BALKAN DAGYM - BUÝSANJYM
Uly we kiçi Balkanyň güneý tarapyndaky obalarda Begli tilkiçiniň adyny eşitmedik ýok bolsa gerek. Öz obasynyň kethudasy, gepi-sözi diňlenýän adamy Begli aganyň ýaşy ýetmişden geçse-de, ömürboýy werziş edinen awçylyk kesbinden el çekerli däl. Aw üçin amatly günlerde obada oturyp bilenok, ýabysyna atlanyp, daga, düze ýa-da guma ugraýar. Gapan, tor, çirtmek gurup aw awlasa-da harsydünýä däl. Çarwaçylykdan döwlet tapan, ogul-gyzlary ýetişip, ile goşulan ýaşuly hiç wagtam yrsgalyny aw-şikardan gözlemän, oňa göwün güýmenjesi we beden saglygynyň diregi hökmünde garapdyr.
- Balkan dagynyň degresindäki çöllerde çarwa taýpalar ata-baba kesp-kärlerini ýöredip, düýe, gylýal, dowar köpeldipdirler – diýip, Begli aga geçmişi ýatlaýar.
- Ir zamanlarda suwsuzlygyň külpetini çeken çarwadarlar mallary üçin guýudyr kaklary gözläp, hemişe göçüp-gonup ýörmeli bolupdyrlar. Jöwzaly tomuslarda guýularyň suwy gowzap, tiz sogulypdyr, kaklar gurapdyr. Soň bir gün ýaşulylar ussa çagyryp, Balkanyň güneý eteginde guýulary gazdyrypdyrlar. Tagamy şorumtyk bolsa-da,ol guýularyň suwy mallar üçin ýaramly eken.
Şeýlelikde, birgiden çarwa iller bu ýerde hemişelik mekan tutunyp, göçüp-gonmak azabyndan dynypdyrlar. Ondan bäri näçe sene geçendigini takyk bilýän ýok. Ýöne şol guýularyň suwy heniz-häzir birjik-de egsilenok.
Biziň neberämiz bu ýere göçüp gelende men heniz ýigdekçedim. Uly we Kiçi Balkan daglary barasynda öň eşitsegem, beýikli-pesli gaýalyk-daşlyk, ýalazy gerişler göz öňümize gelerdi şonda. Ýogsam ol ýerde ýyrtyjy haýwanlaryň, guşlaryň ýaşaýandygyny hem awçylardan eşiderdik. Olar dagdan keýik, towşan, käkilik awlap getirerdiler. Dag eteginde mekan tutanymyzdan soň kän wagt geçmänkä bir gün babam meni öz ýany bilen gaýramyzda howalanyp duran daglara alyp gitdi. Bu ýerde men her dürli jandarlardyr guşlary görüp haýran galdym. Dagyň jülge-derelerini yzarlap, köwsarlap öwüsýän sergin şemal dürli-dümen ösümlikleriň ýakymly ysyny getirýärdi, süňňüňi ýeňledip argynlygyňy aýyrýardy. Bulak-çeşmeleriň eşrepi dek tämiz suwlarynyň şirin dady biziň üçin geň täzelikdi.
Şeýdip meniň daglar baradaky garaýşym özgerdi. Alma, injir, behi ýaly miweli baglary, beýleki ir-iýmişleri görüp geňirgenýändigimi babam aňan babam: “Bu baglaryň tohumyny ýyly ülkelere göç edýän guşlar ir döwürlerde bu ýere getiren bolarly. Amatly topraga düşen tohumlardan ýetişen daragtlar ýerli howa, toprak, suw şertleri bilen uýgunlaşyp köpelipdirler, indi bolsa bol miwe getirýärler” diýip düşündirdi. Eýsem-de bolsa daga geleniňde seresaply bolmalydygyna, miweli baga çykanyňda hüşgärligiňi elden bermeli däldigine basym göz ýetirdik. Obamyzyň ýaş-ýeleňleri bu ýere miwe tirmäge gelenlerinde olaryň biri hüşgärligini unudyp, injir bagda güneşläp ýatan ýylany penjeläpdir. Oglanlaryň ekabyry ýylanyň çakan ýerini pyçak bilen dilip, zäherden arassalamadyk bolsa bu wakanyň soňy gamgyn tamamlanjak eken...
Awçylyk kesbi bilen baglanyşykly sowal bereniňde Begliaganyň ýüzüne nur çaýylýar. - Gapan guran ýerleriňe günde-günaşa aýlanmasaň, azabyň reýgan, awuň harap bolýar—diýip, ol bu ugurdan baý tejribesini beýan edýär.
– Onsoňam gapana haýsy jandaryň düşjekdigini öňünden takyklamak mümkin däl. Heniz aw-şikaryň abyny-tabyny almadyk ýigit wagtymda aw üçin guran gapanlarymy görmäge daga gidipdim. Heniz awa salynmadyk ýaş tazym hem bu sapar yzymdan galmady. Kowjak, galdyrjak bolup her dürli emel etdim. Ketjal menden üstün geldi.
Ilki gapanlarymyň ikisine düşen bir towşan bilen bir käkiligi halallap, beýleki ýerlerinde guran gapanlarymy görmek üçin ýolumy dowam etdim. Golaýda ýagan küti gar heniz eremändi. Janly-jemendäniň yzy akja garda aýyl-saýyl görünýärdi. Ýolaýrytdan geçen ýeriňdäki bir düýp gyrymsy agajyň ýanynda, ýylçyr daşyň üstünde oturan bürgüdiň bir zatdan heder edýäni bellidi, gaýta-gaýta daş-töweregi-ne seretse-de uçmaga howluganokdy. Görsem gapanyma onuň taýy düşen ekeni. Ganatlaryny çarpyp, biraz süýrese-de, gapanyň arany agaja mäkäm ilteşipdir. Bürgüdiň maňa geregi ýokdy.Ony öldürmän, gapandan boşatmagy niýet edindim. Golaýyna barsam ürküp, ganatlaryny galgadyp goranýar. “Laýyk bolaýdy.
Tüpeňim, ýabym, tazym bar, indi aw bürgütli hem bolaýsam serenjamym birkemsiz jem bolýar” diýen pikir serime geldi. Ýöne kakamyň: “Awçylygy özüňe pişe edinjek bolsaň, hakydaňda saklamaly zatlar bardyr. Daglaryň kemerlerinde, baglaryň depesinde, giň sähralarda mekan tutunýan bürgütler diýeni bolýan, hökmürowan ýyrtyjy guşlardyr. Awa salmak üçin olara balaguşka edep-tertip,baş öwretmeli bolýar” diýen pendini ýatlap, niýetimden dändim.
Bürgüdi gapandan boşadanymda, bendilikde ejir çekip ýatan bu gaharly guşa seresap çemeleşmek gerekdi. Üstesine bürgüdiň taýy hem depämde haýbat bilen perwaz urýardy. Heniz beýle hadysany başdan geçirmedik tazy bürgütden gorkup maňa gysmyljyraýar. Gaharyma dözümli tirsekläp göýberenimden soň bir ýerlere ýitirim boldy.
Gepiň keltesini aýtsam, egnime gyýa ýapylgy kelte içmegimi gapandaky bürgüdiň üstüne taşlap,ony güpbasdy etdim. Ýyrtyjy guşuň bir aýagyna ýeňil ýara düşen bolsa-da döwülmändir, ganatlary-da abat eken. Goşhaltamdan bir bölek mata çykaryp, bürgüdiň ýaraly aýagyny sargyladym. Uçuryp, erkinlige goýbersem-de,ol heniz aýňalyp bilmedik ýaly ysgynsyz uçup, golaýdaky agaja gondy.Nazaryny menden aýyrman oturan jübüt bürgütlere seredip, bu erkana guşlara tötänlikde ýetiren ezýetim üçin gynanjymdan hyrçymy dişledim-de, ýolumy dowam etdirdim. Galan ömrümde-de şular ýaly säwlikler zerarly bolaýmasa, janly-jandara bilkastlaýyn ezýet bermän, aw edenimde mümkingadar ynsaply we kanagatly bolmaga çalyşdym.
Bir mahallar Uly we kiçi Balkanyň bol suwly çeşmeleriň başynda kerwenler düşläp, dem-dynç alyp gider ekeni. – diýip, Begli agа söhbetiniň soňunda ýene geçmişiň bir kyssasyny ýatlaýar.
- Üsti gymmatbaha harytlardan mas ýüklenen düýe kerweniniň dagyň bir ýerinde ýitrim bolandygy barada obamyza gelen saýry adamyň beren gürrüňi hakydamda galypdyr. Şol kerweniň gymmatbaha ýüküni näçe ýyldyr gözleseler-de tapanoklar. Men-ä ol hakda gürrüň çykanda “Balkan daglary şonsuzam duranja hazyna” diýäýýän. Ol kerweniň ýüki harwar-harwar altyndyr lagly-ýakut bolanda-da, şol baýlyk bu daglaryň öz gadyr-gymmatynyň müňden birine-de degýändir öýdemok. Uly we kiçi Balkan daglary bereket, rysgal çeşmesidir, Taňrytagalanyň mähir-nurunyň siňen ýeridir, türkmen halkyna eçilen peşgeşidir.Ynsanyň we haýwanyň garnyny doýurýan, olary gyşda sowukden, tomusda jöwzadan goraýan künjegidir, ol biziň guwanjymyzdyr we buýsanjymyzdyr”.
Şahymerdan SARYOGLY.
Hekaýalar