09:04 Beýik Ýüpek ýoly -11: Buhara | |
BUHARA
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Buharanyň 2500 ýyldan hem köp taryhy bardyr. Şäheriň medeni gatlagynyň galyňlygy 20 metrden geçýär. Şeýle çuňlukdan arheologlar b.e. öňki IV asyr bilen senelendirilýän binagärçilik desgalarynyň dürli görnüşlerini, gap-gaçlary, teňňeleri, zergärçilik önümlerini ýüze çykardylar. Şäheriň döreýşi bilen baglanyşykly her hili rowaýatlar we hekaýatlar saklanyp galypdyr. Şolaryň birinde şäheriň Eýran şasynyň türki aýalyndan bolan Siýawuş tarapyndan gurlandygy barada aýdylýar. Meşhur taryhçy Narşahy özüniň “Buharanyň taryhy” diýen eserinde Eýrandan gelen Siýawuşyň ýerli hökümdar Afrasiabyň gyzyna öýlenendigi we bu ýerde hökümdarlygy öz eline alyp, täze şäheriň – galanyň düýbüni tutandygy barada ýazypdyr. Siýawuş patyşanyň guran şol galasynyň esasynda bolsa, soňra Buhara şäheri ösüp ýetişýär. Narşahynyň ýazmagyna görä, Siýawuşyň özi hem Erkgalanyň gündogar derwezesiniň töwereklerinde jaýlanypdyr. Gadymy döwürlerde Buhara Orta Aziýanyň gadymy welaýatlarynyň biri bolan Sogdiananyň düzümine giripdir. Baryp Isgender Zülkerneýniň döwründe şäherde ösen binagärçilik däpleri bolupdyr. Şäheriň adynyň gelip çykyşy barada çaklamalar saklanyp galypdyr. Çaklamalaryň birine görä, “Buhara” sözi “ybadathana” (wihara, bihara), başga birine görä bolsa, “bilimler öýi” diýen manyny aňladypdyr. Buharanyň golaýynda antik döwrüň ilatly mesgeni – Warahşa şäheriniň harabaçylygy ýerleşýär. Warahşa arheologiýa ylmynda özüniň ajaýyp diwar suratlary bilen meşhurdyr. Buharanyň merkezi Erkgala (Ark) bolup, bu ýerde häkimler we olaryň gullukçylary ýaşapdyrlar. Erkgalada häkimiň köşgi, hazynasy, gorhanasy we zyndany ýerleşipdir. Erkgalanyň daşynda şäheriň özi – “şähristan” kemala gelipdir. Şähristanyň daşynda, ýagny şäheriň eteginde onuň söwda-senetçilik ýerleri – “rabat” ýerleşipdir. Heniz gadymy döwürlerde şäheriň daşyna kuwwatly gorag diwarlary galdyrylypdyr. Buharanyň üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Şäherde 60-dan gowrak kerwensaraýlar bolup, olarda Hindistandan, Hytaýdan, Eýrandan we başga ýurtlardan gelen täjirler ýaşapdyrlar. B.e. öňki VI asyrda täzelikde gurlan Buhara şäheri Ahemeniler döwleti, b.e. öňki 329-njy ýylda bolsa Isgender Zülkerneýn tarapyndan basylyp alnypdyr. B.e. V-VI asyrlarda bu şäher ilki eftalylaryň, soňra bolsa gök türkleriň döwletiniň düzüminde bolupdyr. 603-658-nji ýyllarda Buhara sogdy mülkleriniň birine öwrülýär. Araplaryň ýörişleriniň öňisyrasynda Buharany buharhudatlar nesilşalygy dolandyrypdyr. Olardan öň bolsa Buharany 15 ýyllap, geljekki buharhudatyň ejesi Hatyn atly zenan dolandyrypdyr. Şol döwürler şäher Numižent (Numijgat) diýlip atlandyrylypdyr. Emma birneme soňrak ýerli Sanskrit ybadathanasynyň ruhanysynyň maslahaty bilen şäher Wihara (Buhara) diýlip atlandyrylypdyr. Şeýlelikde, Buhara Sogdiananyň baş şäherine öwrülýär. VII asyryň ortalarynda bu sebitlere Yslam dininiň aralaşmagy bilen, Buharada metjitler, minaralar, medreseler we dürli dini äheňdäki binalar gurlup başlanýar. Şäheriň gülläp ösen döwri Samanylar döwletiniň döwrüne gabat gelýär. Ysmaýyl Samanynyň döwründe (892-907) Buhara paýtagt şäher diýlip yglan edilýär. IX-XII asyrlarda Buhara Orta we Ýakyn Gündogar sebitlerinde ykdysadyýetiň ýokary medeniýetiň iň öňdebaryjy ojaklarynyň birine öwrülýär. Bu ýerde dünýä belli alymlar, meşhur şahyrlar, suratkeşler, lukmanlar ýaşapdyrlar, işläpdirler we döredipdirler. Olardan Ymam al-Buhary, Rudaky, Ferdöwsi, Dakyky, Ibn Sina, Narşahy, Belazury, at-Tabary, Ibn Miskaweýh we başgalar soňra dünýä meşhurlygyny gazanypdyrlar. Garahanlylar nesilşalygynyň, hususan-da, Arslan hanyň döwründe (1102-1130) buhara binagärçiliginiň ajaýyp nusgalarynyň biri bolan Kalýan minarasy galdyrylýar. Garahanly hökümdary Şems al-Mülküň (1068-1080) çagyrmagy boýunça Buharada ajaýyp alym hem şahyr Omar Haýýam birnäçe wagtlap ýaşapdyr. Garahanlylaryň döwri Buhara sebitleri, hususan-da, şäheriň özi Orta Aziýada sopuçylygyň merkezine öwrülýär. Şol döwrüň meşhur sopularynyň hatarynda Abdyl Halyk Gižduwanyny görkezmek bolar. Garhanlylaryň döwründen Buharada Arslan hanyň minarasy, Agoki Attar metjidi, Namazgäh metjidi, Çeşme Eýýup mazary ýaly ýadygärlikler saklanyp galypdyr. XIII asyryň başlarynda Buhara Horezmşalaryň döwletiniň düzümine girizilýär. Emma 1220-nji ýylda Buhara Çingiz hanyň goşunlary tarapyndan basylyp alynýar we tozdurylýar. Mongollaryň hökümdarlygy döwründe şäherde Hytaýa barýan italýan syýahatçysy Marko Polo bolup, ol Buharany “ägirt uly şäher” diýip atlandyrypdyr. XIV asyrda Buharada Ibn Battuta hem durup geçipdir. XIII asyryň ikinji ýarymynda – XIV asyryň birinji ýarymynda mongol begzadalary Yslam dinini kabul edýärler, olaryň käbirleri bolsa ýerli şyhlaryň sopylaryna öwrülýärler. Şyh Buhary ýa-da Seýfeddin Buhary şeýle şyhlardan bolupdyr. Şol döwürler Bäheweddin Nagyşbendi ýaly beýleki bir meşhur şyhyň hyzmaty bilen sopyçylyk giň gerim bilen uzaklara ýaýrapdyr. Teýmirleňiň we onuň nesilleriniň hökümdarlyk eden ýyllarynda Buhara paýtagt şäher bolmasa-da, Orta Aziýanyň uly şäherleriniň biri hökmünde öz ähmiýetini ýitirmändir. Mawerannahrda özbekleriň Şeýbanylar döwletiniň döredilmegi bilen, Buhara tä XX asyryň 20-nji ýyllaryna çenli adybir döwletiň paýtagty boldy. Şeýbanylaryň döwründe Buharada onlarça täze medreseler, metjitler, aramgähler, minaralar, kerwensaraýlar, dükanlar, köşkler, ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr. Abdylla hanyň döwründe (1557-1598) Buhara özüniň gülläp ösen döwrüne gadam basýar. Şol döwürler şäherde 200-den hem gowrak medreseler we köp sanly bazarlar bar eken. Buharanyň bazarlarynyň juda baý bolandygy üçin, olardan islän zadyňy satyn alyp bolupdyr. Buharada bolup gören iňlis täjiri we diplomaty Antoni Jenkinson “Buharada her ýyl Hindistandan, Eýrandan, Balhdan, Orýetden we başga ýurtlardan özleriniň uly kerwenleri bilen gelýän täjirleriň gurultaýy geçirilýär” diýip ýazypdyr. Şeýbanylaryň döwründe Buhara köşgüniň adamlary aýdym-saz, şygryýet bilen meşgullanypdyrlar, hatdatlyga, miniatýura sungatlaryna sarpa goýupdyrlar, owadan binalary gurmak bilen meşgullanypdyrlar. Buhara şäheri özüniň häzirki keşbine Şeýbanylaryň we Aştarhanylaryň hökümdarlyk eden döwründe (XVI-XVII asyrlar) eýe bolupdyr. Medreseleriň, metjitleriň, kerwensaraýlaryň, hammamlaryň, gala diwarlarynyň, derwezeleriň, beýleki iri desgalaryň we aramgähleriň esasy köpçüligi hut şol döwürler gurlupdyr. Biziň günlerimize çenli Buharada gadymy Erkgalanyň diwarlary, musulmançylyk döwrüne degişli ýadygärlikleriň 140-dan gowragy saklanyp galypdyr. Olardan Ysmaýyl Samanynyň aramgähini (IX-X asyrlar), Kalýan minarasyny (XII asyr), Gögeldaş, Mir Arap we Ulugbegiň medreselerini (XI-XVI asyrlar), emiriň köşkler tolumy bolan Registany (XVI-XVII asyrlar) mysal edip görkezmek bolar. Aýratyn hem Buhara özüniň hammamlary bilen meşhurlyk gazanypdyr. XIX asyryň ortalarynda şäherde 16 sany hammam bolupdyr. Şol wagtlar Daşkentde 11, Samarkantda bolsa XX asyryň başlarynda 8 sany hammam bar eken. XVIII asyryň başlarynda Buhara döwletinde çuňňur durmuş-ykdysady we syýasy çökgünlik başlaýar. Kese ýurtly basybalyjylaryň ýorişleri, özara içki oňşuksyzlyklar Buharany gowşadýar. Emma Muhammet Rahymyň (1756-1758) we Şamyrat Welnamynyň (1785-1800) döwründe yurt yurt ýuwaş-ýuwaşdan çökgünlikden çykmagy başarýar. XIX asyryň başlarynda Buhara Orta Aziýanyň dini merkezi derejesini ep-esli berkitmegi başarýar. Şäherde onlarça medreseler dikeldilip, olarda musulman dünýäsiniň dürli sebitlerinden gelen talyplar okap bilim alypdyrlar. 1868-nji ýylda Buhara emirligi Russiýasy tarapyndan basylyp alynýar. 1910-njy ýylda Buharada 150 müň ilat ýaşap, onda 364 sany metjit, 2 sany sinagoga, 50-den gowrak bazar bolupdyr. 1920-nji ýylda sowet goşunlarynyň ýörişi netijesinde Buhara emirligi ýykylýar we onuň ýerinde Buhara Halk Sowet Respublikasy esaslandyrýar. Orta Aziýada milli döwlet bölünişigi geçirilenden soň, Buhara döwleti ýaşamagyny bes edýär. Häzirki döwürde Buhara Özbegistan Respublikasynyň ykdysady, medeni we syýahatçylyk merkezleriniň biridir. Respublikanyň hökümetiniň UNESKO bilen bilelikde alyp barýan netijeli işleriniň netijesinde ýurduň beýleki sebitlerindäki ýadygärlikleri bilen bir hatarda, bir mahallar Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen şäherleriniň biri bolan Buharanyň ajaýyp binalarynda dikeldiş-rejeleýiş işleri geçirilýär, munuň üçin köp mukdarda maliýe serişdeleri goýberilýär. 1997-nji ýylda UNESKO-nyň karary bilen Buhara özüniň 2500 ýyllyk toýuny toýlady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |