BASDAŞ
…Gündiz oýnap, mazaly ýadandygy zerarly başyny ýassyga goýan badyna uklandygyna garamazdan Didarjyk gijäniň birmahaly näme üçindir allaniçiksi bolup, oýandy. Ol birbada özüne näme bolandygyna düşünmän gözüni tegeläp, dik oturdy. Birsellem hem şol oturşyndan gozganmady.
Birdenem ejesiniň düşeginiň boşdugyny görüp, howsalaly gorky bilen tisginip gitdi. Gözlerine-de ynanmaýan ýaly, ejesiniň düşegini eli bilen sermeleşdirdi.
Düşek buz ýalydy.
Töwerekde gyz uýalary, goňşy otagda bolsa erkek doganlary ýatan hem bolsalar Didarjygy, ysgynyny alyp barýan, şeýlebir güýçli howsala, wehim gaplap aldy. Otag tüm-garaňkydy. Aýyň pejireden düşýän ölügsi ýagtysy bolsa, içeriniň garaňkylygyna hiç hili üýtgeşiklik berip bilmeýärdi.
Göwnüne bolmasa şol garaňkylygyň içinde-de Didarjygyň ýekeje özi oturan ýalydy. Ol gymyldamaga-da, yzyna gaňrylmaga-da gorkýardy. Çüňki bu garaňkylyk, otagyň burçlary, tekjäniň aşagy her dürli, betnyşan, göze görünmeýän mahluklardan dolup durdy. Eger Didar gozganaýsa, gaňrylaýsa dumly-duşdan onuň üstüne topulmaga olaryň hemmesem taýýar bolup duran ýalydylar…
Didarjyk bu pursat özüni şeýle bir ýalňyz hem goragsyz duýdy welin, onuň ulili bilen gygyryp bu otagdan gaçyp gidiberesi geldi. Emma ol gygyrmaga-da, uýalarynyň biriniň adyny tutmaga-da öz sesinden gorkdy. Çünki ol hatda demini gatyrak alaýsa-da şol göze görünmeýän mahluklar ýerli-ýerden oňa garşy okdyryljakdylar.
Şeýdip ol doňan deýin, ýene-de esli oturdy. Alla bilsin, ol ýene-de näce wagtlap şeýle halda oturjakdy, birden güýz gijesiniň agras mahymy bu titräp oturan çagajyga dözmedimi nämemi, onuň öňünden ýukajyk bulut örtügi syrylyp aýryldy-da ölügsi şöhleler şugla saçyp başladylar.
Şol bada garaňkylyk öňküsinden az-kem ýagtyldy. Onuň ýagtylmagy bilen hem otagyň içini doldurýan göze görünmezek mahluklar gysylyp-gysylyp iň garaňky burça ýygnandylar. Didarjygyň hem ýüregi gürsüldäp-gürsüldäp urmasyny goýdy. Ol rahatlandy.
Ýöne şonda-da ol ejesini gözlemäge turmakçy bolanynda, ähli erkini toplap özüne zor salmaly boldy. Çünki onuň göwnüne bolmasa şol mahluklar gizlenen burçlaryndan çykyp ýene-de onuň daşyny alaýjaklar ýaly bolup durdy.
Her name-de bolsa ol aýaga galanyndan soň ejesini gözlemäge ugrady. Ilki otaglara aýlandy. Soňra ýekelikden we garaňkylykdan hernäçe gorksa-da hammamy görmäge ugrady. Ol ýerde-de ejesiniň ýokdugyny görüp, howlynyň bar ýerini agtaryp çykdy.
Agtardygysaýy hem Didarjygyň kükrejigini nähilidir bir üýtgeşik ajy, ýöne öňem ençeme gezek duýlup görlen howsala hem ýekesiremek dolduryp başlady. Onuň aglasy gelip ugrady. Şol bir wagtda-da aglabermäge-de utandy.
Sebäbi öňräk bir gezek şeýdip bir biderejik zat üçin kemşereninde kakasynyň “öküz ýalaky bolup jögüläp ýörmüň?!” diýip öte kemsindireni heniz onuň hakydasyndan çykmandy. Birdenem kakasy hakynda pikir edeninde Didarjygyň ýadyna ýaňy aýlanyp ýörkä kakasynyň düşeginiň hem boşdugyny görendigi düşdi. Ony hasam howsalaly ýalňyzlyk basmarlady…
Ýaňky “göze görünmezek mahluklardan doly tümlük” indi onuň ýadyna-oýuna-da düşmedi. Birdenem ol ejesini tapmaga iň soňky umydy bolan, mellegiň aýagujyndaky hajathana garşy ylgady. Demi demine ýetmän “has-has” edip barşyna-da, hajathananyň bäri ýanynda durup:
-Eje! Eje!—diýip inçejik çaga sesi bilen gygyrdy. Hiç kim jogap bermänden soň gorka-gorka baryp, gapysyny çekdi. Hiç kimiň ýokdugyny görübem hyrra yzyna öwrüldi-de, yzyndan ýagy kowalaýan ýaly, ylgap öýlerine gaýtdy. Ýöne ol girip gidibermän, bosagada oturdy-da, iki eljagazyny dyzyna diräp, uludan demini aldy.
Onuň döşünde nähilidir bir kinniwanja zatjagaz howsala bilen gorjanýardy. Şonuň gorjanmasyndan ýaňa-da Didaryň goňurja gözleri ýaşdan püre-pür dolýardylar. Dodajyklary hem öz-özlerinden kemşermezlige, gözýaşlara-da syrykmaga ýol bermezlige çalyşýardy.
Emma aglamazlygyň hötdesinden gelmek oňa uzak başartmady. Özem duýman ol ilkä assajadan, soňam ýetişibildiginden goşary bilen gözlerinden akýan ýaşlary süpürişdirip, pessaý aglamjyrap başlady:
-Nirä gitdilerkä-raý?! Aýdaýmaly-da! Näme meni turzup bilmedilermikä? Ertir gelsinler hany, meniňem edişime seret? Hiç haýsyna aýtman mamamlara giderin. Onsoň yzymdan meni gözlärler…Aýtman giden bolýarlar dälmi? Meniň hem edişim bardyr…
Kiçijik ýüregiň kinesi onuň kükrejigine sygmaýardy. Şonuň üçinem Didarjyk agladygyça beter aglaýardy.Birdenem şol aglamjyrap oturşyna ol :
-Wiý jigim, näme bärde beýdip otyrsyň?!-diýip iň uly uýasynyň ýeňsesinden eşidilen sesine tarap öwrüldi. Emma doganyny görüp ol aglap oturandygyna utanmady. Aglaýandygyny ýaşyrjagam bolmady. Gaýta howandar ýüzi görüp hasam aglamjyrady.
-Ejem, nirede? Kakam hany? Näme meni turuzmadyňyz?
Garadaňdanyň süýji ukusynyň bozulýandygyna uýasynyň gahary gelse-de özüne basalyk berip, Didary köşeşdirmäge dyrjaşdy:
-Wiý muny ullakan oglan bolup “ejem-kakam” diýip ezzerlip-müzzerilip dur, uýalmadyň nätdiň, aý oglan?! Ejem-ä saňa jigi getirmäge bäbekhana gitdi…
- Bäbegi näme edeýin? Ejemiň yanyna gitjek.-diýip höre-köşe edilmesine has beter örç alan Didarjyk kejirligine tutdy.
Öňem oýarylandygyna jany ýanyp duran uýasynyň Didaryň hereketine girre gahary geldi:
- Munuň bolan bolaýşyny! – diýip ol Didaryň golundan tutdy-da içki otaga garşy idenekledip goýberdi.- Göle ýaly bolup, utanaňok hem. “Ejem” diýen bolup. Sokul ýeriňe! Ýogsa-da ýenjilýäň häzir…
Muňa Didarjygyň bolmajysy boldy. Ol aýagy bilen däbşenekläp, möňňürip başlady. Birki şarpyk iýeninden soň-a hasam möwç aldy. Soňabaka bolsa gygyrdygysaýy ähli duýgulary, pikirleri öçüp hemme damarlary kiriş deýin dartylyp başlady.
Onuň sesine agalarynyň-uýalarynyň barysy ördüler. Çyra ýakyldy. Ýerli-ýerden ony köşeşdirip ugradylar. Haýbat atdylar. Käýýediler. Südenekletdiler. Öňüne süýji-köke dökdüler. “Oňa äkideris, muňa äkideris, ony äbereris, muny äbereris” diýip, her dürli wadalar berdiler. Emma ol köşeşmedi.
Näçe köp agladygyça-da onuň duýgulary küteldiler. Kellesem hum ýaly çişdi.
Indi oňa ejesi hem, hiç zat hem gerek däldi. Ol indi saklanyp bilmän, ýöne aglap otyrdy. Ahyrynam ol daň saz bereninde agysyna usurgap, ýaşly gözleri bilen uklap galdy…
Ertesi gün oýananynda eýýäm birhili ejesiniň ýoklugyna boýun alyk bolup oýandy. Özem indi näme üçindir onuň göwnüne bolmasa döşünde hiç haçan egsip bolmajak bir zat hemişelik galan ýaly boldy, ýördi.
Bu duýgy hatda ejesi keselhanadan gelenden soň hem aýrylmady. Dogry ol ilki bir ejesini görende ýumşajak ýaly hem etdi. Ýöne ejesiniň elindäki dym-gyzyl, betnyşan gurjaga meňzeş bäbege gözi düşen dessine şol zat ýene-de gatap, onuň çaga kalbynyň iň jümmüşine çökdi.
Soňky bolup geçen zatlar bolsa şol zadyň has hem gatamagyna ýardam etdi. Ol zatlar hem ulularyň oňa bolan garaýşynyň üýtgemegidi. Öň Didarjyk bu öýüň merkezidi. Hemmeler onuň bilen oýnaýardylar, oňa üns berýärdiler, gürrüňlerini gülüp diňleyärdiler. Dogrusy indem her geçen ýumşaklyk bilen onuň söbügini sypaýardy, indem ony ýokaryk bökdürýärdiler, diňleýärdiler, gülüşýärdiler, oňa süýji-köke äberyärdiler. Ýöne ol bu öýüň merkezi däldi. Bu öýüň merkezi indi şol dym-gyzyl, betnyşan gurjakdy…
Ejesem… hatda ejesem ondan daşlaşypdy. Öň olar ýanaşypjyk bileje ýatardylar. Beýdip ýatmak bolsa şeýle rahat hem süýji bolýardy. Indi bolsa ejesi ikisiniň arasynda dym-gyzyl, betnyşan, gijelerine-de arkaýyn ýatmaga goýmaýan, çyrlawuk gurjak ýatýardy. Ilkinji gün ejesi Didarjygyň düşegini bäbegiňkiniň aňyrsynda ýazanda ol göwnüne degilmekden ýaňa kemiş-kemiş edip aglady hem, ejesi käýinenden soň bolsa:
- Seniň ýanyňda ýatjagam däl! – diýip, kakasynyň gapdalyna geçipdi. Ýöne ýene-de ynjalyp bilmän, ýary gijeden aganyndan soň ýorganjygyny süýräp, ejesiniň ýazyp beren ýerine gaýdyp barypdy.
Ol birnäçe gezek ejesi bilen kakasyna ähli öýkesini gürrüň bermäge hem synanyşypdy. Ýöne her gezek onuň bar diýip bilýän zady:
- Şol bäbegi almalam däl eken-dä! Owadanam däl öz-ä! Gözem gazak, burnam myşşyk…-bolýardy. Onuň diline şondan başga söz gelmeýärdi. Ejesi-kakasy bolsa onuň ýöntemje sözleriniň düýbinde ýatan öýkeli duýga düşünmän, hezil edip gülüşýärdiler. Didarjygyň göwnündäki zat bolsa muňa hasam gatap, hasam beter aşak çökýärdi.
Şeýdibem günler geçip durdylar, geçip durdylar. Olaryň geçmegi bilen Didarjyk ýuwaşjadan hiç kime, hatda özüne-de bildirmän bäbeklikden çagalyga garşy ätleýärdi…
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2007-nji ýylyň 8-nji iýunyndaky sany
Hekaýalar