21:08 Beýik Ýüpek ýoly -14: Merw | |
MERW
Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründe “Horasan şäherleriniň enesi” adyna eýe bolan gadymy Merw şäheriniň harabalyklary häzir Türkmenistanyň günorta-gündogar çäginde, Murgap derýasynyň köne akabasynyň ugrunda ýerleşýär. Bu şäher dürli asyrlarda Marguş, Margiana, Merw we Mary ýaly dürli atlar bilen atlandyrylypdyr, ýöne onuň esasy ýorgünli ady Merw bolupdyr. Otparazlaryň keramatly kitaby Awestada berilýän we arheologik barlaglar döwründe alnan maglumatlar Merwiň b.e. öňki VIII-VII asyrlar döwründe häzirki Erkgalanyň ýerinde düýbüniň tutulandygyndan habar berýär. Merw oazisi baryp Marguş zamanynda (b.e. öňki III müňýyllygyň ahyrlarynda – II müňýyllygyň başlary) ilat tarapyndan özleşdirilip başlapdyr. Dürli asyrlarda şäher we onuň bilen adybir oazis Ahemenileriň, Grek-makedonlaryň, Selewkiler döwletleriniň düzümine goşulypdyr. B.e. öňki III asyrda Beýik Parfiýa imperiýasynyň döremegi bilen, Merw bu döwletiň möhüm ykdysady we medeni merkezleriniň birine öwrülipdir. Merwde öz döwründe dünýä taryhynda uly yz galdyran iri harby-syýasy wakalar bolup geçipdir. Parfiýa zamanynda Merw aýratyn uly ösüşlere eýe bolupdyr. B.e. I asyrynda Merwde döredilen “Wis we Ramin” dessanynda aýdylyşy ýaly, Merw hakykatdan hem gülläp ösen şäher bolupdyr. Bu barada dessanda şeýle setirler gabat gelýär: - Owadan Merw, mekanydyr şalaryň! Owadan Merw, mekanydyr baglaryň! Owadan Merw, jöwzada hem aýazda! Owadan ol, altyn güýzde hem ýazda! Merwde ýaşap, rysgalyn tapan, Özge şäherlerden taparmy bagtyn? Merw zynata baý, şeýle bir gowy, Ol bir baharystan, bal ýaly suwy. Sergin howa, tebigaty ne gözel. Bu ýerde ynsana yaşamak hezil. Behişt çeşmesi deý, derýa suraýy, Bu gudratly mekan jennetiň taýy. Dürli asyrlarda we eýýamlarda Merwde we onuň ýerleşýän sebitinde otparazçylyk (zoroastrizm), buddaçylyk, hristiançylyk, maniheýçilik ýaly dini ynançlar köpçülikleýin ýaýrapdyr. B.e. III asyrynda, ýagny sasanylaryň döwründe Merw sebitlerinde Budda uýýanlar bilen bir hatarda, ilkinji hristianlar hem peýda bolup başlaýarlar. Hristianlar tarapyndan bu ýerde täsirli Merw metropoliýasy esaslandyrylýar. Onuň anyk şaýatnamasy hökmünde Merwiň töwereklerinde III-IV asyrlarda gurlan hristian nekropolyny, şeýle hem şäheriň golaýyndaky Haraba Köşk ýadygärligini mysal edip görkezmek bolar. Sasanylaryň döwründe Merwde sazanda Barbut Merwezi, filosof, tebip we diplomat Buzurg Mihr Merwezi, alym Barzuýa Merwezi ýaly dünýä belli tanymal adamlar ösüp ýetişipdirler. Türkmenistanyň ýerlerini araplaryň eýelemegi bilen, VII asyryň ikinji ýarymyndan başlap Merwiň harby-syýasy, ykdysady we medeni taýdan ähmiýeti has-da artýar. Abbasylar halyflygynyň döwründe Merw bu ägirt uly musulman döwletiniň az wagtlyk paýtagty hem bolýar. Şol döwürler şäher köp sanly kitaphanalary, mekdep-medreseleri bolan möhüm medeni merkeze öwrülýär. Merw diňe bir ýurdumyzda ýa-da sebitde däl, eýsem bütin dünýäde hem iň uly şäherleriň biri bolupdyr. Uly şäher bolşy ýaly, Merw ösen önümçiligiň mekany, harytlaryň saklanylýan we üstaşyr ugradylýan ýeri hem bolupdyr. Sebäbi şäheriň üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugry geçipdir. Şäherde içerki we daşarky bazaryň maksatlary üçin harytlaryň ýüzlerçe görnüşleri öndürilipdir. Şäherde misgärleriň, demirçileriň, pul çalyşýanlaryň, zergärleriň, külallaryň, neçjarlaryň, aýakgap ussalarynyň mähelleleri bolupdyr. Orta asyrlar döwrüniň megapolisleriniň biri hökmünde Merwde köp sanly köçeler hem bar eken. Merwli alym as-Samany şäheriň ýigrimä golaý esasy köçeleriniň atlaryny agzap geçýär. Merwde mähellelerden başga-da Zurnuk, Rindi, Şadurwan, Selma, Sabir, Salamy, Anbar, Zarjeýn, Karykly, Yshak Kowus, Razabat, Harunabat, Abdylkerim, Hubbin, Abu Muazza, Diwan, Sadaka, Esgeri, Deriçiler, Mawutçylar ýaly uly köçeler bolupdyr. Bu köçeler diňe bir adamlaryň ýaşaýan ýerleri bolman, olar şäher önüçiliginiň hem baş merkezleri hasap edilipdir. Merw dünýä meşhurlygyny hut Beýik Seljuklaryň döwründe gazanmagy başarypdyr. Bu döwürde Merw ulalyp hem-de giňäp, onuň ilatynyň sany Bagdadyňkydan hem, Konstantinopolyňkydan hem geçipdir. Seljuklaryň döwründe Merw ägirt uly imperiýanyň paýtagtyna öwrülýär. Soltan Sanjaryň hökümdarlyk eden ýyllary Merwiň taryhy ösüşde iň ýokary derejä ýeten döwridir. Uly Massonyň hasaplamalaryna görä, Merw bu döwürde Heläkiň Çili (Gilýakin Çilburç) diýlip atlandyrylan gorag çiliniň içinde 60 km² meýdany tutupdyr. Şonuň üçin hem alymlar: «Eger-de döwürdeşleriň şäher diýip hasap eden ähli ýerlerini goşsak, onda XI-XII asyrlarda Merwiň tutýan meýdany 1500-1800 gektara barabar bolardy. Elbetde, bu kabul edilen ölçeglerden kiçidir, emma şu ölçegde-de ol Orta Aziýanyň iň uly, musulman Gündogarynyň bolsa iň uly şäherleriniň biri bolup galýar» diýip belläpdirler. Merw dünýäde mata dokmaçylygynyň ykrar edilen merkezleriniň biri bolupdyr. Şäheriň şeýle ýokary derejä ýetmegi, köp babatda onuň ösen ýüpekçilik we ýokary hilli pagtaçylyk önümçiliklerine bagly bolupdyr. Merwde ýüpekçilik hojalygynyň kämil derejä ýetmegi bilen, ýüpek gurçugynyň tohumyny alys ýurtlara-da äkidipdirler. XII asyrda Merwde ýüpek gurçuklaryny köpeldýän ýörite kärhana bar eken. Taryhçy as-Salyby «araplaryň Horasandan getirilýän her hili galyň matalary «merwiňki», şol ýerden getirilýän her hili ýuka matalary bolsa «şahyjany» diýip atlandyrmak endigi bar eken. Merwi olar Horasan şäherleriniň enesi hasap edipdirler, şonuň üçin hem ony «Merw aş-şahyjahan» diýip atlandyrýarlar. Ýukajyk matalaryň «şahyjany» diýlip şeýle atlandyrylmasy biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Merwi şöhratlandyrýan zatlaryň hataryna mahmal matalary hem degişlidir» diýip ýazýar. Halyflaryň Merwdäki dokmaçylyk ussahanalarynda ýüzüne arap elipbisinde halyfyň ady we matanyň dokalan yeri hem-de wagty görkezilen mahmal matalar – tiraz dokalypdyr. Demirçilik Merwiň şäher hojalygynyň esasy ugurlarynyň biri bolupdyr. Bu ýerde demirçileriň bazary bolup, ol ýerde kätmen, pil, orak, gaýçy, gyrkylyk, azal, palta, çekiç, ýekedaban, külüň, sandal, gulp, açar, tagan, gazan, telbe, myh, çüý, zynjyr, gaňyrçak, bilekse, araba tigirleri we başga-da oba hojalygynda, senetçilikde we durmuşda gündelik ulanylýan köp sanly magdan önümleri satylypdyr. Merwde köpsanly deri eỳleỳän ussahanalar bar eken. Şäherlerde aýakgap tikilýän ussahanalar köp bolupdyr. Aýakgap tikýän ussalary «köwüşgyran» diýip atlandyrýardylar. Merwdäki depeleriň biriniň «köwüşgyran» diýlip atlandyrylandygy belli edildi. VII-X asyrlarda Merwde nabat (gant) satylýan özbaşyna bazar hem bar eken. Lezzetli hem-de siňňitli türkmen milli naharlarynyň biri bolan ýarma şol döwürde-de ýörgünli bolupdyr. Bu nahar «harysa» diýlip atlandyrylypdyr. Ol barada taryhy çeşmelerde «harysa, döwlen bugdaý bilen etden bişirilýän özboluşly palowdyr. Harysa bilen aýratyn hem Merw şöhratlanýar» diýlip aýdylýar. Harysa Hindistan bilen Müsüriň aralygyndaky şäher bazarlarynda satylýan iň ýörgünli tagamlaryň biri bolupdyr. Merwiň Zerjeýn mähellesinde gyzgalaňly bugdaý söwdasy alnyp barlypdyr. Taýýar un «nanbaýlar» we «nanfuruşlar» diýlip atlandyrylýan çörek söwdasyny edýän adamlar tarapyndan satyn alnyp, olardan dürli görnüşli çörek önümleri taýýarlanylypdyr. Merwiň uly mähelleleriniň biri bolan Tannurgyranda (tamdyrçylar) tamdyr ýasap satypdyrlar. 1221-nji ýylda Merw mongollar tarapyndan weýran edilýär we tä XV asyra çenli diýen ýaly dikeldilmändir. 1407-1409-njy ýyllarda Teýmirleňiň ogly Şahruh Soltan galanyň gapdalynda täze şäher esaslandyrýarlar. Şäheriň gurluşygy on ýyl geçenden soň tamamlanypdyr. Bu ýerde köşkler, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar, metjit-medreseler we gaýry desgalar gurlupdyr. Şäheriň daş-töweregindäki suwaryş desgalary abatlanylypdyr, senetçilige we söwda üns berlipdir. Merwiň taryhynyň bu döwri Abdyllahangala ady bilen bellidir. Emma edilen işleriň köpdügine garamazdan, Merw hiç haçan hem özüniň gadymy döwürdäki we ösen orta asyrlardaky şöhratyna eýe bolup bilmändir. Dürli asyrlarda Merwde al-Horezmi, Omar Haýýam, al-Merwezi, as-Samany, Ymameddin Yspyhany, Fahreddin Gürgeni, Enweri, Bistami, Mähesti ýaly dünýä meşhurlygyny gazanan alymlar we şahyrlar ylmy hem-de çeper döredijilik bilen meşgullanypdyrlar. Häzirki döwürde Merwiň harabalyklary Erkgalany, Gäwürgalany, Isgendergalany, Şähriýargalany, Soltangalany, Kiçi Soltangalany, Abdyllahangalany, Baýramalyhangalany öz düzümine birikdirýar. Bu ýerde Uly we Kiçi Gyzgala köşkleri, Soltan Sanjaryň, Muhammet ibn Zeýdiň, Ashablaryň aramgähleri, Hoja Ýusup Hemedanynyň metjidi ýaly Gündogar binagärçiliginiň ajaýyp orta asyr ýadygärlikleri ýerleşýär. Merwiň ýadygärlikleriniň bütindünýä taryhy ähmiýeti bardyr. 1988-nji ýylda bu ýerde Gadymy Merw taryhy-medeni goraghanasy döredildi, 1999-njy ýylda bolsa bu gymmatlyklar UNESKO-nyň adamzat mirasynyň sanawuna girizildi. 2012-nji ýylda Mary şaheri GDA girýän ýurtlaryň, 2015-nji ýylda bolsa TÜRKSOY guramasyna girýän ýurtlaryň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Munuň özi Gadymy Merwiň diňe bir Türkmenistanyň ýa-da Orta Aziýanyň çäginde däl, eýsem dünýä derejesinde-de uly ähmiýete eýediginden habar berýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |