16:43 Beýik Ýüpek ýoly -4: Dunhuan | |
DUNHUAN
Dunhuan Hytaý Halk Respubliksaynyň demirgazyk-günbataryndaky Gansu welaýatynda ýerleşýän şäherdir. Öz döwründe Dunhuan Hytaýyň iň günbatardaky serhet şäherleriniň biri bolupdyr. Bu şäher Takla-Makan çölüniň we Tibet daglarynyň etegindäki uly bolmadyk oazisde ýerleşýär. Şol sebäpden hem oňa Dunhuan (Öwşün atýan) ady galypdyr. B.e. I müňýyllygynda bu şäher Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän möhüm ilatly mesgenleriň biri bolupdyr. Loýan hem-de Sian ýaly hytaý şäherlerinden gelýän söwda ýoly Dunhuana gelenden soň iki sany şaha bölünip, günbatara tarap uzalyp gidipdir. Munuň özi Dunhuanyň Beýik Ýolunyň ugrunda ýerleşýän üstaşyr söwdanyň we harytlaryň saklanylýan möhüm merkezine öwrülmegine getirýär. B.e. öňki II asyrda han imperatory U-di ýurduň günbatar araçäginde kiçeňräk harby serhet galasyny gurdurýar. 385-nji ýylda serhedi has-da berkitmek üçin Dunhuana günorta Hytaýdan müňden gowrak maşgalalar göçürilip getirilýär. Bir ýyldan soň Kuçadan gelýän belli budda monahy Kumarajiwa Dunhuanyň üsti bilen Hytaýa tarap geçip gidýär. Ony uly dabara bilen garşylapdyrlar. Bu wakadan 14 ýyl geçenden soň, 400-nji ýylda hytaýly monah Fa Sýan (337-422-nji ýyllar) Dunhuana gelýär we bir aýlap bu ýerde bolandan soň, buddaçylyga degişli kitaplaryň gözleginde alysdaky Hindistana tarap ugraýar. Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň aralygynda ýerleşýändigi üçin, bu gala tiz wagtdan şüweleňli söwdanyň merkezine öwrülýär. Netijede IV-XI asyrlarda Günbatar ýurtlaryny Hytaý bilen birleşdirýän möhüm ýol çatrygy we üstaşyr söwdanyň merkezi bolan Dunhuan şäheri peýda bolýar. Bu döwürde şäher Günortadan hem-de Günbatardan Hytaýa tarap barýan söwda kerwenleri üçin derweze bolup hyzmat edýär. Müňýylylygyň dowamynda Dunhuan oazisi özünde dürli halklaryň we halkyýetleriň wekillerini jemläpdir, onuň üstünden söwda kerwenleri yzy üzülmän geçip durupdyr. Bu ýerde hytaý, musulman, hindi we ýewropa medeniýetleri özboluşly gatnaşyklara girip, özara baýlaşypdyrlar. Täjirler, ilçiler, syýahatçylar, budda monahlary Günorta we Günbatar Aziýadan, hatda alysdaky Ýewropadan özleriniň köp öwüşgünli däp-dessurlaryny we baý medeni gymmatlyklaryny bu ýerlere getiripdirler. Weý hem-de Szin nesilşalyklarynyň höküm süren döwürlerinde (III-IV asyrlar) buddaçylyga uýýan hytaýly hem-de daşary ýurtly dindarlar Dunhuanda jemlenipdirler. Şonuň üçin hem alymlar Dunhuany buddaçylygy ýaýratmak üçin Hytaýa tarap açylan penjire diýip atlandyrypdyrlar. Bu döwürlerde Dunhuanyň üsti bilen Hytaýdan buddaçylygyň watany Hindistana tarap zyýaratçylar, Hytaýa bolsa Hindistandan Buddanyň taglymatyny ýaýradyjylar gidipdirler. Meşhur zyýaratçy hem-de syýahatçy Fa Sýanyň ady hem Dunhuan bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol 400-nji ýylda ilkinji bolup Buddanyň ýurduna syýahat eden hytaýlydyr. Fa Sýandan başga-da Dunhuanyň üsti bilen geçip, dürli ýyllarda Sun Ýun (518-522), Weý Szo (605-616), Sýuan Szan (629-648), I Szin (673-695), Hoý-Çao (723-729), U Kun (751-790) ýaly ençeme zyýaratçylar Hindistanda bolupdyrlar we Merkezi Aziýa we Hindistan barada gymmatly maglumatlary galdyrypdyrlar. Häzirki döwürde Dunhuan geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen orta asyr derweze şäheri bolmakdan ötri, ol özüniň ajaýyp gaýa ybadathanalary we baý kitaphanasy bilen hem meşhurdyr. 1900-nji ýylda Dunhuanyň günorta-gündogaryndan akyp geçýän Dasýuan derýasynyň gaýalary ýada salyp duran hanasynda IV-VI asyrlarda bina edilen, emma indi hiç kimiň barmaýan buddaçylyk ybadathanasyndan Wan Ýuan-lu atly bir daos monahy tötänleýin orta asyr kitaphanasynyň üstüni açýar. Bu barada ol ýerli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna duýdursa-da, kitaphanadaky golýazmalara eýe çykmaga hiç kim howlukmandyr. Wan Ýuan-lunyň açyşy baradaky habar köp ýerlere ýaýrapdyr. Şol döwürler öz ekspedisiýasy bilen Sinsizýanda işläp ýören belli iňlis arheology Aurel Steýn bu habary eşidip, 1907-nji ýylda Dunhuana gelýär. Ol bu ýerden 7 müňden gowrak golýazmalary Londana alyp gidýär. 1909-njy ýylda bu ýere fransuz sinology Pol Pelliýo hem gelýär. Oňa Dunhuandan 3,5 müň töweregi golýazmany alyp gitmek başardýar. Ol hytaý dilini gowy bilýär eken, şonuň üçin hem dini äheňdäkileri däl-de, esasan taryh bilen baglanyşykly golýazmalary alypdyr. Pelliodan soň 1910-njy ýylda Dunhuana Otaniniň baştutanlygynda IV-X asyrlarda buddaçylygyň Gündogar Türküstana ýaýramagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenýän ýapon arheologik ekspedisiýasy gelýär. Otaniniň ekspedisiýasy hem golýazmalaryň köp mukdaryny Ýaponiýa alyp gidýär. 1910-njy ýylda hyatýly alymlaryň talap etmegi bilen ýurduň hökümeti Dunhuan kitaphanasyndaky golýazmalary Pekine äkitdirip ugraýar. Emma bu iş örän guramaçylyksyz alnyp barlypdyr, üstesine-de golýazmalaryň bir bölegi döwlet emeldarlary tarapyndan talanylypdyr. 1914-nji ýylyň awgust aýynda A. Steýn ikinji gezek Dunhuana gelýär. Şonda ol ýene-de öňki äkiden möçberindäki ýaly golýazmalary ele salýar. 1914-nji ýylyň awgustyndan 1915-nji ýylyň ýanwaryna çenli aralykda S. F. Oldenburgyň baştutanlygyndaky rus ekspedisiýasy hem Dunhunada işleýär. Bu ekspedisiýa hem ep-esli mukdardaky golýazmany Russiýa äkidýär. Netijede Dunhuanyň ybadathana kitaphanasynyň golýazmalary Hytaý, Angliýa, Fransiýa, Russiýa ýaly iri döwletleriň milli kitaphanalyna düşýär. Golýazmalaryň bir bölegi soňra Ýaponiýa we Hindistana hem äkidilýär. Dunhuan resminamalary hronologiýa taýdan V-XI asyrlary öz içine alýar. Resminamalaryň içindäki iň irki ýazgy 406-njy ýyla degişli bolup, ol Demirgazyk Weý nesilşalygynyň (396-581) döwri, iň giçkisi bolsa 1002-nji ýyla degişli bolup, ol Günorta Sun nesilşalygynyň döwri barada maglumatlary berýär. Dunhuan resminamalary şol döwürde Hytaýyň, Gündogar Türküstanyň durmuş-syýasy, söwda-ykdysady we medeni ýagdaýy, sebitde ýaýran dinler (buddaçylyk, otparazçylyk, maniheýçilik, konfusiançylyk, daosçylyk) barada gymmatly maglumatlary berýär. Taryhy maglumatlar bilen bir hatarda, Dunhuan resminamalarynyň arasynda edebi we surat eserleri hem bardyr. Tapylan golýazmalaryň umumy sany 40 müň töweregidir diýlip çaklanylýar. Dunhuan resminamalarynyň aglaba köpçüligi (70-80-%-i) hytaý (han) dilinde, ýöne tibet, uýgur-türki, şeýle hem ýiten diller hasap edilýän sanskrit, sogdak, kuçin, hotan dillerinde ýazylan ýazgylar hem duş gelýär. Dunhuan kitaphanasyndan ýüpek matanyň ýüzüne çekilen suratlar, grawýuralar (haşam suratlary) hem tapyldy. Dunhuan özüniň ajaýyp gaýa ybadathanalary bilen giňden tanalýar. Saklanyp galan rowaýata görä, 366-njy ýylda monah Ýue Szun Beýik Ýüpek ýoly bilen geçip barýarka, Dunhuanyň töwereklerinde birdenkä ýagtylyk şöhleleriniň öwşün atyp gidendigini (“Dunhuan” (Öwşün atýan) ady hem şol gudart bilen baglanyşyklydyr) we ondan müňlerçe Buddalaryň şekilleriniň dürli taraplara syçrap gidenini görüp galypdyr. Monah özüniň gudrat görendigine we bu ýeriň mukaddes ýerdigine göz ýetiripdir. Ol Dasýuan derýasynyň uçut gaýalary ýada salyp duran hanasynyň ýüzünden oýup ybadathana gazmaga girişipdir. Ondan soň Falýan atly başga bir monah ikinji gowagy gazmaga başlapdyr. Köp adamlar Ýue Szunyň we Falýanyň göreldesine eýerip, ybadathana gazmaga girişipdirler. Netijede wagtyň geçmegi bilen köp sanly gowaklar, hakykat ýüzünde gatbar-gatbar gaýa ybadathanalary (gaýanyň ýüzünde bäş gat) peýda bolupdyr. Sany 700-den hem geçýän ululy-kiçili bu gowak-ybadathanalryň iň irkileri V asyrda – baý bezegli giçkileri bolsa Tan imperiýasynyň döwründe (VII-X) peýda bolupdyrlar. Emeli usulda, adam eli bilen gurlan gowaklaryň sanynyň şeýle köp bolandygy sebäpli, bu ybadathanalar toplumyna “Sýanfodun” – “Müňlerçe Buddalaryň gowagy” diýip at beripdirler. Sýanfodun ybadathanalar toplumynyň 492 sany gowagynyň diwarlary buddaçylyk dini we adamlaryň adaty durmuşy bilen baglanyşykly reňkli suratlar bilen baý bezelipdir. Şol suratlaryň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň durmuşyndan pursatlar, hususan-da hytaýly hem-de daşary ýutly täjirleriň duşuşygy, şaly oragy ýaly pursatlar şekillendirilipdir. Ybadathalarda 2 müň sany heýkeller oturdulypdyr, 45 müň kм² barabar bolan diwarlaryň ýüzüne suratlar çekilipdir. Şeýlelikde, Beýik Ýüpek ýoly bilen buddaçylygyň Hytaýa gelmegi netijesinde orta asyr medeniýeti ýokary ösüşlere eýe bolupdyr. Häzirki döwürde Dunhuanyň ajaýyp gymmatlyklary inçe sungatyň muşdaklarynda, taryhçylarda, alymlarda, syýahatçylarda we zyýaratçylarda uly gyzyklanma döredýär. Çünki bu ýerde Sýanfodun ybadathanalar toplumyndan başga-da Paýfan küňresi, Asudalyk ybadathanasy, Siwanmu hudaýynyň ybadathanasy, Lunwan ybadathanasy, Ýanguan we Ýuýmenguan serhet galalary, Ýadan melgunyň şäheri ýaly täsin ýadygärlikler ýerleşýär. Dunhuanyň mirasyny öwrenmeklik geçen asyryň 40-njy ýyllarynda başlady. 1944-nji ýylda Dunhuany öwreniş instituty açylýar. 1946-njy ýylda Dunhuan ylmy-amaly maslahaty, Linçžouda bolsa Dunhuan sungatynyň sergisi guralýar. 1947-nji ýylda ikinji Dunhuan ylmy-amaly maslahaty, geçirilip, 1949-njy ýylda “Dunhuanyň gadymy medeniýetini öwreniş instituty” döredilýär. 1961-nji ýylda Dunhuana “Hytaýyň milli ähmiýetli medeni hazynasy” diýen dereje berilýär. 1987-nji ýylda Dunhuan akademiýasy döredilýär, UNESKO bolsa Dunhuanyň gowaklaryny öz howandarlygyna alýar. 1993-nji ýylda Dunhuanda onuň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän meşhur gowaklaryny we ýadygärliklerini öwrenmek hem-de gorap saklamak boýunça, 2000-nji ýylda bolsa Dunhuan kitaphanasynyň açylmagynyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahatlary guraldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |