15:16 Bakjaly jülgesiniñ hekaýaty | |
BAKJALY JÜLGESINIÑ HEKAÝATY
Hekaýalar
Degre-daşy uçut gaýalar bilen gurşalan Barsly jülgesiniň çeşmeleri gyşyn-ýazyn şirrildäp akýar. Ýyl ýgally gelende olaryň suwy has-da köpelip başlaýar. Çeşmeleriň akabalarynyň ugrundaky ösümlikleriň ýakymly ysy burnuňa hoş ýakyp, kalbyňy heýjana getirýär. Ýylyň haýsy pasly bolanda parhy ýok, tebigatyň gaýtalanmajak täsin ýerlerine sapara çykanyňda göwnüň galkynyp, ýigdelen ýaly bolýarsyň. Jülgäniň kä ýerlerinde, ýabany we gyrymsydaragtlar çogdamlanyp ösensoňolaryň goýry kölegesinigünortanyň neşder ýaly şöhleleri böwserden ejiz gelýärler. Ýazda-güýzde, gijäniň gündiz bilen deňleşýän döwründe,uzak menzilleri aşmak üçin göç edýän guş kerwenleriniň ýolyşu jülgäniň üstünden geçýär. Şonda çeşme-bulaklarynyň töwereginde guşlar agdyklyk edýärler. Olaryň bir-birinden şirin owazlaryny diňlemegiň lezzeti bir başga. Az salymlyk dynç almadan soňra, olaryň köpüsi alys ülkelere syýahatlaryny dowam etdirýärler, käbirleri bolsa jülgäniň amatly ýerindehöwürtgeleýärler. Säher bilen jülgeden käkilikleriň hatar-hyzam gurap, “kah-kahlap” saýraşyp çeşmäniň suwyna inişlerine syn etmegiňözboluşly lezzeti bar. Ýerli adamlaryň aýtmaklaryna görä, ötegçi guşlaryň aýaklaryna, ganatlaryny ýelmeşip ýa-da petekeleri arkaly getiren çigitdir miweleri amatly toprakda uýgunlaşyp kök urupdyrdyrlar. Ýabany igdäniň, behiniň, üljäniň, almanyň we beýleki seýrek görnüşli daragtlaryň diňe şu jülgäniň töwereginde duş gelýändigi muňa güwä geçýär. - Jülgäniň çeşmeleriniň tenakär suwuna, şypaly howasyna biten daragtlaryň miweleri lezzetli, has datly bolardy. Çagalaryňyz, jigileriňiz agyzlaryny süýjetsinler! – diýip, bu ýere ýoly düşene bir düwünçek miwe kişdesini sowgat bermegi ejem pahyp adata öwrüpdi—diýip,onunjy onlygyň ujundan kertip ugran, bir wagtlar çeşmäniň başynda ýaşan Begnazar aga guwanç bilen ýatlaýar--Myhmanlary meşikli mesge ýagy we düýäniň agarany bilen hezzetleýärdi. Geçi süýdüni berhiz edinen hassalar dermansyz gutulup gidýärdiler. Aslyýetinde, çeşmeleriň başynda mekan tutunan adamlar diňe dowardyr düýe köpeltmek bilen çäklenmändirler. Miweli, ir-iýmişli baglary köpeldip, miweleri kişdeläpdirler, gawundan kak dilip gyşyň aladasyny edipdirler. Häzir bu ýerde hemişelik mesgen tutup ýaşap oturan adam ýok. Bahar paslynda wejülgäniň ot-çöpi samana öwrülinçä golaýdaky obalardan gelen çarwalar ýazlaga çykyp, şu ýerde ýaşaýarlar.Dowarlarydyr sygyr-düýeleri sagyp, olardan süýt-gatyk önümlerini taýýarlaýarlar. Geçen baharda men şol sapaly jülgä gezelenje çykdym.Gün dogmazynyň öň ýanynda örä çykarylýanmallar jülgäniň sonarly baýyrlaryndan uzaklaşmaýarlar. Günortan çaglary çynaryň saýasynda, gözlerimi açalak-ýumalak edip, meýmiräp ýatyrdym. Ýazlaga çykan, ýaňy öňüne mis tüňçesi gök çaýy alan Begnazar aganyň ussatlyk bilen çalýan gargy tüýdüginiň mylaýym owazy gulagyma hoş ýakýardy. “ Hak nazary düşen bu behişti künjekde näme üçin häzir adamlar ýaşamýarkalar, öňler bu ýerde oba bolupdyr ahyryn” diýen sowal serimde iki ýana çarp urýardy. Bu sowaly söhbetdeşime berenimde: - Ony Gözel daýzadan özge hiç kim bilýän däldir--diýen kesgitli jogaby aldym. ...Gözel daýza bilen köp ýyl bäri duldegşir goňşulykda ýaşaýarys. Onuň kimdir biri bilen ýürekdeş gürrüň edip oturanyny gören ýok. Hemişe haýsydyr bir zadyň gamyny, aladasyny edýän ýalydyr. Ýuman agzyny açdyrmak her kese başardanok. Ýogsam, onuň giň düşünjeli, ak ýürek zenandygyny, halk döredijiligini gowy bilýändigini, tutuş bir hazynadygygny ony ýakyndan tanaýan adamlar aýdýarlar. Arada Gözel daýzanyň öýüne baryp özüme ynjalyk bermeýän sowaly beräýmenmi, näme?! Sebäbi saçlary örüme ýetmedik döwründe onuň ene-atasy bilen jülgedäki çeşmeleriň biriniň başynda ýaşandygyny eşidipdim. Gözel daýza soralmasyz zady soran mysaly ýüzüme şeýle bir çiňňerilip seretdi welin, bedenim titräp, garynjalar ýörän ýaly boldy. Göwnümde kine saklamadyk bolsam-da, Gözel daýzanyň keşbi uzak wagtlap göz öňümden gitmedi. * * * - Enem sizi çagyrýar! - diýip, säher çaglaryişikden ätlän Gözel daýzanyň agtygy Myratdy. Oňa garşylykly sowal berip durmadymda çagyrylan ýerime alňasadym. Dokuz onlugy jemlän, saçlarydyr gaşlary pagta ýaly agaran kempiriň ýüzünde gasynlardan ýaňa ýer ýokdy. Ýöne şonda-da onuň hereketi çakgandy. Häzir bolsa onuň ýüzi nurlanyp mähir çaýylan ýalydy. Gelmegime mähetdel desterhanda öňünden demlenip goýulan demkeşiň üstündäki basyrgysyny aýryp, maňa bir käse süýtli gara çaý guýup äberdi. Soň howlukman, äwmezlik bilen gürrüňe başlady. -- Heniz--häzir özgelere aýan bolmadyk bu syry saňa aýtsam üstümden agyr ýük aýrylyp, süňňüm ýeňläýjek ýaly. Ol obamyzyň taryhy, söýüşenleriň ykbal-täleýi bilen baglanyşykly waka. * * * ...Ýaňy saçy örüme ýeten gyzjagaz bolsamda obamyzda bolup geçen şol waka hakydamda müdümilik galypdyr. Jülgedäki bol suwly çeşmäniň golaýyndaky öýde bir görmegeý gyz ýaşaýardy. Terbiýeli, edep-ekramlydy, sypaýydy. Sarymeňiz bolany üçinoňa Sarygyz diýip ýüzlenerdiler. Soň-soňlar onuň hakyky adynyň Jerendigini bilip galdyk.Işeňňirdi, ýadamasy-ýaltanmasy ýokdy, hemişe ruhubelent, gujurly görünýärdi. Kakasy pälwandy,göreşiň usul-tilsimlerini gowy bilýärdi. Durdygylyjyň toýdan baýraksyz gelenini gören ýokdyr diýip gürrüň bererdiler.Bir gezek dowar ýataga möjek aralaşypdyr.Şonda pälwan möjegiň äňini ýazdyrmagyň hötdesinden gelipdir. Arman ömri gysa eken, pahyryň -- diýip, Gözel daýza käsesindäki sowap barýan çaýyndan owurtlap gürrüňini dowam edýär-- Hatarymyz galapyn gara öýlerden ybaratdy, pagsadan gurlan jaýlar ýok diýen ýalydy. Obamyzda bir tamdyr bolup, zenanlar gezekli-gezegine onda çörek bişirerdiler. Şol gün Baýramtäç gelneje bişiren kökejiginiň birini suwa basyp maňa berende: - Çagalarymyz öýli-işikli bolup çar tarapa siňip gitdiler. Sarygyz biziň bagtymyza ýaradylan ýaly bolup dur. Ähli işlerimize ýardam berýän şol. Allajan oňa uzak ömür we bagt bersin - diýip, ýanynda duran zenanlaryň ýanynda öwgüsini ýetirdi. * * * Obamyzyň mergeni Bäşim bilen Sarygyzyň pynhanlykda çeşme başynda duşuşýandygyndan oba ilaty habarlydy. Bir-birine şeýle mynasyp aşyk-magşuga guwanýanlar köpdi. Gyz üçin sözaýdyjy iberilip, gudaçylyk gapysy açylypdy. Olaryň sähetli güni bellenip, basym durmuş toýy tutuljakdy. Şol gün hem çyn aşyk gijäniň ýarynda çeşmäniň boýuna gelipdir. Ol Ülker döwrüniň şamram ýagşyna ezilen dagbitgileriniň ýakymly ysyna melul bolup, magşugyna garaşýardy. Indi onuň gelmeli wagty golaýlapdy.Garaňkylykda jülgedäki ähli ot-çöpleriň reňki birmeňzeş görünýärdi. Birden hemasuda gijäniň ümüş-tamyşlygyny ot-çöpleriň, şygyrdysy bozupdyr. Kalby öňkülerden gödegiräk eşidilen ýalydy. Aşyk ýigit çalaja herekete ziňňildäp duran, towşan ýüreklilerden däldi. Haçanda magşugyny gujak açyp garşylan aşyk ýigit çat maňlaýynda duran äpet pyşdyly görende gorkusyndan ini tikenekläp gitdi. Reňki agaryp essi aýyldy. Äpet buýnuz görnüşli gapak bilen örtülen, gysgajyk aýakly bu süýrenji dolan aýyň ýagtysyna has-da eýmenç görnüpdir. Ol birden hem ynsan dilinde: Bakjaly pyşbaga diýerler bize, Ýaşymyz ýetendir müňde bir ýüze , Aşyklygyň bilýän ol Sarygyza Sözlerimi diňle, çök-de sen dyza. Meni göreniňi aýtma hiç kime, Eýe bol baýlykly şol uly huma, Çykma nesihatdan berk belle şuny Kül edersiň ýogsa juwan ömrüňi. Edil tulpar ýaly endamy ýylpyldap duran jandar aşyk ýigide nesihatymy alsaň uly baýlyga eýe bolup ömrüň ahyryna çenli elpe-şelpelikde, bagtyýar ýaşarsyň-diýip sözüni jemläpdir-de gözden gaýyp bolupdyr. Bu waka maşgalanyň başyna gam-gussa, betbagtlyk getirdi. Ertesi ejesi düşekden galman ýatan ogluny görüp onuň bir derde uçrandygyny bilipdir : - Toba-tagsyr, ýüzüňde gan-pet ýokla, başyňy bir galdyrsana,!- diýip, ejesi ogluna ýüzlenipdir. Düýn agşam üýtgeşik bir ýagdaýa düşen ýigit bolsa hamala lal ýaly dymyp ýatyrmyş. Ejesi görgüli bolsa onuň daşynda näçe wagtlap perwaz ursa-da wakanyň sebäbini bilmändir. Biçäre ençeme günläp ukudan galyp kellesine her hili pikirler gelipdir. Şol günden başlap aşyk ýigidiň ünjüli durmuşy onuň etinden ötüp, süňňüne ýetipdir. Bir wagtky buldurap duran nurana ýüzünden solgunlyk aýrylmandyr. Horlanyp hepbik ýaly bolupdy. “Ýigit gorkan, at ürken ýerinden” diýlişi ýaly ol gaýdyp çeşmäniň gözbaşyna gitmändir. Nazar aga obamyzyň kethudasy, biý adam hasaplanýar. Eden ýagşylygy üçin ol adamlardan söwüş-dowar, halat-serpaý talap edýän adamlaryň hilinden däldi. Ýigidiň ejesiniň bu gamgyn waka bilen baglanyşykly ýürek zaryny diňlän soň aşyk ýigidi tebibe görkezmegi maslahat beripdir. Ýöne olaryň däri-dermanlary aşyk ýigidiň keseliniň öňünde ejiz bolupdyr. - Soň Sarygyzyň ykbaly nähili boldy-diýip, söhbetdeşimiž sözüni bölenimeýüzüm gyzyp gitdi. - Şol wakadan soňra olar hem göçüp gitdiler. Häzir nirede ýaşaýarlar bilemok-diýip, gamgynlyk bilen jogap berdi. Bu waka oba aýan bolandan soňra jülgede ýaşaýan ilat çart-tarapa göçüp başladylar. Basym bu ýerde ýaşaýan ýakaja-de maşgala galmady. Häzir hem ol ýerde bir wagtlar bolan ýaşaýşy tekrarlaýan sudurlar galypdyr. Men şol äpet pyşbaganyň mirasynyň kimdir birine nesip edenini eşidemok. Ýöne şol wakadan köp ýyllar geçendigine garamazdan bu gamgyn taryh aňymyzdan çykanok –diýip, gürrüňini tamamlady. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |