21:09 Beýik Ýüpek ýoly -15: Sarahs | |
SARAHS
Taryhy ýerler
Galanyň ýazuw çeşmelerindäki “Sarahs”, “Serahs” görnüşli ady ilkinji gezek orta asyryň görnükli arap taryhçylary al-Belazuriniň (IX asyr), al-Ýakubiniň (IX asyr) we at-Tabarinin (IX-X asyrlar) işlerinde biziň eýýamymyzyň 651-nji ýylynda araplaryň galany basyp almagy bilen baglanyşykly wakalaryň beýan edilişinde duş gelýär. “Sarahs” adynyň gelip çykyşy barada gürrüň edilende, ol ýerde ýaşan ilat we olaryn atlandyrylyşy hakyndaky maglumatlar hem ünsi çekýär. Sarahs oazisiniň çäginde antik döwürde (b. e. öňki IV asyryň ahyrlaryndan – b. e. V asyryna çenli döwür) uly özgerişlikler bolup geçýär. Bu özgerişlikleriň başy Isgender Zülkerneýniň ahemeniler nesilşalygynyň soňky wekili Dariý III-niň goşunlaryny kül-peýekun edip, onuň ägirt uly ýerleri öz içine alan döwletini basyp almagy bilen başlanypdyr. Isgender Zülkerneýniň güýç bilen döreden ägirt uly döwleti dargandan soň, Sarahs oazisi Selewkiler, Grek-Baktriýa we Beýik Parfiýa ýaly iri döwletleriň düzümine nobatma-nobat giripdir. B. e. ozalky III asyrda Sarahs oazisi Grek-Baktriýa patyşalygynyň düzümine girip, şol wagtlar oazisiň merkezi şäheri bu şalygyň günbatar serhetlerinde ýerleşýän uly gala bolupdyr. Beýik Parfiýa döwleti b. e. öňki I asyrdan başlap birnäçe ýarym garaşly şalyklara bölünip ugraýar. B. e. I asyrynyň ikinji ýarymyndan başlap Sarahs syýasy we ykdysady taýdan Parfiýa döwletine ýarymgaraşly bolan Merw şalygyna tabyn edilýär. Bu tabynlyk b. e. III asyrynyň 20-nji ýyllarynyň ortalarynda Parfiýa döwletini dolandyryjylar bolan Ärsaklar nesilşalygyny tagtdan agdaran sasanylar nesilşalygynyň irki döwründe hem dowam edipdir. Sasany şalar-şasy Şapuryň (242-272) hökümdarlyk eden döwründe Merw özüniň ýarym garaşsyzlylygyny ýitirýär. Şondan soň Sarahs oazisi hem Merw bilen bilelikde Sasanylar döwletiniň gundogar welaýatyna tabyn edilipdir. B. e. IV-VI asyrlarynda sasanylaryň ilki Kuşan şalygy bilen, soňra hioniler, ondan soňra bolsa eftalylar hem-de gök türkler bilen alyp baran özara uruşlary döwründe Sarahs oazisi şalygyň möhüm serhet welaýatyna öwrülýär. Bu bolsa Sarahsyň harby-strategik ahmiyetiniň has-da artmagyna getirýär. Oňa häkimlik eden wezipeli adama merzban adynyň berilmegi hem muňa belli bir derejede şaýatlyk edýär. Araplaryň ýörişleri Horasanda we tutuş Orta Aziýada bolşy ýaly, Sarahsyň hem durmuş-ykdysady, syýasy we medeni taýdan pese düşmegine sebäp bolupdyr. Şol sebäpden hem VII asyryň ikinji ýarymyndan tä IX asyryň başlaryna çenli Sarahs oazisi sasanylaryň hökümdarlygynyň soňky döwründäki ýaly ösüş derejesine ýetip bilmändir. IX asyryň 30-40-njy ýyllaryndan Sarahsda ykdysady ýokary göteriliş başlanýar. Muňa-da köp babatda Abbasy halyflygynyň gündogarynda, has takygy Horasanda we onuň bilen ýanaşyk ýerlerde Tahyrylar döwletiniň (821-873) döremegi sebäp bolýar. Şol döwürler Nişapur Gündogar Eýranyň, Merw bolsa Günorta Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady merkezlerine öwrülýärler. Bu iki şäheriň aralygynda Eýrandan Orta Aziýa, soň Hindistana we Hytaýa barýan söwda ýolunyň ugrunda ýerleşen Sarahs aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Mawerannahrda, Horasanda we olar bilen ýanaşyk ýerlerde höküm süren Samanylar nesilşalygynyň döwründe Günorta Türkmenistanyň, şol sanda Sarahs oazisiniň ýerleri hem ykdysady we medeni ösüşiň has ýokary derejelerine ýetýär. Şol döwürler Sarahsyň özünden söwda kerwen ýollary dürli taraplara uzalyp gidipdir. Sarahsyň uly söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi gürrüňi edilýän döwürde tutuş oazisiň ykdysady we syýasy taýdan ähmiýetiniň artmagyna uly täsir edipdir. Al-Makdisi bu ýerde bolan wagtynda Sarahsyň bazarlarynyň baýdygyna, onuň bazarlaryna gelýän daşary ýurtly täjirleriň köpdügine, şeýle hem ýerli ilatyň bazara çykarýan harytlarynyň bolçulygyna haýran galypdyr. Ol: “Sarahs... Horasanyň merkezi hem uly bazar ýollarynyň köpüsi şu ýerde birleşýär. Bu şäherde haýsydyr bir zadyň ýetmeýändigini duýjak gumanyň ýok, kerwenler bir tarapdan gelmese, beyleki tarapdan gelýär” diýip ýazypdyr. Seljuklaryň döwründe Sarahs Horasanyň iň uly merkezleriniň we bazarlarynyň birine öwrülipdir we onuň ilaty özünde öndürilýän galla, et, ýüň ýaly harytlary daşarky bazarlara çyarypdyrlar. Ýakudyň ýazyşy ýaly, ekerançylyk hem-de maldyrçylyk önümlerinden başga-da, sarahslylar “ajaýyp hem-de sünnälenip altyn sapaklar bilen bejerilen örtükleri we guşaklary” hem bazara çykarypdyrlar. Baý söwda merkezi bolan Sarahs şäheriniň syýasy hem-de ykdasady ýagdaýy, yerli häkimlere we din adamlaryna şäheri abadanlaşdyrmaga, onuň çägini giňeltmäge hem-de berkitmäge mümkinçilik beripdir. Bu döwürde senetçilik önümçiliginiň külalçylyk, aýna önümlerini öndürmeklik, metal işläp bejermek ýaly pudaklary, şeýle hem gurluşyk işleri ýokary ösüş derejesine eýe bolupdyr. Horasanyň Köneürgenç türkmen döwletine goşulmagy Sarahs oazisiniň ykdysady hem syýasy durmuşynyň kadalaşmagyna itergi beripdir. Uruşlar netijesinde ýumrulan suwaryş desgalary we Sarahs galasy täzeden dikeldilipdir. Tiz wagtyň içinde Sarahs ýene-de öňküsi ýaly sebitiň iri söwda-ykdysady merkezine öwrülipdir. Mongol basybalyşlary Sarahsyň tozdurylmagyna, ilatynyň bolsa gyrylmagyna getiripdir. Basybalyşlar netijesinde merkezi galanyň berkitmeleri öz gorag wezipesini bes edipdir, şähristanyň berkitmeleri bolsa ýumrulypdyr, Sarahs şäheriniň tutýan meýdany ep-esli azalypdyr, oazisiň köpsanly ilatly mesgenleri berbat edilipdir. suwaryş desgalarynyň weýran edilmegi sebäpli, şol döwürde oazisiň medeni zolagynyň möçberi mese-mälim kemelipdir. Emma Sarahs Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşeni üçin, bu ýerde alyş-çalyş we söwda işleri gyzgalaňly alnyp barlypdyr. Seljuklaryň döwründe hereket eden zikgehana Sarahsda teýmiriler döwründe işläp, manat pullar zikgelenilipdir. Eger-de Teýmirilere çenli pul birligi hökmünde dirhem hereket eden bolsa, indi pul dolanyşygynda „teňňe“ diýen pul birligi aýlanypdyr. Teýmiriler döwründe teňňe kümüş manady aňladýp, onuň agramy birnäçe gezek üýtgäp durupdyr. Şol döwürler töleg birliklerini aňlatmak üçin „pul“ sözi hem ulanylyp başlapdyr. Giçki döwürlerde Sarahs özüniň birmahallar Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründäki ýaly ähmiýetini ýitiripdir we dürli feodal döwletleriň arasynda uruşlaryň alnyp barylýan ýerine öwrülipdir. Sarahsyň gadymy geçmişinden köp sanly taryhy-medeni ýadygärlikler saklanyp galypdyr. Gadymy döwürde hem-de irki orta asyrlarda Sarahs sebitlerinde otparazlyk dini esasy döwlet dini bolupdyr. Otparazlyk dininiň ybadathanalary Sasanylar döwletiniň dürli ýerlerinde köpçülikleýin gurlupdyr. Şeýle ybadathanalar Türkmenistanyň köp ýerlerinde, hususan-da, Sarahs oazisinde-de hereket edipdir. VII asyryň ortalarynda Türkmenistanyň çäklerine araplaryň aralaşyp başlamagy bilen, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda otparazlyk dini öz möwrütini ötürýär. Emma otparazlyk dininiň ýadygärlikleriniň biziň günlerimize çenli saklanyp galanlary-da bardyr. Şolaryň biri hem Sarahsyň etrap merkeziniň 15 km gündogarynda ýerleşýän Melehaýranyň otparazçylyk ybadathana harabalygydyr. Sarahsly ussalar binagärleriň Horasan mekdebiniň, hususan-da, ýerli sarahs mekdebiniň kemala gelmeginde uly hyzmat görkezipdirler. Sarahs Baba, Ýartygümmez, Lukman Baba aramgähleri, Rabaty Şeref kerwensaraýy, Pul Hatyn köprüsi ýaly ýadygärlikler gadymy we orta asyrlarda Sarahsda ylmyň, bilimiň we medeniýetiň ösendigine şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň gurulmagy bilen, Sarahs ýene-de özüniň gadymy döwürlerdäki söwda ykdysady ähmiýetine eýe bolýar. Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründäki ýaly, Sarahsyň üsti bilen dünýäniň çar künjeklerine üstaşyr ýükler äkidilýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |