17:01 Beýik Ýüpek ýoly -6: Hotan | |
HOTAN
Taryhy ýerler
Hotan HHR-yň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň gadymy şäherleriniň biridir. Häzir bu ýerde 120 müňe golaý ilat ýaşaýar. Hotan şäheriniň geçmişiniň hem köp bölegi Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol kerwen ýollarynyň ugrundaky möhüm duralga, harytlaryň saklanylýan we üstaşyr äkidilýän ýeri bolupdyr. Hotan Hytaýdan äkidilýän ýüpegiň hem esasy öndürilýän ýerleriniň biri hasap edilipdir. Beýik Ýüpek ýoly Hotandan Hindistana tarap günortalygyna ýa-da Pamir daglarynyň jülgeleri arkaly günbatara – Balha tarap tarap uzalyp gidipdir. Han nesilşallygynyň höküm sürýän zamanynda Hotan ýerleri Hytaýyň düzümine girmändir. B.e. 73-nji ýylynda bu ýere hytaý serkerdesi Ban Çaonyň goşunlary gelipdir, VII asyryň 30-njy ýyllarynda bolsa tan hökümdarlary bu ýerleriň töwereklerinde serhet galasyny esaslandyrypdyrlar. B.e. öňki I müňýyllykda Hotan oazisinde gadymy sak-massaget taýpalary ýaşapdyrlar. Hotan şäherini hem saklar esaslandyrandyr diýlip çaklanylýar. Häzirki döwürde bu ýerlerde olardan diňe hotan-sak dilinde ýazylan buddaçylyga degişli ýazgylar we mumiýalar saklanyp galypdyr. XX asyryň başlarynda ýewropaly alymlar sak mumiýalarynyň köp sanlysyny ýüze çykardylar. Hotan sebitlerinde Merkezi Aziýanyň beýleki halklary, hususan-da toharlar we sogdylar hem ýaşapdyrlar. Hut sogdylaryň hyzmaty bilen b.e. I müňýyllygynyň başlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda gyzgalaňly söwda işleri başlanýar. Hotanyň esasy baýlyklarynyň biri geçmişde-de, häzirki döwürde-de nefrit daşy bolup durýar. Şäheriň töweregindäki derýalaryň jülgelerinden hotanlylar nefrit bilen bir hatarda altyn hem gazyp alýarlar. Müň ýyl mundan ozal bolşy ýaly, şäheriň ezber ussalary bu ajaýyp daşdan nepis önümleri ýasaýarlar. Nefritiň gazylyp alnyp başlanyna birnäçe müň ýyl bolupdyr. Bu ýerde dünýäde nefritiň iň uly känleri ýerleşýär. Ýerli halkyň arasynda nefritden edilen haýsy hem bolsa bir zady nesilden-nesle geçirmek däbi saklanyp galypdyr. Şonuň üçin hotanlylarda üstünden müň ýyldan hem köp wagt geçen nefritden edilen önümlere häli-şindi duş gelmek bolýar. Käbir alymlar buddaçylygyň Hytaýa ýaýramagyna nefrit söwdasynyň täsir edendigini hem belleýärler. Sebäbi nefrite we ondan edilen edilen zatlara hytaý köşgünde uly isleg bildirilipdir. Şonuň üçin hem ýerli monahlar hefrit söwdasyny etmek üçin Hotana gelen hytaýly täjirleri buddaçylyk taglymaty bilen tanyşdyrypdyrlar we täjirler yzlaryna gaýdanlarynda özleri bilen täze dini hem alyp gidipdirler. Hotan diňe bir nefriten edilen önümleri bilen däl, eýsem ýüpekden we ýüňden dokalýan dünýä belli halylary bilen hem meşhurdyr. Hotan halylary Samarkantdan gündogarda öndürilýän iň ýokary hilli halydyr. Bu halyny göreniňde türkmen halysy biygtyýar ýadyňa düşýär. Sebäbi dünýäni aňk eden türkmen hem-de uýgur halylarynda umumylyklar we meňzeşlikler az däl. Häzirki döwürde Hotanyň özünde haly fabrigi hereket edýär. Onda edil müň ýyl mundan ozalkysy ýaly, uýgur zenanlary elleri bilen ajaýyp halylary we haly önümlerini öndürýärler. Beýik Ýüpek ýolunda şüweleňli söwda işleri alnyp barylýan döwürde Hotanda halylar bilen bir hatarda ajaýyp ýüpek matalar hem öndürilipdir. 1274-nji ýylda bu ýere gelen italýan syýahatçysy Marko Pola hotan matalarynyň nepisligine haýran galypdyr. Hytaý ýüpeginiň Hotana we ondan hem aňyrlygyna Günbatar ýurtlaryna ýaýraýşy barada gyzykly rowaýat saklanyp galypdyr. Rowaýatda aýdylyşyna görä, hytaý ýüpeginiň syryny açmak we ony hotan topragyna ýaýratmak üçin kän tagallalar edilipdir. Emma uzak wagtlap bu iş başa barmandyr. Hotanly hökümdar ýüpek önümçiliginiň syryny ele salyp bilmeýär eken. Maslahatçysy Ýuýçi Munuň maslahaty bilen hökümdar hytaý patyşasynyň gyzyna söz aýdýar. Hytaýly hökümdar gyzyny bermäge razy bolupdyr. Hotanly hökümdaryň sawçylarynyň biri hökümdaryň gyzynyň gulagyna çawuş çakyp, ýigidiň watanynda oňa ajaýyp nefritleriň garaşýandygyny, ýöne nepis ýüpek matalaryň ol ýerde ýokdugyny, eger-de edil häzirkisi ýaly owadan ýüpek lybaslary geýmek islese, özi bilen ýüpek gurçugynyň we tut agajynyň tohumyny eltmegi tabşyrýarlar. Hytaý patyşasynyň gyzynyň özi hem ýüpek lybaslaryndan jyda düşmek islemändir, şonuň üçin hem saçynyň arasyna ýüpek gurçugynyň tohumyny, bukjasynda bolsa tut agajynyň tohumyny gizläp, Hotana getiripdir. Hytaýly gelin Hotana diňe bir ýüpek gurçugynyň ýa-da tut agajynyň tohumyny däl, eýsem ýüpek önümçüligini, ýüpek mata dokmaçylygyny ýola goýmak üçin köp sanly hytaýly hünärmenleri hem öz ýany bilen getiripdir. Şeýdibem Hotan Hytaýyň çäginden daşarda ýüpek öndürýän birinji merkeze öwrülýär. Şeýlelikde, Hytaýdan Hotana gelen ýüpek önümçiliginiň syrlary tiz wagtdan Merkezi Aziýada, Eýranda, Hindistanda we Wiazantiýada äşgär bolupdyr. Başga bir rowaýata görä, 550-nji ýylda Wizantiýanyň imperatory Ýustinian iki sany hristian monahyny özi üçin Hytaýdan ýüpek gurçugynyň tohumyny getirip bermäge yrýar. Monahlar hasalaryny oýup, gurçuk tohumyny hem şol oýugyň içinde gizläp Wizantiýa getiripdirler. Ýüpek bilen bir hatarda Hotanyň üsti bilen günbatarlygyna bürünçden edilen ýüz görülýän aýna, kagyz, külalçylyk önümleriniň dürli görnüşleri, metaldan edilen dürli görnüşli önümler hem äkidilipdir. Hotanyň üsti bilen kagyz önümçiliginiň syrlary hem ýaýrapdyr. Mälim bolşy ýaly, Hytaýda kagyz önümçiligi b.e. öňki II-I asyrlarda ýüze çykýar. II-V asyrlaryň resminamalary we şahsy hatlary eýýäm şol döwürler Merkezi Aziýa ýurtlarynda kagyzyň eýýäm köpçülikleýin ulanylanlygyndan habar berýärler. Emma Merkezi Aziýada kagyzy önüm hökmünde öndürmeklik tan neşilşalygynyň hökümdarlygy döwründe ýüze çykýar. Hotanyň ösen oba hojalyk pudagy hem bardyr. Hotanda dänelik ekinleriň dürli görnüşleri we pagta ekilýär, ýokary hilli pile öndürilýär. Maldarçylyk pudagynyň ösendigi üçin, bu ýerde dokmaçylyk üçin juda zerur bolan ýüň hem öndurilýär. IX-X asyrlarda üygurlaryň hem-de garahanlylaryň güýçli döwründe hotan dili kem-kemden türki dilleri tarapyndan gysylyp çykarylýar. X asyrda bu ýerlerde eýýäm kaşgarly hanlar hökümdarlyk edipdirler. Bu ýerleri eýelemäge Tibetiň hökümdarlary hem birnäçe gezek synanyşyk edipdirler. XVIII asyryň ortalarynda bu ýerler mançžurlar tarapyndan doly eýelenilýär we Hytaýyň düzümine goşulýär. Häzirki döwürde Hotan Hytaý Halk Respublikasynyň demirgazyk-günbataryndaky syýahatçylyk merkezleriniň biridir. Geçmişde hem-de häzirki döwürde Özboluşly medeniýeti we maddy gymmatlyklary bilen şöhratlanan bu ýerlerde görmäge-de, synlamaga-da zat kändir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |