18:17 Beýik Ýüpek ýoly -7: Kaşgar | |
KAŞGAR
Taryhy ýerler
Amatly geografik giňişliklerde ýerleşýän Käsgar şäheri Gündogar Türküstana, Tibete, Hytaýa, Orta Aziýa, Päkistana, Hindistana we Owganystana aralaşmaga mümkinçilik berýän möhüm derwezedir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen we hemişe söwda şäheri bolup gelen Kaşgar asyrlaryň dowamynda dürli döwletleriň düzüminde bolup geldi. Häzirki döwürde ol Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň iri şäherleriniň biri. Ululygy boýunça ol diňe etrabyň merkezi Urumçiden yzdadyr. Şäherde 600 müňe golaý ilat ýaşap, onuň köp bölegini uýgurlar tutýar. Häzirki döwürde Kaşgar hytaýça “Kaşi” diýip atlandyrylyp, türki dilinde “Gymmatbaha daşlaryň satylýan ýeri” ýa-da “Nefrit satylýan ýer” diýen manyny aňladýar. Gadymy döwürlerde Kaşgar hytaý dilinde “Şule” diýlip hem atlandyrylypdyr. Ol Týanşan we Kunlun daglarynyň sepleşýän ýerinde, Pamir daglarynyň bolsa eteginde ýerleşýär. Demirgazykda Kaşgar Týanşan daglary bilen sepleşse, gündogarda Takla-Makan, günbatarda bolsa Pamir dag gerişleri bilen serhetleşýär. Şäher örän gurak guşaklykda ýerleşýär; ygalyň ýyllyk möçberi 100 millimetrden geçmeýär. Şähere suw Kaşgar derýasyndan akyp gelýär. Şäherde guýular hem köpdür. Orta asyrlarda, aýratyn hem, X-XII asyrlarda Kaşgar Beýik Ýüpek ýolunyň esasy nokatlarynyň biri bolupdyr. Bu ýerden günortalygyna Hindistana, günbatarlygyna Fergana we demirgazyga – Urumçä hem-de Turfana tarap kerwen ýollary uzalyp gidipdir. Şäheriň 2 müň ýyldan gowrak taryhy bardyr. B.e. öňki I – b.e. I asyrlarynda we VII-VIII asyrlarda kaşgarly hökümdarlar hyatýly han we tan nesilşalyklarynyň tabynlygynda bolup, olara salgyt töläpdirler. B. e. öňki II asyrda bu ýerler kaňlylaryň, ondan soň göktürkleriň, uýgurlaryň, garahytaýlylaryň we mongollaryň elinde bolupdyr. X-XI asyrlar Kaşgar şäheriniň taryhynda “altyn eýýam” bolupdyr. Bu döwürde ol Garahanlylar döwletiniň paýtagtyna öwrülipdir. Şol döwürler garahanlylar öz häkimiýetini diňe bir Gündogar Türkistana däl, eýsem Amyderýa çenli ýaýradypdyrlar. Arslan hanyň hökümdarlyk eden ýyllarynda Kaşgar tutuş Merkezi Aziýanyň iň uly hem-de owadan, şeýle hem uly söwda şäheri bolupdyr. XIII asyrda mongol ýörişleriniň döwründe Kaşgar hem-de Gündogar Türkistan kän zyýan çekmändir. Sebäbi Çingiz han uýgurlar bilen şertnama baglaşypdyr. Emma XIV asyrda emir Teýmirleň Kaşgary eýeläpdir we doly weýran edipdir. XV asyra çenli Kaşgar gaýtadan gurlupdyr, emma ol hiç haçan hem özüniň Merkezi Aziýadaky öňki asyrlardaky syýasy we ykdysady şöhratyna eýe bolup bilmändir. 1273-nji ýylda Kaşgarda Marko Polo hem bolup görüpdir we ol öz ýol ýazgylarynda Kaşgarda hristiançylyk dininiň nestoriançylyk ugruna degişli ybadathanalaryň bardygyny belläpdir. 1603-nji ýylda bu ýerde Hindistandan Hytaýa gelýän portugal raýaty Benedikt de Goes hem bolup görüpdir. 1758-nji ýylda tutuş Gündogar Türkistan Kaşgar bilen bilelikde mançžur hökümdary hem-de serkerdesi Sýanlun tarapyndan basylyp alnyp, Sin imperiýasynyň düzümine goşulýar. Kaşgarda bolup gören syýahatçylar şäheriň howa menziline barýan ýoluň ugrunda, görnükli ýerde “Eger-de siz Kaşgarda bolup görmedik bolsaňyz, onda siz Sinszýany gören dälsiňiz, eger-de siz Sinszýany görmedik bolsaňyz, onda siz Hytaýy gören dälsiňiz” diýen şygaryň ýazylyp goýlandygyny belleýärler. Sebäbi bilermenleriň aýtmaklaryna görä, Kaşgar Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň medeni paýtagty, onuň ruhy merkezi hökmünde giňden tanalýar. Kaşgar topragy Mahmyt Kaşgarly, Ýusup Balasagunly (ikisem XI asyrda ýaşan) ýaly Gündogaryň meşhur akyldarlarynyň hem topragydyr. Bu ýerde Ýusup Balasagunlynyň ajaýyp aramgähi ýerleşýär. Mahmyt Kaşgarly döwrüň iň görnükli alymlarynyň biridir. Ol ylym dünýäsine belli bolan ilkinji köp taraply (dilçi, halklary we miras öwreniji, taryhçy) türkşynasydyr. Ýerligi oguzlardan bolup, Kaşgarda önüp ösen bu alym seljuklar Yragy eýelänlerinden soň Bagdada gelip, galan ömrüni şol ýerde ötürüpdir. Kitap ýazmak üçin ýygnan maglumatlaryny, ol özüniň meşhur eserini ýazanda ulanypdyr. Bu ilkinji türkşynasyň bize gelip ýeten ylmy işi, onuň üç tomdan ybarat “Diwan lugat at-türk” (“Türki sözleriň diwany”) atly meşhur sözlügidir. Kaşgarda ýaşan we ýerde baky aram tapan beýik alymlaryň biri hem Ýusup Balasagunlydyr. Ol diňe bir alym däl, eýsem ýazyjy, filosof, jemgyýetçilik işgäri we ylym-bilimiň hem howandary bolupdyr. Beýik akyldar 1085-nji ýylda aradan çykypdyr. 1640-njy ýylda onuň mazarynyň üstünde ajaýyp aramgäh gurlupdyr. Ol il içinde Abah Hoja aramgähi diýlip atlandyrylýar. Aramgähde Ýusup Balasagunlynyň özünden başga-da, Kaşgar hökümdarlarynyň bäş arkasynyň wekilleri – jemi 75 merhum jaýlanypdyr. Bu aramgäh Idgäh metjidiniň golaýynda, Kaşgaryň taryhy böleginde – Köne şäherde ýerleşýär. Gürrüňi edilýän aramgäh bilen baglanyşykly gyzykly rowaýatlar saklanyp galypdyr. Şolaryň birinde bu ýerde baky aram tapan Sýanfeý ýa-da Iparhan atly görmegeý gyz hakynda gürrüň edilýär. Iparhan mançžur patyşasy Sýanlunyň (1736-1796) ikinji aýaly bolupdyr. Rowaýatda aýdylyşyna görä, Iparhan Sýanlunyň düýşüne girenmiş we hytaý hökümdary öz köşk adamlaryndan düýşünde gören perizadyny tapyp bermeklerini talap edipdir. Köşk adamlary bütin Hytaýa aýlanypdyrlar we ahyrynda öz hökümdarlarynyň düýşünde aşyk bolan gyzyny Kaşgardan tapypdyrlar. Ol ýerli musulman häkiminiň soňra „Sýanfeý” diýlip ady üýtgedilen gyzy Iparhan bolup çykypdyr. Iparhan öz diýenli hem buýsanjan gyz bolupdyr. Şonuň üçin hem ep-esli wagtlap Pekine gitmäge we Sýanluna aýal bolmaga razylyk bermändir. Ahyrsoňy ony yrmak başardypdyr we ol 28 ýyllap Sýanlunyň aýaly bolupdyr. Iparhan 55 ýaşynda aradan çykypdyr we soň wesýete görä, ony Kaşgara getirip, Abah Hojanyň aramgähinde jaýlapdyrlar. Kaşgaryň taryhy ýadygärlikleriniň biri-de Idgäh metjididir. Idgäh Hytaýyň iň uly metjidi hasap edilýär. Ol 1442-nji ýylda gurlupdyr diýlip hasap edilse-de, metjidiň käbir gurluşyk ülňüleri X-XI asyrlaryň ülňülerinden habar berýär. Bu metjit soňraky asyrlarda birnäçe gezek üýtgedilip gurlupdyr. Anna günleri namaz okamak üçin metjide 10 müňe golaý musulman ýygnanýar. Metjidiň minarasynyň beýikligi 18 metre, onuň girelge küňresiniň beýikligi bolsa 12 metere barabardyr. Idgäh metjidiniň golaýynda „Ussalaryň mähellesi” hem ýerleşýär. Kaşgaryň ilaty bolan uýgurlar we gaýry milletler öz işine ezber ajaýyp ussalar hasap edilýär. Kaşgaryň ýokary hilli pyçaklary, halylary, ýaşma daşyndan, gönden, ýüňden edilen harytlar, külalçylyk önümleri, ajaýyp matalar, datly miweler – bu ýeriň Ýekşenbe bazarynyň iň islegli harytlary bolup durýar. Öndürilýän harytlaryň ähli görnüşleriniň örän ýokary hili bardyr. Sebäbi harytlar şäheriň talapkär ilaty üçin öndürilýär. Gaotaý obasy Kaşgara gelen jahankeşdeleriň esasy baryp görýän ýerleriniň biri. Ol şäheriň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýär. Gaotaý özüniň täsin binagärçiligi bilen tapawutlanýar. Onuň umumy tutýan meýdany 10 ga barabar bolup, bu ýerde 4 müňden gowrak uýgur ilaty kowçum bolup şaýar. Taryhçy-alymlaryň aýtmaklaryna görä, uýgur senetçileri we külallary bu ýerde baryp müň ýyldan hem öň ýurt tutunypdyrlar. Bu ýerde üstünden 100, hat-da 400-500 ýyl geçen ýaşaýyş jaýlaryny tapmak kyn däl. Haýran galdyrýan ýeri jaýlar wagtyň geçmegi bilen biri-biriniň üstünde bäş gat edilip gurlupdyr, üstesinde-de, wagtal-wagtal ýer titremeleriň bolýandygyna garamazdan, bu öýler abatlygyna saklanyp galypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |