BABA WELIÝEW
Türkmen halkynyň çylşyrymly we özboluşly taryhynda kemala gelen gylyk-häsiýetleri siňen, pähim-paýhasy bilen eýlenen, geçmişde halkyň ruhy durmuşynyň esasyny emele getiren milli mirasymyz ajaýyp eýýamymyzyň nesillerinde asylly häsiýetleri terbiýemekde, ýagşy gylyklary kemala getirmekde, iň esasy-da olary milli ruhda terbiýelemekde möhüm ähmiýeti bolan wesýetnama öwrüldi. Hormatly ýurt Baştutanymyz şol wesýetnamany geljekki nesillere ýetirmegi öz ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasap edýär. Ýurdumyzda ösen ýokary düşünjeli jemgyýeti kemala getirmekde, bu ajaýyp zamanamyzda alnyp barylýan beýik-beýik işleriň many-mazmunyna düşünmekde, Berkarar döwletiň ýeten belentliklerine akyl ýetirmekde, ildeşlerimiziň aň-düşünjesini çuňlaşdyrmakda, aýratyn hem, aslymyza göz ýetirmekde, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde ruhy gymmatlyklarymyz zerurdyr. “Halk tarapyndan döredilen ölmez-ýitmez çeper sözler kemelmez göwher magdan dagydyr“ diýip, ussat ýazyjymyz, belli hazyna toplaýjy Ata Gowşudow aýdypdyr. Şol göwherden emele gelen magdan dagyna göz ýetirmän, halkymyzyň taryhy paýhasyny, pähim-parasatyny, kämil durmuş ýörelgelerini şu günüň ruhy gymmatlyklary, garaýyşlary bilen garman belent maksatlara ýetmek kyndyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe-de milli gymmatlyklarymyzy halkyň arasyndan toplamaklyga aýratyn üns berilýär. Edebiýat, medeniýet işgärlerimiz tapgyr-tapgyr iberilip, halk baýlygymyz irginsiz toplanyldy, toplanylyp ýör. Şol hazyna toplaýjylar edebi-çeper hazyna türkmen halkynyň milli baýlygy hökmünde garap, onuň ummasyz terbiýeleýjilik güýjüne, öwredijilik häsiýetine, türkmen durmuşynyň aýnasydygyna akyl ýetiren mirasgärlerdir.
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasyny baýlaşdyran mirasgärleriň birem belli folklorçy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba Weliýewdir.
B.Weliýew TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işlän döwürlerinde ýurdumyzyň ençeme welaýatlarynda, etraplarynda ylmy saparda bolanda türkmen folklorynyň dürli-dürli žanrlaryna degişli edebi çeper eserleri saýlap-saýlap iň kämillerini toplapdyr. Galyberse-de, olary timarlap, sözlemlerini sünnäläp, wakalary yzygiderli beýan edipdir. Beýle diýilse, alym halk mirasyny işläpdir ýa-da ideýasyna täzelik girizipdir diýsek hakykatdan daş düşeris. Mirasgäriň şol toplan mirasyny ertekileri çapa taýýarlanymyzda (olar 2006-njy ýylda neşir edildi), we 2012-nji ýylda neşir edilen „Paýhaslar çemeni“ atly ýygyndymyzda peýdalandyk. „Üç hili adam“, „Dünýäni gelşi ýaly geçir“, „Apbasyň öýlenişi“ ýaly kyssa eserlerini Baba Weliýewiň toplan edebi-çeper mirasynyň arasyndan aldyk. Baba Weliýewiň halkyň arasyndan ýygnan edebi gymmatlyklary TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda ençeme bukjalarda saklanylýar.
B.Weliýew 1968-nji ýylyň fewral aýynda Lebap welaýatynyň etraplarynda saparda bolup türkmen folklorynyň ähli žanrlaryna degişli edebi çeper eserleri toplapdyr. Mirasgär bolan etraplarynyň aýdyjylarynyň atlaryny, kärini, ýaşyny, bilimini görkezipdir. Meselem, ol öleňleri, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Enargül Bäşimowanyň dilinden ýazyp alypdyr (jaý salgysy Wseobuç köçesi 3-nji jaý, 57 ýaşly). 1128-nji çeşmedäki öleňleri, ogry hakyndaky ertekini, Kemine bilen baglanyşykly şorta sözleri, käbir nakyllary Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň edebiýat mugallymy Agamämmet Ödekowyň dilinden (1933-nji ýylda doglan) ýazyp alypdyr. Galyberse-de, çeşmedäki öleňleri, hüwdülerdir läleleri, agylary Garabekewül etrabynyň Lamma obasynyň ýaşaýjysy 84 ýaşly Bibiniýaz Seýidowanyň dilinden eşidipdir.
Duşmanyň başyna oýun sal dogan,
Beren ýeriň ýene gaýdyp al dogan,
Gurban Durdy ýaly gahryman bolup
Sag-salamat öýümize gel dogan!
Meniň agam syratly,
Görogly dek gyr atly,
Faşistlere daranda
Budýonnyý dek haýbatly.
Agamdaky Göroglynyň gylyjy,
Kesim-kesim edip gider palajy,
Berline barýança yzyna dönmez
Faşistleriň oňa ýetmez alajy.
ýaly gelin-gyzlaryň uruş döwrüne degişli döreden bentlerini öz içine alýan goşgularyny, Türkmenabat etrabynyň ýaşaýjysy, mugallyma O. Geldiýewa aýdyp beripdir. Gelin-gyzlaryň dilinden döredilen bu bentler watançylyk duýgusyna ýugrulan. Olardan eziz doganlaryny, söwer ýarlaryny fronta ýollap, olaryň ýeňiş bilen dolanyp gelmegini arzuwlaýan ýürekleriň owazyny eşidip bolýar. Olar durmuşy, şonuň bilen birlikde, olarda batyr ýigitler taryplanýar, gahrymançylygy, uruş tilsimleri Görogly, Gurban Durdy we beýleki gahrymanlar bilen deňeşdirilýär. Bu goşgularyň, aýratyn hem, uruş döwründe uly ähmiýeti bolandyr. Şygyrlara gelin-gyzlaryň ähli isleg-arzuwlary siňdirilipdir:
Asmandaky lemmer-lemmer bulutlar,
Bagda biten topbak-topbak gök otlar,
Gözün oýuň päli azan Gitleriň
Watan üçin ýola düşen ýigitler.
Çeşmedäki „Tapylmaz“, „Myhmandyr“, „Bolar“, „Bile“ ýaly goşgulary mirasgär Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Joraýewa Barnagülden eşidipdir. Barnagül bu goşgulary kolhozçy aýal Jumaýewa Rejepgülden ýazyp alypdyr. Ol bu goşgularyň awtorlaryna müňkür bolan. Baba Weliýew bu aýal bilen duşuşyp bilmändir. Sebäbi olary döreden şahslar hökmünde Alma bilen Gözeliň ady getirilýär.
Alma diýer, barça garylar guma,
Ganymat bil, şükür kylyň bu deme,
Nesihatyň ýokmaz akmak adama,
Akyl sözüň dosta-ýara myhmandyr.
Gözel diýer, namartlaryň şanynda,
Aýdyşa deň bolar ölse ganynda,
Gadyr bilmez namartlaryň ýanynda,
Kem bahadyr dür sözleriň daş bolar.
Gözeliň adyna berlen goşgudan ýene bir bent:
Namart nany merde zäher deý geçer,
Şir ar eder tilki awyndan gaçar,
Nadana syr beren öz aýbyn açar,
Galbirde suw durmaz torlamak bilen.
Goşgular kämil, olary göçüren ýa-da kimdir biriniň dilinden eşiden adamlaryň öz atlaryny goýup ýazan bolmaklary mümkin. Mirasgärem şol goşgularyň awtorlarynyň Gözeldir Almadygyna ynanmandyr.
Çeşmede Garabekewül etrabynyň öňki Glawnoý uçastogynyň ýaşaýjysy Öre Soltanowyň dilinden ýazylyp alnan bikär ýigit hakyndaky beýleki çeşmelerde hem gabat gelýän „Döwletgeldi“ ertekisi-de, Bibinýaz ejäniň aýdyp beren „Gülendam-Bähram“ atly dessany-da saklanylýar. Mirasgär bu dessany 1968-nji ýylda Buharada bolanda (Alat şäherçesi, 24-nji jaý) Bibinýaz Seýidowanyň dilinden ýazyp alypdyr. Bähramyň öz maksadyna ýetmekdäki edermenligini, zerur bolanda beýleki adamlara edýän hemaýatyny açyp görkezýän bu dessanda goşgy ýok. Muňa garamazdan, dessanda wakalar yzygiderli hem gyzykly beýan edilýär. Ony goşgusyz hem peýdalanyp boljak. Ol kyssa bilen ýazylan dessan.
1128-nji bukjanyň gatyny açan badyňa aşakdaky mazmundaky ýazga gözüň düşýär. „Baba Weliýewiň bir aýlyk sapara gidende Çärjew topar raýonlaryndan toplan materiallary, materiallaryň arasynda halk döredijiligine degişli öleňler, ertekiler, agylar, hüwdüler (alla), anekdotlar „Gülendam“ dessanynyň proza bilen ýazylan we Hüweýdanyň, Nowaýynyň goşgular ýygyndysy bar“. Aşagynda senesi (21.02. 1968) goýlupdyr.
Mirasgäriň şu çeşmede ýazyp alan öleňleri ideýa mazmuny taýyndan, onuň öň toplan şol mazmundaky goşgulary we beýleki mirasgärleriň ýygnan öleňleri bilen manydaş, hatda şol bir bentleriň gaýtalanýan ýerlerine-de gabat gelinýär. Olaryň hemmesi diýen ýaly toý däp-dessurlaryny, durmuşa çykýan gyzyň töweregindäki wakalary öz içine alýar. Özünem olar juda durmuşy, meselem:
Haý-haý gyzym, haý gyzym,
Haýyň bolsun, ýar-ýar;
Pygamberiň gyzy dek,
Toýuň bolsun, ýar-ýar;
Gyzy alan ýeňňeler,
Assa ýöräň, ýar-ýar;
Ak süýt beren enesi
Delminedir, ýar-ýar;
Ýa-da:
Iki däne süpürge,
Öz düzügi, ýar-ýar;
Döremesin gyz-oglan,
Özi bozugy, ýar-ýar;
Öleňleri mirasgär Türkmenabat şäherindäki, Wseobuç köçesiniň 3-nji jaýynda ýaşaýan Enargül Bäşimowanyň dilinden ýazyp alypdyr.
1342-nji bukjada bolsa mirasgäriň K. Berkeliýew bilen Ahal welaýatynyň Gäwers, Aşgabat etraplarynda ýarym aýlyk (1978-nji ýylyň 15-29-njy noýabry) saparda bolanlarynda toplan halk döredijiligine, türkmen diline, türkmen taryhyna degişli maglumatlary, edebi çeper eserleri saklanylýar. Hazyna toplaýjylar özlerine dürli temadan, dürli ugurdan gürrüň beren adamlaryň atlary (Gara Döwlet ogly, Jepbar gyjakçy, Datdy gyjakçy, Sopy aga) ýaşaýan etraplary, ýaşy barada maglumat beripdirler. Mirasgärler Balkan pälwan, onuň dilewarlygy, akyl-parasady, durmuşa gatnaşygy bilen bagly şorta sözleri, söz manysy, adam häsiýetleri bilen bagly gürrüňleri, türkmen sözleriniň manylaryny, olaryň durmuşda ulanylyşlaryny, bir-giden aňlatmalary ýazyp alypdyrlar. Meselem: „bogdak“, „kenek“, „kesmik“, „müjük“ ýyldyzlaryň atlary, olaryň dogýan wagtlary, görnüşleri. Halkyň arasynda dilewar adamlar köp. Olaryň aýdýan zatlaram özbaşyna bir hekaýata meňzeýär.
Hazyna toplaýjylar Gäwers etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinden hem bir topar nakyllary, halk aňlatmalaryny ýazyp alypdyrlar. Many taýdan gunt düşen ýaly nakyllar, söz aňlatmalary mazmuna juda baý, olardan durmuşda özüňi alyp barmak, adamlar bilen gatnaşyk etmek ýaly zatlar bilen bagly durmuş sapaklaryny öwrenmek mümkin. Mirasgärler Gäwers etrabynyň öňki, „1-nji maý“ kolhozynda bolanlarynda ol etrabyň ýaşaýjylaryndan; Allaberdi Muhammetgulyýewden (mugallym) Jejew Mämmet oglundan, Datdy agsakdan, Esen Alamandan ozalky „Sowet Türkmenistany“ kolhozynyň ýaşaýjysy Hydyr Orsdan we mekdep okuwçylaryndan ençeme sanawaçlary, oýnalanda aýdylýan bentleri, başga-da ýer-ýurt bilen baglanyşykly maglumatlary, rowaýatlary ýazyp alypdyrlar.
Bu çeşmede B.Weliýewiň Bagyr obaly 1918-nji ýylda doglan Setdar Annamämmet oglundan eşiden „Allaberdi Wezir han“ atly ertekisi saklanylýar. Erteki göwrüm taýdan gaty uly. Onuň mazmuny ylym-bilim bilen bagly.
„Dana gyz“ atly erteki arak-şerabyň zyýany, arakhory sandan çykaryp, adamkärçilikden aýryşy bilen bagly. Halk folkloryň iň ýörgünli žanry bolan ertekileriň üsti bilen asyrlarboýy öz nesillerini terbiýeläp gelipdir. Olaryň üsti bilen, ony döreden pederleriň pähim-parasatyna ýugrulan durmuş sapaklaryny öwrenipdirler, hem öwredipdirler. Tämiz, ruhy sagdyn, ahlakly, edepli, akyl taýdan kämil gahrymanlaryndan ruhy güýç alypdyrlar. Pederleriň pähimlerine ýugrulan gymmatly mirasy kim okasa, alymmy, daýhanmy, çopanmy erkekmi ýa aýalmy tapawudy ýok, wakalaryň akymy bilen bir-birinden kämil edermen, akylly, ynsanperwer, il-ýurduna wepaly gahrymanlaryň yzyna düşüp başlaýar. B. Weliýew halkyň arasyndan şeýle ertekileriň onlarçasyny ýazyp alypdyr. Meselem: juda edepli, akylly aýalynyň maslahaty, täsiri bilen ýalta, sansyz adamyň zähmetden kemal tapyşy „Akylly aýal“ atly ertekide öz beýanyny tapypdyr. Ýerden alan hasylyndan giren girdejä kellesi göçen daýhan aýalynyň maslahatyny alman, iň soňky hasylyny (garpyzyny) patyşa eltip berip, başyny gowga salýar. Bu ýalňyşyna diňe aýalynyň bu waka bilen bagly jibrinmesinden soň düşünip galýar. Akylly zenan sansyz adamsyna ýene kömege ýetýär. Ertekide halk öz zenan gahrymanyny orta çykarýar. Onuň azaşan adamsyny ýola salmak üçin berýän pentleri, müňläp azaşan we azaşyp biljekler üçin durmuş sapaklary. Şol sapaklaryň käbirini täsirliligi, öwredijilik häsiýeti güýçli bolansoň, şol durşuna aldyk. Ertekide aýalynyň maslahaty bilen idelmän, ekilmän tebsiräp ýatan boz ýerde garpyz ekip giden hasyl alan garyp, şol hasyldan galan üç-dört sany garpyzy patyşa dadyrmak isleýär. Aýaly onuň bu niýetine garşy çykyp, olary garyp-gasarlara bermegi maslahat berýär. Emma ol diňlemeýär. Şol garpyzlar üçin garyby has kellelidir öýden şa oňa bir welaýaty ynanýar.
Äri şu günden beýläk özüniň welaýatyň hanydygyny aýdyp, möhürli kagyzy aýalyna görkezipdir-de: „Eger seniň aýdanyňy edip, olary pakyr-pukaralara beren bolsam, diňe alkyş bilen oňup ýörmeli bolardym. Adama kelle gerek. Kelläň bolsa üç garpyz bilen uly welaýata han bolarsyň“ diýipdir. Şonda aýaly oňa: „Wah, gözüňe döneýin, samsyjagym, seniň onuň kelle däl-de, suw kädi ahyry. Eger onuň içinde ýel öwsüp durmaýan bolsa, sen bu bela-beterlere uçramazdyň, her ýylyň bir aýyny işläp geçireniňde iki-üç ýyllyk azygyňy tapyp berýän ýere şanyň aýagyny sekdirermidiň. Gaýgy-gamsyz güzerany özüňe köp görermidiň“ diýip, başyny ýaýkapdyr. „Ynha, indi haçan, nirede öldürerlerkä diýip howpurga-da ýör diýipdir.
– Men näme üçin han bolup durkam howpurgap ýörmelimişim? Meniň daşymy goraýan birnäçe nökerim bolar ahyry? – diýip, äri eden işiniň telekdigini aňyp ugrasa-da, syryny duýdurmajak bolup merdemsi seslenipdir.
Aýaly oňa üns bermän, sözüni dowam etdiripdir: Ol nökerleriň kimiňkidigini bilip bolmaz. Özüň pikir edip gör. Öňki han sana ornuny berip, arkaýyn ýatarmy? Seni şol eken çigitleriň gabygyça görmeýän baýlara näme diýersiň? Olar seniň üçin öz elini gana bulajak bolup durmaz. Hut gapyňdan ýallanjak nökerleriň üsti bilen iş görerler.
Aýalynyň aýdýanlarynyň dogrudygyna göz ýetiren daýhany der basyp başlapdyr. Ol ýuwdunyp: „Indi nätsekkäk heleý, men-ä başymy çaşyrdym“ diýip ýaýdanypdyr. „Gulak as“ diýip, aýaly ony ýanynda oturdypdyr-da: „Gördüňmi, bolaýjak zatlaryň ondan birine göz ýetireniňde saňňyldap dursuň. Şalaryň, han-begleriň, baýlaryň arasynda bolup geçýän pyrryldyklardan baş çykarar ýaly kelle sende ýok. Ata-babalarymyz „Başa düşen işi başarmada nä gep bar“ diýipdir. Başyňa düşdümi, bir alaç tapmaly bolar. Patyşa seniň garpyz eltmegiňden özüçe netije çykaryp, seni gaty akyllydyr öýdüpdir. Indi yzyňa baryp, men han bolup bilmen diýseň, özüniň ýalňyşyny aňar-da, il-güne gep bolmaz ýaly seni öldürer. Şonuň üçin sen isleseň-islemeseň, üç-dört ýyl han bolmaly bolarsyň. Bu bolsa gaty kyndyr. Açgöz hazynasyny doldurmak üçin seni gysar. Senem welaýatyň halkyny gysarsyň. Paç-hyrajyň möçberini ýokary galdyrarsyň. Onsoň ýeke bir hanlyk üçin göreşýän baýlar däl, eýsem, garamaýak halkyň özi senden dynmagyň aladasyny edip ugrar. Şundan soň garybyň aýaly özüne kast etjek adamlaryň garşysyna nähili göreşmelidigini öwredýär, iň soňunda daýhan aýalynyň maslahaty bilen maksadyna ýetýär. Umuman, „Akylly aýal“ zehinli ýazyjynyň elinden çykan kämil esere meňzeýär.
„Şaapbas jenneti mekan“ atly ertekisi-de, ideýa-mazmuny bilen wakalaryň beýan edilişi, aslynda ertekiniň kompoziýa gurluşy bilen tapawutlanyp, ol gahrymanlarynyň akyl-paýhasynyň kämilligi, ynsanperwerligi, päk ahlaklylygy, galyberse-de, niýetini ýamana tutan päliýamanlary paş etmekde-de gylyny gymyllatman, galam degirmän, şol durşuna okyjylara hödürläýmeli erteki. Bu halk paýhasyny saýlap almakda mirasgäriň başarnygy, hyzmaty. Halk paýhasy ynsan bähbidini goramakda, olara hemaýat etmekde geljekki nesilleri terbiýelemekde nämeler döredenok. Ol her hili durmuşy suratlandyranda-da, öz-isleg arzuwlary başa barmadyk ýerde hyýalbentligini ediberýär. Ol ýokarky ertekide zalymyň eline düşüp, iki goşaryndan, mähriban perzendinden aýrylan juda päk, namysjaň zenana kömege ýetip, hyýalbentligiň üsti bilen balasyndan jyda düşen enäniň çagasyna jan berýär, iki goşaryny öňki ýerinde goýýar. Halk bu waka bolup bilmejek zat hökmünde garamaýar, sebäbi onuň özüniň ynanýan, bil baglaýan, adatdan daşary keramatly güýçleri bar. Şol güýçleriň üsti bilenem ol gahrymanlaryny maksada ýetirýär. Halky güýçlerden üstün çykarýar. Baba Weliýew başda halk mirasyny ýygnamakda özlerine ýardam eden adamlaryň atlaryny agzap geçýär. Her ertekiniň jemlemesinde senesini görkezse-de, ony kimiň dilinden ýazyp alanyny bellemändir. Ýöne aýdyjynyň halk dürdänelerini ýokarky kämillikde mirasgäre ýetirip bilmegi, olaryň-da her taraplaýyn kämil adamlygyndan habar berýär.
Ertekide enäniň direldilen ogluny-ýagny bir uly ýurduň şasynyň agtygyny öýermek üçin, şa weziri bilen göwünleriniň ýeten bir begiň akylly gyzyna gudaçylyga barýarlar. Bu ýagdaýa özlerine juda abraýly, onda-da ýurduň şasynyň gudaçylyga gelmegi, gyzyň ene-atasynyň başyny gök diredýär. Gyzyň enesi bu hoş habary bada gyzyna buşlaýar.
– Bagtyň getirdi, gyzym. Seniň üçin patyşa söz aýdyjy geldi. Sen onuň agtygynyň dabarasyny eşidip ýörensiň – diýipdir welin gyz:
– Bolmanam şanyň zürýady bolsaň, dabaraňy dagdan aşyrarlar, siz gyssanmaň, olar bilen meniň özüm gürrüňleşeýin – diýip, şanyň gaşyna gelip tagzym edipdir. Soň bolsa „Men gerek bolsam öýlenjek ýigidiň özüni getiriň“ diýenmiş. Apbasy getiripdirler. Gyz oňa:
– Eý, şazada, seniň nähili hünäriň bar? Men şazada däl-de, hut şanyň özi bolsa-da, nähilidir bir hünär edinmedik bolsa, oňa barmaryn – diýen. Şanyň gahary gelipdir. Emma Apbas:
– Ata, sen muňa gaharlanma, dünýädäki ýüzlerçe hünärden birini öwrenmedik adama dogrudan hem hiç zat mynasyp däldir. Men haýsy-da bolsa bir hünäri ele alman, siziň gapyňyzy açmaryn diýipdir .
Mysal düşündiriş talap edenok. Apbas alty aýlap haly dokamaklygy öwrenýär. Ertekide ýurduň şasy bolandan soň, Apbas şol hünäri hem, öz akyl-paýhasy bilen ganymlaryň eline düşüp ölümlerine garaşyp oturan ençeme adamlary hem özüni halas edýär. Bu ýerde ertekide aýratyn ünsi çekýän bir mesele bar. Ol-da ýönekeý türkmen gyzynyň mertebesiniň has belende göterilmegi. Bu ýerde begiň gyzy akyl-paýhasy, dogumlylygy bilen şanyň gazabyndan gorkman, onuň bilen ýüzleşip, oňa islegini pert-pert aýdyp, şanyň agtygynyň hünärli bolmagyny gazanýar. Ýerzeminden jöhitleri aldap, Apbas öz dokan halysyny olaryň üsti bilen köşkde öz deregine oturan akylly aýalyna ugradýar. Apbasyň matlabyna derrew düşünen şa aýaly, halyny getiren, uly gazanç eden jöhitleri olaryň özlerine duýdurman, yzarladyp, adamsyny we beýlekileri ýerzeminden çykaryp ençeme adamyň ölümine sebäp bolan päliýamanlaryň sürenini başyna ýumurdýar.
Bu çeşmede Babagammar we onuň Düldüliň (atyň) diňläp horlanyşy bilen baglanyşykly hemmä belli rowaýat we dutaryň tarynyň, içegeden däl-de, XVII – XVIII-asyrlarda tutdan emele gelen ýüpekden edilişi barada 1978-nji ýylda 13-nji dekabrda ýazyp alan rowaýat bar.
Mundan başga-da bukjada Ş. Halmuhammedowyň 1966-njy ýylyň 17-nji dekabrynda ýazga geçiren „Akylly gyz“ atly gyzykly ertekisi saklanylýar. Onuň bu bukja başga çeşmeden düşen bolmagy mümkin. Sebäbi haty we sahypasy meňzeş däl, deň gelenok.
1324-nji bukjada B.Weliýewiň halkyň arasyndan toplan 119 sahypalyk edebi mirasy ýerleşýär. Bukjany açan ýeriňde, ýagny, 1-nji sahypada Abdy Orazmuhammedow, 1936-njy ýylda doglan, ýokary bilimli, Mary raýonynyň Telman adyndaky kolhozynda ýaşaýar“ diýen ýazgy bar. Şu çeşmede ýerleşýän biri-birinden gyzykly, manyly, ideýa taýdan juda sagdyn ertekileri, hekaýatdyr rowaýatlary çeşmäniň salgysyny aýryp, şol durşuna galam degirmän okyjylara hödürlemek mümkin.
Bir zada göz ýetirmek bolýar. Mirasgär bu ajaýyp ýazgylary aýdyjydan ilki diňläp, soň ony timarlap täzeden göçüren bolmaly. Keşde çekilen ýaly sünnälenip, yzygiderli ýazylan golýazmada ne artyk sözlem, ne-de many taýdan ýabygorly tekst bar.
Çeşmedäki Musadyr Hydyr ata bilen baglanyşykly rowaýaty „Täsin hasaplaşyk“ „Kirpi we Süleýman“, „Aňsat çykalga“, „Kazy garyby goldaýar“, „Zat ýetermi?“, „Kel ar alýar“, „Üçümizem ýalňyşdyk“, „Içýakgyç jogap“ ýaly ownuk kyssa eserlerini Baba Weliýew Mary welaýatynyň öňki Telman adyndaky kolhozyň ýaşaýjysy 1936-njy ýylda doglan Orazmuhammedow Abdydan ýazyp alypdyr. Çeşmedäki „Dünýäni gelşi ýaly geçir“ atly gyzykly ertekini, narpyz hakyndaky täsin rowaýaty, „Bulam-bujarlyk“ atly hekaýaty mirasgäre Baýramaly etrabynyň öňki „Moskwa“ kolhozynyň ýaşaýjysy 1915-nji ýylda doglan Muhammedow Aly gürrüň beripdir. „Üç hili adam“, „Öwrendekli“, „Kakamyň böküşine-de serediň“, „Arzaçy“, „Orazaçylar“, „Söz sözleseň söz aslyna ýet ýagşy“, „Mendenem bir bagşy“, „Atyşdyrybersene“, „Dil-bela, diş-gala“, „Hemedan daş bolsa, kädibaş ýakyn“ ýaly ownuk kyssa eserlerini mirasgär Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Muhadow adyndaky kolhozynyň ýaşaýjysy, 1934-nji ýylda doglan Çaryýew Jumadan ýazyp alypdyr.
B.Weliýewiň „Päli azan baý we onuň gyzlygy“, „Abdylla patyşa“ atly ertekilerini “Türkmen halk ertekilerini” neşir etdirenimizde (2006 ý) „Şahyr“, „Husyt“, „Gojanyň wesýeti“, „Dünýäni gelşi ýaly geçir“, „Täsin wesýet“, „Gojanyň wesiýeti“, „Üç hili adam“ atly kyssa eserlerini „Paýhaslar çemeni“ (2012) atly ýygyndymyzda peýdalandyk. Mirasgäriň halk paýhasyny ýygnamakda juda ezberligini tassyklaýan „Üç hili adam“ atly eserden mysal almagy makul bildik.
Bir gezek bir-birini çalarak tanaýan iki sany adam ýoluň ortasynda pete-pet gabat gelýär. Salam-helikden soň olaryň biri beýlekisine:
– Halypa, gurgunja gezip ýörenmisiň? Hany, ýoldan sowlup, biraz gümür-ýamyr edeli-le – diýip, çete çykypdyr.
Beýleki-de, „Be, şu adamyň meniň bilen bir zerur gürrüňi bar bolara çemel-ow“ diýip, onuň yzyna eýeripdir. Dyzlaryny epmänkäler, ýaňky teklip eden:
– Hany, iýen-içeniň özüňki, gören eşideniňden gürrüň ber! – diýipdir. Onda ýanyndaky:
– Men saňa nähili gürrüň bereýin? Gürrüň diýeniň hil-hil bolýar, ýagşy ýigit. Şonuň üçin hem gürrüň berjek bolsaň, gürrüňi diňleýän adamyň nätöwra adamdygyny bilmeli. Üç hili adam bolýar. Olaryň hersi bir hili gürrüňi halaýar.
– O nähili?
– Biri il adamsy, biri oba adamsy, biri hem öý adamsy. Sen ýigit şolaryň haýsysyndan bolarsyň?
– Men öý adamsydyryn.
– Eýle bolsa, saňa gürrüň beresi iş ýok. Il adamsy iliň aladasyny, oba adamsy obaň aladasyny, seniň ýaly öý adamsy bolsa, diňe öz öýüniň aladasyny edýär. Öýüň gürrüňi bolsa saglyk-amanlyk soraşmakdyr. Ony bolsa biz eýýäm berjaý etdik – diýipdir we dana Nowaýynyň: „Adam erseň diýmegil adamy, any kim-halk gamydan ýok gamy“ diýen wesýetini ýatladyp gidiberipdir.
“Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn”. Çeşmede tekeleriň Mara gelşini beýan edýän türkmen halkynyň agzybirligini saklamakda, erkinligine goramakda göreşen Gowşut hanyň adamkärçilik sypatyny, daş-töweregi bilen gatnaşygyny, akyl-parasadyny, ynsanperwerligini öz içine alýan gyzykly, bagta ýetende biri-birine kast edýän „Üç dogan“ atly ýygyndylarda öň çap edilen hemmä belli ertekini Baba Weliýew öňki Kalinin etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy Pirjan Gylyçtaganowyň dilinden 1979-njy ýylyň 28-nji iýulynda ýazyp alypdyr. Dürli-dürli etraplardan toplanan dürli-dürli adamlaryň dillerinden ýazylyp alnan bu ertekiniň mazmuny birem bolsa, garaz, olarda tapawut bar. Meselem, şu ertekide, iki gyz doganyň çöl-beýewanda galyp, körpelerine „Eger iýmäge zat tapmasak, seniň başyňa ýeteris“ ýaly ýaramaz niýeti, bu erteki bilen manydaş beýleki ertekileriň birinde-de gabat gelenok. Bu erteki-de Milli golýazmalar institutynyň folklor bölüminiň 1344-nji bukjasynda saklanylýar.
232-nji çeşmede B.Weliýewiň Stawropol ülkesiniň Neftokum etrabynyň Däkelal obasynyň ýaşaýjysy Toýmuhammedow Orazdan 1969-nji ýylyň iýul aýynda ýazyp alan mirasy saklanýar. Bu ýazgylaryň diňe bir türkmen halkynyň şahsyýetlerini, häsiýetlerini öwrenmekde däl, olaryň terbiýeleýjilik häsiýeti-de juda güýçli.
“Her beýik hakynda rowaýaty”, “Täsin Wesýet” atly ertekini “Bir sözli”, “Mele gelin” ertekileri mirasgär Ýaz Ataja oglundan ýazyp alypdyr. Aýdyjy, Murgap etrabynyň öňki Kuýbyşew kolhozynyň ýaşaýjysy, 1910-njy ýylda doglan.
Murgap etrabynyň öňki Lenin adyndaky kolhozda ýaşan (doglan ýyly 1904) Öwez Orazweli ogly hazyna toplaýjy Gowşut han bilen bagly rowaýatlary ýene şol etrapdan 1887-nji ýylda dünýä inen Hanmyrat Aga “Gowşudyň han saýlaýşy” hakyndaky şeýle gyzykly rowaýaty, gürrüň beripdir. Umuman, bu çeşmedäki soňky rowaýatlaram Gowşut hanyň edermenligi, akyl-parasady bilen bagly. Päliýaman daş ýürek öweý enäniň ýetim çagalara edýän sütemi hakyndaky hem onuň etmişini ýazgarman, pälinden tapyşyny beýan edýän “Öweý ene” atly ertekini Baba Weliýew 1979-njy ýylyň 19-njy iýulynda Garagalpagystan ASSTR-niň Jomanagt etrabynyň A.Musaýew adyndaky kolhozynda ýaşan Begmyrat Geldimämmetden ýazyp alypdyr. “Öweý eneler” hakyndaky ertekiler beýleki hazyna toplaýjylaryň ýygnan hazynasynda-da duş gelýär. Olaryň hemmesiniň ideýa-mazmuny biri-birine golaý. Olar aslynda mazmun taýdan “Ejeke jany” ýadyňa salýar. “Dana söwdagär” atly eklenjiň pälidigini bilmän ene-atanyň diş-dyrnak gazanan baýlygyny ýele sowurýan, käbesiniň, kyblasynyň pendini tutman, olaryň ýüreklerini agyrdýan daş ýürek perzent hakyndaky ertekini-de mirasgär ýokarky ýylyň 22-nji iýulynda G.Myradowyň dilinden ýazyp alypdyr. Çeşmede ol hakda şeýle setirler bar. “Ol oglanlykda öwrenen ýaramaz gylyklaryny 17-18 ýaşlaryna baranda-da goýmandyr. Atasynyň gazanjyndan her gün bir goýun alyp soýup, arak-şerap alyp, obanyň özi ýaly işýakmazlaryny öýüne çagyrar eken.” Bihepbe ýigidi durmuş şu ýagdaýda uly synagdan geçirýär. Iň soňunda onuň öz ýalňyşyna düşünip, maňlaýyna urmagynyň hem ata-enäniň onuň özi bilen deň bolman, ýene oňa ýagşylyk etmegi, şol bagşylygyň üsti bilen bikemal oglanyň öz ýalňyşlygyna düşünmegi, öz-özüni ýazgarmagy gyzykly beýan edilýär. Bu ertekide beýleki çeşmelerde gabat gelýär. Bu halk mirasynyň ýaýrawynyň juda giňdigini tassyklaýar. Erteki durmuşda nähili ýaşamalydygyny, neneňsi adamlardan daşda durmagy, öz ugrunda kükrek gerýän ene-atany sylamagy öwredýär, sapak berýär.
Baba Weliýew “Stawropol türkmenleriniň dessanlary” (Aşgabat, 1980), “Türkmen halk poeziýasy” (Aşgabat, 1983), “Türkmen folklorynda durmuşy ertekileriň gelip çykyşy” (Aşgabat, 1990) ýaly ylmy kitaplaryň awtorydyr. “Tulum hoja” dessanyny çapa taýýarlan hem B.Weliýewdir. dessan 1993-nji ýylda Aşgabatda neşir edilýär. “Türkmen halk poeziýasy” atly ýygyndynyň Iii jildini düzen hem Baba Weliýewdir.
B.Weliýew 1973-nji ýylda “Görogly” eposynyň stawropol warianty” diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Ol Mary welaýatynda 1929-njy ýylda dünýä inýär.
2001-nji ýylda Aşgabatda aradan çykýar. Ol Türkmenabatdaky mugallymçylyk institutyny tamamlaýar. Başda ol oba mekdeplerinde mugallym bolup işleýär. Soň 1967-1994-nji ýyllarda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we Edebiýat institutynda kiçi, uly we esasy ylmy işgär bolup işleýär.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly