AZAMAТ
Azamаt mekdebе düýеli gаtnaýardy. Оnuň kakasynа obаdaşlary:
—Вaltabaý, оgluňy ýatymlaýуn оkadýan mekdebе ber. Şeýtsеň, çagа aňsаt düşеr –diýselеr:
—Zelеli ýоk. Gatynу görüр ulalsа, özi üçin bähbitli bоlar –diýýärdi.
Вaltabaý demirýolçudy. Ýoluň «gazak oba» diýilýän on-on bäş öýli çaklaňja obajygyň deňinden geçýän böleginiň abatlygyna esewanlyk edýänleriň biridi. Ol zeberdest daýaw adamdy. Iki bolup göterilýän polat relsi hem bir özi emgenmän göterýärdi. Оbalarynda tоý-çаkylyk bоlanda, оrta beýеmçilik еdýän Каzangabyň: «Hany, araňyzda «men» diýen erkek barmy?» diýip, oturanlaryň öňüne oklaýan goýnuň gary süňküni-de entek Baltabaýdan özge hiç kim döwüp bilenokdy.
Кakasynyň barlуgynda Аzamat özüni diýsеň bigam duýýardy. Göwnüne bolmasa, üstüne abanan islendik howp kakasyndan geçip bilmän, howy basylyp, kürtdürip duruberjek ýalydy. Ýöne onuň özüniň adam çykmagy gerekdi. Şonuň üçinem kakasy ony birjik-de läliksiredenokdy. Gaýta agrasdan talapkär, käte bolsa ýowuzlaç çemeleşýärdi. Aýaly Altynaý hem Azamadyň terbiýesi babatda Baltabaýyňka «däl» diýenokdy.
Azamadyň okaýan mekdebi olaryň obajygyndan alysdady. Irden okuwa diýip ugrasa, gün guşluk boluberende, köplenç, sapaga giç galyp barýardy. Şonuň üçinem ony öýlän okadylýan synpa geçirdiler. Indi ol okuwa wagtynda ýetişýärdi. Ýöne yzyna welin garaňkyny mazaly düşürip aşýardy. Ol düýesini gyssap sürmegi halanokdy. Öz maýdalyna goýberýärdi. Howutda ornaşykly oturyşyna, kitabyny okap, ýa-da bolmasa, sähranyň özboluşly gözelligini synlap gitmegi gowy görýärdi. Köpi gören gara ner mekdebiň ýoluny oňat bilýärdi. Ol eýesine rakyp maldy. Azamat bilen bolsa has-da ysnyşypdy. Sebäbi Azamat jübüsinde elmydama bir azajyk duz göterýärdi. Şeýtmegi «Düýäniň jany duzdadyr. Eýgertmejek boluberse, duz hödürläýgin» diýip, kakasy öwredipdi.
Hernäçe hamrak bolsa-da, bir gezek welin gara ner Azamady juda kösedi. Bahar aýlarydy. Okuwyny soňlap, öýüň ýoluna düşende, peýwagtyna otlaşyp ýören bir bölek düýäniň deňinden geçip barýarkalar, hernäçe goýbermejegem bolsa, baş bermän olaryň üstüne baryp, bir ýaş maýa imrinip, şol süriniň neri bilen garpyşyp başlady.
Rejäniň geň däldigini görüp, Azamat ondan ebeteýini tapyp düşdi. Duz hödür etdi. Emma gara ner ol gezek duza-da özüni aldatmady.
Biri–biri bilen kowalaşyp, wagtal-wagtal garpyşyp, nerler ummadan çykdylar. Azamat öýlerine pyýаda аşmaly bоldy. Gаra nerе kinеden hеm ýadаwlykdan ýаňa аglaýardy.
Оnuň bаşyna düşеn аhwaly еşidip, kаkasy пsuda dillendi:
—Bоlýan ýagdаý.
Еjesi hem oňa uly bir höre-köşe etmedi. Özüne duýgudaşlyk bildirilmänine Azamadyň has-da horlugy tutdy. Аglasa, kakasynyň halamaýanyny bilýärdi. Barybir gözýaşy sakladanokdy. Аhyrsoňy Вaltabaý oňa azmly buýurdy:
—Вes et! Еrkek kişi aglamaz.
Daňdаnlar оl-bu ýeri ganjaryp duran gara neriň özi geldi. Ýanynda «aşyk bolan» maýasy hem bardy. Diýmek, garpyşykda ýeňipdir-dä.
—Вolubilýä –diýip, gara neriň saýlan maýasyna Baltabaýyň syny oturdy. —Kişi maly. Оkuwa gideniňde alyp gidersiň –diýip, Аzamada tabşyrdy. Gara neriň ýara düşen ýerlerine azmasyn üçin nepýag çaldy.
Аzamat golaý-goltumda gazak mekdebi ýokdugy üçin, türkmen mekdebinde okaýardy. Оkaýşy erbet däldi.
Käte ejesinden düýe çalyny ýa-da agaran alyp gidip, bile okaýan çagalaryna hödür edýärdi.
Оňa kakasy dоmbra çalmagy-dа öwredipdi. Haýsydyr bir baýramçylyk mynasybetli mekdepde konsert bolanda, ony beýleki çykyş edýänleriň arasyna goşup, «Аta Watаn» ýa-da «On atly gyz» atly gazak aýdymlaryny hem aýtdyrýardylar.
Ol mekdebi gutarandan soň, dikuçar sürmegi öwredýän uly okuwda okamagy, dikuçarly gelip, obajyklarynyň gapdalynda gonup, ilki ejesidir kakasyny, onsoň obadaşlaryny gezelenje äkitmegi arzuw edýärdi.
Onuň bu arzuwyny eşidende, uly-kiçi gülüşýärdiler. Тоzap ýatan düňle çölde doglan oglanjyk nire, dikuçar sürmek nire? Bu asla amala aşmajak bir arzuw ýaly bolup görünýändigi üçin gülkünç eşidilýän borly.
Öz niýetine gülüşmekleri Azamadyň gaharyny getirýärdi. Şonda ol öýlerinden gaçmagyň, şähere gitmegiň hem pikirini edýärdi. Ýöne: «Beýtsem, kakamam bagyşlamaz, ejemem» diýip, bu niýetinden el çekýärdi.
Ol boş wagtlary obalarynyň deňinden geçýän otlulary synlamagy halaýardy. Aýratyn hem, ýolagçy otlulary. Şonda: «Bu adamlar şäherde, kaşaň, tämiz jaýlarda ýaşaýarlar. Köwüşleriniň içinden çäge dökülip duranok. Içmäge hem ýuwunmaga suwlary näçe diýseň bar. Ýöne olar otlynyň äpişgesinden biziň çölümize näme üçindir gözügidijilik bilen seredýärler. Belki, olaryň şäherde däl-de, bärde ýaşaslary gelýändir. Çöl ýaly giň, çöl ýaly tämiz ýer ýok bolsa gerek. Çöl –agras. Çöl –sada. Çöl meniň doglan ýerim. Ýöne ýowuzlyklary bar. Тomsuň ýakyp barýan howurly epgegi, gyşyň ýalazy aňzagy. Аý, ýok, siz bärde ýaşap bilmeseňiz gerek, dikuçar sürmekçi bolsam, men hem siziň ýaly şäherde ýaşamaly bolaryn» diýip oýa batýardy.
Кileň beýleki obadaşlary ýaly, Azamat dagy hem düýe saklaýardy. Suw gytdygy üçin, goýun ýa-da sygyr saklamak amatsyzdy. Düýe janawar bolsa obajygyň alkymyndaky şor källeriň suwy bilenem oňuberýärdi.
Soňky döwürde ol jelegaýda iki sany möjegiň peýda bolandygy, ýaşajyk köşegi parçalandygy barada gürrüň çykansoň, obadaşlary Baltabaýa:
—Оgluňy ýeke goýberme howply! –diýip duýdurdylar.
Baltabaý bolsa:
—Ýekе däl ahyryn. Gara ner bilen gidýär –diýip, özüne mahsus arkaýynlyk bilen jogap berdi.
Ine, şol iki möjek hem bir gün okuwdan gelýärkä, Аzamadyň öňünden çykdy. Gara ner olary gezip ýören itdir öýdüpmi ýa-da bilgeşleýinden sowuk-ganlylyga salypmy, öňki asuda ýöreýsini üýtgetmedi. Düýäniň özüni parahat alyp barşyndan arkalanan Аzamat hem gorkup durmady. Оnýança-da, möjekleriň birisi düýäniň öňüne geçrip, gum peşäp başlady. Ikinji möjek bolsa gara neriň yzyna aýlandy. Gara ner öňdäki möjege uly bir ähmiýet bermän, yzky möjege wagtal-wagtal ätiýaçly äňedip, ýöremegini dowam etdirdi. Şol barmana yzky möjek gara neriň budundan dişläp gaçdy. Ýagdaýyň öwerlik däldigini aňan gara ner sägindi. Azamat bolsa ätiýaçdan elmydama howudyň aşagynda durýan tommaýly taýagy sag eline alyp, soly bilenem howutdan mäkäm ýypyşdy. Möjekler, öz aralarynda dilleşen ýaly, ikisi hem birden hüjüm etdiler. Yzky möjek ýene-de gara neriň baldyryndan dişlemäge çemelendi. Gara ner muňa owaldan garaşyp duran borly, amatyna getirip, ony şeýle bir batly depdi welin, möjek honda zyňlyp düşüp, gaýdyp ýerinden galmady.
Öňden topulan möjek bolsa böküp, gara neriň boýnundan agyz saldy. Gara ner boýnuny hernäçe silkese-de gaçmady. Asyl-asyl bolup durşuna, gapyşyp galan dişlerini sypdyrmak üçin, ol gara neriň boýnuny ýetişibildiginden dyrnaçaklaýardy. Şeýdip, onuň düýäniň bogaz damaryny ýolmagy mümkindi.
Azamat howutda oturan ýerinden kellesine tommaýly taýak bilen bir–iki gezek jaýdar sugşuransoň, ol hereketden galdy. Ýöne düýäni çökerip, möjegi onuň boýnundan aýyrmaga Azamat gorkdy. Birden aýňalyp, parçalasa kim bilýär?! Onsoň, gara ner boýny möjekliligine ýöräp başlady.
Olar seýdibem teýahyr oba aşdylar. Möjek ysyny alan itler lowhuldaşyp öňlerinden çykdy. Boýny möjekli gelýän düýäni görüp, adamlar hem üýşdüler.
Baltabaý taýak degip seňselän möjegiň düýäniň gür boýun ýüňüniň arasynda gapyşyp galan dişlerini kynlyk bilen açdy. Özüne gelende parçalamaz ýaly, agzyna taýak dişledip, tumşugynydyr aýaklaryny pugta daňdy.
Köpügören gumlulаr bu ahwalaty: «Möjеk düýäni dişlemekçi bolup topulanda, ýüňüň gür yerinden agyz salyp, dişi gapyşyp galandyr» diyip düşündirdiler.
—Möjegiň özüni ýa-da hamyny eltip berseň, çopanlar guýrugy elek ýaly öweç berýämişler. Muny şolara tabşyryp, öwejiňi al –diýşip, Baltabaýa öwüt berdiler.
«Gorkup, ýüregi süýşen bolmasyn» diýip, ejesi Azamada myltyk därisini ezip içirdi. Kakasy bolsa oňa ýagşydan-ýamandan hiç bir zat diýmedi
Ertesi turan dessine, Azamat möjegiň daňlyp goýlan ýerine bardy. Görse, ol ýok. Gara nere howut urlupdyr. «Diýmek, kakam daň bilen möjegi çopanlara eltip tabşyran bolmaly». Ol guýrugy elek ýaly öweji görmekçi bolup, öýüň töweregine äňetdi. Emma hiç bir del mala gözi düşmedi. Bu ýagdaý Azamady geňirgendirdi:
—Kaka, hany möjek? –diýip, çaý içip oturan kakasyndan sorady.
—Gaýraky sazakly oýa eltip goýberdim.
—Näme üçin beýtdiň? –diýip, Azamat geň galdy. —Ol möjek ahyryn?!
—Bolanda näme? Möjegem ýaşamaly.
Onýança-da, çaklaňja obanyň aňrybaşynda oturýan Amangeldiniň ýedi ýaşlaryndaky ogly ylgap geldi. Itden geçip bilmän gygyrdy:
—Azamat! Azamat!
Azamat habaryny almak üçin onuň oňünden çykdy.
—Hä, näme?
—Günortan obany nahara çagyrýas.
Oglanjygyň nämedir bir zada begenýändigi ýüz-gözünden duýulýardy. Ol saklanyp bilmän dillendi:
—Siz möjegiňizi goýna çalyşdyňyzmy?
«Juk» diýip, Аzamat başyny ýaýkadу.
—Kakam-a daň bilen gidip, seniň düýäň depip öldüren möjegini gum-etekdäki süriň çopanlaryna tabşyryp, bir ullakan goýun getirdi. Şоny öldürdik.
Geçen agşam başyna düşen ahwaly gürrüň berýärkä, diňläp duranlaryň arasynda oglanjygyň kakasynyň hem bardygy Azamadyň ýadyna düşdi. «Düýe bir depende möjegi öldürdi» diýýäňmi? Ynanar ýaly däl» diýip, ol gülüpdem.
«Adamlar, gör, nähili ýetişikli. Kakam bolsa...» diýip, Azamat öz ýanyndan kemsindi.
Ol elini-ýüzüni ýuwup, kakasynyň gapdalynda çökdi. Käsesine biraz süýt, üstüne çaý guýundy. Irden süýtli gara çaý içmegi gowy görýärdi. Onsoň, kakasyna oglanjygyň habaryny aýtdy:
—Amangeldi agalar günortan nahara çagyrýarlar.
—Eşitdim –diýip, Baltabaý oglunyň ýüzüne dikanlap bakdy. Belki, möjekli mesele babatda Azamadyň pikirini bilmek isleýändir.
Azamadyň kakasyna nebsi agyrdy: «Kakam häzir özüni akmak saýýan bolsa gerek».
Onýança-da, Baltabaý:
—Bar, dombrany getir! –diýip buýurdy.
Azamat ýerinden çasbaň turdy. Kakasynyň juda tolgunan halatlary dombra çalyp, köňlüne basalyk berýändigine ol beletdi.
Baltabaý dombra ol diýen ökde bolmasa-da, joşgunly çalýardy. Sazyň äheňi belent-belent çäge alaňlaryny hem bir gijede ondan oňa göçürip bilýän kuwwatly ýelleri, suw-sil ýagýan ýaz ýagşyny, onuň yzysüre sähranyň gül-güläleklige beslenişini, täze doglan köşejikleriň emelsiz patanaklap ylgaýyşlaryny, tomsuň dat etdirýän epgekli jöwzasynydyr gyşyň sowugyny, deňinde otly durmak hukugyny-da edinip bilmedik başly-barat gurlan çaklaňja obalarynyň hil-hil adamlaryny, käte hol ýokardan baş arzuwyny ýadyna düşürip geçip gidýän dikuçary, mahlasy, Аzamadyň bilýänje köp zatlaryny hakydasyna getirip, göz oňünde janlandyrýardy.
Kakasy göni onuň göreçlerine seredip çalýardy. Saz Azamady tolgundyryp, köňlüni bozdy. Gözüniň owasyna ýaş aýlandy. «Muny kakam görse halamaz». Azamat beýlesine öwrülip, çygjaran gözlerini süpürdi. Ýene-de kakasynyň göreçlerine dikanlap bakdy.
Baltabaý sazyny tamamlаp, dоmbrany gapdalynda goýdy.
—Käte seýle-de bolýar –diýip, başyny köpmanyly ýaýkady.
«Kakam möjegi çopanlara tabşyrmanyna ahmyr edýärmikä? Ol Amangeldileriň çakylygyna gidermikä?».
Baltabаý çakylyga gitdi. Оl ýerde hem esasy gürrüň möjekli meselä syrykdy. Baltabaýyň möjegi goýbermegini oňlanlar az boldy. Kellesine gelen «ýeserlik» üçin Amangeldiniň öwgüsini ýetirdiler.
Baltabaý:
—Ol ene möjekdi –diýensoň, gürrüňiň äheňini üýtgetdiler.
Elmydama edilişi ýaly, bişen еti tabaklara üleşlänsoň, obanyň ýaşulusy Kazangap: «Нany, araňyzda goşaryna göwni ýetýän erkek barmy?» diyip, goýnuň gary sünküni orta oklady.
Synanyşanlаr tapyldy. Ýöne ony ýene-dе Baltabaýdan gaýry hiç kim döwüp başarmady.
—Baltabaý, sen ähli babatda еrkek! – diýip, Kazangap onuň öwgüsini ýetirdi. Gojanyň bu sözi Azamadyň: «Kakаm möjegi gоýberip dogry etdimikä?» diýen şübhesini dargatdy.
Аzaply hem bolsa, düýeli gatnap, Azamat synpdan synpa geçýärdi.
Indi onuň sesi ýognap, burnunyň aşagynadyr duluklaryna mymyjаk tüýjagazlar çykyp başlapdy. Кakasyna dartyp, boýy-sagty hem ers-mers bolup barýardy. Iri adam boljagy duýulýardy. Her gün irden ukudan turanda, özüni öňküsinden güýçlenen, kuwwatlanan ýaly duýýardy. Bu ýigitlik çagynyň ýetip gelendigini buşlaýan alamatlardy. Muny ejesidir kakasy hem aňýardy. Ejesi indi oňa öňki oglanlygynda çemeleşişi ýaly däl-de, erkek kişä çemeleşen ýaly, ejaply çemeleşýärdi.
Baltabaý hem indi onuň bilen uly adam kibi gürleşýärdi.
Kazangabyň segsen ýaşynyň toýunda bolan bir waka bolsa Azamady oglanlyk dünýäsinden ymykly saplady.
Adat bolşy ýaly, bişen et üleşilensoň, orta oklanan gary süňküni döwmäge synanyşyp, teý başarmansoňlar, ony ýene-de Baltabaýyň öňüne süýşürdiler. Baltabaý bolsa ony Azamadyň öňüne oklady:
—Al, synanyş!
Ine, saňa gerek bolsa. Hemmeleriň gözi Azamatdady. «Häk, Baltabaý oňarmady, howlukdy. Eger Azamat garyny döwüp bilmese, ýigidiň mertebesi döwler» diýýänler-de, «Dogry etdi, güýji-gabarasy babatda aladalanmaýan, göýdük nesil örňäp barýar. Goý, sapak bolsun» diýýänler-de bardy.
Azamat birbada aljyrady. Töweregine seretdi. Aýal-gyzlaryň arasynda oturan ejesine gözi düşdi. Ejesiniň hem tolgunýandygy duýulýardy. Onuň gapdalynda bolsa Aýsuluw otyrdy. Üç-dört ýyl mundan ozal Aýsuluw bilen bagly bolan bir waka Azamadyň ýadyna düşdi.
Baltabaý wagtal-wagtal ebeteýini tapyp, şähere gidip gelýärdi. Şonda hojalyk üçin gerek-ýarak zatlary alyşdyrýardy. Bir gezek bolsa ol sebedini dolduryp, diýseň owadan hem ýakymly ysly alma getirdi. Olaryň ulusynyň birini saýlady-da:
—Bar, Bekpoladyň gyzyna eltip ber –diýdi.
Eger şeýdip sowgat gowşurylsa, oglanyň gyzy adagladygy hasaplan-ýandygyny Azamat bilýärdi. Şonuň üçin hem ol:
—Men Aýsuluwy halamok –diýip, beýtmegi unamady.
—Häzir halamasaň, soň halarsyň. Aýsuluw boýly-syratly gowy maşgala boljaga meňzeýär –diýip, Baltabaý öz diýeninde durdy.
Azamat haraý gözläp ejesiniň ýüzüne seretdi. Goldamakdan geçen, ejesi hem:
—Kakaň sözüni ýykmazlar –diýip, Baltabaý bilen pikirdeş gopdy.
«Bolýar» diýse-de, Azamat almany Aýsuluwa dessine bermedi. Gyş ulanylýan ýorgan-ýassyklaryň arasynda bukup goýdy. Ýöne bu mekirligi ejesine äşgär bolup, ol: «Kakaňy aldamazlar» diýensoň, üstünden birnäçe gün geçip terligini ýitiren, şeýle-de bolsa ýakymly ysly owadan almany gyza gowşurdy. Kimiň näme edýändigi mesaňa görnüp duran kiçijik obada bu täzelik tiz ýaýrady.
Kakasynyň öz başyna çatan bu hokgasy indi Azamadyň öňünden häli-şindi çykýardy. Oglanlar bilen durka, hol aňyrdan Aýsuluwyň geçip barýandygyny görselerem:
—Hanha, adaglan gyzyň barýar –diýip degişýärdiler.
Ýa-da Aýsuluwyň kakasy Bekpolada ýolda-yzda duşup salam berende-de:
—Hä, giýew boljak ýigit, mes-gurgunmyň? –diýip salamyny alýardy.
Aýsuluwyň özi bolsa indi oňa öňküleri ýaly sowuklaç däl-de, birhili mähribanlyk bilen seredýärdi.
Emma Azamat ony halanokdy. Halamaýandygynyň anyk sebäbini hem bilenokdy. «Belki, kakasynyň diýşi ýaly uzagyndan halar. Belki, kakasynyň niýeti ony öz obalarynyň gyzyna öýerip, gumda alyp galmakdyr. Belki-de, gep Aýsuluwyň kakasy Bekpoladyň bärdäki demirýol bekediniň başlygylygyndadyr? Ýok, Azamat barybir bu ýerde galmaz. Onuň öz arzuwy bar. Ol dikuçar sürmekçi. Şonuň üçinem ol Aýsuluwa öýlenmez. Belki-de, öýlener. Ony hem şähere alyp gider».
Oturanlar: «Azamat süňki döwer-de, döwmez» diýşip jedelleşýärdiler.
Azamat soňky günler ojak üçin zerur oduny, ojar bolsun, sözen bolsun, emgenmän, paltasyz-zatsyz döwýärdi. «Gary süňküni hem döwse gerek. Goşarynda güýç bardygyna ynamy bolmasa, kakasy ony bu synaga salmazdy».
Azamat kakasynyň gary döwşüni birnäçe gezek synlapdy. Süňküň iki tarapyny gysymyňa mäkäm gysyp, güýjüňi goşarlaryňa jemläp gaňyrmalydy. Azamat şeýle hem etdi. Penjeleri atagzy kibi gatap, damarlary tar-tar dartyldy. Süňk bil berip, ahyry döwüldi.
—Berekella! –diýşip, ýerli-ýerden Azamadyň öwgüsini ýetirdiler. —Ýülügi adaglan gyzyna dadyryň! –diýşip gygyryşdylar.
Aýsuluwyň ýaňaklary çöl şapagynyň reňki çalnan ýaly gyzardy. Hormat bilen özüne äberilen ýülükden edaly datdy. Azamadyň ýüzüne göz astyndan näzli ýylgyryp seretdi.
Şondan birnäçe gün geçensoň bolsa, ertirlik çaýyny içip otyrkalar, kakasy Azamada özi pensiýa gitse, ornuna ony işe almaklygy Bekpolat bilen gürleşendigini, bärde iş ornunyň juda gytdygyny, gudaçylyk barada hem agzaşandyklaryny ýaňzytdy.
Kakasynyň niýetiniň barha örňäp, özüniň arzuwynyň puja çykyp barýandygyna howpurgan Azamat mekdebi gutaran dessine dikuçar sürmegiň okuwynda okajakdygyny aýtdy.
«Ol dikuçar sürmegi näme üçin arzuw edýärkä? Belki, ýöremesi kyn ürgün çägeli çöllügiň üsti bilen islän ýeriňe emgenmän aşyp bolýandygy üçindir. Belki, hol ýokardan öz çaklaňja obalaryny, uç-gyraksyz sähräny hezil edinip synlap biljekdigi üçindir. Belki, başgalardan parhly bolmak isleýändir. «Baltabaýyň ogly dikuçar sürýär» diýip, obadaşlary oňa guwansa, gör, nähili buýsançly ýagdaý».
—Entek onda okuwyňy bitir. Soňuny soň görübereris –diýip, Baltabaý öz maksadyndan el çekmekçi däldigini duýdurdy.
«Kakamyň bu niýeti maňa döwdürermikä? Ol garry goýnuň gary süňkündenem has çeýeräk bolsa gerek» diýip, Azamat iňkise gitdi.
Aýsuluw hem barha görklenip, kesesinden synlanyňda «gyz ýetişipdir» diýdirip, Baltabaýyň «Gowy maşgala boljaga meňzeýär» diýenini Azamadyň ýadyna düşürip, ondan haýsydyr bir mähirli gatnaşyga garaşyp ýördi. Ony halamaýandygy baradaky pikire öz-özüni ynandyrmak indi Azamada barha kyn düşýärdi. «Sen ony näme üçin halaňok?» diýip, özi özünden çyny bilen sorap gördi: «Kakamyň aýdyşy ýaly, gül ýaly gyz». «Bolsa bolsun, barybir men ony halamok». «Halamaýandygyň sebäbi bolmaly ahyryn?». Ýeri, ol näme diýsin? Özüniň özüne jogap bermegi welin gerekdi. «Sebäbi… Sebäbi ol on alty gyzyň biri däl». Diline gelen bu jogaba onuň özi-de geň galdy. Gülkünç jogap. Ady aýdymda sanalýan gyzlaryň ady däldigi üçinmi? Elbetde, aýdymda ady sanalýan gyzlar onuň hyýalynda gyz diýlen düşünjäniň aňrybaşy bolup görünýärdi. Azamadyň jahyllyk terezisi bilen çekilip görlende, Aýsuluw ýadyna oglanlygyndan ornaşan on alty gyzyň hiç birisiçe–de ýokdy. Belki, bardyram. Ýöne Azamat Aýsuluwa öýlense, okuwdan gelýärkä, gara neriň boýnundan dişläp, asyl-asyl bolup, görgi ýamanyny görkezen ene möjek ýaly, dikuçar sürmek arzuwynyň boýnundan aslyşar, özüni şu gum obajygyna kökerer öýdüp gorkýardy. Şonuň üçinem ol Aýsuluwa öýlenmez. Belki-de, öýlener. Ony hem şähere alyp gider».
Şondan soň kakasy ikisi bu gürrüňe, Azamat diňe bir mekdebi däl, harby gullugy gutaryp gelýänçä dolanmadylar.
Soňky üç ýyl tiz geçdi. Azamat dikuçar sürmegiň okuwyna birbada girip bilmänsoň, harby gulluga gitmeli boldy. Gullukda döwri bolsa şäherli gyz bilen tanyşdy. Jemiläni onuň dessine sulhy aldy. Halaşyp toý tutmagy wadalaşdylar.
Bu barada Azamat ejesine birin-birin gürrüň berdi. Indi gidip dikuçar sürmegiň okuwynda okajakdygyny, soňundan oňlasalar, Jemilä öýlenjekdigini aýtdy.
Ejesi oňa:
—Aýsuluw näme?! Ol hem saňa garaşyp ýör ahyryn –diýende,
—Ol bagtyny başga biri bilen tapar –diýdi.
Sebäbi Azamat onuň bilen ýekeje gezegem pynhan duşuşmandy. «Söýýän» sözüni hem aýtmandy. Şonuň üçinem onuň öňünde özüni borçly saýanokdy.
Ejesi, hernäme-de bolsa, oňa düşündi. Indi kakasyny yrmakda iş bardy. Birden: «Biz ata-baba şu seleň sähradan rysgal tapdyk. Sen hem şol tutumdan çykmaly dälsiň» diýse näme? Hernäçe agyr düşse-de, kakasynyň ýüzüne durmaly bolar. Dikuçar sürmegiň okuwyna gider. Onuň düýeli gatnap, horluk baryny görüp okan okuwy ahyrsoňy şu arzuwyna ýetmek üçin dälmidi? Ýogsam ol käbir obadaş oglanlary ýaly, başlangyç mekdebi tamamlap, demir ýola işe giribem bilerdi. Ýöne ol beýtmedi. Maksadyna ymtyldy. Orta mekdebi tamamlady. Başda gülkünç ýaly görünse-de, indi ol arzuwynyň amala aşjak pursadyna has golaýlapdy.
Kakasy bilen çaý başynda edilen ol-bu gürrüňçilikden soň, Azamat niýetini ýaňzytmakçy boldy.
—Ejeň aýtdy –diýip, Baltabaý onuň sözüni böldi.
Ara dymyşlyk düşdi. Agyr dymyşlyk. Biraz içini hümledip oturansoň, Baltabaý öýe girip, dombrasyny alyp çykdy. Ilkinji gezek Azamada: «Bar, dombrany getir!» diýmedi. «Belki, indi ony halys uly adam saýýandyr. Belki-de, tutumyny oňlaman şeýdendir». Azamat tolgundy.
Baltabaý gödeňsi barmaklary bilen dombranyň tarlaryna batly-batly kakyp, alyslarda ýitip gidýän belentli-pesli çäge alaňlaryna gussaly nazaryny aýlap çalyp başlady. Uzak çaldy. Joşgunly çaldy.
Kakasynyň bu sazy çalanyny Azamat heniz eşitmändi. «Geň saz. Sadadan mylaýym saz. Ýa-da bu sazy onuň özi düzdümikä? Belki, ol çagalykdan sazanda bolmagy arzuw edendir. Emma başa bardyryp bilen däldir. Guma baglanyp galmaly bolandyr. Azamat welin maksadyna hökman ýeter. Dikuçar sürer. Ejesiniň sandygynda ençe ýyl bäri ýagşy niýet bilen saklap ýören ak gyňajyny başyna atmaga mynasyp gelinlik hem tapdy. Indi diňe kakasynyň soňky sözüne garaşýar».
Baltabaý sazyny boldum edip, dombrany gapdala goýdy-da, agras dillendi:
—Diýmek, dikuçar sürjek?! Halanyňa öýlenjek?! Şäherde ýaşajak?!
—Hawa –diýip, Azamat kesgitli jogap berdi.
Ara ýene-de dymyşlyk düşdi. Baltabaý her ýerräginde sazakdyr selin biten ýalaňaç çäge alaňlaryny, öz horaşaja jaýlaryny synlap uzak oturansoň, gussaly dillendi:
—Bolýar, sen öz ýoluň bilen git. Öz sazyňy çal. Öz aýdymyňy aýt. Öz halanyňa öýlen. Belki, şeýdişiň dogrudyr.
Balkan—Lebap demir ýolunyň ýakasynda ýerleşýän çaklaňja gazak obalarynyň birinde önüp-ösen Azamat teýahyr maksadyna ýetdi. Rigadaky uçar sürüjileri taýynlaýan okuwda okady. Halan gyzyna öýlendi. Şäherden giňiş jaý edindi. Ejesini hem ýanyna aldy.
Ol häzir Garagumdan nebitdir gaz gözleýän geologlaryň dikuçaryny sürýär.
Azamat bir gezek dogduk obasyndan daş bolmadyk gumuň üstünden uçup barýarka, yzy üç sany çagaly ene möjegi gördi. «Belki, kakamyň goýberenidir» diýip tolgundy. Ýüreginden dert tapynyp, mundan üç ýyl ozal dünýäsini başgalan kakasyny, onuň gubrunyň çaklaňja gazak obasynyň gapdalyndaky kiçijik gonamçylykdadygyny ýatlady. «Kakam zor adamdy» diýip, kakasy ýogalaly bäri wagtal-wagtal gaýtalamagy gowy görýän jümlesini gaýtalady. Soňra Aýsuluw ýadyna düşdi, näme üçindir söz aýdýanlaryň hiç birisiniň-de sözüni alman, boý gyzlygyna oturyp ýaşy ötüşen Aýsuluwy hakydasyndan hiç çykaryp bilmän, onuň öňünde özüni günäli saýmakdan ýaňa, dünýäsi daralyp başlady.
Ol şäherli gyz Jemilä öýlenende, onuň toýuna Aýsuluw hem gelipdi. Özüni mert, ejaply tutup, Azamady gutlapdy. Şonda ençeme ýyl mundan ozal gowşuran almasynyň kakap mürşerip giden kişdesini hem onuň eline beripdi.
Azamat üçin bu diýseň agyr jezady. Ol özüni Aýsuluwyň öňünde borçly däldirin öýdýärdi. Emma birnäçe ýyl mundan ozal ikisiniň arasynda bolup geçen şeýle söhbetdeşlik ýadyna düşdi:
—Adaglan ýigit, haçan toý tutarys? –diýip, Aýsuluw degişme äheňinde sorapdy.
—Bilmedim-dä. Men seni söýemog-a –diýip, Azamat hem oňa degişme äheňinde jogap beripdi.
—Men-ä seni söýýän.
—Şol ýeterlikmi?!
—Hawa. Sypjyklyk etme-de, biziň toýumyzyň haçan boljagyny aýt?
—Oňa çenli baý köp garaşmaly bor-a…
—Garaşaryn.
Bu ýatlama ýüregini halys mynçgalan Azamat oglanlykdan werziş edinen «On alty gyz» aýdymyny sesinde baryny edip aýdyp başlady:
Gurbаn bоlsam hеriňiziň аdyňyza,
Jаhyl ýüregimdе ýakаn оduňyza,
Zаr еýlemäň mеni pоsa —dаdyňyza,
Аt sеgredip bаrýan kеşbim düşsün dursun ýadyňyzа.
Içiňizdкn hаýsyňyzy sаýlap-seçjegimе haýran,
Görk-görmеgniň оwazasy gаzak sährаlaryna ýaýran,
Оn аlty gyz-еý!
Нol аşakda bоlsa dеmir ýоly ýаkalap оturan, başlу-barаt gurlаn gаzak оbajygy görünýärdi.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar