BABYŞ MÄMMETÝAZOW
Belli folklorçy, filologiýa ylymlarynyň doktory Babyş Mämmetýazow türkmen folkloryny ýadawsyz agtaran, toplan, seljeren uly alymlaryň biridir. Ol halk mirasyny ýygnamak üçin ýurdumyzyň ençeme künjeklerinde ylmy saparlarda bolýar.
B.Mämmetýazow aýratyn hem Daşoguz topragynda adygan ençeme dessançy bagşylar bilen ýüzbe-ýüz bolup, olaryň bilýänlerini halka ýaýradýar. Olaryň terjimehallary hakynda derwaýys maglumatlary berýär. Alym dessanlaryň käbirini göçüripdir. Hatda käbir dessany aýdyjynyň ussatlygyny seljeripdir. Şol sanda dessanlaryň özi barada ylmy işleri alyp barypdyr. Alymyň iň köp derňew geçiren işi „Görogly“ şadessanyna degişlidir. Onuň „Görogly“ eposy we onuň häzirki zaman ýagdaýy“ (Aşgabat, 1979.), „Görogly“ eposynyň döreýşi hakynda“ (Aşgabat, 1982.). „Türkmen gahrymançylyk eposy „Görogly“. (Aşgabat, 1992.), atly monografiýalary muňa mysaldyr. Onuň 1976-njy ýylda A.Durdyýewa bilen bilelikde „Türkmen halk eposynda prozanyň orny“ atly işi-de çap edildi.
Ol „Görogly“ şadessanyny hertaraplaýyn irginsiz seljerip, ondan doktorlyk dissertasiýasyny gorap, at alan alymdyr.
B.Mämmetýazowyň ýurdumyzyň ençeme etraplarynda halkyň arasynda bolup toplan edebi çeper eserleri Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynyň 1049, 1051, 1080, 1076, 1079, 1078, 1181, 1080, 1046, 1424, 1413, 1044, 1420a, 1049, 1051, 1428, 1452-nji we ş.m. çeşmelerinde saklanylýar.
1049-njy çeşmede onuň bagşy Öre Seýitmädowyň dilinden ýazylan „Hüýrlukga-Hemra“ dessany saklanylýar. Dört depderden ybarat dessan ertekilere ýakyn, ýagny wakalaryň beýan edilişi sada. Halk üçin has düşnükli. Ýöne goşgy az. Dürli-dürli häsiýetli, ykbally gahrymanlaryň gatnaşýan bu dessany adam häsiýetlerinden görelde alarlyk pent etmekde, ýamany ýazgaryp, paş etmekde hyzmaty uly.
1046-njy çeşmede bolsa mirasgäriň ýazyp alan: „Dünýe sen“, Magtymgulynyň „Bilen“, „Bolmasa“, Döwletýarbegiň „Saz bilen“, „Daglara“, Durdy Gylyjyň, „Ýörüň pagta“, „Görogludan“, „Ýollara“ goşgulary girizilipdir. Bu goşgulary kimden alandygy barada çeşmede mirasgär şeýle maglumat beripdir: „Şu materiallary institutyň çagyrmagy boýunça instituta gelen Gurban bagşy Öwezowdan (Köneürgenç etrabynyň, öňki „Sosializm“ kolhozyndan) 1965-nji ýylyň 4-nji aprelinde B.Mämmetýazowyň, M.Çaryýewiň, Ö.Ylýasowyň, N.Atdaýewiň, G.Nazarowyň gatnaşmagynda ýazylyp alyndy. Onda nusgawy şahyrlaryň eserlerinden goşgulary hem ýerleşýär.
Gurban bagşy halkyň arasynda „Görogly“ şadessanynyň „Bezirgen“ şahasyny Pälwan bagşydan, „Kyrkmüňler“ şahasyny, „Hüýrlukga-Hemra“ dessanyny Gara bagşydan, „Şasenem-Garyp“ dessanyny, Öre Seýitmädowdan öwrenip, aýdar eken.
1051-nji çeşmede „Görogly“ şadessanynyň Palta bagşydan ýazylyp alnan „Öwez getiren“ şahasy bar. Ol iki depderden we ýene-de 49 sahypadan ybarat tekst. Tekstde wakalar yzygiderli we gyzykly beýan edilýär. Elbetde, wakalaryň suratlandyrylyşynda şiwe bildirýär. Tekst gutarnykly däl. Mirasgär birinji sahypada bu şahanyň beýleki şahalardan tapawudy hakynda birki sözlem ýazypdyr. Onda „Üç-dört sany täze goşgy Germiýan şäheri bilen baglanyşykly epizod we başga-da käbir täzelikler duş gelýär“ diýip, mirasgär nygtapdyr.
Dessanda wakalaryň yzygiderliliginiň saklanýandygyny dogry belläpdir. 1080-nji çeşmedäki „Bagt“ hakyndaky, ýagny, kellesinde ýel öwüsýän düşünjesiz adamyň häsiýetini açýan ertekini mirasgär Gyzylarbat (Serdar) şäheriniň 26-njy demirýol mekdebiniň okuwçysy Annaberdiýew Orazberdiden ýazyp alypdyr. Bu ertekini „Paýhaslar çemeni“ atly ýygyndyny (2012) çapa taýýarlanymyzda peýdalandyk. Halk gahrymanlarynyň häsiýetini her hili ýol bilen açyp görkezýär. Şu ertekide-de aňrujy üşügi bolan adam bir patyşa ikimiz bile durmuş guraly ýa-da bir daýhan bagyň düýbüne gömülen humy „paýlaşaly“ diýip durka, oýlanaýmaly ýaly. Tüýs nalajedeýin tüntüň obrazyny ýerine düşürip şu keşpden üýtgeşik, nädip çekjek. Çeşmede Serdar şäheriniň ýaşaýjysy, 1901-nji ýylda doglan, 39 ýyllap mugallymçylyk eden Nänekow Atadan mirasgär 1965-nji ýylda „Saýatly-Hemra“ dessanyndan bölek, Zelili we käbir bagşylar (Nobat bagşy, Hydyr, Girman, Anna salyr, Hojanazar, Abylesen, Çowdur bagşy) baradaky maglumatlary ýazyp alypdyr. Anna Salyr hem Girman bagşy barada Nänekow Ata şeýle gürrüň beripdir. „Anna Salyr diýen bir bagşy bardy. Ilkiagşamdan sesi ýogyn çykardy. Gyzandan soň onuň bilen hiç kim aýdyşyp bilmezdi, Girman bagşyny hem köp diňläp gördüm. Öz ugruna aýtmaga gaty ökdedi.“
Bir maglumatda Zeliliniň Hywada ýesirlikde ýatyrka, ýoldaşlaryna ol ýerden gaçmagy maslahat berendigi aýdylýar:
Hywanyň salgydy agyr,
Han ýanynda günüň agyr,
Halap söýen maly sygyr,
Köne Watana gideli.
Maglumatda Zeliliniň, hakykatdan hem ýoldaşlary bilen Bäherdeniň Garagan obasyna gaçyp gelendigi aýdylýar.
B.Mämmetýazow Nänekow Atanyň irmän-arman „Saýatly-Hemra“, „Şasenem-Garyp“, „Görogly“, „Ýusup-Ahmet“, „Zöhre-Tahyr“ dessanlaryny Alişyr Nobaýynyň, Fizulynyň, Sopy Allaýaryň käbir eserlerini halkyň arasynda ürç edip aýdandygyny nygtapdyr. 1076-njy çeşmede mirasgäriň Teke şahyryň – Baý Tekäýewiň dilinden 1965-nji ýylyň noýabr aýynda ýazyp alan „Hüýrlukga-Hemra“ dessany saklanylýar. Baý Tekäýew Serdar şäherinden. Dessan bir umumy birem kiçiräk depdere ýazylypdyr. Dessanyň wakalarynyň beýan edilşinde öňki dessançylyk däbi saklananok. Ol sada dilde gürrüň berilýär. Tekstiň doly mazmuny bar, ýöne goşgulary doly däl. Dessan şeýle başlanýar. „Gysraw patyşa diýen bir patyşa bolupdyr. Onuň ogul perzendi ýok eken. Iki aýaly bar eken. Bir gije düýşünde görýe, üç ogul berilýe. 15 ýaşyna çenli ogul bolup gezip, soň alynmaly...“ ýaly görnüşde dowam edýär. Elbetde, dessanda sada-da bolsa, şiwe aýratynlygy duýulsa-da, onda gahrymanlarynyň görelde alarlyk sypatlary-da doňbagyrlyk, göriplik ýaly ýigrendirýän häsiýetleri-de açylýar. Dessan folklora degişli, ony her aýdyjy özüçe aýdýar. Onuň şol mazmundaky dessanlar bilen deňeşdirip öwrenmekde-de hyzmaty uly.
1078-nji çeşmede bolsa mirasgäriň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy Hudaýberdi Magtymowyň dilinden ýazyp alan Çowdur bagşy baradaky, şol sanda Çowdur bagşynyň beýleki bagşylar barada aýdan gyzykly maglumatlary saklanylýar.
Bagşylar hem edil miras toplaýjylar ýaly halkyň zehininiň önümi bolan halk mirasyny hem toplaýjylar hem-de ony söz bilen, saz bilen halkyň arasynda ýaýradyjylardyr. Meselem, Çowdur bagşynyň halypasy Biçeme kör, soňra belli bagşy Täçmämmet Suhangulyýewiň hyzmaty bu babatda juda uly. Çowdur bagşy köp dessanlary bilýär eken, köplenç ýagdaýlarda „Görogludan“ aýdar eken. Mirasgär onuň terjimehaly barada-da we halkyň arasynda aýdýan käbir goşgulary hakda maglumat beripdir. Şol sanda ol „Asly-Kerem“, „Hüýrlukga-Hemra“, „Şasenem-Garyp“ dessanlaryny, „Görogly“ şadessanyndan, „Kempir“, „Kyrklar“, „Bezirgen“, „Harmandäli“, „Arap daňan“, „Öwez getiren“, „Öwez öýlenen“, „Göroglynyň ölümi“ ýaly şahalaryny halkyň arasynda aýdar eken.
Dilewar adamlar baradaky gyzykly gürrüňler hem şu çeşmede ýerleşýär.
Meselem, iki sany dilewar kişi biri kürt, biri türkmen sözde ýaryşýarlar. Türkmen kürte garap?
– Seniň başyňy gyzyla deňäpdirler. Sen öňürti geple – diýýär.
Onda kürt:
– Ýaz güni hammama barsam,
Palta kesmez buz bolar.
Bagtymyň berkemesinden,
Şeker alsam duz bolar.– diýýär.
Onda türkmen:
Ykbalyň pes bolsa, bagtyň keç bolsa,
Derýadan suw ýetmez, dagdan kölege.
Ýa-da:
Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa,
Ýahy alyp, ýüze çalsaň, ýag bolar.
Garşylyklaýyn aýdylýan bu jümleleriň manysy biri-birinden peslär ýaly däl. Çeşmede başga-da Hojamyrat Öräýewden mirasgäriň 1965-nji ýylyň oktýabr aýynda ýazyp alan goşgulary („Serpik ýapan“, „Är-heleýiň aýdyşygy“ we aýdyjynyň terjimehaly bilen baglanyşykly käbir maglumatlar) bar. Şol sanda mirasgär onuň halkyň arasynda aýdýan dessanlaryny: „Hüýrlukga-Hemra“, „Nejep oglan“, „Şasenem-Garyp“, „Ýusup-Ahmedi“ sanapdyr. Bu dessanlaryň hemmesem adamkärçilik, söýgi, durmuşda ýeňiş gazanmagyň ýollary hakynda. Hojamyrat Öräýewiň özi Tagta („Görogly“) etrabynyň ýaşaýjysy.
Mirasgär öňki Kalinin şäherçesinden Palta Garaýew bilen duşuşyp ýokarky ýylda (ol-da noýabr aýy) „Döwletýar“ dessanynyň käbir aýdymlaryndan „Ýerleri“, „Hoş indi“, „Görogly“ şadessanynyň „Kempir“ şahasyndan „Mama seni“, „Demir donly Görogly“ ýaly goşgulary ýazyp alypdyr.
Galyberse-de, ýokarky çeşmede 5-6 bent läle we ona golaý nakyl, sanawaçlar ýerleşýär.
1079-njy bukjanyň daşynda B.Mämmetýazowyň „Gyzylarbat (häzirki Serdar) etraby boýunça toplan folklor materiallary“ diýen ýazgy bar. Olar 861 bent 211 sahypalyk küýşdepmelerden we lälelerden ybarat. Olar biri-birine çatylan 17 sany depderi öz içine alýar. Maglumatlar Serdar şäheriniň 26-njy demirýol mekdebiniň okuwçylary; Abaýewden, Ataýew Annamuhammetden, Myradowdan, Mämmetgylyjowa Kümüşden, Amanowa Maraldan, Nyýazowa Tuwakbibiden, Orazdurdyýewa Ogulsapardan, Körpäýew Hydyrdan, Orazowdan we beýlekiler tarapyndan ýazylyp, 1965-nji ýylyň noýabr aýynda B.Mämmetýazow olary toplap golýazmalar institutyna tabşyrypdyr. 1181-nji çeşmede „Görogly“ şadessanynyň „Arap daňan“ şahasy saklanylýar. Ol 73-sahypadan ybarat bolup, onuň 58 sahypasyny 1968-nji ýylyň iýun aýynda K.Seýitmyradow Öre Kakajykowyň dilinden göçürip alypdyr. Dessanyň galan ýaryny (59-73 sah) Babyş Mämmetýazow 1971-nji ýylyň martynda ýazyp alypdyr. Tekstiň dili kämil, ýeňil okalýar. Arassa ak kagyza ýazylyp alnypdyr. Babyş Mämmetýazowyň bu teksti soň göçüren bolmagy mümkin. Sebäbi, olar bir adamyň dilinden bolsa-da dürli-dürli wagtda ýazylyp alnypdyr. 1424-nji çeşmede umumy depderde diňe toýlarda, halkyň arasynda aýdylýan küştdepdi aýdymlar ýerleşýär. Gelin-gyzlaryň isleg-arzuwlaryny durmuşda bolup geçen we bolup duran wakalary sadaja beýan edýän ol aýdymlar Serdar şäheriniň mekdep okuwçylarynyň dilinden ýazylyp alnypdyr. Olaryň köpüsi ýaş gyzlaryň, ýigitleriň söýgüsi bilen-de, toýlar bilen-de bagly. Aslynda olar toýuň, şagalaňyň aýdymlary.
Garaja-garaja gaşyňa,
Gül sanjaýyn döşüňe,
Seniň ýaly gowja gyz
Günde girsin düýşüme.
Minara jan minara,
Boýuň meňzär çynara,
Agamyň alan gelni
Meňzeýär alma-nara.
Diýende başga zat diýip, edende başga iş edýän, ýaramaz, bozgak aýal hem namysjaň adam hakyndaky „Ýurduny terk eden molla“ atly ertekini mirasgär 1960-njy ýylyň 18-nji iýunynda Görogly etrabynyň öňki Lenin adyndaky kolhozynda ýaşaýan Hojamyrat Öräýewiň dilinden ýazyp alypdyr. Erteki golýazmalar hazynamyzyň 1452-nji çeşmesinde saklanylýar. 1044-nji bukja bolsa Gurban bagşy Öwezowyň dilinden ýazylyp alnan „Görogly“ şadessanynyň „Bezirgen“ şahasyny öz içine alýar. Ony B.Mämmetýazow bilen A.Durdyýewa 1965-nji ýylyň aprel aýynyň 2-sinden başlap 30-njy senesinde ýazyp gutarypdyrlar. Elbetde, „Bezirgeniň“ öň 1958-nji ýylda çap edilen neşirinde Gurban bagşynyň aýdyp beren şahasy bilen deňeşdirilende, mazmuny, ideýasy birem bolsa, wakalaryň başlanyşynda, gidişinde tapawut bar. Şonuň üçin-de şadessanyň bu şahasy çapa taýýarlanylanda, her bagşynyň, aýdyjynyň dürli-dürli nusgalary bilen deňeşdirilip derňelende eseriň bu şahasy has kämilleşer. Meselem, Gurban bagşynyň mirasgärlere aýdyp beren şahasy „Owwal eýýamda, wagty zamanda Çardagly Çandybil halkyndan bir är döräpdi. Munuň adyna Kerogly diýerler“ diýlip başlanýar hem Göroglynyň gaýratlylygy, pälwanlygy, çapawulçylyk bilen meşgullanýanlygy aýdylýar. Neşir nusgasynda başgaça ýagny, Görogludyr Agaýunusyň agzybir ýaşaýandyklary, Göroglynyň her bir meselede Agaýunusyň sarpasyny saklaýandygy aýdylýar. Soň onda Göroglynyň Agaýunus perä garap aýdýan „Armanym galmady“ goşgusy gelýär. Bu ýagdaý Gurban bagşynyň nusgasynda-da şeýle. Ýöne goşgularyň mazmuny birem bolsa, käbir bentlerde üýtgeşmeler duýulýar. Galyberse-de, goşgy neşir nusgasynda 10 bent, beýleki-de bentler gysga. Tekstleriň ikisinde-de, golýazmada Agaýunus Görogla „Men-menlik“ edýänligi üçin ony söz bilen utandyrýar.
Sen bu gün men-menlik etme,
Her namart sözüne girme;
Öýüňde tarp urup ýatma;
Bar-ha Kerogly, Kerogly!
Bu şygyrda-da golýazma bilen deňeşdirilende, onuň neşir nusgasynyň bent sany köp. Ýöne neşirde, telim ýyllap paç-harjyny bermän ýören Gürjüstan iliniň şir-merdi Bezirgen bilen söweşmegi maslahat berse-de „Agaýunus şonuň ýaly mertler bilen güýç synanyş, göwnüň ýetse, onuň bilen dogan okaş ol-da seniň ýaly bir ýeke ýigitdir“ diýýär.
On sekiz ýyl ötýär paçsyz,
Sen görünýäň ondan güýçsiz,
Güýç synaşgyn, bolgun öçsüz,
Sür-hä, Görogly, Görogly.
Golýazmada Göroglynyň Agaýunus bilen hoşlaşyp, aýdýan bentleri ýok. Ýöne neşirde Aýsoltanyň düýş görüp, düýşünde ýykylyp, altyn jygasynyň guýa gaçyşy, ol düýşüni halaman agasy Bezirgene garap, ýalbaryp aýdýan gazaly neşirde ýok.
Gazalda Aýsoltan agasynyň ýoluna depesinden injek belany, öňünden görüp beýan edýär. Elbetde, bu bentleriň neşirde bolmazlygy gynandyrýar. Belki, soňky neşirlere girizilendir. Olary deňeşdirip oturmaga wagt çäkli. Iki bent mysal.
Arzurum dagynda ýagmyrlar ýagar,
Melewşeler kaddy bilini eger,
Ýaýyň oky eziz teniňe deger,
Arkadagym, gitme uzak ýollara!
Aýsoltan diýer, aklym dargady gaçdy,
Başyma ne söwdalar geldi-de geçdi,
Başymdaky jygam bir guýa gaçdy,
Janym agam, gitme uzak ýollara!
Tekstlerde başga-da üýtgeşmeler bar. Golýazmada goşgy az, bolanam gysga. Muňa garamazdan, bular deňeşdirip öwrenilse, juda kämil bolardy. Bagşylaryň, aýdyjylaryň köplügi, nusgalaryň köpdürliligi, folklory baýlaşdyrýan, kämilleşdirýän esasy alamatlaryň biridir.
1420a-nji bukjadaky aýdymlardyr bagşylar hakyndaky maglumatlary B.Mämmetýazow Serdar etrabynyň ýaşaýjylary Amandurdy Geldiýewiň, Hudaýberdi Magtymowyň, Nurmyrat Saparowyň dilinden 1965-nji ýylda ýazyp alypdyr. Şu ýerde bir zady nygtamakçy. Ol-da B.Mämmetýazowyň toplan edebi çeper eserleri, halk mirasynyň hazynasy bagşylar hakyndaky, olaryň halk mirasyny toplamak, halkyň arasynda aýtmak bilen bagly hyzmatlaryna degişli ýazyp alan maglumatlary, esasan, 60-njy ýyllara gabat gelýär. Beýleki mirasgärleriň toplan maglumatlarynyň folklora degişli gymmatly edebi-çeper eserleriň ýygnan ýyllaryna ser salsaň, olaryň-da köpüsi şol ýyllara gabat gelýär. Bu ýagdaý şol döwürlerde halky eserleriň ürç edilip toplanandygyny aýtmaga esas berýär. Bu çeşmede Çowdur bagşynyň aradan çykan ýyly (1930), onuň dessançy bagşy hökmünde tanalýandygy, Abylesen bagşy, Gaýyp bagşy hakyndaky maglumatlary Garajaoglandan, Dosmuhammetden käbir goşgulary öz içine alýar.
1079-njy bukjada B.Mämmetýazowyň Serdar etrabyndan demirýol mekdebiniň okuwçylarynyň kömegi bilen toplan 861 bentden ybarat 211 sahypalyk küştdepmeleri, läleleri saklanylýar. Toý şagalaňlarda aýdylýan küşdepdiler-de, gelin-gyzlaryň döreden läleleri-de, kän salamlary-da mazmuna baý, olaryň içki dünýäsini, arzuwlaryny beýan edýär, mazmuny diýseň durmuşy.
Garşylykly gaýalar,
Mahmal jully maýalar,
Gözel alsaň saýlap al,
Ýogsam ömrüň zaýalar.
Allan-allan adaga,
Guşlar gonsun pudaga,
Pudakdaky gyzyl gul
Jan jigime sadaga.
1413-nji çeşmede B.Mämmetýazow daşoguzly aýdyjy Nursähedow Ataberdi bilen gürrüňdeş bolup onuň terjimehaly hakynda, şol sanda onuň özüne aýdyp beren dessan gahrymanlary hakynda rowaýat kysymly maglumatlary ýerleşýär. Ol Ýusupdyr Ahmediň („Ýusup-Ahmet“ dessanynyň gahrymanlary) we Alybegdir Balybegiň, Agabegdir Bagabegiň mazarlarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndadygyny, Ýusubyň gylyjynyň Türkmenistan Ylymlar akademiýasyna tabşyrylandygyny gürrüň beripdir. Ýusupdyr Ahmediň gubury barada, şol etrabyndaky obanyň ýaşaýjysy Baýramgeldiýew Öregeldi (1921-nji ýylda doglan) mirasgärlere başgaça maglumat beripdir. Ol guburlaryň ýerleşýän ýerem başga, gonamçylygynyň adam („Gyzyl Kümmet“) başgaça. Ol ýerdäki iki doganyň mazarynyň gapdalyndaky guburyň Baba Gambaryňkydygyna güwä geçýär.
Elbetde, bu maglumatlar rowaýata has ýakyn, haýsysynyň dogrudygyna güwä geçmek kyn. Şeýle rowaýata ýakyn maglumaty Baýramgeldiýew Ýusupdyr Ahmediň dogany Garasaçyň gubury bilen baglanyşykly hem aýdyp beripdir. Ol Harmandäliniň („Görogly“ şadessanynyň gahrymany) ýanýoldaşy Keremiň guburynyň Oktýabr etrabynyň (häzirki Gurbansoltan eje) öňki „Sowet Türkmenistany“ kolhozyndan 45 km uzaklykdaky „Ybraýymşa“ gonamçylygynda ýerleşendigini gürrüň beripdir. Aýdyjy oba adamlarynyň köpüsiniň muňa güwä geçýändigini nygtapdyr. Bu maglumaty mirasgär Toýlyýew Atageldiden (1945-nji ýylda doglan) ýazyp alypdyr, senesini (3.05.87) görkezipdir.
Mirasgär TYA-nyň Dil we edebiýat institutynyň folklor bölüminiň ylmy işgäri Amanbaý Myradow bilen Gurbansoltan eje etrabynyň ýaşaýjysy Toýlyýew Orazgeldiden „Döwkesen“ galasy bilen bagly maglumaty ýazyp alypdyrlar. Soltan Ybraýym hem onuň gubury bilen baglanyşykly rowaýaty, „Şaman“, „Şirwan“ galalary baradaky rowaýatlary „Halaç babany“ hem we şol etrabyň ýaşaýjysy Muhanow Kakanyň dilinden eşidipdirler. Çeşmede aýdyjylara hormat goýlup, olaryň terjimehallaryna çenli maglumatlary beripdirler. Bu çeşmede bir topar nakyllar hem ýerleşýär.
Umuman, mirasgärler geň-enaýy wakalar bilen bagly gyzykly maglumatlary, rowaýatlary ýazyp alypdyrlar. Atabaý Geldiýew mirasgärlere „Şasenem-Garyby“ Ezberhojanyň ýazandygyny gürrüň beripdir. Halk-da, gep haltasy doly, bir ýerden eşidip gelibem aýdyberýärler. Anyklamak alymlaryň işi. Bu çeşmede-de gyz galyňy bilen bagly ýumora, degişmä ýugrulan bir topar bendi öz içine alýan goşgy ýerleşýär. Käbir mysallar:
Ýedi müň per gerek, ýedi müň şirwan,
Ýedi müň otaga ýygnansa myhman,
Ýedi müň han gelip eýlese diwan,
Ýedi müň gunçanyň naryn dilärler!
Segsen müň gul gerek, segsen müň çory,
Segsen müň at gerek reňki hem dory,
Eýeri altyndan zerbap jul bary,
Tylladan kakylan nalyn dilärler.
Ýüz müň tümen beriň serpik ýapana,
Ýüz müň tümen beriň, gapy tutana,
Ýüz müň tümen beriň oýlap, tapana
Hasapça on müň tümen (bermek) gerekdir.
Bu bentleri bagşy Hojamyrat Öräýew aýdyp beripdir. Goşgyny şahyr goşupdyr. Gyzy alyp bilmedik çopanyň islegi, ýöne goşgynyň awtory belli däl.Goşgynyň yzyndan Durdy Gylyjyň „Beýan ýarym“, „Sonanyň“ goşgulary ýazylypdyr. Eger olary Durdy Gylyç ýazandyr oýetsek, onda bu goşgularyň yzyndan mysal alnan goşgyny we beýlekileri şol sanda „Durdy Gylyjyň goşgularyny, aýdyp beren Hojamyrat Öräýew“ diýen ýazgy gelýär. Şeýlelikde, ol bentleriň kimiňkidigi belli bolman galýar.
Mirasgär bilen bagly maglumatlardan B.Mämmetýazowyň uly alymdygyny TYA-nyň Dil we edebiýat institutynda ylmy işgär bolup işländigini bilsegem, ýazgylarda alymyň terjimehalyna degişli maglumata duş gelnenok. Ýöne ol ýokarky maglumatlaryň aşagynda özüniň 1933-nji ýylda doglandygyny, maglumatlary bolsa 1987-nji ýylyň 9-njy martynda ýazyp alandygyny belläpdir.
Bu çeşmede hazyna toplaýjy türkmen dessanlaryny: „Ýusup-Ahmet“, „Helalaý-Garyp“, „Görogly“ şadessanynyň „Bezirgen“, „Arap daňan“, „Harmandäli“ şahalaryny daşoguzly Hudaýberdi Sapargeldiýewiň (1941-nji ýylda doglan) käsini doly, käsini kemräk aýdýandygyny nygtapdyr. Umuman, şu bukjada mirasgär halkyň medeni gymmatlygyny ýaýradyjylar barada gyzykly maglumatlary beripdir. Olaryň dessanlardan aýdan käbir şygyrlaryny mysal getiripdir. Halk baýlygyny ýaýradyjylaryň, aýdyjylaryň atlaryny ýeke-ýeke tutup, olaryň (Atabaý Geldiýew, Hudaýberdi Sapargeldiýew, Hojamyrat Öräýew we beýlekiler) terjimehallary, barada olara halypalyk eden bagşylar hakynda gysgajyk maglumatlar beripdir. Çeşmede Aýsoltanyň agasy Bezirgeniň ölümine gynanç bildirip ýazan goşgulary hem-de „Ýusup-Ahmet“ dessanyndan bölekler bar. Bukjada Gurbanaly Magrupynyň, Babanyýaz şahyryň we Magtymgulynyň käbir goşgulary-da bar. Galyberse-de, çeşmede Allaguly Nursähedow „Helalaý-Garyp“ dessany, ony çapa taýýarlan Sähragül Annanurowanyň taýýarlan neşiriniň gowşak taraplary, käbir kemçilikleri barada tankydy bellikler edipdir. Onuň düýp sebäbini bolsa ol çapa taýýarlanylanda asyl nusgasyndan peýdalanylmandygyna syrykdyrypdyr. A.Nursähedow dessanyň köne nusgasyny 1949-njy ýylda TYA-nyň Dil we edebiýat institutynyň golýazmalar fonduna tabşyrandygyny nygtapdyr. Galyberse-de, Şasenem bilen Garybyň söýgüsine degişli, ýene ýedi sany nusgasynyň („Aýsenem Garyp“, „Baýsenem Garyp“, „Gülsenem Garyp“, „Handan peri“ we „Uz peri“) bardygyny, olaryň köpüsiniň mälimdigine garamazdan, diňe „Helalaý-Garyp“ dessanynyň okyjylar köpçüligine ýetirlendigini belläpdir. Beýleki nusgalaryň golýazmalarynyň nirede saklanýandygyna synçynyň beletçiligi ýok. Ýöne olaryň bardygyny ýaşuly gürrüňçileriň, bagşylaryň aýdýandygyny gürrüň beripdir. Bu belliklerden soň A.Nursähedowyň synynyň daş ýüzünde şeýle bellik edilipdir. „A.Nursähedowyň edebiýat institutyna elten golýazmasynyň kopyýasy ýok, onsoňam ol nireden alypdyr? Şol golýazmanyň çap edilen wariantyndan artykmaçlygy bar bolsa, ony akademiýanyň işgärleri bilen maslahatlaşmaly eken“. Belligiň aşagynda ony ýazanyň goly, hem ýazylan wagtynyň senesi (14.11-68) bar. Goluň kimiňkidigini anyklamak aňsat däl.
Golýazmalar institutynyň 1050-nji bukjasynda „Görogly“ şadessanynyň juda sada dilde beýan edilen 50 sahypalyk „Öwez getiren“ şahasy saklanylýar. Ony mirasgärler N.Şükürow, B.Mämmetýazow 1965-nji ýylyň 8-15-nji fewralynyň aralygynda Tagta („Görogly“) etrabynyň ýaşaýjysy Öre bagşy Seýitmädowyň dilinden ýazyp alypdyrlar. Halk baýlygy şu ýol bilen ýygnalypdyr. 1044-nji çeşmede bolsa 114 sahypadan ybarat Gurban bagşy Öwezowyň dilinden ýazylyp alnan „Görogly“ şadessanynyň „Bezirgen“ şahasy saklanylýar. Ony B.Mämmetýazow bilen A.Durdyýewa 30-njy mart bilen 2-nji apreliň aralygynda 1965-nji ýylda ýazyp alypdyrlar. Tekstde goşgy az.
Şeýlelikde, halkyň edebi mirasyny toplamakda, olaryň ençemesini, aýratyn-da „Görogly“ şadessanyny seljerip halka ýetirmekde B.Mämmetýazow ýadawsyz zähmet çekipdir. Daşoguz welaýatynda saparda köp bolansoň, ol ýerde ýörgünli bolan dessançy bagşylaryň hyzmatlary barada köp ýazypdyr.
Meselem, ol Tagta (Görogly) etrabynda bolanda ol ýerdefolklora degişli ähli žanrlaryň ýaýrandygyna ünsi çekipdir. Şol sanda alym türkmen dessanlaryny halka ýetirmekde at alan bagşylaryň hyzmaty hakynda pikir ýöredip, olary üç topara: (ýomut garadaşly, çowdur bagşylary) bölüpdir. Alym ol bagşylaryň dessanlary aýtmakda hersiniň öz ussatlygyny, dilewarlygyny, özboluşlylygyny, olaryň dessanlary aýdyş ýollaryny seljerip, giňişleýin pikir ýöredipdir. Beýleki etraplarda bolanda-da alym bu meselä düýpli çemeleşipdir.
Alymyň 815-nji çeşmede „Görogly“ dessany we bagşylar“ atly „Görogly“ şadessanyny halka ýaýratmakdaky bagşylaryň hyzmaty hakynda pikir ýöredýän makalasy saklanylýar. Mirasgär watançylyk, ar-namyslylyk, mertlik, gaýratlylyk duýgusyna ýugrulan „Görogly“ şadessanyny bagşylaryň dillerinden düşürmän aýdýandyklaryny nygtamak bilen, dessan aýdýan bagşynyň, şol eseriň gahrymany bolup, herekete gelip uly hyjuw bilen aýdýandygyny nygtapdyr. Şu ýol bilen hyýalynda öz töwereginde gezip ýören watançy, gaýduwsyz Göroglyny diňleýjileriň gözleriniň öňünde janlandyrýandyklaryna ünsi çekipdir. Hakykatdan hem bagşylar şu ýol bilen keşbe girip, ençeme gijeler şadessany halka ýetiripdirler. Şeýlelik bilen, öň hiç bir ýerde başly-aýakly çap bolmadyk dessanyň on üç şahasynyň bagşylar tarapyndan dikeldilendigini, bütewilikde onuň 1941-nji ýylda neşir edilendigini mirasgär nygtapdyr. Garrygalanyň, Gürgeniň üstüne duşmanlar dökülende Garadäli Gökleňiň, mert, gaýduwsyz Göroglyny dutarynda janlandyryp, onuň ölmez-ýitmez aýdymlarynyň üsti bilen söweşde ençeme ýigitlere ruhy kuwwat, bedenine güýç berendigini, şu ýol bilen duşmanyň derbi-dagyn bolmagyna ýardam berendigini alym maglumatlara daýanyp mysal getiripdir. „Görogly“ ýaly gymmatly gadymy dessany ölmez-ýitmez eden, biziň döwrümize çenli saklap gelen hem bagşylardyr“ diýmek bilen mirasgär şol bagşylaryň ýerine ýetiren şahalaryny nygtamak bilen öz pikirini berkidipdir. Meselem, Pälwan bagşy „Görogly“ şadessanynyň 12 şahasyny üç-gije gündüzläp aýdar eken. Ol kakasynyň „Göroglynyň“ 44 şahasyny bilýändigini özüne bolsa şonuň diňe 12 şahasyny öwredendigini aýdypdyr. Pälwan bagşynyň „Göroglynyň“ otuz bäş çap listden ybarat şahalaryny gylyny gymyldatman ýatdan aýdýandygyna ussat ýazyjy, belli folklor toplaýjy, ony halka ýaýradyjy, bu dessanyň iň kämil neşirini taýýarlan Ata Gowşudow geň galypdyr. Ýazyjynyň özi welin diňe bir Pälwan bagşydan däl, Nazar Bagadan, Magtymguly Garlydan, Gurban goturdan we beýleki Daşoguz bagşylaryndan bu ajaýyp dessany ýazyp alypdyr.
B.Mämmetýazow bir hakykaty dogry belläpdir. „Halypadan şägirde geçmek bilen bagşylaryň dilinde üstünden birnäçe ýyllary geçirenini ýatlasak, şonda dessanyň üstüne her döwürde esli artdyrylýandygy dogrusynda pikir etmeli bolarys.“
Şol artdyrmalar hem „Görogly“ şadessanynyň şol bir mazmundaky nusgalarynyň dürlüçe gelýändigini, hatda gahrymanlaryň atlarynda-da üýtgeşmeleriň bardygyny mirasgär nygtapdyr. Elbetde, bu ýagdaý şadessanyny has baýlaşdyrýar.
Babyş Mämmetýazow 1975-1976-njy ýyllarda neşir edilen „Türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy“ atly iki ýygyndyda „Tagta raýonynda türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy“, „Ýylanly, Gurbansoltan eje“ raýonynda türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy“ diýen uly bölümleri ýazdy. Ol „Kasym oglan (1976), „Saýatly – Hemra“ (1979) dessanlaryny çap etdiren alymdyr. Alym 20 dessany öz içine alýan „Görogly“ (1990) eposynyň düzüjileriniň biridir.
B.Mämmetýazowyň 1996-njy ýylda 30 dessandan ybarat „Görogly“ eposynyň ylmy tekistini düzmeklige, ylmy taýdan redaktirlemäge ýardam etdi. Alymyň türkmen folkloryna degişli ýüzlerçe makalalary çap edildi.
Türkmen folklory boýunça ilkinji bolup doktorlyk dissertasiýasyny gorap, filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini alan B.Mämmetýazow Daşoguz welaýatynyň Tagta („Görogly“ ) etrabynyň Kelleli obasynda 1933-nji ýylda dünýä inýär. Ol 1960-njy ýyldan başlap, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda ilki aspiranturada okaýar. Soňra kiçi ylmy işgär, uly we esasy ylmy işgär, baş ylmy işgär soň folklor bölüminiň müdiri bolup işleýär.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly