00:11 Beýik Seljuk türkmenlerinde harby güýçleri we serhet goragy | |
Beýik Seljuk türkmenlerinde harby güýçleri we serhet goragy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şöhratly taryhymyzy çuňňur öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga, geljekki nesillerimize ýetirmäge giň ýol açdy. Üstümizdäki «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işler has-da dabaralanyp, merdana halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan geçmişini öwrenmek, ony wagyz etmek täze öwüşgine eýe boldy. Buýsançly taryhymyzyň sahypalaryna ser salanymyzda türkmenler döwlet serhedini kämil derejede goramaklygyň eýesi bolupdyrlar. Munuň şeýledigini Beýik Seljuk türkmenleriniň şadöwletiniň mysalynda görmek bolýar. Beýik Seljuk türkmenleriniň şadöwleti ildeşlerimiziň taryhda guran döwletleriniň iň meşhurlarynyň biridir. Bu şadöwletiň ilatynda harby hünär derejesi diýseň ýokary bolupdyr. «Ordu» diýlip atlandyrylan goşun döwletiň esasyny emele getiripdir. Goşun «hassa ordusyndan» (hökümdary goramaklyk üçin wezipelendirilen goşun synpy. Arapçadan: «hässa» – «aýratyn, özboluşly») we «tymarly sipahilerden» («tymar» – seljuklarda belli bir wezipe ýa-da gulluk üçin berlen we ýyllyk girdejisi 3 müňden, 20 müňe çenli bolan toprak meýdany, mülk», «sipahiler» – atly esgerler) düzülipdir. Bulardan başga-da, soltanyň köşgi-saraýynda aýratynlykda ýetişdirilen we gönüden-göni soltana bagly bolan «Gulaman-y saraý esgerleri» («köşgi-saraý gulamlary» diýlen esgerler) dürli milletlerden alnypdyr. Olaryň içinde türkmen serkerdeleri az bolmandyr we olara ynam has ýokary bolupdyr. «Hassa ordusu» diýlip atlandyrylan aýratyn goşunyň düzüminde hökümdar, waly, wezir we beýleki ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň emrinde bolan we hak tölenen, islendik wagt buýruga taýyn esgerler bolupdyr. «Sipahiler» diýlen goşun bölümleri atly güýçler («suwarylar», «çapyksuwarlar») bolupdyrlar. «Sipahi ordusyna» degişli harbylaryň her biri, ülkäniň dürli künjeklerinde özlerine berlen «ykta» ýa-da «dirlik» (berlen mülküň atlandyrylyşy) diýlen mülkdäki topraklaryň girdejileri bilen ýaşaýşyny ýöredipdir. Seljuk türkmenleriniň döwleti mülk bermek bilen, hak tölemezden, esgerleri şol mülkleriň girdejisi bilen ekläp-saklapdyr. «Ykta» mülküniň eýeleri müň atly-suwarydan hem köp esgeri ekläp-saklapdyrlar we ýarag-esbap bilen üpjün edipdirler. Goşunda ýeňil ýaraglar bolan ok, ýaý, gylyç, galkan, naýza, «harbe» (gysga naýza), «bozdogan» diýlen «topuz» (sanjylýan hem-de urulýan ýarag), «gürzi», «balta» diýlen «palta», «najak» (sapy gysga kiçi palta), «zemberek» (haýwanyň üstünde alnyp gidilen kiçi top), «pala» (uç tarapy giň sapyna tarap daralyp gidýän gysga gylyç), «jewşen» diýlen «demir eşik» we «çokal» (söweşlerde geýlen demir geýim) ulanylypdyr. Seljuk türkmenleriniň atly we pyýada esgerleri ýaý atmaklyga diýseň ussat bolupdyrlar. Seljuk esgerleriniň ýaýdan ok atmaklykda nä derejede mergen bolandyklary we türkmenleriň ok-peýkamlarynyň demir donlarydyr zyrhlary deşip bilen aýylganç ýaraglar bolandygy taryhy ýazarlaryň eserlerinde agzalýar. Goşunyň ýaraglary ýurduň içinde, iň gowy enjamlaryň ulanylmagy bilen, hünärine ussat ussalar tarapyndan ýasalypdyr. Beýik Seljuk türkmenlerinde goşunyň üpjünçiligine we degişli meseleleriň çözülmegine «Dîvanü’l-jeyş» («goşun diwany») diýlen edara seredipdir. Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletinde goşunyň sany 400.000 esgere çenli ýetipdir. Olaryň 46.000-i merkezde, galanlary bolsa döwletiň beýleki etraplaryna ýaýradylypdyr. Şeýlelikde, «ykta» mülküni beriş ulgamy bilen ülkäniň milli ähmiýetli güýçli harby we edara ediş guramalaryna eýe bolnupdyr. Muňa meňzeş ulgam, taryhyň soňraky döwürlerinde Osman türkmenleriniň şadöwletinde hem görünýär. Halk arasyndan «haşar» («haşer») diýlip atlandyrylan hak tölenen esgerler hem goşuna alnypdyr. Munuň daşyndan, seljuklarda «gâziýân» (gazylar) diýlen, söweşde Watan, millet we ynam üçin janyny pida edip, şehit düşmegi arzuwlap, ata çykan, gulluga meýletinler hem bolupdyr. Seljuk türkmenlerinde harby gullukçylaryň saglygyna uly üns berlipdir. Seljuk türkmenleriniň goşunynda «seýýar» («gezende») diýlip atlandyrylan göçme hassahanalar we «çerge» diýlen («çerge» – patyşa çadyry, bu ýerde «çadyrdaky hammam» manysynda) hammamlar bolupdyr. Döwletiň içindäki, şäherlerdäki we galalardaky howpsuzlygy hem-de tertip-düzgüni ýola goýmak bilen, «şihne» (gözegçiler, şol döwrüň polisiýasy) diýlip atlandyrylan harbylar meşgullanypdyrlar. Olar köpsanly esgerleriň ýolbaşçylary bolmak bilen, döwletiň içinde bolup geçýän ähli ýaramaz hadysalaryň döremeginiň öňüni almaklyga çalşypdyrlar. Beýik Seljuk türkmenleriniň şadöwletinde serhet goragyna uly ähmiýet berlipdir, sarpa goýlupdyr. Döwletiň serhet çäkleriniň abadanlygyny we asudalygyny goramak möhüm wezipe hasaplanypdyr. Bu wezipe bilen paýtagtdaky esasy emirler we ýurduň uç-gyrak künjeklerinde ýaşaýan belli-belli serkerde-begler meşgullanypdyr. Döwlet tarapyndan berlen we ýurduň uç-gyrak künjeklerinde ýerleşen «ykta» mülküniň eýeleri bolan we taryhy çeşmelerde «uç begleri» diýlip atlandyrylan serkerdeler serhetden geljek howpuň öňüni alypdyrlar. Bu begler aglaba özleriniň boý-tireleriniň öňbaşçylary bolmak bilen, soltanyň huzuryna baryp bilýän emirler bolupdyr. Döwletiň serhedine çäklerde nobat tutulyp, birnäçe atlylaryň aýlanyp durmagy bilen, gözegçilik işleri amala aşyrylypdyr. Döwrüniň kämil ýaraglary bilen doly derejede ýaraglanan, ýany itli dört-sekiz türkmen atlysy nobatma-nobat serhede gözegçilige çykypdyrlar. Serhediň daşyndan gelip biläýjek howp bu toparlar tarapyndan öwrenilipdir, takyklanylypdyr we anyklanylan maglumatlar merkeze habar berlipdir. Olar gerek bolan ýagdaýynda gelen ýaga gaýtawul hem beripdirler. Bu atlylaryň ýanynda goragçy türkmen itleriniň hem hemra bolup gezmegi olara uly goldaw bolupdyr. Seljuk türkmenleriniň serhetçileri döwletiň serhedine dykgatly gözegçilik edipdirler, ony sak gorapdyrlar, daşyndan gelýän howplaryň döwletiň çäklerine geçmeginiň öňüni alypdyrlar. Olaryň ýaşan galalary beýik dag depelerinde ýerleşipdir. Umumylykda alanyňda, Beýik Seljuk türkmenleriniň şadöwletiniň döwrüniň harby sungaty türkmenleriň harby ussatlygynyň, şonuň ýaly-da, döwlet serhedini goramaklygyň taryhy mysallarynyň naýbaşy nusgalaryny orta goýýar. Kakajan BAÝRAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |