlygyñdan şeýdip ýörseñ girrelip, Düşewüntli iş başyny kim tutar? Menem ýaş bolupdym. Ýöne başlygym Un diýse un çekdim, gum diýse-de gum. Sen nireden boýnyýogyn doguldyñ, Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum! "Onuñ tutýan ýoly, päli nädogry, Ol özünden başga bardyr öýdenok!" Muny diýmek señ paýyña düşüpmi? Näme üçin başga biri aýdanok? Saña başda edep-ekram öwredip, Sypaýy terbiýe bermekçi boldum. Saña diýdilermi - ýerine ýetir, Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum! "Ol adam itdenem beter ýaranjañz, Duşsa uly kärlä guýruk bulaýa". Ýeri, seniñ näme işiñ diýsene, Señ özüñ ýaranjañ bolmasañ bolýa. Işiñ bilen bol-da, dogruja ýaşa, Senden tamakin däl köp zady göwnüm. Işiñ şowuna bor, horluk çekmersiñ, Hemme kişi ýaly bolaýsañ, oglum! Siz ýaşlar ýa barypýatan iş ýakmaz, Ýa ýürekde päklik ýokundyñyz kän. ...Wah, ýene öýkeläp gitdi peläket, Diýmesiz sözleri diýäýdimmikäm? Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ýatlama / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Bazar oýlanmalary / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ömrümde / Goşgular - 05.07.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |