BAÝRAM WELBAÝRAMOW
Baýram Welbaýramow TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň halk döredijiligi bölüminde işleýärkä, ýurdumyzyň ençeme welaýatlarynda, etraplarynda bolup türkmen folkloryna degişli ençeme maglumatlary, dürli görnüşlere degişli edebi-çeper eserleri toplapdyr. Olar Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda 1122, 1124, 1231, 1149, 1125, 1148, 1150, 1229, 1300-nji bukjalarynda saklanylýar.
B.Welbaýramow Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň ýaşaýjysy Muhat Gandymowyň dilinden „Hüýrlukga-Hemra“ dessanynyň 55 sahypadan ybarat nusgasyny ýazyp alypdyr. Ol 1122-nji bukjada saklanylýar. Umumy depderiň başky sahypasynda mirasgär aýdyjynyň terjimehaly, maşgalasy barada maglumat beripdir. Muhat gyjakçy 1888-njy ýylyň 3-nji maýynda doglupdyr. Ol 1938-nji ýyldan başlap, tä dynç alşa çykýança, bagşyçylyk edipdir. Daşoguzda bäsleşige gatnaşyp dutar sylag alypdyr. Ol Daşoguzda ansamblda Magtymguly Garlyýew, Sapar Bekiýew bilen bilelikde işläpdir. Muhat Gandymowyň Ilaman Annaýew, Akjagül Myradowa, Allajyk bagşy, Oraz gyjakçy ýaly şägirtleri ýetişdirendigini mirasgär nygtapdyr. B.Welbaýramow dessany 1968-nji ýylda ýazyp alypdyr. Tekstiň dili sadadan düşnükli, akgynly okalýar. Gyjakçy mirasgäre dessany häzirki zaman gepleşik dilinde gürrüň beripdir. Meselem, tekstde Bilbilgöýe patyşa garap: „Eger ony goýberse, Hemrany tapmaga kömek etjekdigini aýdýar“ .
Tekstde, elbetde, goşgularda büdür-südürlik, bogun ýetmezliligi duýulýar. Şonda-da tekstiň mazmun yzygiderligini saklap, onuň wakalarynyň içine girip gahrymanlaryň ýigrenmelisini ýigrendirip, söýmelisini söýdürip, diňleýjini agzyňa bakdyrmak aňsat däl.
1124-nji bukjada bolsa mirasgäriň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasyndan Kömekowa Nurjahanyň, Annaberdiýewa Amangözeliň, Nuryýewa Ogultäjiň, Bäşiýewa Aýjemalyň, Täşli Güjükowanyň, Şyhberdiýewa Ogulnyýazyň dillerinden 1968-nji ýylyň aprel aýynda ýazyp alan 118 sahypalyk hüwdüleri saklanylýar. Bu hüwdüler beýleki mirasgärleriň toplan mirasynyň içinde-de duş gelýän şol bir hüwdüler. Olardan ýekeje mysal:
Meniň jigim ýagşydyr,
Al palasyň nagşydyr,
Bir agasy tüýdükçi,
Bir agasy bagşydyr.
ýaly hüwdüleri mirasgär Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 8, 9, 10-njy synp okuwçylarynyň dillerinden hem ýazyp alypdyr. Olar 1231-nji bukjada ýerleşdirilipdir. Mährem eneleriň, janköýer uýalaryň dillerinden aýdylýan ol hüwdüler aýdyp hüwdüleýänleriň kalbynyň owazy eşidilip duran ol eserler dilden-dile geçip, kämilleşip, ýüzläp, müňläp körpeleriň gulagyny gandyryp, türkmen topragynyň ähli ýerine aýlanyp ýör. Olar durmuşy, duýga, meňzetmelere baý. Hüwdülenýän çaga, döwletli ojagyň saýasy, ýürekleriň kuwwaty, başlaryň täji, ekme naryň dänesi, Bagdadyň hurmasy, bazaryň almasy, dünýäň bezegi:
Meniň jigim sazanda,
Gyrmyzy gaýnar gazanda,
At çaparlar obada,
Toý tutarlar ýaýlada.
Atlansa hana meňzär,
Düşse daýhana meňzär,
Bili hanjar pyçakly,
Nurberdi hana meňzär.
Gyzjagazlara aýdylýan hüwdüler:
Tahýa geýseň keteniden tikeýin,
Depesine kümüş gupba dakaýyn.
Aşakdaky bent Jahan Kömekowanyň dilinden ýazylyp alnypdyr:
Meniň jigim otursyn,
Eline ýüzük ötürsin,
Akja keçäň üstünde,
Gaýma gaýap otursyn.
Ahalyň ak unundan,
Epme gelsin şu gyza.
Maňgyşlagyň maň goýnundan,
Söwüş gelsin şu gyza.
Ýaňgalaly Annaberdiýewanyň dilinden alnan hüwdülerde-de çagajyga edilýän alkyş-dilegler, arzuwlar milli. Gelin-gyzlaryň döredýän dürdäne setirlerini guwanman okamak mümkin däl.
Atyny bökdürip, gyrmyzy donyny galgadyp gelýän körpäni uýasy şeýle taryplaýar:
Meniň jigim bal başdan,
Atlary uçar guşdan,
Eýeri zer-gyzyldan,
Gupbasy göwher daşdan.
Atyňa mahmal ýapaýyn,
Adyňa Görogly dakaýyn.
Deşt obasynda ýaşaýan Bäşiýewa Aýjemalyň dilinden aşakdaky setirleri ýazyp alypdyr:
Topar-topar toplanyp,
Awçy gelsin toýuňa,
Alys ýerden atlanyp,
Myhman gelsin öýüňe.
Bu musallar diňe saýlanyp alyndy. Olar köp. Bu hüwdüleriň hemmesi 1231-nji bukjada saklanylýar.
B.Welbaýramow halkyň döreden mirasyny köp adamlaryň dilinden ýazyp alypdyr. Seredilip oturylsa, halkyň milli baýlygyny ýygnamakda bu ýowara gatnaşmadyk az.
Bir mysal,hazynatoplaýjy Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 8, 9, 10-njy synplaryň okuwçylaryndan öň eşidilen hem eşidilmedik öleňleriň, läleleriň ençemesini toplapdyr. 1971-nji ýylda toplanan ol miras 48 sahypadan ybarat. Meselem, aşakdaky setirleri mirasgäre 8-nji synpyň okuwçysy Halmyradow Halyk aýdyp beripdir.
Agaçdan saýa bolar,
Golaýda gaýa bolar,
Bolgusyza duş bolsaň,
Gül ömrüň zaýa bolar.
Aşakdaky öleňleri B.Welbaýramow Gülzada Kadyrowanyň dilinden ýazyp alypdyr:
Bagda bedew kişňese,
At bolarmy, haý öleň;
Öz iline düşen gyz,
Ýat bolarmy, haý öleň;
At baglamaň arpanyň,
Samanyna ýar-ýar;
Gyz bermäňler ýigidiň,
Ýamanyna ýar, ýar;
Çeşmede başga-da Dänew etrabyndan ýazylyp alnan Ödeý depäniň we Akdepäniň döreýşi bilen baglanyşykly rowaýatlar bar.
1179-njy çeşmede Gökdepe etrabynyň öňki Maksim Gorkiý adyndaky kolhozynda ýaşaýan 1940-njy ýylda doglan Işan Berdiýewiň öz döreden goşgulary saklanylýar. Olary B.Welbaýramow 1969-njy ýylyň aprel, maý aýlarynda ýazyp alypdyr. Mirasgär Işan Berdiýewiň goşgularynyň şol obada ýörgünlidigini nygtapdyr hem onuň terjimehaly hakynda maglumat beripdir. Goşgularyň mazmuny öz döredilen döwrüne kybapdaş, döwür wasp edilýär, adamlaryň arasyndaky nogsanlyklar paş edilýär.
1125-nji bukjadaky „Helebaý hekaýaty bähbit bolsa“ atly kyssa eserini mirasgäre Çary Weliýew aýdyp beripdir. Hekaýat G.Nazarowyň Muhy bagşynyň dilinden ýazyp alan „Bähbit aga“ hekaýaty bilen mazmun taýdan meňzeş. Diňe ady üýtgeşik. Bu kyssa eserinde-de ýokarky hekaýatda-da türkmen halkynyň iň ajaýyp häsiýeti sabyrly bolmak, başa düşen her hili päsgelçilikleri sabyr edip, giň göwrümlilik bilen ýeňip geçmek ündelýär. Juda sabyrlylygy üçin, işi şow alyp ýören Helebaýyň argyşa bile giden, ýoldaşlary üstünden gülüp bugurçysyny özüne duýdurman, kerwenden boşadyp goýberýärler. Olar şol wakadan soň başlaryna düşen heläkçiligiň pidasy bolýarlar. Hekaýatda „Galpyň gazany gaýnamaz“ ýaly ideýa-da ündelýär.
Hemişe başyna iş düşende „Bähbit bol-a“ diýip gaýtalap ýörensoň ady „Bähbit“ bolup giden „Bähbit agada-da“ edil şol ideýa öňe sürülýär. Ýygyndylara girizilen bu hekaýatyň üsti bilen ýüzläp, müňläp adamlar terbiýelenýär. Olaryň halkyň aňyna ornamagynda aýdyjylaryň-da hyzmaty uly. Olar bu eserleri özleri ýazan ýaly çeper forma salyp, kebşirläp, mazmunyny gunt düşen ýaly edip, halka hödürleýär.
Bu çeşmede başga-da B.Welbaýramowyň, Çary Weliýewden (Gökdepe etrabynyň öňki Telman adyndaky kolhozyndan) ýazyp alan rowaýatlary saklanylýar. Olaryň birinde Çary Weliýew dutaryň döreýşi bilen baglanyşykly gyzykly rowaýat aýdyp beripdir. „Gökdepäniň Isbirden obasy bilen Garry käriz obasynyň ortasyndan göni ilerde, dag içinde bir aýlaw dere, bolup şol derede çeşmäniň boýunda giden tutluk bolup, şol tutlardan bir çopan ýigidiň dutar ýasaýşyny, ony çalşyny, çopanyň bakýan Düldül ýaly atlarynyň, oňly otlaman, saz diňleýşini gürrüň beripdir. Rowaýata görä, dutary çopandan öň hiç kim döretmänmiş. Bu rowaýat çynam bolsa, ýalanam bolsa, onuň üsti bilen türkmen halkynyň dutara, saz sungatyna goýýan bimöçber hormaty, söýgüsi beýan edilýär. Çeşmede „Lukmana geňeşmeýän tebip“, „Keýmir kör“, „Helebaý hekaýaty bähbit bola“, „Kürrük-kürrük guş“, „Iki at ýok“, „Baýguş“, „Nuh patyşa we garlawaç“, „Çagrawasy gyşyk bolsa-da, tüssesi dogry çykýandyr“, „Iý donum, iý“, „Garpyzyň döreýşi“ ýaly kyssa eserleri saklanylýar. Rowaýatlaryň agramy belli-belli şahsyýetleriň durmuşy bilen bagly. Olar 98 sahypadan ybarat.
Çeşmede Bäherden (Baharly) etrabynyň Deşt obasyndan Bäşiýewanyň, Annaýewiň gürrüň beren ençeme rowaýatlary hem olaryň terjimehallaryna degişli ençeme maglumatlar-da bar. Bäşiýewa Aýjemal 1919-njy ýylda, Annaýew Bäşi bolsa 1912-nji ýylda ikisem Baharlyetrabynyň Deşt obasynda dünýä inipdir. Bäşi Annaýew 34 ýyllap ýaşan obasynda mugallymçylyk edipdir. B.Welbaýramow onuň awçylygy hem türkmen sährasyndan dürli-dürli dermanlyk otlary toplaýandygyny otlaryň bolsa, haýsy derde dermandygyny bilýändigini nygtapdyr we onuň haýsy otuň, nähili derdi bejerýändigi barada giň maglumat beripdir. Bäşi Annaýew mirasgäre Lukman Hekim bilen baglanyşykly bir gyzykly rowaýaty aýdyp beripdir. Ol-da ýokarky çeşmede ýerleşýär. Ähli derdiň dermanyny bilýän Lukman ogly näsaglanda onuň derdine derman tapmandyr. Şu rowaýat beýleki çeşmelerde-de gabat gelýär. Lukmanyň oglunyň içini damar alyp, şol damaryň biri has ulalyp, oglunyň haýyny alypdyr. Lukman Hekim näçe derman agtarsa-da, şol damaryň dermanyny tapmansoň, ogly ýogalypdyr. Lukman gaharyna, oglunyň garnyndaky damary kesip alyp gamçy edinip aýlanyp ýörüpdir. Lukman dagda ýaşaýarka, bir çeşmäniň başyna baryp, atdan düşüp, gamçyny (damary) çeşmäniň ýakasynda gögerip oturan gürmek narpyzyň üstüne oklapdyr-da namaz okamaga başlapdyr. Ol namaz okap, atyna atlanjak bolup ýaňky gamçyny aljak bolsa, narpyzyň üstünde ýatan gamçy eräp gutaryňkyrlapdyr. Damaryň – ýagny gamçynyň süllerip, myssaryp eräp gutaryp barýanyny görüp Lukman başyny ýaýkapdyr...
Mirasgär Bäşi Annaýewiň öýünde Magtymgulynyň goşgularynyň 1926-nji ýyldaky doly nusgasynyň, „Zeýnelarap“ „Ýusup-Ahmet“ dessanynyň 19-dan 218-sahypa çenli nusgasynyň saklanýandygyny, olary hiç kime bermeýändiklerini nygtapdyr. Aýjemal Bäşiýewanyň „Ýusup-Ahmet“ dessanyny halkyň arasynda aýdýandygyna ünsi çekipdir.
1148-nji bukjadaky edebi-çeper eserler 97 sahypadan ybarat. Ony B.Welbaýramow Gökdepe etrabynyň obalaryna aýlanyp toplapdyr. Keýmiriň ildeşlerini göni gelen duşmandan halas edişi bilen baglanyşykly „Keýmiriň tüssesi“, ýyldyzlara degişli „Kerwengyran“, „Ekiz owlakly ak geçi“, „Ülkeriň gyzy we Ýedigen“, „Ömrüzaýa ýyldyzy“ atly rowaýatlary“, „Hemme ýer hezil“, „Goltugynda bolsa nädeýin“, „Heziliň kerpiç guýuşy“, „Harmany otlaýma“ atly ýumorlary, ýaremezanlary mirasgär Ogulbahar Welbaýramowanyň dilinden ýazyp alypdyr. „Gorky“ atly ertekini-de, birnäçe bent hüwdüleri-de mirasgäre B.Welbaýramowa aýdyp beripdir.
Bukjadaky beýleki goşgulary hazyna toplaýjy Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik obasynyň 5-nji orta mekdebiniň okuwçysy Geldiýewa Ogulgerekden (ol bolsa enesi Welbaýramowadan eşidipdir) 1969-njy ýylyň aprel aýynda ýazyp alypdyr.
Ýokardaky rowaýatdyr, ýumorlaryň-da senesi 1969-njy ýylyň aprel aýy. Soň mirasgär Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynyň mekdep okuwçylarynyň dilinden (Geldiýewa Gurbansoltan, Meredowa Ajapsoltan, Paşyýew Ata, Ballyýewa Nurjahan, Annagulyýewa Ogulnur, O.Hajyýewa we ş.m.) ýazyp alypdyr. Hüwdüler juda mazmuna baý, olara çaganyň enesiniň, ejesiniň, uýasynyň mähri, söýgüsi siňip, olarda çaganyň geljegi, bagtly bolmagy, ilhalar gerçek ýigit bolup ýetişmegi arzuw edilýär. Ol setirlerde zähmetsöýer, eli hünärli, çeper gyzjagazyň milli geýimli, milli häsiýetli çagajyklaryň keşpleri çekilýär:
Gyzjagaz hakda!
Meniň jigim ýaşynda,
Gültahýasy başynda.
Agalary daşynda,
Altyn gupba başynda.
Meniň jigim otursyn,
Eline oýmak ötürsin,
Gölli halyň üstünde,
Tahýa dikip otursyn.
Oglanjyk hüwdülenende:
Meniň jigim has ýigit,
Eker bagynda çigit,
Atlanyp awa gitse,
Ýanynda segsen ýigit,
Segsen ýigidiň serdary,
Öz öýmüziň mydary.
Ýa-da:
Uzalsyn boýuň bolsun,
Altyndan öýüň bolsun,
Tilkiniň giň düzünde,
Has uly toýuň bolsun.
Bukjadaky haýsy rowaýatmy, ertekimi ýa şygyrlarmy, tapawudy ýok, okasaň, olaryň türkmen topragynda, türkmen durmuşyndan alnan wakalar, türkmen adamlary, häsiýetleri bilen baglanyşykly wakalardan alnandygyna göz ýetirmek bolýar. Ýygyndyda ýerleşdirilen hüwdüleriň, sanawaçlaryň beýleki mirasgärleriň toplan ýygyndylarynda gabat gelşi ýaly, ertekilerde-de, rowaýatlarda-da, olaryň ol etrapdan beýleki etraba göçüp-gonup ýörenine göz ýetirmek bolýar. Elbetde, türkmen folkloryna degişli ýygyndy taýýarlanylanda, bu ýagdaý olaryň iň kämillerini saýlap almaga mümkinçilik döredýär. Mirasgär bir eseri dessan atlandyryp, ol hakda şeýle ýazypdyr. „Ogulbahar Welbaýramowanyň aýtmagyna görä, Gökdepäniň Bagaja obasynda giň ýaýran „Işanym“ diýen anonim-halk dessany bolmaly.“ Bu ýerde aýdyjy bu kyssa eseriniň mazmunyny gürrüň beripdir. Edil Ogulbahar Baýramowanyň getirýän maglumatlary beýleki mirasgärleriň G.Nazarowyň Muhy bagşydan ýazyp alan maglumatlary we ol sýužet Allaberen Kadyrowyň toplan mirasynyň arasynda-da duş gelýär. Olarda-da argyşa gidip, ýolda suwsuz heläk bolan biriniň ýalňyz ogly Işan hakynda gürrüň gidýär. Bularyň hemmesinde mazary çöl ýerde galan Işanyň dostuna (Atabaýa) edýän sargytlary-da meňzeş. Beýlekilerde-de, Atabaýyň ady tutulýar. Bu ýagdaý kyssanyň aňyrsynda bir anyk wakanyň ýatandygyna güwä geçýär. Hatda beýlekilerde.
„Işanym, Işanym, janym Işanym,
Mazaryň çöl ýerde galar Işanym“
ýaly setirleri öz içine alýan goşgy-da bar. Ýöne ol beýleki mirasgäriň toplan ýygyndysynda dessan atlandyrylanok. Onuň mazmuny gysga. B.Welbaýramowa gürrüň beren zenan onuň yzynyň bardygyny, goşgularynyň-da bardygyny aýdypdyr. Olary gürrüň bermegi soňa goýupdyr.
B.Welbaýramowyň toplan ýygyndysynda-da beýleki mirasgärleriň toplan hazynasynda-da hatda käbir neşirlerde-de gabat gelýän,garlawajyň ynsanperwerligini açyp görkezýän rowaýat bar. Juda täsirliligi hem gysgajyklygy üçin ony aldyk.
... Öň wagtda bir gezek dünýe gurlanda şeýle waka bolanmyş. Ýylan çybyn bilen maslahatlaşyp, haýsy jandaryň etiniň süýjüligini aýtmagyny ony çybynyň barlap görmegini soranmyş. Eger süýji eti bilse, ýylan diňe şony iýip oňmagy göwnüne makul bilen. Çybyn ýylan dostunyň tabşyrygy bilen hemme jandary çakyp, etinden dadyp görüpdir. Ol çybyn adamyň etiniň has süýjüligini bilip, ýylana aýtmaga howlugyp barýan eken. Ýolda oňa garlawaç duşýar-da, onuň nämä gyssanyp barýanyny soraýar. Çybyn oňa adam etiniň süýjüligini ýylana aýtmaga barýanyny gürrüň berýär. Garlawaç oňa: „Hany onda diliňi göreýin“ diýýär. Çybyn agzyny açanyndan garlawaç onuň dilini sogrup alýar. Çybyn jiňňilläp ýylanyň ýanyna barýar. Emma çybyn oňa sözüni düşündirip bilmeýär. Ýylan onuň emmasyny beýleräkde gonup oturan garlawaçdan soraýar-da, garlawajyň gerşinden agyz salmakçy-ýuwutmakçy bolýar. Emma garlawaç tizlik bilen uçup gidýär. Ýöne ýylan onuň guýrugynyň arasyndaky ýeleklerini agyz urup alyp galanmyş. Şondan bäri garlawajyň guýrugy gaýçy ýaly bolup galan. Ine, şeýdip, garlawaç şondan bäri adamlary hossar bilip, olaryň öýünden höwürtge ýasanyp, adamlar bilen bile ýaşaýar. Adamlar hem olary öz ýakynlary hasaplaýarlar. Bu täsin rowaýaty B.Welbaýramow 1969-njy ýylda ýazyp alypdyr.
„Keýmir körüň tüssesi“ atly rowaýatda, ilatyň üstüne ýygyn gelende Keýmir körüň ugurtapyjylygy, akyl-paýhasy, ilatyň agzybirligi, Keýmir körüň hilesine düşünmedik duşmanyň aljyrap ökje göterişi beýan edilýär.
„Gorkuda“ halky diňe gysymynda gorkuzyp saklaýan bir zulumkär patyşa paş edilýär.
1150-nji çeşmedäki maglumatlar Meretguly Garryýewiň, mekdep mugallymy Orazmuhammet Ýazlyýewiň ýardam etmegi bilen Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasyndan 1969-njy ýylyň aprel, maý aýlarynda toplanypdyr. Ýygyndy 60 sahypadan ybarat. Ýygyndyda sanawaçlar, ýaremezanlar, matallar, kän salamlar, läleler, monjugatdylar, hüwdüler, ýaňyltmaçlar we „Otagaly“, „Kim berk“, Toprak we gyzyl“ atly ertekiler Keýmir köre degişli iki sany, „Jennet“, „Narpyz we LukmanHekim“ hem „Ikatýok“ atly rowaýatlar saklanylýar. Bularyň hemmesi dürli-dürli adamlaryň hem mekdep okuwçylarynyň dillerinden ýazylyp alnypdyr. Olaryň köpüsi sada, durmuşy. Olaryň beýleki hazyna toplaýjylaryň toplan mirasynyňarsynda-da gabat gelýänleri gelmeýänleri-de bar. Meselem, „Narpyz we Lukman Hekim“, „Ikiatýok“, Keýmir kör bilen baglanyşykly rowaýatlar 1125-nji çeşmede-de bar. Olary-da B.Welbaýramow Gökdepe etrabynyň obalaryndan toplapdyr. Aşakdaky sanawaç beýleki çeşmelerde gabat gelenok. Hatda hüwdüleriň arasynda-da deljeleri gabat gelýär.
– Nireden gelýäň?
– Künjüli galadan gelýän.
– Ne ýüzüň hor?
– Çybyn beladan gelýän.
– Öýüňize myhman gelipdir.
– Öýli bolsaň geler-dä.
– Ataň goýun soýupdyr.
– Myhman gelse, soýar-da!
– Saňa döşüni goýupdyr.
– Ogly bolsa goýar-da.
– Onam pişik iýipdir.
– Ahmal etseň iýer-dä!
Çeşmede topragyň gymmaty, mukaddesligi hakynda täsirli erteki hem bar.
Ertekide gadym eýýamda bir çopan goýun bakyp ýörkä, gymmatbaha, juda owadan bir daş tapyp, ony özüne dözmän, ýurduň patyşasyna eltip beripdir. Patyşa çopana şol daşa derek agramma-agram gyzyl bermegi ýüregine düwüp, daşy tereziniň bir gapdalynda, gyzylam bir gapdalynda goýup çekip görüpdir. Tereziniň göteren gyzyly her gezek daşdan ýeňil gelipdir. Bu ýagdaý şanyň hazynasyny boşadypdyr. Şonda-da daş agyr gelipdir. Ahyr patyşa bu ýagdaýyň sebäbini işden aýran garry wezirinden sorapdyr. Akylly wezir daşy tereziniň bir tarapynda, beýleki tarapynda-da, azajyk gyzyl bilen bir gysym toprak goýupdyr. Deňmedeň bolupdyr. Patyşa geň galyp sebäbini sorasa: „Seň daşyňdanam, gyzylyňdanam toprak agyr – gymmatly“ diýipdir. Topragy aýawly saklamagy, oňa hyzmat etmegi şu mysaldan başga nädip düşündirjek? Halk nesilleri şu ýol bilen, şu pähimleri bilen terbiýeläpdir. Ol eserleriň gymmatam şol pähimlere baýlygy üçin. Bu hazyna toplaýjynyň, olary asyrdan-asyra hakydasynda saklap gelýän aýdyjylaryň hyzmaty.
1229-njy çeşmede B.Welbaýramowyň Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň öňki „Moskwa“ kolhozyndan bagşy Allak Hudaýnazarowdan 1971-nji ýylyň dekabrynda ýazyp alan „Görogly“ eposynyň „Öwez getiren“ we „Kyrk müňler“ şahalary saklanylýar. Başda mirasgär bagşylar neslinden bolan Allak bagşynyň terjimehaly barada gysgajyk maglumat beripdir. Allak bagşynyň atasy Öwezgylyç bagşy ol hem kakasyndan „Görogly“ şadessanyna degişli ençeme aýdymlary, onuň şahalaryny öwrenipdir. Ýygyndydaky „Öwez getiren“ şahasy 84 sahypadan ybarat. Ol juda sada dilde beýan edilip, wakalary yzygiderli. Goşgy az, käýerde bir bent iki bent, üç bent. Olary aýdyjy ýadyndan çykaranyny boýnuna alýar.
Dessan şeýle başlanýar. „Görogly“ dagy meýhanada üýşüp oturanlar. “Ähli işleri adamlar juwaz sokusy ýaly bolşup edip ýörler“ diýip başlanyp, şu tempde-de dowam edýär. Eserde bu şahanyň beýlekilere kybapdaş mazmuny saklanylýar. „Öwez getirende“ Göroglynyň bir myhmanyň sözi bilen ogul edinmäge Öweziň yzyndan giden pursadyna çenli wakalar dartgynly dowam edýär. Göroglynyň keşbi boýdan-başa şeýle janly, täsirli açylýar. Ol gaýratly, mert, garadangaýtmaz, süýji söz bilen adamlaryň göwnüni awlamagam, sylaman hetdenaşyberse içikdiräýmegem, ýeri gelende hilegärligem oňarýar. Halk şeýle gahrymanlaryň keşbini döredip nesilleri olaryň yzyna düşürip terbiýeleýär. Görogly nirede bolsa, näme etse, özüne gaýtawul berilse, birgiden adamyň hötdesinden gelip bilýär. Boýdanbaşa onuň häsiýetinde, tebigatynda garadangaýtmazlyk, soňuny sanmazlyk ýaly häsiýetleri bolansoň, onuň hereketleri ynandyrman hem duranok. Ol bir gezek duşman bilen garşylaşanda Öweze içini dökýär.
Garrydy, garrydy göwün garrydy,
Goja dagda gar galmaýyn eridi,
Säher wagty boldy kerwen ýöridi,
Jan Öwezim dolanaly daglara!
Görogly aýdar, haraýlarym çatyldy,
Ner kelleler şalham kimin atyldy,
Gyrgy gulak dal bedewler tutuldy,
Öwez oglum, dolanaly daglara!
Emma öňem Göroglydan ýangynly Öwez ony ýeri gelende duzlaýar: “Aga, seniň Görogly bolanyň haýsy, kyrk-elli atlydan öwrülip geçmäň haýsy” diýen. Görogly hem Öweze: „Şum günde uçran ýetimek ekeniň“ diýip, ýaňky kerweniň üstüne sürünmeli boldy“. Buldur gassabyň aýalyna süri-süri mal wada berip, ynandyran (hamana ony Buldur gassap goýup gidenmiş) Görogly çopanyň eşigini geýip, Öwezem ynandyrýar. „Öwez getirende“ „çopanyň“ Öweziň ýanyna barşy şeýle suratlandyrylýar. Ýigidiň çakylygy bilen „Görogly“ bularyň (ýasawullaryň Ş.G.) yzyna loňkuldap düşüberen. Olar salam berip Öweziň ýanyna işikden girýärler. Şonda Görogly biline taýagyny gysdyryp gidiberen welin, işigi hem taýagyna ildirip alyp giren. Onda Öwez han dagy: „Aý bu bir işiksiz, tüýnüksiz çölde gezen çopan, mundan aýyp syn etmeli däl diýip, ony kabul edýär. Görogly içerdäkiler bilen birlaý elleşýär, görüşýär. Şonda Kürt Mustapa bilen elleşende, Mustapa Kürtüň ini tikenekläp gidýär.“
„Kyrk müňleriň“ beýan edilşinde-de „Görogly“ eposynyň „Öwez getiren“ şahasyna mahsus sadalyk bar. Onda ne bir düşnüksiz söz bar, ne-de aýlawly pikir. Olam şeýle başlanýar. Görogly meýhanada kyrk ýigidi bilen keýp çekip ýatyberdi. Däli Mätel, Seýtek Gyrmany bolsa serçemene sakçy goýdy. Olara ýygyn gelse habar bermegi pugta tabşyrdy. Şol pursat Aman arap Arap Reýhandan habar bolmansoň, ... öz ýanyndan „Be, janlarym, akyly gysgarak, beýnisi ýukarak bir inimiz Arap Reýhan bardy“ diýip, ondan habar tutmak üçin Leke patyşanyň ýanyna barýar. Doganynyň maslygy gelýär. Leke patyşa Aman arapdan gorkusyna ar almak üçin Hüňkar soltana hat ýollap,kömek sorap,olam öz ýurdunyň hanlaryna hat ýollap goşun jemleýär. Görogly dagam serhoş ýatan Eýrandan, Bagdatdan, Basardan ýygyn gelýär. Uly ýygyn bilen Göroglynyň mekanyna dökülýär. Kyrk müňlere sähelçe goşun bilen hötde gelen Göroglynyň ähli sypatlary şu wakalaryň içinde açylýar. Aýdyjy Göroglynyň söweş meýdanynda özüni alyp barşyny hem sada, hem şireli, hem dartgyly ýagdaýda häsiýetlendirip, joşup-joşup gürrüň berýär. Görogly diňleýjiniň gözüniň alnynda umumylaşdyrylan häsiýetiň üsti bilen janlandyrylýar. Aýdyjylar halk mirasyny şu ýol bilen halka ýetirýär.
„Görogly“ eposynyň „Telli hanym“ şahasynyň Stawropol nusgasyny Stawropol etrabynyň Çür obasynda ýaşaýan Hajymürzäýew Nazar Türkmenistana getiripdir. Golýazmany yzyna gaýtarmalydygy sebäpli B.Welbaýramow ony 1974-nji ýylda göçürip alypdyr. Aslynda dessanyň asyl nusgasyny Şarhalsun ogly Kuribdursun mugallym aýdypdyr. Dessany getiren ony 1967-nji ýylda şol nusgadan göçürip alypdyr. Dessan 38 sahypadan ybarat. Dessanyň mazmuny şundan ybarat. Öwez Ispihan diýen ýurtda Esen han atly patyşanyň Telli han atly owadan gyzynyň dabarasyny eşidip, oňa aşyk bolup uzak ýola gitmäge rugsat soraýar. Emma Görogly onuň öňünden çykýar:
Beg ogly, kanda bararsyň,
Daşdyr ol dagyň ýollary,
Bir niçeden aldym habar,
Kişdir ol dagyň ýollary.
Ahyrda bolmajagyny bilip, Görogly dokuz ýigit bilen Öwezi ýola salýar. Göroglusyz iş bitjekmi? Gyzyň kakasy ýigitlere nagt jogap berýär: „Göroglynyň özi gelen bolsa bererdim. Çem gelen ýolagça berer ýaly gyra taşlanan gyzym ýok“. Ahyrda Telli hanyň kakasy „Şäheriňizi weýran ederis“ diýşip duran ýigitleri zyndana taşlamaly bolýar. Bu ýagdaý Göroglynyň düýşüne girýär. Görogly ýigitleri halas edip, başga birine beriljek bolup, toýa taýýarlyk görüp oturan Telli hany alyp gaýdýar. Eposyň bu şahasy „Göroglynyň“ 1996-njy ýylda Ankarada neşir edilen ýygyndysyna goşulyp, halka ýetýär.
Şeýlelikde, halkyň egsilmez, çäksiz hazynasy, döreden gymmatlyklary tarapyndan häli-häzire çenli yzy üzülmän toplanyp gelýär. Bu ýagdaý ol hazynanyň çäksizliginiň hem zerurlygynyň, öwredijilik güýjüniň, bimöçberliginiň alamaty, şol hazynany B.Welbaýramow hem obama-oba aýlanyp, irginsizlik bilen toplapdyr.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly