08:51 Başa barmadyk söwda / satiriki hekaýa | |
BAŞA BARMADYK SÖWDA
Satiriki hekaýalar
Kesbimizden kemal tapdyk. Hudaýa şükür, sargytlarymyz ýetik. Obada kim jaý gurdurjak bolsa, köplenç, bize ýüz tutýar. Üç bolup işleýäris. Birimiz — suwagçy, ýene birimiz — laý garyjy, men — kerpiç örüji. El telefonlarynyň ýaňy çykyp başlan wagtlarydy. Sopy aganyň toý sadakasyndan çykyp, iş ýerimize bardyk. Işe başlamazdan ozal, bir gök çaý içeliň diýip, dyz deňeçer ören kerpiçlerimiziň üstünde gümür-ýamra oturdyk. Şol wagtam bir täsin owaz gulagymyza degdi. Mäti aganyň ogly Annasähet ýaňky ýakymly sesiň hoş owazyna tigir sürüp, hiňlenip geçip gitdi. Ol gözden ýitensoň, men: — Bu owaz Annasähediň niresinden çykd-aý? — diýdim. Kadyr meniň bu soragyma hezil edip güldi-de: — Jübüsinden çykdy, jübüsinden. Bu şol täze çykan el telefony. Täsin tarapy, ýurduň islendik nokadyndan birek-birek bilen habarlaşyp bolýar. Özem radiosam bar, surata-da alýar — diýip, sözüni degişme bilen dowam etdi. — Nädersiň, Janmyrat, radiojyk diňläp işläýseň, kerpiçleriň özi örüliberse. Şondan soň ol enjamdan edinmegiň kül-külüne düşmersiňmi. «Häzir şäherde belli-belli ýerlerde satylýamyşyn şol telefonlar» diýip, Toýlam Kadyryň sözüniň üstüni ýetirdi. Kän wagt geçmän gerek puly topladym. Ak kagyzdan bukjajyk ýasap, içine pulumy salyp, bukjanam gowy edip togarlap, sapak bilen daňdym, onam penjegimiň çep tarapynyň içki jübüsine saldym-da, ir säherden eňdim şähere bakan. «Iň gowusyny, sesi batly çykýanyny, gara reňklisini, özem surata düşürip bolýanyny alaryn» diýip, arzuwlara berlip barşyma, şähere nädip ýetenimizem bilmändirin. Awtobusdan düşjek bolanymda, sürüjiden telefon satylýan ýeriň salgysyny soradym. — Inim, sen hol duralgada duranlardan sorap göräý! — diýdi-de, sürüji ýoluň o ýüzünde duran adamlara ümledi. Ýörite pyýadalar üçin niýetlenen geçelgeden geçip, duralga bardym. Şol wagt duralga gelip saklanan awtobusyň sürüjisinden soradym. — Salawmaleýkim, agam, awtobusyňyz telefon satylýan bazara barýam-aý? — Ýok, inim. Ýigrimi dokuza münäý. Şol edil bazaryň deňinde saklanýar. Sürüjiniň diýen belgili ulagyna mündüm. Awtobusda ýolagçy köpdi. Esli gidenimizden soň, megerem, şäheriň dürli künjegine awtobuslaryň ugraýan merkezi bolmaly, şol ýerde saklananymyzda, adamlar awtobusdan düşüp, çar ýana pytradylar. Awtobusyň içiniň mähellesi biraz ýeňleşdi. Yzrakda boş ýerler peýda boldy. Pursatdan peýdalanyp, sürüjiden bazara çenli ýene näçeräk ýöremelidigini soradym. Ol entek ep-esli ýoluň bardygyny aýtdy. Aýak üstünde durmaýyn diýdim. Gyslyşykda der basanlygy sebäpli, penjegimi çykaryp, awtobusyň açyk aýnasyna golaý oturgyçlaryň biriniň «egnine» atdym-da, şol ýerde çökdüm. Awtobus ugrandan kän wagt geçmänkä, ymyzgananymy özümem duýman galypdyryn. Sürüjiniň: «Kim bazary sorady? Bazara ýetdik» diýen sesine oýanyp, laňňa ýerimden galdym. Penjegimi alyp, atylyp awtobusdan çykdym. Begenjime ýüregim gursagymdan çykaýsam diýýär. «Häzir telefonly bolýan...». Bazaryň bir çetinden girdim. Telefon satylýan dükany tapdym-da, içinden iň soňky çykanyny, iň naýbaşysyny saýlamaga durdum. Bahalary bilen gyzyklanyp, elimi penjegimiň jübüsine sokanymdan, ýüregim agzyma geldi. Edil şol pursat serime: «Awtobusyň gyslyşygynda ýa-da penjegimi çykaryp irkilemde, biri eli egrilik edäýdimikä» diýen pikir geldi. Özümi ýitirdim. Satyjynyň: «Inim, saýladyňmy?» diýen sözlerinem gulagymyň deňinden geçirip, ysgynsyz halda dükandan çykdym. Öz ýanymdan: «Arzuwlaryma sogan dograldy. Barysy puja çykdy» diýip, gurbaty gaçan bedenimi diwara söýedim. Soňam, düka nyň agzynda ýere çökdüm. «Bäh, bäh» diýip, gaýtaladym durdum. Ýöne ol ýerde kän oturmadym. Bir ýerlerden gelen sergin şemal derçigen maňlaýymy sypalady. Şol şemal göýä umyt atyny alyp gelen ýaly, «Hany, tur, atlan!» diýdi-de, egnimden çekdi. Çalasynlyk bilen ýerimden turdum. Duralga tarap ylgadym. Baryp, ol ýerdäki duranlardan hälki düşen ýigrimi dokuzlyk awtobusyň indiki saklanjak duralgalaryny soradym. Duranlaryň biri bazaryň garşysynda gür baglyga bürenip oturan uly seýilgähi görkezip, awtobusyň uzak aralykdan aýlanyp gaýdýandygyny hemem onuň seýilgähiň aňry ýüzünde säginjekdigini aýtdy. «Näçe minutlyk ýol» diýenime-de: «Seýilgähiň içi bilen gönüleseň, on minutda baryp bolýar» diýip jogap berdi. Men on minuda galmaýyn diýip, salga tarap ylgadym. Özem köp ylgadym. Ylgamda-da on minuda ýetip bilmedim. Örän uly seýilgäh eken. Ugur-utgamy ýitiräýdimmikäm diýip, haş-haşlap gelşime, biraz aýak çekdim. Halys surnukdym. Der basan ýüzümi ýeňim bilen süpürdim. Dursam, awtobusa ýetişmerin diýip, ýene ylgadym. Ahyry seýilgähden çykdym. Duralgada duran ýigrimi dokuzlyk awtobusy görübem, el bulap, has-da badymy çaltlandyrdym. Ýeteňkirläberenimde, awtobus ýerinden gozganaýmazmy, sesimiň ýetdiginden «Garaş, garaş!» diýip gygyrdym. Sürüji bolsa muňa pitiwa-da etmän gidiberdi. Aňyrdan aljyrap gelýänimi görendir-dä, özüm bilen deň-duşrak oglan: — Dost, ýigrimi dokuza münjek bolduňmy, häzir barybir şu ýerden yzyna geçýär. Mundan aňyrda olaryň iň soňky duralgasy, şol ýerde 10 minut eglener, soň yzyna gaýdar — diýdi. Onuň bu aýdanyna azajyk göwnüm göterilenem bolsa, ýüregim agzymdan çykaýjak boldy. Uzakdan awtobus göründi. Az salymdan duralga golaýlan ýigrimi dokuzlygy sürüjisinden tanaýdym. Ulag gelip durandan, okdurylyp mündüm. Awtobus soňky nokatdan gaýdansoň, içiniň adamy azrakdy. Men hälki oturan ýerimi sermäp başladym. Eglip, oturgyçlaryň aşaklaryna seretdim. Hemmeler geň galmak bilen maňa seredýärdi. Awtobus duralgada saklandy. Ine, garaşylmadyk görnüş. Gözlerim bukjany görýär. Öň hatarda duran bir ýaş ýigidiň elindäki penjeginiň içki jübüsinden bukja çykyp dur. Bardym-da, onuň egnine ýapyşdym. — Hany, bukjany çykar penjegiňden! — Näme boldy, agam?! — Näme bolanyny özüň gowy bilýäň — diýip, penjeginiň içki jübüsinden bukjany sogrup aldym. Awtobusdakylaryň hemmesiniň nazary bizde. Hiç zada düşünmän, äm-säm bolup duran ýigide garap: — Ine, bolan zat! — diýip, bukjany açsam, içinden hat çykdy. Üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Ýüzüm gyzyp gitdi. Nähak ýere birine töhmet atanym üçin erbet ýüregim gyýyldy. Awtobusdan nädip düşenimi bilemok. Bir-ä bukjany ýigidiň eline gysdyranym, birem zordan: «Bagyşla, inim!» diýenim ýadyma düşýär. Seýilgähdäki oturgyçlaryň birinde doňňaradaş bolup otyryn. Bu günki bolan wakalary serimde aýlap, pikirlere berlip oturyşyma, galanja pulumy bir göreýin diýip, jübülerimi sermeläp ugradym. Çep goltuk jübime elimi sokanymdanam, gözlerim ýitelip gitdi. Penjegimi çykaryp, içki jübüsini barlasam, ýyrtyk eken. Ine, saňa gerek bolsa! Pully bukja jübimiň ýyrtygyndan içlige gaçan bolsa nätjek. Muňa, bir tarapdan, begenen bolsam, beýleki tarapdan düşüp ýören günüm üçin öz-özüme käýindim. Telefon almak höwesimem gaçdy-da, oba gaýtmak üçin duralga tarap ýöneldim. Azat JEPBAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |