09:59 Aýazbabany hemmeler gowy görýär | |
AÝAZBABANY HEMMELER GOWY GÖRÝÄR
Çagalar edebiýaty
Täze Ýyl agşamynda çagalar birkemsiz bezelen owadan arçanyň töweregine ýygnanypdy. Hemmeler mähirli, ýüz-gözi gülüp duran, arkasy sowgat-haltaly, sakgal murty aga boýalan, eli hasaly Aýazbabanyň peýda bolaryna garaşýardylar. Aýazbabany hemme çagalar gowy görýärdi. Aýazbaba hem çagalary gowy görýärdi. Aýratyn hem Enaýy bilen Zülpiniň ony gowy görşi aýdyp-diýer ýaly däldi, üýtgeşikdi. Olar Aýazbabadan geçen ýylky alan sowgatlaryny hem-de arçanyň töwereginde özi ýaly körpeler bilen üýşüp aýdan aýdymdyr goşgularyny hiç wagt ýatlaryndan çykarmaýardylar. Diýseň hezil bolupdy. Şatlykdan-gülküden ýaňa töwerek-daş alaýazdy. Hemmeler, uly-kiçi şatlanýardy, her tüýsli haýwanlaryň keşbini geýen çagalar arçanyň daşynda halka gurap, bökjekläp birgeňsi tans edýärdi. Olar Aýazbabadan süýji-kökeli, kemputly sowgada garaşýardy. Çagalar belki bu gezegem üýşüp şol bir hemmeleriň bilýän „Aýazbaba gelsene“ goşgyny aýdarlar. Zülpi welin ýörite Aýazbabadan sowgat almak üçin täze-täze goşgudyr aýdymlary öwrenipdi. Aýazbabany gowy görmezçe-de däldi. Ol kimiň özüni gowy-tertipli alyp barsa, oňat bahalar bilen okasa, ana, şolara-da goş haltasyndan sowgatjyklar çykaryp berýärdi. Zülpi bu güne ykjam taýýarlanypdy. Aýazbabanyň „Balalarym, kim goşgy aýdyp berjek?“ diýerine garaşýardy,dessine özüniň täze goşgylaryndan aýdyp bermekçidi. Ol bäş ýaşly jigisi Enaýa-da bilýän goşgularyndan käbirlerini öwredipdi. - Aýazbaba bilen Garpamyk çagalary garaşdyrman wagtynda geldi. Olar arçany çyralaryny yşyklandyrdylar-da, soňam çagajyklaryň ellerinden tutup, arçanyň töwereginde halka gurap bilelikde aýdym aýtdylar. Çagalaryň goşgy-gazallaryny diňlediler, berekellasyny ýetirdiler. Zülpi-de, jigisi Enaýy-da ýat tutan goşgularynyň ählisini aýdyp berdiler. Aýazbaba bilen Garpamyk bolsa getiren sowgatjyklaryny paýlap, olar bilen indiki ýyla çenli sagbollaşyp gitdiler. Soňam özlerine garaşyp duran gar arabajyklaryna mündüler-de, howlukmaç bu ýerden gitmek bilen boldular. - Aýazbaba bilen Garpamyk nirä gitdi?—diýip, Zülpi dogany Şadyýandan sorady. - Olar başga arçalaryň ýanyndaky garaşýan çagalaryň ýanyna gidendirler. Bilýäňmi, şäherlerimizde, obalarymyzda ýüzlerçe, müňlerçe ýerde bezegli Täze Ýyl arçalary oturdylan. Ol ýerlerdäki körpeleriň gözleri hem Aýazbabanyň ýolundadyr. Aýazbabadyr Garpamyk bolsa hökman olaryň ählisine ýetişäýmeli, sowgatlaryny paýlamaly, ýogsam olardan nägile boljak körpelerimiz kändir. - Aýazbaba bilen Garpamyk bu gije bizde galaýmaly ekenler-dä! Olar ýeke däldir-ä! - Dogry aýdýaň. Olar ýeke däl, belki onlarçadyr, belki ýüzlerçedir.Şonda-da olaryň hersiniň öz barmaly ýerleri bar. - Şadyýan, biziň bir ýyllap garaşýan Aýazbabamyz nireden gelýärkä, olar nirede ýaşaýar? Şu hakda seniň bilýän zadyň barmy? - Aýazbabamy?! Bilýän, Aýazbaba ýer ýüzüniň iň köp gar ýagýan ýerinde ýaşaýarmyşyn diýýärler. - Aý, ýog-a? - Hawa, sowuk ýurtda ýaşaýanlygy üçinem onuň adyna Aýazbaba dakypdyrlar. Olar yssy ýurda bolanok. Şonuň üçinem mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günleri gutaryberende, ýene-de olar öz ýurtlaryna gidýärler. Olar ýylda bir gezek gelýär. - Düýn men Yhlasy gördüm. Ol aýdýar, öten agşam Aýazbaba bilen Garpamyk biziň öýmüzde ýatyp gitdiler diýýär. - Senem şoňa ynandyňmy? - Ynanyljak zatmy bi. Aýazbaba bilen Garpamyk buzdan, gardan ýasalan adamlar. Olar öýlerde, ýyly ýerlerde ýatyp bilmezler, ýatdyklary derhal eräp, suwa öwrülip gitmezlermi?. Muny Yhlasyň özündenem soradym. - O näme diýdi? - Olar ertesi hemmeden ir turup, ertirliklerini iýdiler. Soňam biri Aýazbabanyň beýlekisi hem Garpamygyň eşiklerini geýdiler. Aýazbaba eline hasa, arkasyna goş haltasyny alyp, Garpamyk bilen çykyp gitdiler diýýär. Dogrusy, oňa ilki menem ynanmadym.Ýöne Yhlas hem ýalan sözlejek oglan däl, gözleri bilen gören zatlaryny aýdýar. Onsoň ol hem kakasyndan sorapdyr. Kakasam oňa bar zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň beripdir. Dogrudanam Aýazbabalar biziň tanaýan adamlarymyz bolup çykdy. Hemişekileri ýaly şu gezek hem bize şatlyk-şowhun, gujak-gujak sowgatlar paýlan Aýazbabamyz Oraz daýy eken, ýanyndaky Garpamygam onuň agtyjagy Çemen bolup çykdy. Aýazbabanyň Oraz daýydygyny Yhlasyň kakasam aýtdy. - Yhlasyň kakasam şeý diýýän bolsa onda dogrudyr. Uly adamlar asla ýalan sözlemeýärler. Alys ýurtdaky Aýazbaba gelip ýetişen däldir, belki näsaglandyr. Onsoň onuň keşbi Oraz daýa tabşyrylaýandyr. Bir gezek Paýhas dostumyz hem öten ýyl kakam mekdebimizde Aýazbabanyň keşbinde çykyş etdi diýipdi. Men oňa-da ynanmazçylyk edip ýalňyşypdyryn. Görsene, adamlar hem Aýazbaba bolup bilýän eken-ä.Ýogsa-da, Aýazbaba bilen Garpamyk erte-de gelermikä? - Geler, tä gyş dynç alyş rugsadymyz tamamlaýança biziň ýanymyzdan aýrylmazlar. Zülpi Aýazbabaly gürrüňi joralary Abadana, Arzuwa, Lezzete, Alaýaz bilen Mübärege aýtmaga howlukdy. Soňam birden kürtdürip durdy-da, içini gepletdi: „Aýtsammykam, aýtmasammykam? Eger-de olar hem muňa ynanmasalar näme? Ýok, ynanarlar, sebäbi Oraz daýy-da edil Aýazbaba ýaly şadyýan, sahy, päk ýürekli, çagajyklary gowy görýän, hemişe güler ýüzli, hoş sözli, mähriban adam. Ol hakykatdan hem Aýazbaba bolup biler”. Zülpi aýtmaly diýen kesgitli netijä geldi. Goçy Annasähedow. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |