BAÝMUHAMMET GARRYÝEW
Edebi mirasymyzy toplap, olary öwrenip, neşir etdirip halka ýetirmekde iňňän uly hyzmatlary eden Baýmuhammet Garryýewiň işleriniň bibliografik görkezijisine ýazan sözbaşysynda taryh ylymlarynyň doktory A.Ýazberdiýew „Ataly aga öz ogullarynyň ilkinjisine Baýmuhammet diýip at goýupdy. Ilkinji perzent 1914-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Aşgabat şäheriniň ýanyndaky Gökje obasynda dünýä inýär. 1981-nji ýylyň 1-nji aprelinde Aşgabatda aradan çykýar. Hakykatdan-da, onuň geçen ýoly adatdan daşary baýdy, dürlüligi hem üýtgeşikliligi bilen tapawutlanýardy“ diýip ýazypdyr. Şol üýtgeşik baýlyk bütin ömrüne öz halkyna hyzmat etmekden kuwwatlanyp toplanan ruhy hazynady. Ol baýlyk bimöçberdi. Öz halkynyň juda aňyrdan gaýdýan pähim-parasada, watançylyga, ynsanperwerlige ýugrulan ajaýyp mirasyny ülkämiziň giňişliklerinden irginsiz gözläp, sünnäläp-sünnäläp, täzeden halkyň özüne gowşuran beýik alymyň ene-atasam tüýs zerur wagty halka hyzmat eden adamlar bolupdyr. Obada umumy bilim berýän mekdep açyp, öz jaýlaryny şoňa bagyşlap, özleriniň köneje palçykdan salnan jaýlarynda ýaşamagy diňe il-ýurduna berlen hakyky ynsanlar başaryp bilýär. Alymyň ejesi arap-pars dillerini bilýärdi. Bu bolsa B.Çarryýewe geçmiş mirasymyzy öwrenmäge badalga beripdi.
Ösüp gelýän ýaş nesle bilim-berbiýe bermekde-de, olaryň ençemesiniň ylmy-barlag işlerine ýolbaşçylyk edip, alymlyk derejesini almaklarynda-da B.Garryýewiň tagallasy uly. Ýokarda ady agzalan kitapda belli alym A.Ýazberdiýew olaryň sanyny 120-ä ýetirýär.
Özümiňem ylmy ýolbaşçym Baýmuhammet Garryýewdi. 1963-nji ýylda aspirantura okuwa giripdim. Şol ýyllarda B.Garryýew Moskwada A.M.Gorkiý adyndaky Dünýä edebiýaty institutynda işlänsoň, menem Moskwa ýollapdylar. Ýat şäherde daş-töweregimde tanaýan adamlarymyň azlygyndan ýüregim gysyp ýarylyp barýardy. Ýogsam bolmanda, uzynly günümi kitaphanada geçirýärdim. Gijeler welin geçenokdy. Hatda ürç edip, soýüp okaýan kitaplarymam meni güýmäp bilenokdy. Gadyr bilmez aspirantyny Moskwa öwrenişdirjek bolup, dert-azara galýan ýolbaşçymyň ýüzi şeýle agyrdy. Ol gülýän-ä däl, hatda ýylgyrýana-da meňzänokdy. Onsaň Baýmuhammet Atalyýewiç bilen gürleşmek meniň üçin hyllallady, ýaýdanýardym, utanýardym, gürlesem sözlerim agzymdan gaçyp barýan ýalydy. Düýnki ýaly ýadymda, bir gezek ol Aşgabatdady, Magtymgulynyň adyny göterýän Dil we edebiýat institutynyň direktorydy. Birinji apreldi. Degişgen işgärlerimiziň biri ýolbaşçymyň çagyrýandygyny aýtdy. Ýaýdanjyrap girdim kabulhana. Ol işläp oturan eken. Baýmuhammet Atalyýewiç bir başyny galdyrdy-da, soň özümiň dillenerime garaşdymy, nämemi, ýene işläberdi. Men mürähet edilerine garaşman, geçdim birugsat diwana, otyryn. Ahyr ol: “Aýdyber” diýdi. Näme aýdaýyn, çakylyk bilen gelemsoň, maňa aýtmaga zat ýokdy. Menem otyryn, olam işläp otyr. Ahyry ýene başyny galdyrdy:
–– Näme, bir iş bilen geldiňmi?
–– Ýok
Ol geň galdy.
–– Çagyrypsyňyz-a.
–– Men-ä çagyramok.
Ol kimden ýetenini bilip ýylgyrdy.
Bütin jaý ýagtylyp giden ýaly boldy.
–– Wüşiniň oýunlaryna-da ynanyp ýörmüň? – diýdi.
Wüşi kursdaşym, alym Myrat Çaryýewdi. Degişgen häsiýeti üçin ol “Wüşi” adyny alypdy.
Men sessiz-üýnsüz turup gaýtdym.
Utansamam, soňabaka içgin tanamsoň şeýle mähriban, sadadan mylaýym, janköýer ýolbaşçym bilen az-kem öwrenişdim.
Ol wagt Türkmenistanyň ilçihanasynyň myhmanhanasynda bir rus gyzy bilen ýaşaýardym. Juda aladaçyl bu ynsanperwer adam meni dynç günleri birki gezek Moskwanyň etegindäki daçasyna-da alyp gitdi. Alymyň maşgalasy bilen dostlaşdym. Ýöne her minudy hasaply uly alymyň öz aspiranty üçin beýle-beýle alada edip ýörmegi akyla sygjak zat däldi. Şol wagt meniň çal beýnime “Ýolbaşçymyň menden başga işi ýokmy?” diýen pikir gelmese näme?
Bir gün Baýmuhammet Atalyýewiç maşgalasy bilen geldi. Ol salyk ýüzüme birhili, atalyk mähri bilen seretdi-de, “Ynha, Jerenem geldi” diýdi. Jeren onuň maşgalasydy. “Biz seni Kreml köşgüne alyp gitjek. Ildeşlerimiz gelipdir, olar uly konsert berýär” diýdi.
Bu ägirtlikdi. Men kiçi göwünli, uly ýürekli ynsanperwer, sözüň doly manysyndaky hakyky Adama diýmäge söz tapmadym-da, yzlaryna düşüberdim.
Uly alymyň ýene bir gowy häsiýeti bardy. Dissertasiýamdan sanlyja sahypa ýazyp bersemem, ýüzüni çytman okap, petir bezän ýaly edip berýärdi. Özüm welin, erbet utanýardym. Özi işeňňir bolansoň gaty talapgärdi. Umumy sözleri azaldyp, pikirlerimi çuňlaşdyryp gitmegimi talap edýärdi. Ol maňa kyn düşýärdi.
Elbetde, men bu uly alymdan, ägirt adamdan köp zatlary, şol sanda köp okamagy, basa oturyp işlemäni-de öwrendim, tälim aldym. Ýekeje zady öwrenip bilmedim. Bisabyrdym, bu häsiýet meniň tebigatymda bardy. Elbetde, erjelligim ýok däldi. Dissertasiýamy edil bir aýyň dowamynda ýazyp gutaraýasym gelýärdi. Ol welin meniň köpräk okamagymy talap edýärdi. Onuň özüniň edýän işleri, hatda okan okuw jaýlaram bir adamyň edip biljek işlerinden has köpdi.
Baýmuhammet Atalyýewiç 1936-njy ýylda Aşgabat döwlet Pedagogik institutynyň dil we edebiýat fakultetine okuwa girýär. Şol döwürde özbaşdak ylmy-barlag işini geçirmeklige yhlas edip, uly alym A.P.Poseluýewskiniň ünsüni çekip, onuň hormatlaýan okuwçylarynyň birine öwrülýär. Ol şol döwürde Pedinstitutyň filologiýa fakultetiniň daşyndan onuň taryh fakultetini hem ekstern ýol bilen tapawutlanan diplom alyp gutarýar. 1945-nji ýylda Aşgabadyň Lukmançylyk institutyny tamamlaýar. Bu ýaşlyk hyjuwy, bilesigelijiligi, erjelligi, çaksyz zähmetsöýerligi bilen öz halkyna dürli-dürli ugurlardan hyzmat eden egsilmez ruhy hem fiziki güýjüň nyşanydy.
1942-nji ýylda Moskwada M.W. Lomanosow adyndaky Döwlet uniwersitetinde Gündogar we dünýä edebiýatyny öwrenijileriň görnükli wekilleriniň ak pata bermeginde, Türkmenistandan ilkinjileriň biri bolup, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alan Baýmuhammet Garryýew geçen asyryň birinji ýarymynda kökleri juda uzak asyrlardan gaýdýan türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny arman-irmän toplap, öwrenip halka hödürlän ilkinji hazyna toplaýjylaryň biridi. Aňzakly gyşda, howurly tomusda obama-oba aýlanyp il baýlygyny toplamak ýeňil-ýelpaý iş däldi. Janköýerleriň maksadyna düşünmän, ezizlerinden: ata-babalaryndan galan bu ajaýyp mirasy gözleriniň görejine deňäp, geljek nesillerine aýap, haly çuwallarda saklap, bermejek bolýanlar-da bardy. Emma Baýmuhammet Garryýew toplan ruhy baýlygynyň gymmatyna juda çuňlugy bilen düşünýän, bahasyna ýetip bolmajak hazynanyň näderejede il-halkyna zerurdygyna akyl ýetirýän, ony öwrenip-öwrenip, kämilleşdirip, günübirin halkyň özüne ýetirmäge howlugýan adam bolansoň, ençeme obalarda maksadyny irmän-arman düşündirmeli bolýardy. Ol ýol tapyp, ýalbaryp almagam özüne kiçilik bilenokdy.
Milli golýazmalar institutynyň miras hazynasynda onuň galamynyň yzynyň galmadyk golýazmany tapaýmagyň kyndygyny nusgawy şahyrlary we halky eserleri öwrenýän alymlar nygtaýarlar. Şol döwürde, aýratyn hem bu ugurdan ýeterlik hünärmenleriň az wagty alymyň bu eden hyzmaty möhüm hem juda uly gymmaty bolan işlerdi. Halk ylma-bilime teşnedi. Arap elipbiýini bilýänlerem juda azdy. Ol gymmatlyklaryň, meselem, dessanlaryň, ertekileriň, atalar sözüdir nakyllaryň, hekaýatlaryň gözbaşynda, özeninde türkmen halkynyň, pähim-paýhasa ýugrulan dana öwüt-nesihatlary, gurşundan guýlan ýaly akyl-parasady, gylyk-häsiýetleri, däp-dessurlary, gymmatly ýörelgeleri ýatyrdy. Ol türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň ençemesiniň döredijiligini-de öwrenip, eserleriniň tekstini taýýarlap, sözbaşylar ýazyp neşir etdirip, halka ýaýradan alymdy. Beýik klassyk şahyrymyz Magtymgulyny Baýmuhammet Atalyýewiçden öň şeýle ürç edip işlän başga bir alymy tapaýmak kyndy. Baryp-ha geçen asyryň birinji ýarymynda Magtymgulynyň eserleriniň tankydy tekstini taýýarlamak her bir alyma başardyp duran iş däldi. Çeşmeleriň bir akaba birleşip, derýalara, deňizlere guýşy ýaly, edebi çeşmeleri birleşdirip, tom-tom kitap ýazmak üçin, juda uly güýç-kuwwat, zehin gerekdi. Uly göwrümli bu ähmiýetli işi belli alym, gündogarşynas Ý.E.Bertels dünýä edebiýatyna bahasyna ýetip bolmajak goşant hökmünde häsiýetlendiripdi. Alym “Magtymguly – XVIII asyr türkmen edebiýatynyň korifeýi” atly monografiýasyny tamamlandan soň, “Magtymguly we onuň çeper dili” atly iki tomdan ybarat düýpli işini jemläpdi. Juda uly göwrümli iş esasynda-da Moskwada SSSR YA-nyň Gündogary öwreniş institutynda doktorlyk dissertasiýasyny gorap, filologiýa ylymlarynyň doktory alymlyk derejesini alypdy. Beýik şahyryň çeper dilini öwrenmekde möhüm ähmiýeti bolan bu işe Ý.E.Bertels, A.P.Poseluýewskiý, akademik B.A.Gordlewskiý we beýleki görnükli alymlar ýokary baha beripdirler. N.K.Dimitriýew bolsa bu işi “Magtymguly hakyndaky doly ensiklopediýa” diýip atlandyrypdy.
Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasyndan we halkyň arasyndaky ýüzläp eserleri toplap, türkmen folkloryny ilik-düwme öwrenen zehinli edebiýatçy Magtymgulynyň goşgularynyň folklor köklerini-de seljerip, bu ugurdan türkmen edebiýatyny we folkloryny öwrenijiler üçin möhüm we uly ähmiýetli ylmy-barlag işini ýazypdy. Ol SSSR halklarynyň eposlar tapgyrlaryndaky ilkinji neşirleriň biridir. Rus we Gündogar dillerini bilýän alym türkmen edebiýatynyň, folklorynyň ajaýyp nusgalaryny terjime edip, dünýä hazynasyna uly goşant goşan ägirtleriň biridir. 1975-nji ýylda Magtymgulynyň Parižde fransuz dilinde ÝUNESKO-nyň neşirinde çap edilen ýygyndysynyň düzüjisi-de B.A. Garryýewdir, sözbaşysy-da, onuňkydyr. Şol sanda ol “Görogly” şadessanynyň ylmy tekstini taýýarlap, rus diline terjime eden alymdy.
Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew filologiýa ylymlarynyň doktory, TYA-nyň akademigi, professor, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, ençeme orden-medallaryň eýesidi.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly