23:18 Baharda / liriki oýlanma | |
BAHARDA
Oýlanmalar
Ynha, ýene-de sähra gezelenje çykdym. Belki, bu baharyň joşup gelen çagynda göwnümiň şo-ol bir pursaty küýseýänligindendir. Şunuň ýaly ajaýyp pursatlarda, dünýä gül-gülälege bürenende hemişe şol zat ýadyma düşýär. Her gezegem şol wakany ýatlap, şol günlere dolanasym, seniň şol owadan dünýä baradaky owadan sözleriňi eşidesim gelýär. Häzirem şo-ol birmahalky ýaly daş-töwerek gülälekden, jümjümeden don geýipdir. Gyzyl gülälekleriň üstünde perwaz urýan akja kebelekler, ondan-oňa gonup ýören guşlaryň jürküldisi, sähradan öwüsýän adaja şemala başyny yraýan gelinçekler durşuna gözellikdi. Türkmeniň bahary şeýdip gelende, ýüreklerde şinelän duýgular joş berýän eken. Belent baýryň üstünden şu görnüşi synlap oturyşyma ýene sen hem-de şol waka hakydamda janlandy. Onsoň men şol duýgularyň täsirinden çykyp bilmän, edil şol gezekki ýaly kän oturdym. Belki, şol gün, şol pursat seniňem ýadyňdadyr. Belki-de, birmahallar unudan bolmanyň hem ahmal. Ýöne beýle pursatlar hakydada ömürlik galmalymyka diýýärin. Muny şol gün özüňem gaýta-gaýta tekrarlapdyň. Özüm-ä, seň aýdyşyň ýaly, hakydamda möhür bolan şol pursaty hiç haçan unudyp bilerin öýdemok... Şol günem edil şular ýaly bahardy. Çar töwerekde gözüň ýagyny iýip barýan gyzyl gülälekleriň mymyjak şemala perlerini bir açyp, bir ýapyp durmasy ýaňy durmuşa çykan gelniň gyzyl kürtäniň aşagyndan jyklaýan otlukly nazary ýaly bolup görünýärdi. Bu görnüşden doýup bilmän oturyşymyza ikimizem bir zat – şu pursatyň hiç haçan soňlanmazlygy hakda arzuw edýärdik. Sebäbi, häzir dünýäde bir-ä joşup gelen türkmen bahary bardy, birem onuň taýsyz gözelligi, onsoňam diňe birem ikijigimiz... Ulgam-ulgam bolup gidýän baýyrlar biri-birinden owadan. Olaryň güneý tarapynda gyzyl gülälekler agdyklyk edýän bolsa, yk tarapynda jümjümedir sary güller-boýbodranlar köpdi. Baharyň hoştap howasynda sähra gülleriniň hoşnut ysyndan ganyp, gözellik dünýäsine dolmak ikimiziňem başymyzy aýlady... Şol gözellige maýyl bolup, bir pursat gözümizi ýumduk. Şonda sähranyň ümsümliginden eşidilýän ajaýyp owaz kalba doldy-da, bizi başga bir owadan dünýä alyp gitdi. Şol pursat sen-ä bilemok weli, men-ä özümiň nirede oturandygymam unudypdyryn. Sähradaky dymyşlykdan çykýan owaz orkestriň çalýan sazyndan kem däldi. Ol öz şirinligi bilen bütin süňňümi, kalbymy jadylapdy. Gözümi açdygym, şol jadyly sazam, ajaýyp görnüşem zym-zyýat bolaýjak ýaly bolup duransoň, gorkujygyma şeýdip näçe oturanymy bilemok. Birdenem şol ajaýyp sazyň sesini guşlaryň şirin jürküldisi böldi... Bir görsek, keýik sürüsi edil alkymymyzda otlap ýör. Olar şeýle bir naşyja, şeýle bir owadanja. Olar otlap ýörüşlerine mahal-mahal gulaklaryny keýerdip, töwerege hüşgärlik bilen seredýärdiler. Sarç keýikleri ürküzmezlik üçin indi biz doňan ýaly bolup otyrdyk. Süriniň yzyragyndan gelýän owlajyk heniz doly aýaklanmadyk bolarly. Zordan enesiniň yzyny eýerýärdi. Oňa çenli nirelerdendir bir ýerlerden uçup gelen bürgüt ganatlaryny ýaýyp, keýikleriň üstünde pyrlanyp başlady. Owlajygyny bürgütden penalamak islän ene keýik kürtdürip durdy-da, bürgüdiň hereketini yzarlaýan ýaly, gorkuly gözlerini asmana dikdi. Biz näme etjegimizi bilmän, sarsman otyrdyk. Soňam bürgüdi gorkuzjak bolduk. Ýöne biziň bürgüdi ürküzjek bolup, keýikleri gorkuzaýmagymyzam ahmaldy. Sarç süri ürkse, owlajygyň enesiniň yzyny eýerjegi-eýermejegi gümanady. Onsoň owlajygy bürgüdiň penjesine ardurja giderdigimiz boljakdy. Biz biri-birimize seretdik. Her näme-de bolsa bir alaç tapmalydy. Men birdem salymda beýnimde at çapan pikirleri seljerip ýetişmänkäm, sähra ümsümliginiň owazyna goşulyp, başga bir saz ýaňlanyp başlady. Men birbada ol owaz senden çykýandyr diýip güman etmedim. Görsem, ol seniň barmaklaryň arasyndan çykýan eken. Seniň beýdip barmaklaryň bilen saz çalyşyňa ýeke men däl, keýiklerem haýran galdy öýdýän. Olar sazyň sesine başyny galdyryp, keýerjeklediler-de topbak bolup, bir ýere üýşdüler. Indi hälki owlajyk enesi bilen şol topbagyň ortasynda galdy. Keýikler esli salymlap gymyldaman durdular. Olaryň bolup durşy bir görseň-ä, sähel şygyrdy bolsa, ümdüzine tutdurjaga meňzeýärdi, bir görseňem, saza jadylanan ýaly bolup, gymyldaman durdular. Asmandaky bürgüt esli mahallap pel-pellänsoň, ahyry owlajygy alyp bilmejekdigini duýýan ýaly ak bulutlaryň arasynda gözden ýitdi. Keýiklerem ýuwaş-ýuwaşdan otlap başlady. Şu çak eňňit-eňňit bolup sepleşip gidýän baýyrlar owadanlykda edil biri-biri bilen bäsleşýän ýalydylar. Türkmeniň sährasyny, türkmeniň ýaýlasyny edil şu pursat görmäge göz gerekdi. Ikimiziň kalbymyza owaz bolup dolanam, bizi seýrana çykaranam hut şol gözellikdi. Men henizem seň sazyň täsirinden çykyp bilmän otyrdym. Ýöne şonda seniň dile getiren sözleriňem häzirem gulagymdan gidenok. — Bu owadan dünýäde, owadan ýurtda owadan ýaşamaly. Onuň üçinem ýüregiň, pikiriň owadan bolmaly. Seret, şu owadanlykdan heý, gözüň ganarmy? Sen meniň jogabyma-da garaşman, öz soragyňa özüň jogap berdiň: — Ýok, göz ganmaz, ýürek doýmaz bu gözellikden. Men henize çenli seniň beýle häsiýetleriňi bilmämsoň, degişmä saldym: — Sen-ä durşuna saz ekeniň, pelsepe ekeniň. Dünýäniň men diýen sazandasy bilen akyldarlaryndanam üýtgeşigräk ýaly-la sen. Asyl bilmän ýörsek nätjek. Meniň kinaýaly sözüm çetiňe degdi öýdýän, senem kem oturmadyň: — Şu pursaty, şu gözelligi irde-giçde unudyp bilseň, seň hiç zada düşünmedigiňdir, gözellige gadyr goýup bilmedigiňdir. Men sözüňi böljek bolup hyýallananymdan agzymdan aldyň: — Sen gepleme, meň sözümi bölme, men ikimiz barada aýdamok. Biz jan ýaly jora. Ýöne ertir men-ä oba ugraýan, senem munda galýaň. Ýöne men başga zat hakda aýdýan, şu gün, şu pursat, şu gözellik seniň duýgularyňy dörjelemedimi? Dymyşlykdan döreýän ajaýyp owaz kalbyňa şirinlik guýmadymy?! Keýik owlajygynyň naşyja gözleri gözleriňde galmadymy? Ony aljak bolýan bürgüdiň al-asmanda pel-pelleýşi seni ynjalykdan gaçyrmadymy?! Gülälekleriň, goňurbaşlaryň, gelinçekleriň owazy kalbyňa söýgi mukamyny guýmadymy? Söýgi mukamyna sen nähili düşünýäň? Ol diňe iki juwanyň ýüreginiň sesi, biri-birine atygsamasy däl ahyry. Ol mukam ine, biziň ýaňky gören zatlarymyzyň gözbaşynda duran şirinlikdir. Şeýdip, öz topragynyň gözelligine ýüregi bilen berilmek, onuň owazyny diňlemek her kime başardyp durýan däldir. Şol owadan dymyşlykdan, ümsümlikden çykýan owazy eşidip bilmegiň özi-de söýgiň bir görnüşidir. Çünki, bu topragy, onuň ýaşyl ýaýlalaryny, giň sähralaryny, belent daglaryny, deňiz-derýasyny kalbyň törüne salyp, hakyky türkmen bolunýar. Sen meniň gürrüňimi ýaňsa aljak bolma-da gulak goý, haçan-da birwagt sen muňa düşünersiň. Şu gözelligiň özüň üçin nä derejede gymmatdygyna akyl ýetirersiň. Ana, adam şeýde-şeýde kämillige gol berýändir. Onsoň şol pursatda owaz bilen duýgy sazlaşýar-da kalbyňda üýtgeşik bir joşgun döreýär. Şu çak, hut şeýle bolaýdy öýdýän... Häzip, hut şu pursatda tanap ýolunyň öýjagazlarynyň aşarym-aşarym bolup gidýän baýyrlaryň üstünden ýuwaşjadan süýşüp baryşyny synlap, seň şol aýdanlaryň hakydamda janlandy. Ho-onha, keýik sürüleri, ho-onha-da, asman bilen bäsleşýän baýyrlaryň jennete öwrülen durky. Dyzboýy gelinçekler, ygşyldap oturan goňurbaşlar, gyrmyzy reňki bilen dünýäniň öwüşgünini altyn şugla öwürýän gülälekler. Edil şol gezekki ýaly ajaýyplyk. Ýok, göwnüme bolmasa, durmuş öňküsinden has lezzetli. Türkmen sährasynyň gözelligi hasam artypdyr. Ýene-de şol owadan baýyrlarda hakyky gözellik höküm sürýär. Ho-ol, beýlärakde dyzboýy güllerden çalaja saýgarylýan, ýaňyja aýak biten çagajyk gül ýygyp ýör. Ýaş gelin, onuň ýygan güllerini çygdamlap, garşy-garşy ony bagryna basýar. Belki, ol şu wagt, şu pursat bagtyýarlygyň çürbaşyna çykandyr? Belki-de, ol edil şu pursatyň hiç wagt soňlanmazlygyny arzuw edendir?! Kim bilýär?! Ýöne ene bilen perzendiň bir bitewi göwrä öwrülip, bu gözellige garyşmasynda has uly many bardygyna edil şu pursat düşündim. Oňa düşünmek isleseň, senem baharlar joşup gelende türkmen sährasyna çyk! Şonda jenneti diýaryň hakyky durkuny synlap, onuň ýaýylyp ýatan sähralaryň şirin mukamynyň dadyny kalbyňa guýarsyň... Ogulgerek Ussaýewa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |