16:52 Beýij Ýüpek ýoly -5: Turfan | |
TURFAN
Taryhy ýerler
Birmahallar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Turfan – Hytaý Halk Respubliksanyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda ýerleşýän köne şäheriň we adybir oazisiň adydyr. Şäher etrabyň merkezi böleginde, Týan-Şan daglarynyň günorta eteginde, Turfan çöketliginiň demirgazyk çetinde, Takla-Makan çölüniň bolsa gyrasynda ýerleşýär. Turfany Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň merkezi bolan Urumçi şäheri bilen demir ýol (150 km) birleşdirýär. Oazis Turfan çöketliginiň günbatar bölegini eýeläp, ol deňiz derejesinden 154 metr pesde ýerleşýär. Bu oazis Öli deňiz çöketliginden soň dünýäde ikinji peslik ýerdir. Turfan sebitleriniň juda ýowuz howa şertleri bardyr, özi hem ol tiz üýtgäp durýandyr. Bu şäher diňe bir Hytaýyň çäginde däl, eýsem bütin dünýäde hem iň yssy hem-de gurak howaly ýerdir. Tomusda howanyň gyzgynlygy kölegede +50 derejä çenli baryp ýetýär. Bu ýerde çägeli harasatlar hem häli-şindi bolup durýar. Turfanyň 3 müň ýyldan hem gowrak taryhy bardyr. Gadymy we orta asyrlarda şäher Beýik Ýüpek ýolunyň esasy şahasynyň (demirgazyk) ugrunda ýerleşýän möhüm söwda-ykdysady merkezleriň biri bolupdyr. Baryp Hytaýda höküm süren Han neşilşalygynyň döwründe (b.e. öňki III – b.e. III asyrlary) Turfan (şol döwürler Gaoçan diýlip atlandyrylypdyr) söwda begliginiň merkezi bolupdyr. Ol 640-njy ýylda hytaýly tanlaryň goşuny tarapyndan derbi-dagy edilipdir. Soňky asyrlarda Turfany eýelemek ugrunda özara göreşler alnyp barlypdyr. Turfanda söwda işleriniň gülläp ösen döwri XIII-XIV asyrlar hasap edilýär. Bu döwürler oazis tutuşlugyna mongollaryň golastynda bolupdyr. Mongol imperiýasy dargandan soň, Turfan oazisi üç sany musulman hökümdarlary tarapyndan özara bölünipdir, olardan iň güýçlüsi Turfanyň özünde arz sorapdyr. XVIII asyrda bu ýerleriň üstünde jungarlar bilen hytaýlylaryň arasynda ýiti göreşler alnyp barlypdyr. Netijede 1759-njy ýylda Turfan oazisi hytaý welaýatyna öwrülipdir. Giçki döwürde musulmanlaryň ýaşaýan şäheriniň golaýynda bu ýere göçürilip getirilen hytaýlylaryň şäheri hem esaslandyrylýar. Häzirki döwürde Turfanda 270 müň töweregi ilat ýaşaýar, ilatyň esasy köp bölegini ýerli halk bolan uýgurlar emele getirýär. Bu ýerleriniň ilaty howanyň juda yssy hem-de gurak bolýandygyna garamazdan, esasan oba hojalygy, hususan-da pagtaçylyk, üzümçilik, gök we bakja ekinlerini ösdürmek bilen meşgullanýar. Turfanda aýratyn hem hurma, nar, şetdaly, gawun, uzyn süýmli pagta has köp ekilýär. Turfan özüniň ajaýyp üzümleri we her dürli datly kişmişleri bilen giň meşhurlyga eýedir. Sebitiň ilatynyň hem ep-esli bölegi üzüm we kişmiş söwdasy bilen meşgullanýar. Şol sebäpden Turfany Hytaýyň “üzümçilik paýtagty” diýip atlandyrýarlar. Ekerançylyk pudagyny ýöretmek, suwy tygşytly peýdalanmak babatynda turfanlylar asyrlaryň dowamynda baý tejribe toplapdyrlar. Olar 80 kilometr daşlykda ýerleşýän Týanşan daglaryndan akyp gelýän dag çeşmeleriniň we derýalarynyň suwuny tygşytlamak üçin, olary ýerasty suw desgalaryna – kärizlere salypdyrlar. Şu maksatlar bilen asyrlaryň dowamynda bu ýerlerde uzynlygy 2-3 müň kilometre barabar bolan 1000-den gowrak kärizler gazylypdyr. Munuň özi haýran galdyrýan gudratdyr. Şol sebäpden hem Turfanyň kärizlerini Beýik Hytaý diwarlaryna meňzedýärler. Kärizleriň şeýle köp gurulmagy Turfan oazisine tomsuň jokrama yssy günlerinde-de hemişe gök öwsüp oturmaga mümkinçilik berýär. Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm nokatlarynyň biri bolan Turfanda we onuň degre-daşynda biziň günlerimize çenli köp sanly taryhy ýadygärlikler saklanyp galypdyr. Häzirki wagta çenli bu ýerde dünýä ähmiýetli taryhy-medeni ýadygärlikleriň 178 sanysy ýüze çykarylypdyr. Olardan Szýaohe we Gaoçan şäher harabalyklary, Bezeklikdäki “Müň Buddalaryň gowagy” we başgalar döwlet tarapyndan aýratyn eserdeňlik bilen goralýar. Szýaohe harabaçylygy dünýäde pagsadan gurlan iň uly hem-de gadymy şäherdir. Ol Turfanyň şäher merkezinden 10 km günbatarda ýerleşýär. Szyaoheniň tutýan meýdany 430 müň m² barabardyr. Turfan çöketliginiň iň gadymy şäheri hasap edilýän Szýaohe 3 müň ýyldan hem köp wagt öň gurlupdyr. Şäher XIII asyryň ahyrlarynda harby hereketleriň netijesinde weýran edilipdir. Gadymy döwürde Szýaohe buddaçylygyň şäheri bolupdyr. Buddaçylyga mahsus bolan binalaryň köp sanlysy biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Onuň demirgazyk böleginde, ýagny ybadathanalaryň ýerleşýän ýerinde bir mahallar howalanyp duran 101 sany diň bolupdyr. Şol diňler hindileriň daş sokylarynyň üňüsi esasynda bina edilipdir. Olar häzirki güne çenli saklanyp galan iň irki hytaý diňleridir. Bu ýerde iň kiçijik buddaçylyk ybadathanasy we Hytaýda ýeke-täk ýerasty buddaçylyk ybadathanasy ýerleşýär. Merkezi köçäniň çet demirgazygynda Szýahoedäki iň uly ybadathana toplumy ýerleşip, onuň derwezesi günorta tarap açylýandyr. Toplumyň diwarlary üýtgewsiz diýen ýaly derejede abat saklanyp galypdyr. Aýtmyşlaryna görä, haçandyr bir mahallar bu ybadathananyň binalary üç gatly bolup, onda keramatly baky ot, şeýle hem monahlar ýaşamak üçin otaglar bolupdyr. Birneme giçkiräk döwürler Szýaohe harby berkitmä öwrülipdir; onuň gündogar derwezesiniň töwereklerindäki burçlarda garawullaryň diňleri ýerleşipdir, ýerasty we garawullar üçin otaglar bolupdyr. Üstünden onlarça asyrlar geçen Szýaohe şäheri dürli ýurtlaryň taryhçylarynyň hem-de arheologlarynyň ünsüni özüne çekip gelýär. 1992-nji ýylda UNESKO bu ýere hünärmenleriň ýörite toparyny ugratdy. Olar bu ajaýyp arheologik ýadygärliginde düýpli ylmy-barlag işlerini geçirdiler. Netijede bu ýerler dünýäniň dürli ýerlerinden gelýän jahankeşdeleriň syýahat edýän ýerine öwrüldi. Turfan sebitiniň ajaýyp ýadygärlikleriniň biri-de gadymy Gaoçan şäher harabaçylygydyr. Gaoçan birmahallar adybir döwletiň hem paýtagty bolupdyr. Bu şäheri mongollar “Hara-Hoto” (Gara şäher), hytaýlylar bolsa “Ho-çžou” (Otly şäher) diýip atlandyrypdyrlar. Häzirki döwürde Gaoçanyň harabalyklary Astana atly uly oba bilen degşip diýen ýaly otyr. Gaoçanyň wagtyň geçmegi bilen ýykan-ýumran bolan galasynyň içinde buddaçylygyň gadymy ýadygärlikleri bolan daş sokylaryň yzlaryny görmek bolýar. Gaoçanyň daşyna uzynlygy 5 km barabar bolan gala diwarlary aýlanylypdyr. Gala diwarlarynyň beýikligi 11 metr, galyňlygy bolsa düýbünde 12 metre barabar bolupdyr. Ýyl ýazgylarynyň berýän maglumatlaryna görä, Gaoçanyň 12 sany demir derwezeleri bolupdyr. Birmahallar Gaoçan gülläp ösen ajaýyp şäher bolupdyr. Onuň üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Şäher buddaçylygyň merkezi bolşy ýaly, sebitiň söwda-ykdysady merkezleriniň biri hökmünde hem giňden tanalypdyr. Emma näbelli sebäplere görä, şäheriň ilaty bu ýerden göçüp gidipdirler we wagtyň geçmegi bilen harabaçylyga öwrülipdir. Alymlaryň bellemegine görä, şäheriň taşlanylmagy we boşap galmagy uruşlar bilen bagly bolmandyr. Sebäbi şäheriň galyň diwarlary, olaryň derwezeleri, äpet diňleri gowy saklanyp galypdyr; olarda uruşlaryň bolandygyna şaýatlyk edýän alamatlar görünmeýär. Häzirki döwürde Gaoçanyň ýadygärlikleri hem döwlet tarapyndan goraga alyndy. Bezeklikdäki “Müň Buddalaryň gowagy” hem Turfana halkara meşhurlygyny getiren ýadygärlikleriň biridir. Özüniň gülläp ösen döwründe Turfan dürli dinleriň jemlenen ýeri bolupdyr. Bu ýerlerde ýüze çykarylan gadymy resminamalar we desgalar, suratlar hem-de arheologik tapyndylar Turfanda diňe bir yslamyň, buddaçylygyň, hristiançylygyň däl, eýsem şamançylygyň, daosçylygyň rowaç alandygyna-da şaýatlyk edýär. Bezeklik gowagynyň diwar suratlary Turfanda buddaçylygyň ýaýrandygy barada möhüm maglumatlary berýär. Bu gowaklar şäheriň edil golaýjygynda ýerleşýär. Olar Hoýanşan daglarynyň astynda ýerleşýärler. Başda 80-den gowrak gowak bolupdyr, ýöne biziň günleriimize çenli 40 sanysy saklanyp galypdyr. Olaryň hem diňe 6-sy jahakeşdeler üçin açykdyr. “Müň Buddalaryň gowagy” binagärçilik taýdan ybadat we ýaşaýyş otaglaryna bölünýärler. Bu ýerde aýratyn hyzmat görkezen meşhur monahlaryň hatyrasyna gurlan ýadygärlik gowaklary hem bardyr. Saklanyp galan diwar suratlarynyň tutýan meýdany 1200 m² barabardyr. Bu suratlaryň ählisi V-IX asyrlarda çekilipdir. Suratlaryň esasy temasy Budda we buddaçylyk dini bilen aýrylmaz baglanyşykly, olaryň köp bölegi monah durmuşyny açyk hem-de aýdyň görnüşde janlandyrýar. Gowaklardaky suratlaryň käbirlerinde ýewropalylara meňzeş täjirleriň keşbi, käbirlerinde bolsa öz gündelik işleri bilen gümra bolup ýören adamlar şekillendirilipdir. Diwar ýazgylarynyň arasynda hytaý we beýleki käbir diller bilen bir hatarda, gadymy türki dilinde ýazylan ýazgylaryň hem bolmagy, bu gowaklarda saklanýan mirasyň ähmiýetini has-da artdyrýar. XV asyrda Bezeklikdäki “Müň Buddalaryň gowagy” taşlanypdyr. XX asyryň başlarynda Turfanyň töweregindäki ýadygärlikler talanypdyr: Bezeklikdäki gowagyň ajaýyp suratlarynyň uly bölegi ogurlanypdyr we weýran edilipdir. Turfanda türki halklaryň döreýşi, olaryň şanly geçmişi, halk döredijiligi, däp-dessurlary, urp-adatlary, gadymy ynaçlary, medeniýetleri bilen baglanyşykly köp sanly rowaýatlar hem saklanyp galypdyr. Şolaryň birinde ähli türki halklaryny dünýä inderen – Ene möjek hakynda gürrüň berilýär. Rowatda aýdylyşyna görä, Turfandan demirgazykda ýerleşýän daglarda ene möjek ýaşapdyr. Bir gün ol uly taýpadan bir özi galan, eli aýagy duşmanlar tarapyndan çapylan bir oglanjyga eýe çykyp, ony iýdirip-içirip ulaldýar. Oglanjyk ulalyp ýigit çykandan soň, ene möjegiň ondan 10 sany ogly bolýar. Oglanlar ýigit çykyp ýetişenlerinden soň, daglardan çykyp Turfana gelýärler we ýerli gyzlara öýlenip ösüp-örňäp gidýärler. Netijede ene möjegiň 10 oglundan soňra türki kowumlary ýüze çykýarlar. Turfan musulmanlaryň şäheri bolandygy üçin bu ýerde metjitler köpdür. XVIII asyryň ikinji ýarymynda gurlan Süleýmanyň minarasy Turfanyň musulman binagärçiliginden habar berýän taryhy ýadygärlikleriniň biridir. Ýadygärlik şäheriň çäginde ýerleşýär. Bu minara başgaça “Eminiň minarasy” hem diýilýär. Minara uly metjidiň golaýynda ýerleşýär. Bu metdjitde Uýgur hanlygynyň iň soňky hökümdary Süleýman jaýlanypdyr. Metjidiň aňyrragynda bu hökümdaryň köşgüniň harabalyklary hem ýerleşýär. Süleýmanyň minarasynyň beýikligi 40 metre ýetýär. Minaranyň kerpiç örümlerinde nagyşlaryň 10-dan gowrak görnüşi ulanylypdyr. Häzirki döwürde minaranyň döwlet ähmiýetli ýadygärlik derejesi bar, şonuň üçin hem döwlet tarapyndan goralýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |