09:06 Beýik Ýüpek ýoly -12: Balh | |
BALH
Taryhy ýerler
Balh – Owganystanyň adybir welaýatynda ýerleşýän şäheriň adydyr. Ol Balh welaýatynyň häzirki dolandyryş merkezi bolan Mazari-Şerif şäherinden 20 km demirgazyk-günbatarda, Amyderýadan bolsa 75 km günortarakda ýerleşýär. Ilaty 80 müňe golaýdyr. Balh Owganystanyň Amyderýanyň ýakasynda ýerleşýän ýerleriniň biri bolmak bilen, gadymyýetde dünýäniň iň uly şäherleriniň biri bolupdyr. Baryp antik zamanynda we irki orta asyrlarda Balhda 200 müň ilat ýaşapdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründe şäheriň ilaty 1 million adama ýetipdir. Balh şäheriniň anyk haçan düýbüniň tutulandygy belli däl, taryhçylar onuň takmynan b.e. öňki 2000-nji ýylda gurlandygyny belleýärler. Balhyň taryhy sahnada peýda bolmagy bilen baglanyşykly birnäçe garaýyşlar saklanyp galypdyr. Şol garaýyşlaryň birine görä, Balh ariýleriň Hindistana barýan ýoluň ugrunda esaslandyran ilkinji şäheri bolupdyr. Şäheriň esaslandyrylyşy bilen baglanyşykly başga bir pikire görä, ony Isgender Zülkerneýn esaslandyrypdyr, ýöne şäheriň Eýranyň hyýaly şalarynyň biri bolan Luhrasb tarapyndan esaslandyrylandygy, galyberse-de, Isgenderden öň Balhy Zaratuştra atly bir hökümdaryň dolandyrandygy baradaky garaýyş hem saklanyp galypdyr. Baktry ady bilen meşhurlyk gazanan bu şäher ellinizm zamanyna çenli Eýranda we Horasanda otparazçylygyň (zoroastriz), ýahudyçylygyň (iudaizm) we buddaçylygyň merkezi bolupdyr. Käbir alymlaryň tassyklamagyna görä, üç müň ýyl mundan ozal gadymy Balhda Zaratuştra dünýä inipdir we şol ýerde-de jaýlanypdyr. Antik zamanda şäheriň özi ýa-da onuň bir bölegi Zariaspa diýlip atlandyrylypdyr. Bu at otparazçylyk ybadathanasy bolan Azar-i-Asp adyndan gelip çykan bolmagy mümkindir. B.e. öňki 545-nji ýylda Balhyň ýerleşýän ýerleri Baktriýa satraplygy ady bilen Ahemeniler döwletiniň düzümine girizilýär. Satraplygyň merkezi Baktry (Balh) şäheri bolupdyr. B.e. öňki 328-nji ýylda Isgender Zülkerneýn Gündogara ýorişleriniň çäklerinde we Orta Aziýany eýeleýän döwründe Baktryda öz goşunlarynyň dolandyryş edarasyny ýerleşdiripdir. Grek-Baktriýa patyşalygy döwründe ýurduň paýtagty Baktry şäheri has hem ösüpdir. Şol döwürler bu ýerlere ep-esli mukdarda grek ilaty hem göçüp gelýär. Göçüp gelenler täze ýerleri özleşdiripdirler we grek dilini hem-de medeniýetini ýaýradypdyrlar. Emma tiz wagtdan grek medeniýeti öz ähmiýetini ýitirip başlaýar. Sebäbi bu ýerlere buddaçylyk ýaýrap başlaýar. Şeýlelikde, giçki antik döwürde Balh buddaçylygyň merkezi bolup, hytaýly zyýaratçy Sýuan Szanyň şaýatlyk etmegine görä, VII asyrda şäherde ýüze golaý buddaçylyk ybadathanasy (wihara) bolup, olarda 30 müň monah ýaşapdyr. Balhyň iň uly ybadathanasy Nawbahar bolup (sanskritde “nawa wihara” – “täze ybadathana”), onda Buddanyň ägirt uly heýkeli ýerleşipdir. Irki orta asyrlarda bu ýerlere hindistanly guptlar uly täsir edipdirler. Şol sebäpden hem Demirgazyk Owganystana indusçylygyň täsiri ýaýrapdyr. VII asyryň ortalarynda araplaryň gündogara ýörişleriniň döwründe Balh köp zyýan çekipdir. Sebäbi ýörişler döwründe araplar şäheri talapdyrlar. Soňra 709-njy ýylda şäher araplar tarapyndan basylyp alynýar we weýran edilýär. 725-nji ýylda Balhda ep-esli dikeldiş işleri geçirilipdir. X asyrda şäher ep-esli ulalypdyr, onda şähristan (şäheriň özi) we rabat (şäher etegi) doly kemala gelipdir. Mundan beýläk Balh has-da ulalypdyr we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky gülläp ösen şäherleriň birine öwrülipdir. Uly ösüşlere eýe bolandygy üçin şäheri arap geograflary “Umm al-Balad” (Şaherleriň enesi) diýip atlandyrypdyrlar. XIII asyrda mongollaryň tozdurandygyna garamazdan, şäherde bolup gören italýan syýahatçysy Marko Polo Balhy “adyna mynasyp we beýik şäher” diýip atlandyrypdyr. XI-XII asyrlarda Balh şäheri özüniň töweregindäki mes toprakly ýerler, obalar we şäherler bilen bir hatarda Gaznalylaryň, Beýik Seljuklaryň we Gurlaryň döwletleriniň düzümine giripdir we bu döwletleriň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni taryhynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Emma XIII asyryň 20-nji ýyllarynda şäher Çingiz hanyň goşunlary tarapyndan weýran edilýär. XIV asyrda Balhda az-kem dikeldiş işleri geçirilýär. Samanylaryň we Teýmirileriň döwründe Balh ýene-de möhüm syýasy-ykdysady we medeni merkeze öwrülýär. Şol sebäpden hem Balhy eýelemek ugrunda sefewileriň we Orta Aziýadaky döwletleriň arasynda ýiti göreşler alnyp barylýar. XVIII asyrda Balhy Nedir şä eýeläp, ony özüniň imperiýasynyň düzümine goşýar. 1850-nji ýylda Owganystanyň emiri Dost Muhammet han Balhy eýeleýär we şäher Owgan Türkistanynyň dolandyryş merkezine öwrülýär. XVIII asyra çenli köp külpetleri başdan geçiren Balh halys harabalyga öwrülipdir. Şonuň üçin hem şäherde käbir dikeldiş işleri geçirilipdir. Emma 1866-njy ýylda Demirgazyk Owganystanyň merkezi bolmak wezipesi indi Balhdan goňşy Mazary Şerif şäherine geçýär, Balh bolsa kiçeňräk ilatly nokat bolup galyberýär. Häzirki döwürde gadymy şäheriň ýumrulan diwarlarynyň galyndylary we uly metjit saklanyp galypdyr. Şäher Owganystanyň nah mata öndürýän we deri işläp bejerýän senagatlarynyň merkezi hasap edilýär. Şäher owgan bazarynda badamy hem datly gowunlary bilen tanalýar. Balh şäheriniň asyrlar boýy sebitiň söwda-senetçilik we ykdysady merkezleriniň biri bolmagynda ýahudy (ýewreý) ilatynyň hyzmaty uly bolupdyr. Mälim bolşy ýahudylar söwda-senetçilik işlerine ezber bolýarlar. Musulman ýazarlary ýahudylaryň Balhda yurt tutunmaklaryny wawilon patyşasy Nowuhodonosoryň b.e. öňki 586-njy ýylda Iýerusalimi ýumurmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu wakadan soň Iýeremeý pygamber Balha gaçyp gelýär we aradan çykandan soň şol ýerde-de jaýlanýar. At-Tabarynyň ýazmagyna görä, Iýeremeý pygamber Zaratuştra bilen jedelleri gurapdyr. Orta asyrlarda Balh ýahudylaryň esasy ýaşaýan ýeri bolupdyr. Ýakut al-Hamawy hem balhly ýahudylar hakynda köp maglumatlary galdyrypdyr. Ol IX asyrda Balhyň eteginde ýahudylaryň “Ýahudunak” atly mähellesiniň bolandygyny belläpdir. Alymlar Owganystanyň Meýmene şäherini hem balhly ýahudylaryň durmuşy bilen baglanyşdyrýarlar. Balhly ýahudylar hazar deňziniň demirgazygynda ýerleşen Hazaryýa ýurdy bilen ysnyşykly söwda gatnaşyklaryny alyp barypdyrlar. Köp müň ýyllyk taryhy bolan Balhdan we onuň töwereklerinden ençeme ajaýyp binalar saklanyp galypdyr. Olardan “Dokuz Gupba” metjidini (IX asyr), Mazary-Şerifdäki Gök metjidi (XV asyr), Rabiga Balhynyň aramgähini, Hoja Parsanyň aramgähini (XV asyr), Suwhanguly hanyň medresesini (XVII asyr) mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu ýadygärlikleriň arasynda Gök metjit giň meşhurlyga eýedir. Saklanyp galan rowaýata görä, bu ýerde Muhammet Pygamberiň doganoglan inisi we giýewisi Hezreti Alynyň gubury ýerleşipdir. Hakykat ýüzünde halyf Alynyň gubury Yragyň Nejep şaherinde ýerleşýär, ýöne owganlar hem onuň Mazary Şerifde jaýlanandygyna çuňňur ynanýarlar. 661-nji ýylda özara uruşlaryň netijesinde halyf Aly öldürilýär. Saklanyp galan rowaýatda aýdylyşy ýaly, Alynyň tarapdarlary wepat bolan halyflarynyň jesedini ak düýä ýükläp, gündogara tarap ugradýarlar. Uzak ýollary geçip, düýe bir ýere baryp ýykylypdyr. Düýäniň ýykylan ýerinde hezreti Aly jaýlanypdyr we şol ýer soňra “Mazary Şerif” (Keramatlynyň gubury) diýlip atlandyrylypdyr. 1136-njy ýylda seljuklaryň zamanynda Hezreti Alynyň guburynyň üstünde owadan metjit bina edilýär. Emma 1220-nji ýylda Çingiz hanyň Balha ýörişleriniň döwründe, ýerli ilat mongollaryň gubury harlamazlary üçin guburyň üstüni gum bilen gömüp gizläpdirler. 1481-nji ýylda Gök metjit horasanly hökümdar Soltan Hüseýin Baýkara tarapyndan dolulygyna dikeldilipdir. Şondan bäri hem metjitde dikeldiş-rejeleýiş işleri yzygider geçirilip durlupdyr. Bu ýadygärlik binagärçiligiň hyrat ülňüsi esasynda bina edilipdir. Gök metjidiň gupbasynyň we diwarlarynyň bezeg işlerinde pöwrize daşynyň köp ulanylandygy üçin oňa “Gök metjit” diýip at beripdirler. 1460-njy ýylda Balhda aradan çykan belli ulama Hoja Parsanyň aramgähi hem owadan binalaryň biridir. Onuň gapyrgaly gupbasy pöwrize daşlary bilen bezelipdir, aramgähiň diwarlarynyň gapdalynda bolsa minaralar galdyrylypdyr. Suwhanguly hanyň medresesi XVII asyrda gurlupdyr. Gynandyrýan ýeri medresäniň diwarlarynyň käbir bölekleri we owadan küňresi saklanyp galypdyr. Umuman alnanda, gadymy Balh şäheri Gündogaryň we Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda uly yz galdyrypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |